Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyz aýdyň ýol bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzy ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde ýokary görkezijiler gazanylýar. Bu babatda taryhy wakalary bilen dabaralanýan tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýeňişli gadamlarymyzyň bady barha artýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileriň gazanylmagyna itergi berýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berlip, netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalarynyň bady artýar. Dogrusy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynyň döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän beýik maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän zamanasy bolýandygy il-günümiziň guwanjyna guwanç goşýar. Çünki, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwrebap önümçilik kuwwatlyklarynyň birnäçesi ulanylmaga berilse, ýene birnäçesiniň düýbüniň tutulmagyna ak pata berilýär. Durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Bularyň hemmesi “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatyň çäklerinde döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Merdan ORAZMEREDOW. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.