Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
27.01.2026

MILLI GYMMATLYKLARYMYZ ROWAÇLANÝAR

 

    Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, bu ýerde «Garaşsyz, ba­ky Bi­ta­rap Türkmenis­tan — be­dew bat­ly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrüljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyzyň toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, merdana pederlerimiziň, hünärine yhlas edýän seýisleriň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini bellemegi buýsandyryjydyr.

      Behişdi bedewler  müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň buýsanjyna deňelip, türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň  baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny has-da belende götermek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýar. 2026-njy ýylyň «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly şygary astynda üstünliklere beslenmegi hem bu hakykatyň aýdyň beýanydyr.

      Umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen bedewleriniň abraýy dünýä dolýar. Gahryman Arka­da­gy­my­zyň «Ahal­te­ke be­de­wi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» we pähim-paýhasa ýugrulan beýleki ençeme eserleri milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelşi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesidir. Alym Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserinde şeýle setirler bar: «Taryhymyzyň iň çylşyrymly pursatlarynda hem biziň halkymyz bedewe yhlasly bolup galdy. Sebäbi asyrlaryň dowamyndaky bu bitewülik adamlaryň aňyna, janyna hem-de tutuş durkuna ornady. Ol bedewi bilen ýaşady, şeýdibem ahalteke bedewi halkyň ruhy baýlygyna eserlerdäki ýyldyz ýaly bolup girdi». Bu parasatly jümleler gözelligi, ýyndamlygy we wepalylygy bilen şöhratlanýan bedewleriň halkymyz üçin ähmiýetini doly äşgär edýär. 

 

Begençgeldi  BAÝRAMMYRADOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiň agzasy.