Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň hukuk binýady kämil kanunlardyr. Kanunlar we hukuk ýörelgeler Konstitusiýadan gözbaş alýar. Konstitusion kadalaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi asudalygy üpjün etmegiň iň esasy şertidir.
Ösýän döwre görä täze kanunlaryň işlenip taýýarlanmagy, hereket edýän kanunlaryň döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukuk ulgamlary bilen utgaşykly bolmagyny gazanmak maksadynda kämilleşdirilmegi, ilkinji nobatda, konstitusion binýada baglydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda kanuny ýörelgelere degişli döwrebap özgertmeleri girizmek Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde goýlan wezipeleriň netijesinde amala aşyrylýar. Halkymyzyň asyrlarboýy toplan durmuş tejribesiniň ýurt asudalygyndaky ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz taryhy ähmiýetli çykyşlarynda ýurdumyzyň esasy Kanunynyň Konstitusiýasynyň hem öz gözbaşyny halkymyzyň milli ýörelgelerinden alýandygyny nygtaýar. Konstitusiýa döwletiň, halkyň ýörelgelerine we isleglerine laýyklykda ykrar eden resmi hukuk binýadydyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler Esasy Kanunymyz bilen berk baglydyr. Adamlaryň bolelin durmuşda ýaşamagy, dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi Konstitusiýanyň baş many-mazmunydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň öz maksatly menzillerine ýeten döwrüdir. Sebäbi ýurdumyzyň Konstitusiýasy adamlaryň iň ajaýyp isleglerini utgaşdyryjy, jemgyýetiň bagtyýarlygynyň çeşmesi bolup durýandygy üçin kämildir.
Goý, mähriban halkymyzy şeýle bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin!
Orazdurdy ABDYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň agzasy.