Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
«Watanyňa we halkyňa tüýs ýüregiň bilen hyzmat etmek dünýäde hemme zatdan arzylydyr, ezizdir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda raýatlaryň abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy, aýratynam, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ösen aň-düşünjeli, sagdyn, ýokary adamkärçilikli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň şert-mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen müňýyllyklara uzaýan ak ýoluň ajaýyp ösüşlere beslenýän döwründe ýurdumyzyň haýsy ulgamyny alsaňam, onuň kämillik derejesine ýetendiginiň şaýady bolýarsyň. Bu zatlaryň ählisi hem halkymyzyň agzybirligi hem-de yhlasly zähmetiniň netijesinde amala aşýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda amala aşyrylýan jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler döwletimiziň ykdysady hem-de durmuş taýdan durnukly ösüşini üpjün edýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny belent derejelere göterýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» mukaddes Watanymyza bolan söýgimizden kemal tapan maksatlarymyzyň binýadydyr. Şeýle uzak möhletleýin maksatnama döwlet Baştutanymyzyň daşynda jebisleşen halkymyzyň belent maksat-tutumlaryny bir ugra gönükdirýär.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ägirt uly özgertmeler amala aşyrylyp, obalar, şäherçeler, şäherler has özgerdi. Diýarymyz durnukly ösüşi üpjün etmegiň milli ýörelgesi bilen halkara jemgyýetçilikde nusgalyk derejä göterildi. Şonuň netijesinde-de ösüşi hem-de parahatçylygy üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmeginiň özboluşly kepilnamasydyr. Syýasatda, ykdysadyýetde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň bolelin, abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Durnukly ösüş bolsa, ilkinji nobatda, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegidir, adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň gowulanmagydyr. Şeýle bolansoň, maksatnamalaýyn amala aşyrylýan işler Watanymyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagyna ýardam etmek bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegi, sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegi muňa giň mümkinçilik berýär.
Umuman, bagtyýarlyk bilen gurşalan döwrümizde badalga berilýän her bir başlangyç, kabul edilýän her bir maksatnama, ilkinji nobatda, adam hakyndaky aladadan, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesinden gözbaş alýar. Gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň, halkymyzyň abraý-mertebesini belende göterýär.
Goý, Watanymyzy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şuglaly ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli beýik işleri barha rowaç alsyn!
Şemşat MÄMIÝEWA, Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.