Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde ata Watanymyzyň halkara abraýy örän ýokary derejelere göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy, asudalygy pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän çuňňur oýlanyşykly başlangyçlary tutuş Ýer ýüzünde ägirt uly goldawa eýe bolýar. Hemişelik Bitaraplygymyz dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmakda, hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bilendünýä döwletleriň arasynda halkarahyzmatdaşlygynetijeli ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli ýörelgeleri özünde jemleýän hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülýär. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylda BMG tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi biragyzdan ykraredildi.
Türkmenistan BMG bilenhyzmatdaşlykdaonuň düzgünnamasyndan gelip çykýan wezipeleri we guramanyň parahatçylyk, döredijilik işiniň tejribesini iş ýüzünde ulanmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu bolsa Türkmenistanyň toplumlaýyn durmuşa geçirýän parahatçylyksöýüjilik we ählumumy hyzmatdaşlygypugtalandyrmak tagallalarynyň möhüm sepgidi bolup, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaKararnamanyň üçünjigezek hembiragyzdan kabuledilmegi netijesinde aýdyň ýüze çykýar. Bu Kararnama ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ägirtuly üstünligi, parahatçylygy üpjün etmekbabatyndaky ýörelgeleriň dünýäde rowaçlandyrmagyň subutnamasydyr. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylygy, durnukly ösüşi we ählumumy abadançylygy üpjün etmek babatynda durmuşa geçirýän işleriniň üstüni ýetirýär.
Ýeri gelendebellesek, 2024-nji ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenarmejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk weynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitarapdöwletimiziň parahatçylyksöýüjilikli syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanýandygyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 2025-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynyň senenamasynda örän ähmiýetli ýyllaryň biridir. ÇünkiWatanymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny dünýä bileleşigi bilenbelläp geçýär.
Parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini giňden ösdürýän türkmen Bitaraplygy häzirki döwürde dünýäde dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň, halklary biri-birine ýakynlaşdyrmagyň esasy binýadyna öwrüldi. Dünýäde dostana gatnaşyklaryň rowaçlanmagy agzybirligi kemala getirýär, parahatçylygypugtalandyrýar.
Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrýan, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, aýdyň geljegini berkarar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulşat DURDYMEDOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy