Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Beýik ösüşlere, belent üstünliklere beslenýän her bir günümiz döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär, ýurdumyzy täze üstünliklere alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz ösýär, özgerýär, şäherlerimiz täze keşbe eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinde döredilýän her bir binagärlik dürdäneleri gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Ol binalarda bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhy, ösen döwrümiziň ýaraşyklylygy we ajaýyplygy öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýan maksatnamalaryň we taslamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan beýik işler ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriniň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle beýik işleriň many-mazmuny hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatynda beýanyny tapýar. Adam hakyndaky aladany baş maksada öwrüp, baky Bitarap ýurdumyzyň, merdana halkymyzyň gurujylyk hem döredijilik kuwwatyny barha rowaçlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döredilýän täze binagärlik dürdäneleri, milli binagärlik ýörelgelerimiz gurluşyk ylmynyň iň täze gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Olaryň her birinde mukaddes türkmen topragynyň gözelliklerini görmek bolýar.
Eziz Diýarymyzyň beýik ösüşleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzy dünýä meşhur edýär. Şeýle ösüşleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda adamyň bagtyýar durmuşy, halkyň abadançylygy baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş maksatly beýik işler amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza 35 ýyl bolýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ösüşlere beslenip, halkymyzyň toý sowgatlary bilen baýramlaryň joşgunly bedewleriň toýlaryň bezegi boljakdygyny aýratyn bellemek gerek. Gurýan, döredýän, ynamly öňe barýan ýurdumyzda beýik ösüşlere buýsanmak we wasp etmek bagtyýarlykdyr. Şonuň üçin hem halkymyz bu beýik işlere buýsanýar, guwanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler äleme dolýar. Bu günki ajaýyp döwrümiziň aýdyň görkezijisi bolýan beýik binalar, medeni-durmuş maksatly desgalar ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň şuglasydyr.
Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.