Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýyly şöhrat-şana beslenip, taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu 2025-nji — “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly babatynda hem şeýle boldy. Dabarasy dünýä dolan ýurdumyz bu ýylda üstünlikleriň täze belentliklerine çykdy. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolundy. Bu bolsa halkymyzyň has hem bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etdi. Munuň üçin halkymyz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýar.
2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy bolsa, halkymyzy has hem ruhubelentlik bilen zähmet çekmäge ganatlandyrdy.
Häzirki döwürde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň hormatyna alnyp barylýan işleriň giň gerimli bolmagy munuň şeýledigini aýdyň görkezýär.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz halkara derejesinde hem belent mertebä eýedir. Bu günki günde Türkmenistan Watanymyz umumadamzat bähbitli teklipleri Milletler Bileleşigi tarapyndan oňlanylýan döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlary, maslahatlary hem ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belentdiginden habar berýär.
Ýurdumyzy şeýle gülledip ösdürip, biziň ajaýyp durmuşda ýaşamagymyzy üpjün edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Jumamuhammet ŞIRMÄMMEDOW. Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty