Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
27.10.2023

WATANYMYZYŇ ULAG DIPLOMATIÝASY

 

Ýol çekmek, köpri gurmak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän sogaply ýörelgeler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylyp, ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmekde badalga bolýar. 

Türkmenistanda köpugurly ulag ulgamyny döretmek boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň deňiz ulag ulgamynyň, täze awtomobil, howa, demir ýol merkezleriniň we geçelgeleriniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu ugurda baý tejribe toplan daşary ýurtly hyzmatdaşlar we belli kompaniýalar bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň ägirt uly geljegi uzak menzilleri nazarlaýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýany sebit ähmiýetli iri üstaşyr geçiriş çatrygyna öwürmek boýunça uly möçberli işler amala aşyrylýar. 

2012-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda «Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi», 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny», 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda «Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty», 2017-nji ýylyň maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ýewraziýa yklymynda üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny köpugurlaýyn ösdürmek meselesine bagyşlanan Ulag we logistika boýunça halkara maslahatlarynyň geçirilmegi, 2017-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda bu ugur boýunça dünýä derejeli işleriň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän milli ulag kanunçylyk ulgamy döredildi. Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, Türkmenistanyň Howa kodeksi, «Demir ýol ulaglary hakynda», «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda», «Awtomobil ulag hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda», «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary barada» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Bu bolsa Türkmenistanda ulag kanunçylygynyň halkara ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýändigini aýdyň görkezýär. 

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi, tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de halkara resminama laýyklykda, her ýylyň 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edildi. Bu senäniň saýlanyp alynmagy 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça ilkinji ählumumy maslahatynyň geçirilendigi bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de 26-njy noýabryň bu gününi bellemek üçin saýlanylmagy Türkmenistanda geçirilen ilkinji halkara forumyň netijeliligi we ýokary guramaçylyk derejesi bilen baglanyşyklydyr. 

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 14-15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolup, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda ulag-logistika ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň zerurdygy we umumy tagallalar arkaly Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda, şeýle-de Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigi hakynda belledi. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, Merkezi Aziýa döwletleriniň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak, sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup durýar. Bu ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjekdigi, giň sebit we halkara derejede ýakynlaşmak üçin Merkezi Aziýada amatly şertleri kemala getirmäge oňaýly mümkinçilikleri döretjekdigi hakynda hormatly Prezidentimiz belledi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň taryhy çykyşynda: «Türkmen energiýa serişdeleri we logistikasy tutuş sebitiň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga ukyplydyr» diýip bellemegi, öňe sürlen başlangyçlaryň bu ulgamyň işini kämilleşdirmek arkaly ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ykdysady kuwwatyny artdyrmakda uly itergi berjekdigini görkezýär. 

Ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge döwlet derejesindäki tagallalaryň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Çemen AKYÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny 

goramak baradaky komitetiniň agzasy