Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
24.01.2026

Döwletli tutumlaryň rowaçlanýan döwri

 

     2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda şanly wakalar bir-birine ulaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty we başlangyçlary, agzybir halkymyzyň zähmetsöýerligi bilen ýokary görkezijiler gazanylyp, öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirildi. 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uludan bellenilen ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyň, Aşgabatda  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara forumyň üstünlikli geçirilmegini döwrümiziň taryhy wakalarynyň hatarynda buýsanç bilen görkezmek bolar. Diýarymyzyň dürli künjeginde ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryňdyr desgalaryň ulanylmaga berilmegi bolsa geçen ýylda hem il-ýurt bähbitli işleriň rowaçlyklara beslenendiginiň, halk we onuň bagtyýar durmuşy hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän aladanyň egsilmezdiginiň güwäsidir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda bu işleriň dowamat-dowam bolýandygy bolsa kalplarymyzy çäksiz buýsanja besleýär. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün edýän, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň has-da beýgelmegi üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda: «Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp geçeris. Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris» diýip, aýratyn belledi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem eziz Diýarymyzda döwletli tutumlara badalga berlip, ýurdumyzyň, halkymyzyň, umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen işler giň gerime eýe bolar. 

 

Perman SAPAROW, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň dur­muş syýasa­ty ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni