Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň
rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete
girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 6-njy madda)
1-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamaly (goşulýar).
2-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girizmeli.
3-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň güýje giren gününden şulary bellemeli:
1) 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli gelip gowşan we birinji, nägilelik we gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetleri tarapyndan seredilmedik işler şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir;
2) 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan soň birinji basgançakly arbitraž kazyýetine gelip gowşan şikaýatlar we teklipnamalar şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir;
3) 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan soň nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetlerine gelip gowşan nägilelik şikaýatlary we teklipnamalary, şeýle hem gözegçilik tertibinde gelip gowşan şikaýatlar we teklipnamalar şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir;
4) kanuny güýje girmeli möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna ýa-da şondan soňky möhlete gabat gelýän, 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli çykarylan, ýöne şikaýat edilmedik birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň çözgütlerine şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 162-nji maddasy bilen bellenilen möhletde nägilelik basgançagyna şikaýat edilip ýa-da olara teklipnamalar getirilip bilner;
5) gözegçilik tertibinde şikaýatlary we teklipnamalary bermegiň möhletleri şu Kanun bilen güýje girizilen pursadyndan Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 176-njy maddasyna laýyklykda hasaplanylýar.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2021-nji ýylyň 13-nji marty.
№ 331-VI.
TÜRKMENISTANYŇ
ARBITRAŽ IŞ ÝÖREDIŞ KODEKSI
(rejelenen görnüşi)
2000-nji ýylyň 19-njy dekabry
(rejelenen görnüşi - 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 6-njy madda)
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Arbitraž kazyýet önümçiligi
Arbitraž kazyýet önümçiligi welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti hem-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti (mundan beýläk ‒ arbitraž kazyýeti) tarapyndan ykdysady we administratiw hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedelleri, Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kodeks hem-de beýleki kanunlar bilen öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry işleri çözmek arkaly amala aşyrylýar.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda)
2-nji madda. Arbitraž kazyýet önümçiligi hakyndaky
kanunçylyk
1. Arbitraž kazyýet önümçiligi Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda we «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, şu Kodekse hem-de Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar. Jedelleriň aýry-aýry toparlary boýunça kazyýet önümçiliginiň aýratynlyklary Türkmenistanyň beýleki kanunlary bilen bellenilip bilner.
2. Eger şu Kodeksde arbitraž kazyýet önümçiligini amala aşyrmak hakynda degişli düzgünler bolmasa, şu Kodeksiň esasy ýörelgelerine we maksatlaryna garşy gelmeýän bolsa, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň we beýleki kanunlaryň kadalary ulanylýar.
3. Arbitraž kazyýet önümçiligi işlere seredilýän, aýry-aýry iş ýörediş hereketleriniň amala aşyrylýan ýa-da arbitraž kazyýetiniň çözgüdiniň ýerine ýetirilýän döwründe hereket edýän Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda ýöredilýär.
4. Jogapkärçiligi belleýän ýa-da güýçlendirýän, ýuridik şahslara hem-de telekeçiniň hukuk ýagdaýyna eýe bolan adamlara (mundan beýläk – fiziki şahslar) täze borçlary ýükleýän, hukuklary peýdalanmagy goşmaça şertler bilen çäklendirýän arbitraž iş ýörediş kanunynyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur.
3-nji madda. Arbitraž kazyýet önümçiliginiň wezipeleri
Arbitraž kazyýet önümçiliginiň wezipeleri şulardan ybaratdyr:
1) ýuridik we fiziki şahslaryň bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;
2) ykdysadyýet çygrynda kanunçylygyň berjaý edilmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam etmek;
3) garaşsyz we tarapgöýsüz arbitraž kazyýeti tarapyndan laýyk möhletde adalatly, açyk kazyýet seljerişini üpjün etmek;
4) telekeçilik we beýleki ykdysady işiň çygryndaky hukuk bozulmalarynyň öňüni almak we kanunylygy berkitmek;
5) kanuna we arbitraž kazyýetine hormatly garaýşy kemala getirmek;
6) işewür hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň döremegine we ösdürilmegine, işewürlik dolanyşygynyň adatlarynyň we etikasynyň kemala gelmegine ýardam etmek.
4-nji madda. Arbitraž kazyýetine ýüz tutmak hukugy
1. Ýuridik we fiziki şahslar özleriniň bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy üçin arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga haklydyrlar.
2. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak üçin arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga prokuror, döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we beýleki edaralar haklydyrlar.
3. Daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslar şu Kodeksde hem-de Türkmenistanyň beýleki kanunlarynda, halkara şertnamalarynda ýa-da taraplaryň ylalaşygynda göz öňünde tutulan halatlarda Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga haklydyrlar.
4. Eger kanunda ýa-da şertnamada jedeli kazyýete çenli düzgünleşdirmegiň tertibi göz öňünde tutulan bolsa, onda jedel arbitraž kazyýeti tarapyndan seredilmäge diňe şeýle tertip berjaý edilenden soň kabul edilip bilner.
Jedeli kazyýete çenli düzgünleşdirmegiň tertibi diýlip, taraplaryň arasynda baglaşylan şertnamada jedeli kazyýete çenli düzgünleşdirmegiň tertibi, ýagny nägilelik talapnamasynyň görnüşi, ony ibermegiň (gowşurmagyň) tertibi, oňa seredilmeginiň we jogap berilmeginiň görnüşi, tertibi we möhleti anyk görkezilen ýagdaýlara düşünilýär.
5. Hak isleýiş arzasy, arza, şikaýat, teklipnama we gaýry resminamalar arbitraž kazyýetine kagyz göterijide ýa-da elektron görnüşde, şol sanda elektron sanly gol bilen tassyklanylan elektron resminama görnüşinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde arbitraž kazyýetiniň Internet maglumat-telekommunikasiýa ulgamynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen görnüşi doldurmak arkaly berlip bilner.
5-nji madda. Arbitraž işlerine seredilende kazylaryň
garaşsyzlygy
1. Arbitraž işlerine seredilende kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe kanuna tabyndyrlar.
2. Kazylar arbitraž işlerini özlerine kesekiniň täsirini aradan aýyrýan şertlerde çözýärler. Adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça arbitraž kazyýetiniň işine hiç kimiň gatyşmagyna ýol berilmeýär we oňa gatyşylmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
6-njy madda. Taraplaryň bäsleşikliligi we deňhukuklylygy
1. Arbitraž kazyýet önümçiligi taraplaryň bäsleşikliliginiň we deňhukuklylygynyň esasynda amala aşyrylýar. Taraplar deň iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we deň iş ýörediş borçlaryny çekýärler.
2. Taraplar arbitraž kazyýet önümçiliginiň barşynda öz nukdaýnazaryny, ony goramagyň usullaryny we serişdelerini özbaşdak we arbitraž kazyýetden, beýleki edaralardan we adamlardan garaşsyz saýlap alýarlar. Arbitraž kazyýeti işiň hakyky ýagdaýlaryny anyklamak maksady bilen, öz başlangyjy boýunça subutnamalary ýygnamakdan doly boşadylandyr, ýöne taraplaryň delillendirilen haýyşnamasy boýunça şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde zerur materiallary almakda olara ýardam edýär.
3. Arbitraž kazyýetiniň çözgüdi diňe taraplaryň her birine subutnamalary barlamaga gatnaşmagy deň esaslarda üpjün edilen subutnamalara esaslanýar.
4. Işe seredýän arbitraž kazyýeti dogruçyllygy we tarapgöýsüzligi saklamak bilen, işiň ýagdaýlaryny doly we dogry barlamaga taraplaryň hukuklaryny amala aşyrmagy üçin zerur şertleri döredýär, işe gatnaşýan şahslara olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirýär, iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmagyň ýa-da amala aşyrmazlygyň netijeleri hakynda duýdurýar we şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda olara öz hukuklaryny amala aşyrmakda ýardam edýär. Taraplar arbitraž kazyýet seljerişiniň başlanmagyna çenli biri-biriniň delillerinden habarly bolmaga haklydyrlar.
5. Arbitraž kazyýeti taraplara deň we hormatly garaýşy üpjün edýär.
7-nji madda. Arbitraž kazyýet önümçiliginiň dili
1. Arbitraž kazyýet önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar.
2. Arbitraž kazyýet önümçiliginiň alnyp barylýan dilini bilmeýän arbitraž iş ýöredişine gatnaşyjylara terjimeçiniň üsti bilen işiň materiallary bilen tanyşmak, iş ýörediş hereketlerine gatnaşmak, şeýle hem arbitraž kazyýetinde ene dilinde çykyş etmek hukugy üpjün edilýär.
8-nji madda. Arbitraž kazyýet iş ýöredişiniň aýanlygy
1. Işlere arbitraž kazyýetiniň açyk mejlisinde seredilýär.
2. Arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasy boýunça şu aşakdaky halatlarda arbitraž kazyýetiniň ýapyk mejlisi geçirilýär:
1) döwlet syrlaryny goramagyň bähbitleri üçin;
2) arbitraž kazyýeti tarapyndan gulluk, bank, täjirçilik we beýleki syrlaryň saklanylmagynyň zerurlygyna salgylanýan taraplaryň biriniň haýyşnamasy kanagatlandyrylan halatynda;
3) kanunda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.
9-njy madda. Kazyýet seljerişiniň gös-gönüligi we dildenligi
1. Arbitraž kazyýeti işi seljerende iş boýunça ähli subutnamalary gös-göni barlamaga borçludyr.
2. Arbitraž kazyýet mejlisinde barlagyň närsesi bolmadyk subutnamalar arbitraž kazyýetitarapyndan kabul edilýän kazyýet kararynyň esasyna goýlup bilinmez.
3. Işi seljermek dilden geçirilýär. Işe seredilýän wagtynda kazy çalşyrylan halatynda, işi seljermek başdan başlap geçirilmelidir.
10-njy madda. Ulanylmaga degişli kanunçylyk
1. Arbitraž kazyýetleri işleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny gollanyp çözýärler.
2. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda, şeýle hem taraplaryň ylalaşygynda göz öňünde tutulan halatlarda, beýleki döwletleriň kanunlary ulanylýar. Daşary ýurt kanunlarynda jedelli gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalar bolmadyk halatynda Türkmenistanyň degişli hukuk kadalary ulanylýar.
3. Jedelli gatnaşygy düzgünleşdirýän kanunlar bolmadyk halatynda meňzeş gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlar ulanylýar, şeýle kanunlar hem bolmadyk halatynda bolsa, işler kanunlaryň umumy başlangyçlaryndan we manysyndan ugur alnyp çözülýär.
4. Arbitraž kazyýetlerinde arbitraž kazyýet önümçiligi alnyp barlanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän iş ýörediş hukugynyň kadasy bolmadyk halatynda arbitraž kazyýetleri meňzeş gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadany ulanýarlar, şeýle kada hem bolmadyk halatynda bolsa, işler Türkmenistanda adyl kazyýetligi amala aşyrmagyň ýörelgelerinden ugur alnyp çözülýär.
11-nji madda. Kazyýet kararlarynyň hökmanylygy
1. Arbitraž kazyýeti çözgüt, kesgitnama we karar görnüşinde kazyýet kararlaryny kabul edýär.
2. Kanuny güýje giren kazyýet kararlarynyň, şeýle hem arbitraž kazyýetiniň kanuny talaplarynyň, tabşyryklarynyň, çagyrmalarynyň we beýleki ýüz tutmalarynyň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň çäginde hökmanydyr.
3. Kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilmezligi, şeýle hem arbitraž kazyýetiniň äsgerilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär.
4. Daşary ýurt döwletleriniň kazyýetleriniň, halkara kazyýetleriniň we arbitražlarynyň kazyýet kararlary Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
12-nji madda. Kazyýet kararlarynyň kanunylygy we
esaslylygy
1. Kazyýet kararlary kanuny we esasly bolmalydyr.
2. Kazyýet karary diňe kazyýet mejlisinde barlanylan subutnamalara esaslanýar.
13-nji madda. Kazyýet kararlaryna gaýtadan seretmek
Arbitraž işleri boýunça kazyýet kararlaryna şu Kodeksde bellenilen tertipde gaýtadan seredilipbilner.
II BAP. ARBITRAŽ KAZYÝETINIŇ DÜZÜMI.
YNANMAZLYK BILDIRMEK
14-nji madda. Arbitraž kazyýetiniň düzümi
1. Birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde işlere kazy ýekelikde seredýär.
2. Arbitraž kazyýetiniň başlygynyň çözgüdi boýunça islendik işe kazylar tarapyndan bilelikde seredilip bilner.
3. Nägilelik we gözegçilik basgançaklarynda işlere şu Kodeksde bellenilen tertipde kazylar tarapyndan bilelikde seredilýär.
4. Işe kazylar tarapyndan bilelikde seredilen halatynda arbitraž kazyýetiniň düzümine kazylaryň azyndan üçüsi gatnaşmalydyr.
5. Işlere seredilen mahaly ähli kazylar deň hukuklardan peýdalanýarlar.
15-nji madda. Işlere seredilende arbitraž kazyýeti
tarapyndan meseleleri çözmegiň tertibi
1. Birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde işe kazy tarapyndan ýekelikde seredilende ýüze çykýan ähli meseleler kazy tarapyndan ýekelikde çözülýär.
2. Işlere kazylar tarapyndan bilelikde seredilende ýüze çykýan meseleleri kazylar sesleriň köplügi bilen çözýärler. Kazylaryň hiç biri ses bermekden saklanmaga hakly däldir. Kazyýet mejlisine başlyklyk edýän iň soňundan ses berýär.
3. Köplügiň çözgüdi bilen razylaşmaýan kazy şol çözgüde gol çekmäge borçludyr we özüniň aýratyn pikirini ýazmaça görnüşde beýan etmäge haklydyr, ol işe goşulýar, ýöne yglan edilmeýär. Kazynyň aýratyn pikiri bilen işe gatnaşýan şahslar tanyşdyrylmaýar.
16-njy madda. Kaza ynanmazlyk bildirmek
1. Şu aşakdaky halatlarda kazy işe seretmäge gatnaşyp bilmeýär we ynanmazlyk bildirilmäge degişlidir, eger:
1) ol işe gatnaşýan şahslaryň ýa-da olaryň wekilleriniň biriniň garyndaşy bolsa;
2) onuň hut özi işiň netijesine göni ýa-da gytaklaýyn gyzyklanýan bolsa ýa-da onuň tarapgöýsüzligi barada şübhelenmeler döredýän ýeterlik esaslar bar bolsa;
3) şol bir işe ozal şaýat, bilermen, hünärmen, terjimeçi, wekil ýa-da prokuror hökmünde gatnaşan bolsa.
2. Işe seredýän arbitraž kazyýetiniň düzümine öz aralarynda garyndaşlyk gatnaşyklary bolan kazylar girip bilmez.
17-nji madda. Prokurora, bilermene, hünärmene we
terjimeçä ynanmazlyk bildirilmegi
1. Prokuror, bilermen, hünärmen we terjimeçi şu Kodeksiň 16-njy maddasynda görkezilen esaslar bar bolan ýagdaýynda işlere seretmäge gatnaşyp bilmez we ynanmazlyk bildirilmäge degişlidir. Mundan başga-da, şu aşakdakylar bilermene we hünärmene ynanmazlyk bildirilmegine esas bolup biler:
1) işe gatnaşýan şahslara ýa-da olaryň wekillerine iş seljerilen wagtynda ýa-da ozal gulluk taýdan ýa-da başga bir görnüşde bagly bolmaklygy;
2) onuň arbitraž kazyýetine ýüz tutmak üçin esas ýa-da sebäp bolan ýa-da işe seredilende peýdalanylýan maglumatlary ozal derňänligi.
2. Prokuroryň, bilermeniň, hünärmeniň ýa-da terjimeçiniň şu işe ozal seredilende, degişlilikde prokuror, bilermen, hünärmen we terjimeçi hökmünde mejlise gatnaşmagy olara ynanmazlyk bildirilmegi üçin esas bolup durmaýar.
18-nji madda. Işe seretmäge kazynyň gaýtadan gatnaşmagyna
ýol berilmezligi
1. Işe ozal birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde seredilende gatnaşan kazy şol işe nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde seretmäge, şonuň ýaly-da özüniň gatnaşmagynda çykarylan kazyýet karary sökülen halatynda şol işe birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde gaýtadan seretmäge gatnaşyp bilmeýär, täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işe seretmek muňa girmeýär.
2. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetinde işe seretmäge gatnaşan kazy birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde bu işe seredip ýa-da kazyýet gözegçiligi tertibinde bu işe seretmäge gatnaşyp, şeýle hem onuň gatnaşmagy bilen çykarylan kesgitnama sökülenden soň, nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetinde şol işe täzeden seretmäge gatnaşyp bilmez.
3. Kazyýet gözegçiligi tertibinde işe seretmäge gatnaşan kazy birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde bu işe seredip, şeýle hem nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetinde şol işe seretmäge gatnaşyp bilmez.
4. Kazynyň işe birinji, nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde seretmäge gatnaşmagy ony şol işe Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň düzüminde seretmäge gatnaşmak hukugyndan mahrum etmeýär.
5. Kazynyň işe Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň düzüminde seretmäge gatnaşmagy ony şol işe birinji, nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde gaýtadan seredilende gatnaşmak hukugyndan mahrum etmeýär.
19-njy madda. Ynanmazlyk bildirmek we öz-özüňe ynanmazlyk
bildirmek hakyndaky arza
1. Şu Kodeksiň 16-njy we 17-nji maddalarynda görkezilen ýagdaýlarda kazy, prokuror, bilermen, hünärmen we terjimeçi öz-özüne ynanmazlyk bildirmäge borçludyr. Hut şol esaslar boýunça işe gatnaşýan şahslar olara ynanmazlyk bildirip bilerler.
2. Ynanmazlyk bildirmek we öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek delillendirilmelidir we iş boýunça kazyýet karary kabul edilmänkä mälim edilmelidir.
3. Adyl kazyýetligi amala aşyrmakdan esassyz boýun gaçyrylmagyna ýol berilmeýär.
4. Kaza esassyz mälim edilen ynanmazlyk bildirmek kanagatlandyrylmaga degişli däldir.
20-nji madda. Ynanmazlyk (öz-özüňe ynanmazlyk) bildirmegi
çözmegiň tertibi
1. Ynanmazlyk (öz-özüňe ynanmazlyk) bildirilen halatynda arbitraž kazyýeti işe gatnaşýan şahslaryň pikirini diňlemelidir, şeýle hem ynanmazlyk bildirilen şahs düşündiriş bermek isleýän bolsa, ony diňlemelidir.
2. Işe ýekelikde seredýän kaza mälim edilen ynanmazlyk (öz-özüňe ynanmazlyk) bildirmek şol arbitraž kazyýetiniň başlygy ýa-da başga kazysy tarapyndan seredilýär, olar bolmadyk halatynda bolsa, ýokarda durýan arbitraž kazyýetiniň kazysy tarapyndan seredilýär.
3. Işe kazylar tarapyndan bilelikde seredilen halatynda kaza bildirilen ynanmazlyk hakyndaky meseläni ynanmazlyk bildirilen kazynyň bolmazlygynda beýleki kazylar çözýär. Ynanmazlyk bildirmegiň tarapyna we oňa garşy berlen sesler deň bolan halatynda kaza bildirilen ynanmazlyk kanagatlandyrylan diýlip hasaplanylýar.
4. Kazylaryň birnäçesine ýa-da arbitraž kazyýetiniň bütin düzümine bildirilen ynanmazlyk hakyndaky meseläni şol arbitraž kazyýetiniň başlygy ýa-da ýokarda durýan arbitraž kazyýetiniň kazysy çözýär.
5. Prokurora, bilermene, hünärmene ýa-da terjimeçä bildirilen ynanmazlyk hakyndaky meseläni işe seredýän arbitraž kazyýeti çözýär.
6. Ynanmazlyk bildirmek hakyndaky mesele arbitraž kazyýeti tarapyndan maslahat otagynda çözülýär, şu maddanyň ikinji we dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
7. Ynanmazlyk bildirmegiň kanagatlandyrylandygy ýa-da kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilendigi hakyndaky kesgitnama şikaýat edilmäge we teklipnama getirilmäge degişli däldir. Kesgitnama bilen razy bolmazlyk hakyndaky deliller nägilelik tertibindäki şikaýatlara ýa-da gözegçilik tertibinde kazyýet kararyna gaýtadan seretmek hakyndaky haýyşnamalara goşulyp bilner.
21-nji madda. Bildirilen ynanmazlygy (öz-özüňe ynanmazlygy)
kanagatlandyrmagyň netijeleri
1. Birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde işe seredýän kaza bildirilen ynanmazlyk (öz-özüňe ynanmazlyk) kanagatlandyrylan halatynda işe şol arbitraž kazyýetinde başga kazy tarapyndan seredilýär ýa-da, eger iş önümçiliginde bolan arbitraž kazyýetinde kazyny çalşyrmak mümkin bolmasa, ýokarda durýan arbitraž kazyýeti tarapyndan başga birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň seretmegine berilýär.
2. Nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde işe seredilende kaza ýa-da arbitraž kazyýetiniň bütin düzümine bildirilen ynanmazlyk (öz-özüňe ynanmazlyk) kanagatlandyrylan halatynda işe şol arbitraž kazyýetinde, ýöne kazylaryň başga düzüminde seredilýär.
3. Eger bildirilen ynanmazlygyň ýa-da öz-özüňe ynanmazlygyň kanagatlandyrylmagynyň netijesinde ol işiň şol arbitraž kazyýetinde seredilmegi üçin arbitraž kazyýetiniň täze düzümini döretmek mümkin bolmasa, iş şol derejedäki başga arbitraž kazyýetine berilýär.
III BAP. IŞLERIŇ ARBITRAŽ KAZYÝETINE DEGIŞLILIGI WE HAÝSY ARBITRAŽ KAZYÝETINE DEGIŞLILIGI
22-nji madda. Arbitraž kazyýetiniň seretmegine degişli işler
1. Arbitraž kazyýetiniň seretmegine ykdysady we administratiw hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller hakyndaky işler degişlidir.
2. Arbitraž kazyýetleri şu aşakdaky jedelleri çözýärler:
1) baglaşylmagy kanunda ýa-da taraplaryň ylalaşygynda göz öňünde tutulan şertnama boýunça çaprazlyklar hakyndaky;
2) şertnamanyň şertlerini üýtgetmek, şertnamany ýatyrmak, ony hakyky däl diýip ykrar etmek hakyndaky;
3) borçnamalaryň ýerine ýetirilmändigi ýa-da degişli tertipde ýerine ýetirilmändigi hakyndaky;
4) eýeçilik hukugyny ykrar etmek hakyndaky;
5) emlägi kesekiniň bikanun eýelik etmeginden emlägiň eýesiniň ýa-da başga bir kanuny eýelik edýäniň talap edip almagy hakyndaky;
6) emlägiň eýesiniň ýa-da başga bir kanuny eýelik edýäniň eýelik etmekden mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk hukuklarynyň bozulmasy hakyndaky;
7) ýitgileriň öwezini dolmak hakyndaky;
8) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk gelmeýän we ýuridik hem-de fiziki şahslaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini bozýan döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de beýleki edaralaryň kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryny doly ýa-da bölekleýin hakyky däl diýip ykrar etmek hakyndaky, şonuň ýaly-da şeýle namalaryň kabul edilmegi bilen baglanyşykly ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmak hakyndaky;
9) ýuridik we fiziki şahslaryň mertebesini we işewürlik abraýyny goramak hakyndaky;
10) ýuridik şahsy ýa-da hususy telekeçi hökmünde fiziki şahsy döwlet tarapyndan bellige almakdan boýun gaçyrylmagy ýa-da bellenilen möhletde we şeýle bellige alyş kanunda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz dönderilmegi barada şikaýat edilmegi hakyndaky;
11) gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan edaralar tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň talaplaryny bozmak bilen, jedelsiz (akseptsiz) tertipde hasapdan öçürilen pul serişdeleriniň býujetden gaýtarylyp berilmegi hakyndaky;
12) salgytlary we hökmany tölegleri töledip almak hakyndaky;
13) ýuridik şahsyň ýa-da hususy telekeçileriň hukuklarynyň ýüze çykmagy, üýtgemegi ýa-da bes edilmegi üçin ähmiýeti bolan faktlary (mundan beýläk ‒ ýuridik ähmiýeti bolan faktlar) takyklamak hakyndaky;
14) ýuridik we fiziki şahslaryň batmagy hakyndaky.
Şonuň ýaly-da arbitraž kazyýeti kanun bilen öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki işlere hem seredip biler.
3. Arbitraž kazyýeti buýruk önümçiligi tertibinde kazyýet buýrugy hakynda kesgitnama çykarýar, eger:
1) talap borçnamanyň ýerine ýetirilmändiginden ýa-da degişli tertipde ýerine ýetirilmändiginden gelip çykýan we algydar tarapyndan berlen, bergidar tarapyndan ykrar edilen, ýöne ýerine ýetirilmedik pul borçnamalaryny tassyklaýan resminamalara esaslanan bolsa, eger şunda bildirilen talabyň möçberi on müň manatdan köp bolmasa;
2) talap notarius tarapyndan amala aşyrylan tölegsizlikde, akseptsizlikde we sene goýulmadyk akseptde wekseliň garşylyknamasyna esaslanan bolsa, eger şunda bildirilen talabyň möçberi on müň manatdan köp bolmasa;
3) salgytlary we hökmany tölegleri töledip almak barada talap bildirilen bolsa, eger şunda arzada görkezilen, töledip almaga degişli pul mukdarynyň umumy möçberi bäş müň manatdan köp bolmasa.
Buýruk önümçiligini ýöretmek, kazyýet buýrugy hakynda kesgitnama çykarmak, bildirilen talabyň garşysyna närazylyklary bermek, agzalan kesgitnamany sökmek we ony ýerine ýetirmek, buýruk önümçiligi bilen bagly ähli beýleki hereketler Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksinde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
4. Daşary ýurt şahslarynyň gatnaşmagynda işlere seretmegiň tertibi Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksinde bellenilen kadalar bilen kesgitlenilýär.
5. Şu aşakdakylar arbitraž kazyýetleriniň seretmegine degişli däldir:
1) çözülmegi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen beýleki edaralaryň seretmegine degişli edilen jedeller;
2) önümler üçin nyrhlary, kärende töleginiň möçberini, şeýle hem edilen hyzmatlaryň (ýerine ýetirilen işleriň) bahasyny bellemek hakyndaky jedeller.
23-nji madda. Jedelleri bitaraplar kazyýetiniň çözmegine
bermek
Ýüze çykan ýa-da ýüze çykmagy ähtimal bolan jedel arbitraž kazyýeti tarapyndan çözgüt kabul edilmezinden öň taraplaryň ylalaşygy boýunça bitaraplar kazyýetiniň çözmegine berlip bilner.
24-nji madda. Işleriň haýsy arbitraž kazyýetine degişliligi
1. Arbitraž işlerine Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti, şeýle hem welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri tarapyndan seredilýär.
2. Aşakdaky işler diňe Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetine degişlidir:
1) jedelleşýän taraplaryň haýsy-da bolsa biri daşary ýurtly ýuridik ýa-da fiziki şahs bolsa;
2) merkezi edaralaryň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk gelmeýän ýuridik we fiziki şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini bozýan kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryny doly ýa-da bölekleýin hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda, şonuň ýaly hem şeýle namalaryň kabul edilmegi bilen baglanyşykly ýitgileriň öwezini dolmak hakynda;
3) ýuridik we fiziki şahslaryň batmagy hakynda;
4) jedeller boýunça jogap berijiler dürli welaýatlarda ýa-da welaýatlaryň haýsy-da bolsa birinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän ýa-da ýaşaýan bolsa.
3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, muňa taraplaryň razylygy bar bolanda, aşakda durýan arbitraž kazyýetlerinden islendik arbitraž işini almaga we ony birinji basgançakly arbitraž kazyýeti hökmünde öz önümçiligine kabul etmäge haklydyr.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda)
25-nji madda. Jogap berijiniň ýerleşýän ýeri we ýaşaýan ýeri
boýunça hak islegini bildirmek
1. Ýuridik şahsa hak islegi ýuridik şahsyň edarasynyň ýerleşýän ýeri ýa-da onuň emläginiň ýerleşýän ýeri boýunça arbitraž kazyýetine bildirilýär.
2. Fiziki şahsa hak islegi onuň ýaşaýan ýeri boýunça arbitraž kazyýetine bildirilýär.
3. Ýuridik şahsyň şahamçasynyň işinden gelip çykýan hak islegi şahamçanyň ýerleşýän ýeri boýunça hem bildirilip bilner.
26-njy madda. Hak isleýjiniň saýlamagy boýunça arbitraž
kazyýetine degişlilik
1. Ýerleşýän ýa-da ýaşaýan ýeri näbelli bolan jogap berijä hak islegi onuň emläginiň ýerleşýän ýeri boýunça ýa-da onuň soňky mälim bolan ýaşaýan ýeri boýunça arbitraž kazyýetine bildirilip bilner.
2. Türkmenistanyň ýuridik ýa-da fiziki şahsy bolup durýan we başga döwletiň çäginde ýerleşýän jogap berijä hak islegi hak isleýjiniň ýerleşýän ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça ýa-da jogap berijiniň emläginiň ýerleşýän ýeri boýunça arbitraž kazyýetine bildirilip bilner.
3. Ýerine ýetirilmeli ýeri görkezilen şertnamadan gelip çykýan hak islegi şertnamanyň ýerine ýetirilýän ýeri boýunça arbitraž kazyýetine bildirilip bilner.
4. Gämileriň çakyşmagy bilen ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmak hakynda, deňizde kömek berilmegi we halas edilmegi üçin tölegleri tutup almak hakyndaky hak islegleri jogap berijiniň gämisiniň ýa-da gäminiň ýazylan portunyň ýerleşýän ýeri boýunça hem bildirilip bilner.
5. Şu madda laýyklykda, işiň seredilmäge degişli edilen arbitraž kazyýetleriniň birini saýlap almak hukugy hak isleýjä degişlidir.
27-nji madda. Ýuridik ähmiýeti bolan faktlary takyklamak
hakyndaky işleriň arbitraž kazyýetine degişliligi
1. Ýuridik ähmiýeti bolan faktlary takyklamak hakyndaky işlere arza berijiniň ýerleşýän ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça seredilýär.
2. Jaýa, desgalara, ýer bölegine we gaýry gozgalmaýan emläge eýelik etmek faktyny takyklamak hakyndaky işlere jaýyň, desganyň, ýer böleginiň we gaýry gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça seredilýär.
28-nji madda. Arbitraž kazyýetine aýratyn degişlilik
1. Jaýlara, desgalara, ýer böleklerine we gaýry gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugyny ykrar etmek hakyndaky, olary kesekiniň bikanun eýelik etmeginden talap etmek hakyndaky, emlägiň eýesiniň ýa-da gaýry kanuny eýelik edijiniň eýelik etmekden mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk hukuklarynyň bozulmalaryny düzetmek hakyndaky hak islegleri jaýyň, desganyň, ýer böleginiň we gaýry gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça bildirilýär.
2. Ýükleri daşamak şertnamalaryndan gelip çykýan ýük daşaýjylara bolan hak islegleri bellenilen tertipde talabyň bildirilen ulag kärhanasynyň müdirliginiň ýerleşýän ýeri boýunça bildirilýär.
29-njy madda. Şertnamalaýyn arbitraž kazyýetine degişlilik
1. Taraplar öz arasyndaky ýazmaça ylalaşyk boýunça işiň arbitraž kazyýetine çäk degişliligini üýtgedip bilerler.
2. Şu Kodeksiň 28-nji maddasy bilen bellenilen arbitraž kazyýetine degişlilik taraplaryň ylalaşygy bilen üýtgedilip bilinmez.
30-njy madda. Öz arasynda baglanyşykly birnäçe işleriň
arbitraž kazyýetine degişliligi
1. Dürli ýerlerde ýaşaýan ýa-da bolýan birnäçe jogap berijilere hak islegi hak isleýjiniň saýlamagy boýunça jogap berijilerden biriniň ýaşaýan ýeri boýunça ýa-da bolýan ýeri boýunça bildirilýär.
2. Özbaşdak talaby bildirýän üçünji tarapyň hak islegi ýa-da garşylyklaýyn hak islegi özüniň haýsy arbitraž kazyýetine degişliligine garamazdan, ilkibaşdaky hak isleginiň seredilýän ýeri boýunça arbitraž kazyýetine bildirilýär.
31-nji madda. Işleri bir arbitraž kazyýetinden başga arbitraž
kazyýetine bermek
1. Kazyýete degişlilik hakyndaky kadalaryň berjaý edilmegi bilen arbitraž kazyýetiniň önümçiligine kabul edilen iş mundan beýläk ol başga arbitraž kazyýetine degişli bolsa-da, işi kabul eden arbitraž kazyýeti oňa düýp manysy boýunça seretmelidir.
2. Arbitraž kazyýeti işi degişliligi boýunça başga arbitraž kazyýetiniň seretmegine şu aşakdaky ýagdaýlarda berýär:
1) eger bu işe başga arbitraž kazyýetinde, hususan-da, subutnamalaryň aglabasynyň ýerleşýän ýerinde has çalt, doly we hemmetaraplaýyn serediler diýip ykrar edýän bolsa;
2) ýerleşýän ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri öň belli bolmadyk jogap beriji işi özüniň ýerleşýän ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça arbitraž kazyýetine bermek barada haýyşnama bildirse;
3) işe seredilende onuň şu arbitraž kazyýetiniň önümçiligine kazyýete degişlilik hakyndaky kadalary bozmak bilen alnandygy ýüze çykarylan bolsa;
4) eger kazylaryň birine ýa-da birnäçesine ynanmazlyk bildirilenden soň olary şol arbitraž kazyýetinde çalşyrmak mümkin bolmasa, şeýle hem şol arbitraž kazyýetinde işe seretmek mümkin bolmadyk başga halatlarda. Şeýle halatlarda işi bir arbitraž kazyýetinden başga arbitraž kazyýetine bermek Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Işi degişliligi boýunça başga arbitraž kazyýetine bermek hakynda kesgitnama çykarylýar, oňa şu Kodeksde bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.
4. Türkmenistanyň arbitraž kazyýetleriniň arasynda kazyýete degişlilik hakyndaky jedellere ýol berilmeýär.
5. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy ýa-da onuň orunbasary taraplaryň razylygy bilen işi degişli bolan bir arbitraž kazyýetinden başga arbitraž kazyýetine bermäge haklydyr.
IV BAP. ARBITRAŽ KAZYÝET IŞ ÝÖREDIŞINE GATNAŞYJYLAR
32-nji madda. Işe gatnaşýan şahslaryň düzümi
Şu aşakdakylar işe gatnaşýan şahslar bolup durýarlar:
taraplar, üçünji taraplar;
ýuridik ähmiýeti bolan faktlary takyklamak hakyndaky hem-de ýuridik we fiziki şahslaryň batmagy hakyndaky işlerde arza berijiler we beýleki gyzyklanýan şahslar;
prokuror, döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hem-de döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak baradaky arza bilen arbitraž kazyýetine ýüz tutan beýleki edaralar.
33-nji madda. Işe gatnaşýan şahslaryň hukuklary we borçlary
1. Işe gatnaşýan şahslaryň işiň materiallary bilen tanyşmaga, olardan göçürmeleri, nusgalary almaga, ynanmazlyk bildirmäge, subutnamalary getirmäge, subutnamalary barlamaga gatnaşmaga, işe gatnaşyjylara soraglary bermäge, haýyşnamalary bildirmäge, arbitraž kazyýetine dilden we ýazmaça düşündirişleri bermäge, işiň barşynda ýüze çykýan ähli meseleler boýunça öz delillerini getirmäge, işe gatnaşýan beýleki şahslaryň haýyşnamalaryna, delillerine garşy çykmaga, çözgütlere täzeden seretmek hakyndaky arza bilen ýüz tutmaga we şu Kodeks bilen özlerine berlen beýleki iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanmaga hukugy bardyr.
2. Işe gatnaşýan şahslar arbitraž kazyýetiniň çagyrmagy boýunça kazyýet mejlisine gelmäge, arbitraž kazyýetiniň talaby boýunça zerur maglumatlary bermäge, çözülýän jedeliň düýp manysy boýunça arbitraž kazyýetine dilden we ýazmaça düşündirişleri bermäge hem-de şu Kodeksde göz öňünde tutulan beýleki iş ýörediş kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
3. Şeýle hem işe gatnaşýan şahslar arbitraž kazyýetine elektron görnüşdäki resminamalary, şol sanda elektron gol çekilen elektron resminama görnüşinde bermäge, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde arbitraž kazyýetiniň Internet maglumat-telekommunikasiýa ulgamyndaky resmi saýtynda ýerleşdirilen görnüşi doldurmaga haklydyr.
4. Işe gatnaşýan şahslar özlerine degişli ähli iş ýörediş hukuklaryndan päk ýürekli peýdalanmaga borçludyrlar.
34-nji madda. Iş ýörediş hukuk ukyby
1. Hukuk ukyby bolan şahs iş ýörediş hukuk ukybyna eýelik edýär.
2. Iş ýörediş hukuklaryna eýe bolmak we iş ýörediş borçlaryny çekmek ukyby (iş ýörediş hukuk ukyby) kanuna laýyklykda arbitraž kazyýetinde özleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna hukugy bar bolan ähli ýuridik we fiziki şahslar babatda deň derejede ykrar edilýär.
35-nji madda. Iş ýörediş kämillik ukyby
1. Kämillik ukyply şahs iş ýörediş kämillik ukybyna eýedir. Özleriniň hereketleri bilen iş ýörediş hukuklaryny amala aşyrmak we iş ýörediş borçlaryny ýerine ýetirmek ukyby (iş ýörediş kämillik ukyby) arbitraž kazyýetinde ýuridik we fiziki şahslara degişlidir.
2. Iş ýörediş kämillik ukyby bolmadyk tarapyň adyndan kanuny wekil hereket edýär. Arbitraž iş ýöredişinde kämillik ukyby bolmadyk fiziki şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini olaryň kanuny wekilleri ‒ ata-eneleri, perzentlige alanlar, hossarlar, howandarlar ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bu hukuk berlen beýleki adamlar goraýarlar.
36-njy madda. Taraplar
1. Hak isleýji we jogap beriji işde taraplar bolup durýarlar.
2. Öz bähbitleri üçin hak islegini bildiren ýa-da bähbitleri üçin hak islegi bildirilen ýuridik we fiziki şahslar hak isleýjiler bolup durýarlar.
3. Hak isleýiş talaby özlerine bildirilen ýuridik we fiziki şahslar jogap berijiler bolup durýarlar.
4. Taraplar deň iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we deň iş ýörediş borçlaryny çekýärler.
37-nji madda. Işe birnäçe hak isleýjiniň ýa-da jogap berijiniň
gatnaşmagy
1. Hak islegi birnäçe hak isleýjiler tarapyndan ýa-da birnäçe jogap berijilere bilelikde bildirilip bilner. Her bir hak isleýji ýa-da jogap beriji iş ýöredişde özbaşdak çykyş edýär. Şärikli hak isleýjiler ýa-da şärikli jogap berijiler işi alyp barmagy degişlilikde olaryň birine ýa-da birnäçesine tabşyryp bilerler.
2. Iş ýöredişe şärikli gatnaşmaga ýol berilýär, eger:
1) jedeliň närsesi birnäçe hak isleýjileriň ýa-da jogap berijileriň umumy hukuklary ýa-da borçlary bolsa;
2) birnäçe hak isleýjileriň ýa-da jogap berijileriň hukuklarynyň we borçlarynyň bir esasy bar bolsa;
3) jedeliň närsesi birmeňzeş hukuklar we borçlar bolsa.
3. Şärikli hak isleýjiler birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde işe düýp manysy boýunça seredilmeginiň tamamlanmagyna getirýän kazyýet karary kabul edilmezinden öň işe girişip bilerler.
4. Işe jogap beriji hökmünde başga bir şahsyň gatnaşmazlygynda seretmek mümkin bolmasa, birinji basgançakly arbitraž kazyýeti taraplaryň haýyşnamasy ýa-da hak isleýjiniň razylygy bilen ony şärikli jogap beriji hökmünde işe gatnaşmaga çekýär.
5. Işe şärikli hak isleýjiniň girişmegi, şärikli jogap berijiniň çekilmegi ýa-da mundan ýüz dönderilmegi hakynda kesgitnama çykarylýar. Işe şärikli hak isleýjiniň girişmegi, şärikli jogap berijiniň çekilmegi baradaky haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakyndaky kesgitnama barada degişli haýyşnamany bildiren şahs tarapyndan kesgitnamanyň çykarylan gününden on günden köp bolmadyk möhletde nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetine şikaýat edilip bilner.
6. Işe şärikli hak isleýji girişenden, şärikli jogap beriji çekilenden soň işe seretmek başdan başlap geçirilýär.
38-nji madda. Degişli däl jogap berijini çalşyrmak
1. Arbitraž kazyýeti işi kazyýet seljerişine taýýarlamak ýa-da kazyýet seljerişi döwründe hak isleginiň hak islegi boýunça jogap bermeli şahsdan başga şahsa bildirilendigini anyklap, hak isleýjiniň haýyşnamasy boýunça, işi bes etmezden degişli däl jogap berijini degişli jogap beriji bilen çalşyrmaga ýol berip biler.
2. Eger hak isleýji jogap berijiniň başga bir şahs bilen çalşyrylmagyna razy bolmasa, arbitraž kazyýeti işe bildirilen hak islegi boýunça seredýär.
3. Degişli däl jogap beriji çalşyrylandan soň işe seretmek başdan başlap geçirilýär.
39-njy madda. Hak isleginiň esasyny ýa-da närsesini üýtgetmek,
hak isleýiş talaplarynyň möçberini üýtgetmek,
hak isleginden ýüz döndermek, hak islegini
ykrar etmek we barlyşyk ylalaşygy
1. Hak isleýji hak isleginiň esasyny ýa-da närsesini üýtgetmäge, hak isleýiş talaplarynyň möçberini artdyrmaga, azaltmaga ýa-da hak isleginden ýüz döndermäge haklydyr. Jogap beriji hak islegini doly ýa-da bölekleýin ykrar etmäge haklydyr. Taraplar işi barlyşyk ylalaşygy bilen tamamlap bilerler.
2. Hak isleginden ýüz dönderilmegini, hak isleginiň ykrar edilmegini kabul etmekden ýa-da barlyşyk ylalaşygyny tassyklamakdan öň arbitraž kazyýeti şol iş ýörediş hereketleriniň netijelerini taraplara düşündirýär.
3. Kanunlara ýa-da beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna ters gelýän ýa-da kimdir biriniň hukuklarynyň we kanun bilen goralýan bähbitleriniň bozulýan halatynda, arbitraž kazyýeti hak isleginden ýüz dönderilmegini, hak isleýiş talaplarynyň möçberleriniň azaldylmagyny, hak isleginiň ykrar edilmegini kabul etmeýär, barlyşyk ylalaşygyny tassyklamaýar. Şeýle halatlarda arbitraž kazyýeti jedele düýp manysy boýunça seredýär.
40-njy madda. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary
bildirýän üçünji taraplar
1. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary bildirýän üçünji taraplar işe birinji basgançakly arbitraž kazyýeti tarapyndan kazyýet kararynyň kabul edilmegine çenli girişip bilerler.
2. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary bildirýän üçünji taraplar hak isleýjiniň ähli hukuklaryndan peýdalanýarlar we onuň ähli borçlaryny çekýärler, muňa jedelleriň şu görnüşi üçin kanunda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatda jedeli jogap beriji bilen kazyýetden öň düzgünleşdirmek çärelerini görmek borçnamalary girmeýär.
3. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplaryny bildirýän üçünji tarap işe girişen halatynda işe seretmek başdan başlap geçirilýär.
41-nji madda. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary
bildirmeýän üçünji taraplar
1. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary bildirmeýän üçünji taraplar birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde işe düýp manysy boýunça seredilmeginiň tamamlanmagyna getirýän kazyýet karary kabul edilmegine çenli, eger ol taraplardan biri babatda olaryň hukuklaryna ýa-da borçlaryna täsir edip biljek bolsa, hak isleýjiniň ýa-da jogap berijiniň tarapynda işe girişip bilerler. Olar işe gatnaşýan şahslaryň haýyşnamasy boýunça hem işe gatnaşmaga çekilip bilner.
2. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary bildirmeýän üçünji taraplar taraplaryň iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we iş ýörediş borçlaryny çekýärler, hak isleginiň esaslaryny ýa-da närsesini üýtgetmäge, hak isleýiş talaplarynyň möçberini artdyrmaga ýa-da azaltmaga, hak isleginden ýüz döndermäge, hak islegini ykrar etmäge ýa-da barlyşyk ylalaşygyny baglaşmaga, şeýle hem garşylyklaýyn hak islegini bildirmäge, kazyýet kararynyň mejbury ýerine ýetirilmegini talap etmäge bolan hukuklar muňa degişli däldir. Eger öz iş ýörediş hereketlerine garşy gelmese, olaryň iş ýörediş hereketleri esasy tarap üçin hukuk taýdan hakyky bolup durýar.
42-nji madda. Iş ýörediş hukuklary barada oruntutarlyk
1. Jedelli ýa-da arbitraž kazyýetiniň çözgüdi bilen anyklanylan hukuk gatnaşyklarynda taraplaryň biri ýuridik şahsyň üýtgedilip guralmagy, talaplaryň başga birine berilmegi, berginiň başga birine geçirilmegi, fiziki şahsyň ölmegi sebäpli işe gatnaşmakdan çykan halatlarynda arbitraž kazyýeti bu tarapyň onuň hukuk oruntutary bilen çalşyrylmagyna ýol berýär. Hukuk oruntutarlyk arbitraž kazyýet iş ýöredişiniň islendik tapgyrynda mümkindir.
2. Hukuk oruntutarynyň işe girişmeginden öň iş ýöredişde amala aşyrylan ähli hereketler şol orny çalşylan şahs üçin hökmany bolşy ýaly hukuk oruntutary üçin hem hökmanydyr.
3. Hukuk oruntutaryny çalşyrmak hakynda ýa-da çalşyrmakdan ýüz döndermek hakynda arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasyna hususy şikaýat we hususy teklipnama bildirilip bilner.
43-nji madda. Arbitraž kazyýet iş ýöredişine prokuroryň
gatnaşmagy
1. Prokuroryň beýleki şahslaryň hukuklaryny we kanun bilen goralýan bähbitlerini goramak baradaky hak isleýiş arzasy bilen arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga hukugy bardyr.
2. Prokuroryň hak isleginden ýüz döndermegi, hak isleýiş talaplarynyň möçberini azaltmagy, hak isleginiň esasyny ýa-da mazmunyny üýtgetmegi öz bähbidine hak islegi bildirilen tarapy hak isleýiş talaplaryny ilkibaşdaky görnüşinde goldamak hukugyndan mahrum etmeýär. Şu ýagdaýda kazyýet çykdajylary umumy esaslarda tölenilýär.
3. Hak isleýji hak isleginden ýüz dönderen halatynda arbitraž kazyýeti iş boýunça önümçiligi bes edýär.
44-nji madda. Arbitraž kazyýet iş ýöredişine beýleki
gatnaşyjylar
Işe gatnaşýan şahslardan başga arbitraž kazyýet iş ýöredişine bilermen, hünärmen, şaýat, terjimeçi we kazynyň kömekçisi gatnaşyp biler.
45-nji madda. Bilermen
1. Netijenama bermek üçin zerur ýörite bilimleri bolan we şu Kodeksde göz önünde tutulan halatlarda arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen şahs arbitraž kazyýetinde bilermen bolup çykyş edip biler.
2. Seljerme geçirmek özüne tabşyrylan şahs arbitraž kazyýetiniň çagyrmagy boýunça gelmäge we goýlan meseleler boýunça tarapgöýsüz netijenama bermäge borçludyr.
3. Eger bilermene berlen maglumatlar ýeterlik däl bolsa ýa-da onuň öz üstüne ýüklenilen borjy ýerine ýetirmek üçin zerur bolan bilimleri bolmasa, ol netijenama bermekden ýüz dönderip biler.
4. Netijenama bermek üçin zerur bolan halatda bilermeniň işiň materiallary we iş boýunça toplanylan subutnamalar bilen tanyşmaga, kazyýet mejlislerine gatnaşmaga, soraglary bermäge, özüne goşmaça materiallaryň we resminamalaryň berilmegini arbitraž kazyýetinden haýyş etmäge hukugy bardyr.
5. Görnetin ýalan netijenamanyň berilmegi üçin bilermen jenaýat jogapkärçiligini çekýär, bu barada arbitraž kazyýeti tarapyndan oňa duýdurylýar we ondan dil haty alynýar.
46-njy madda. Hünärmen
1. Degişli hünär boýunça zerur bilimleri bar bolan, seredilýän işe degişli meseleler boýunça maslahat bermegi amala aşyrýan şahs arbitraž kazyýetinde hünärmen bolup durýar.
2. Arbitraž kazyýeti tarapyndan hünärmen hökmünde çagyrylan şahs arbitraž kazyýetine gelmäge, goýlan soraglara jogap bermäge, dilden maslahatlary we düşündirişleri bermäge borçludyr.
3. Hünärmeniň arbitraž kazyýetiniň rugsat bermegi bilen işiň materiallary bilen tanyşmaga, kazyýet mejlislerine gatnaşmaga, özüne goşmaça materiallaryň berilmegini arbitraž kazyýetinden haýyş etmäge hukugy bardyr.
47-nji madda. Şaýat
1. Iş üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlar hakynda maglumatlardan habarly bolmagy mümkin bolan islendik adam şaýat bolup biler.
2. Şaýat arbitraž kazyýetiniň çagyrmagy boýunça arbitraž kazyýetine gelmäge borçludyr.
3. Şaýat hut özüne mälim bolan, seredilýän işiň düýp manysy boýunça maglumatlary arbitraž kazyýetine habar bermäge we arbitraž kazyýetiniň hem-de işe gatnaşýan şahslaryň goşmaça soraglaryna jogap bermäge borçludyr.
4. Şaýat görkezmeleri bermekden boýun gaçyrandygy üçin ýa-da görnetin ýalan görkezmeleri berendigi üçin jenaýat jogapkärçiligini çekýär, bu barada arbitraž kazyýeti tarapyndan oňa duýdurylýar we ondan dil haty alynýar.
5. Işiň seredilmegine gatnaşmak bilen baglanyşykly özlerine belli bolan ýagdaýlar hakynda kazylar we adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagyna gatnaşýan beýleki şahslar, wekiliň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly özlerine belli bolan ýagdaýlar hakynda raýat işi we başga bir iş boýunça wekiller, şeýle hem özleriniň fiziki ýa-da psihik ýetmezçilikleri sebäpli faktlara dogry düşünmäge we olar barada dogry görkezmeleri bermäge ukypsyz bolan şahslar şaýat hökmünde sorag edilmäge degişli däldir.
6. Hiç kim arbitraž kazyýetinde öz-özüne we ýakyn garyndaşlaryna garşy şaýatlyk görkezmelerini bermäge borçly däldir.
48-nji madda. Terjimeçi
1. Terjime üçin bilinmegi zerur bolan dilleri bilýän we şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen adam terjimeçi bolup durýar.
2. Terjimeçi arbitraž kazyýetiniň çagyrmagy boýunça gelmäge we terjimäni doly, dogry hem-de wagtynda etmäge borçludyr.
3. Terjimeçi terjime edilýän wagtynda bar bolan şahslara terjimäni takyklamak üçin soraglary bermäge haklydyr.
4. Işe gatnaşýan şahslar belli bir adamy terjimeçi hökmünde arbitraž kazyýetine teklip etmäge haklydyrlar. Arbitraž iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylaryň terjime etmek üçin zerur bolan dilleri bilýän hem bolsalar, öz üstlerine terjimeçiniň borçlaryny almaga haky ýokdur.
5. Görnetin ýalan terjime edilen halatynda terjimeçi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär, bu barada arbitraž kazyýeti tarapyndan oňa duýdurylýar we ondan dil haty alynýar.
49-njy madda. Kazynyň kömekçisi
1. Kazynyň kömekçisi arbitraž kazyýet iş ýöredişini taýýarlamakda we guramakda kaza kömek berýär we şunda kanunda göz öňünde tutulan hereketleri amala aşyrýar.
2. Kazynyň kömekçisiniň işe gatnaşýan şahslaryň we arbitraž iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylaryň hukuklarynyň ýa-da borçlarynyň döremegine, üýtgemegine ýa-da bes edilmegine getirip biljek hereketleri amala aşyrmaga haky ýokdur.
V BAP. ARBITRAŽ KAZYÝETINDE WEKILÇILIK
50-nji madda. Işleri wekilleriň üsti bilen alyp barmak
1. Fiziki şahslar arbitraž kazyýetinde öz işlerini hut özleri ýa-da wekilleriň üsti bilen ýöredip bilerler. Işe hut fiziki şahslaryň özleriniň gatnaşmagy olary wekil tutmak hukugyndan mahrum etmeýär.
2. Ýuridik şahslaryň işini arbitraž kazyýetinde olaryň kanunçylyk ýa-da esaslandyryş resminamalary bilen özlerine berlen ygtyýarlyklaryň çäklerinde hereket edýän edaralary we olaryň wekilleri alyp barýar. Ýuridik şahslaryň ýolbaşçylary, beýleki şahslar esaslandyryş resminamalaryna laýyklykda özleriniň gulluk ýagdaýyny we ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamalary arbitraž kazyýetine berýärler.
3. Ýatyrylýan guramanyň adyndan arbitraž kazyýetinde ýatyryş toparynyň ygtyýarly wekili çykyş edýär.
51-nji madda. Arbitraž kazyýetinde wekil bolup bilmejek
adamlar
1. Şular arbitraž kazyýetinde wekil bolup bilmezler:
1) kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar;
2) kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlar;
3) kazyýetiň hökümi boýunça adwokatlyk işi bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edilen adamlar, hökümde görkezilen möhletiň dowamynda;
4) kazylar, sülçüler, prokurorlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň agzalary, ýöne olaryň degişli guramalaryň ygtyýarly wekilleri ýa-da kanuny wekiller hökmünde arbitraž iş ýöredişine gatnaşýan halatlary muňa degişli däldir;
5) bu iş boýunça bähbitleri wekilçilik edilýäniň bähbitlerine ters gelýän adamlara ýuridik kömegini berýän ýa-da öň beren adam ýa-da kazy, prokuror, sülçi, anyklaýyş geçiren adam, bilermen, hünärmen, terjimeçi, şaýat ýa-da güwä hökmünde gatnaşan adam, şeýle hem işiň seredilmegine gatnaşýan wezipeli adam bilen garyndaşlyk gatnaşyklarynda durýan adam.
2. Görkezilen ýagdaýlar bolan halatynda wekile işe gatnaşýan şahslar tarapyndan ynanmazlyk bildirilip bilner.
(2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda)
52-nji madda. Wekiliň ygtyýarlyklaryny resmileşdirmek we
tassyklamak
1. Wekiliň ygtyýarlyklary kanuna laýyklykda berlen we resmileşdirilen ýazmaça ynanç hatynda görkezilmelidir.
2. Ýuridik şahsyň adyndan ynanç haty degişli ýuridik şahsyň ýolbaşçysy ýa-da beýleki ygtyýarly adam tarapyndan berilýär we şol ýuridik şahsyň möhüri bilen güwä geçilýär.
Fiziki şahsyň wekiliniň ynanç haty hususy telekeçi tarapyndan berilýär we onuň möhüri bilen güwä geçilýär.
3. Kanuny wekiller arbitraž kazyýetine özleriniň hukuk ýagdaýyny tassyklaýan resminamalary berýärler.
4. Adwokatyň ygtyýarlyklary order bilen tassyklanylýar.
5. Ygtyýarnama esasynda hukuk kömegini berýän şahslaryň ygtyýarlyklary hukuk kömegini bermek hakyndaky şertnama we ygtyýarnamanyň nusgasy bilen tassyklanylýar.
6. Azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde bolýan adamlaryň ynanç hatlary degişli edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.
53-nji madda. Wekiliň ygtyýarlyklary
1. Arbitraž kazyýetinde işleri alyp barmak üçin ygtyýarlyklar wekile özi tarapyndan wekilçilik edilýän şahsyň adyndan ähli iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmaga hukuk berýär.
2. Wekiliň aşakda görkezilen hereketleriniň her birini amala aşyrmak üçin ygtyýarlyklary wekilçilik edilýän şahsyň beren ynanç hatynda ýörite görkezilmelidir:
1) hak isleýiş arzasyna gol çekmek;
2) hak isleýiş talaplaryndan doly ýa-da bölekleýin ýüz döndermek we hak islegini ykrar etmek;
3) hak isleýiş talaplarynyň möçberini, hak isleginiň närsesini ýa-da esaslaryny üýtgetmek;
4) barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak;
5) ygtyýarlyklary başga bir şahsa geçirmek (başga birine ynanmak);
6) kazyýet kararlary barada şikaýat etmek;
7) garşylyk bildirmek hakyndaky arza gol çekmek;
8) kazyýet kararyny mejbury ýerine ýetirmek, degişli edilen emlägi ýa-da puly almak hakynda talap bildirmek.
VI BAP. SUBUTNAMALAR WE SUBUT ETMEK
54-nji madda. Subutnamalar
1. Iş boýunça subutnamalar taraplaryň talaplaryny we nägileliklerini esaslandyrýan ýagdaýlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny hem-de işi dogry çözmek üçin ähmiýeti bolan beýleki ýagdaýlary arbitraž kazyýetiniň kanunda bellenilen tertipde kesgitlemegi üçin esas bolup hyzmat edýän hakykat ýüzündäki islendik maglumatlardan ybaratdyr.
2. Bu maglumatlar taraplaryň we arbitraž kazyýet iş ýöredişine gatnaşýan şahslaryň düşündirişleri, ýazmaça ýa-da maddy subutnamalar, bilermenleriň netijenamalary, hünärmenleriň maslahatlary, şaýatlaryň görkezmeleri (audio we wideo ýazgylar) arkaly anyklanylýar.
Işe gatnaşýan şahslaryň we arbitraž iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylaryň sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly alnan düşündirişlerine subutnama hökmünde ýol berilýär.
3. Kanuny bozmak bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur we arbitraž kazyýetiniň çözgüdiniň esasyna goýlup bilinmez.
55-nji madda. Subut etmek borjy
1. Her bir tarap öz talaplarynyň ýa-da nägilelikleriniň esasy hökmünde salgylanýan ýagdaýlaryny subut etmelidir.
2. Eger şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, işe gatnaşýan her bir şahs özüniň talaplarynyň we nägilelikleriniň esasy hökmünde salgylanýan ýagdaýlaryny tassyklaýan subutnamalary işe gatnaşýan beýleki şahslaryň öňünde kazyýet mejlisiniň başlanmagyna çenli ýa-da arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen möhletiň çäklerinde mälim etmelidir.
56-njy madda. Subutnamalaryň berilmegi we talap
edilip alynmagy
1. Subutnamalar taraplar we işe gatnaşýan beýleki şahslar tarapyndan berilýär.
2. Işiň dogry çözülmegi üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlar ulanylmaga degişli maddy we iş ýörediş hukugynyň kadalaryny göz öňünde tutmak bilen taraplaryň, işe gatnaşýan beýleki şahslaryň talaplarynyň we närazylyklarynyň esasynda arbitraž kazyýeti tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Arbitraž kazyýeti taraplara we işe gatnaşýan beýleki şahslara işiň dogry çözülmegi üçin zerur bolan goşmaça subutnamalary bermegi teklip etmäge haklydyr.
4. Haçan-da, taraplar we işe gatnaşýan beýleki şahslar üçin subutnamalary bermek kyn bolan ýagdaýynda, arbitraž kazyýeti olaryň haýyşnamasy boýunça subutnamalary talap etmekde olara ýardam berýär.
5. Subutnamalary talap etmek hakyndaky haýyşnamada subutnama görkezilmelidir, şeýle hem iş üçin ähmiýeti bolan haýsy ýagdaýlaryň bu subutnama bilen anyklanylyp ýa-da ýalana çykarylyp bilinjekdigi, subutnamalary özbaşdak almaga päsgel berýän sebäpler we olaryň ýerleşýän ýeri görkezilmelidir.
6. Zerur bolanda arbitraž kazyýeti haýyşnama bildiren şahsa subutnamalary almak üçin talap hatyny berýär. Arbitraž kazyýeti tarapyndan talap edilýän subutnama özünde bolan şahs ony gös-göni arbitraž kazyýetine iberýär ýa-da arbitraž kazyýetine bermek üçin degişli talap haty bolan adamyň eline berýär.
7. Hak isleýji tarapyndan hak isleginiň esasynyň ýa-da närsesiniň üýtgedilmegi hem-de jogap beriji tarapyndan garşylyklaýyn hak isleginiň bildirilmegi bilen baglylykda subut etmäge degişli ýagdaýlaryň üýtgän halatynda, arbitraž kazyýeti goşmaça subutnamalary bermegiň möhletini bellemäge haklydyr.
8. Arbitraž kazyýeti tarapyndan subutnama talap edilýän, ony asla ýa-da arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen möhletde bermäge mümkinçiligi bolmadyk wezipeli ýa-da beýleki şahslar bu hakda sebäplerini görkezmek bilen arbitraž kazyýetine ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyrlar.
57-nji madda. Subutnamalaryň berilmezligi üçin jogapkärçilik
1. Berilmegi talap edilýän subutnamany bermek borjy arbitraž kazyýeti tarapyndan esassyz hasap edilen sebäpler boýunça ýerine ýetirilmedik halatynda şol subutnamany özünde saklaýan şahs Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
2. Jogapkärçilige çekilmek talap edilýän subutnama eýelik edýän şahsy ony arbitraž kazyýetine bermek borjundan boşatmaýar.
58-nji madda. Subutnamalaryň degişliligi
1. Arbitraž kazyýeti diňe iş üçin ähmiýeti bolan subutnamalary kabul edýär.
2. Arbitraž kazyýeti, arbitraž kazyýetine gelip gowşan, işe gatnaşýan şahslary goldamak barada haýyşnamalary ýa-da olaryň işine berlen bahany özünde jemleýän resminamalary, seredilýän işiň ýagdaýlarynyň anyklanylmagyna dahyly bolmadyk gaýry resminamalary kabul etmeýär hem-de işiň materiallaryna goşmakdan ýüz dönderýär.
59-njy madda. Subutnamalaryň ýol bererliligi
Kanun boýunça işiň subut etmegiň belli bir serişdeleri bilen tassyklanylmaly ýagdaýlary subut etmegiň başga bir serişdeleri bilen tassyklanylyp bilinmez.
60-njy madda. Subut etmekden boşatmagyň esaslary
1. Arbitraž kazyýeti tarapyndan hemmelere mälim diýlip ykrar edilen faktlaryň subut edilmeginiň zerurlygy ýokdur.
2. Bir arbitraž işi boýunça arbitraž kazyýetiniň kanuny güýje giren çözgüdi bilen anyklanylan faktlar şol bir şahslaryň gatnaşýan beýleki arbitraž işine seredilende gaýtadan subut edilmeýär.
3. Jenaýat işi boýunça kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi arbitraž kazyýeti üçin belli bir hereketleriň edilenligi we kim tarapyndan edilenligi hakyndaky meseleler babatda hökmanydyr.
4. Raýat işi boýunça kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi kazyýet tarapyndan anyklanylan we iş üçin ähmiýeti bolan faktlar hakyndaky meseleler babatda arbitraž kazyýeti üçin hökmanydyr.
5. Eger notarial taýdan resmileşdirilen namanyň hakykylygy şu Kodeksiň 132-nji maddasynda bellenilen tertipde ret edilmedik bolsa ýa-da, eger notarial nama amala aşyrylan notarial hereketler ýa-da olaryň amala aşyrylmagyndan ýüz dönderilmegi baradaky şikaýatlara seretmek üçin raýat iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen tertipde ýatyrylmadyk bolsa, notarius tarapyndan tassyklanylan ýagdaýlar subut edilmäge degişli däldir.
61-nji madda. Subutnamalara baha bermek
1. Arbitraž kazyýeti hemme subutnamalara işiň ähli ýagdaýlarynyň hemmetaraplaýyn, doly we tarapgöýsüz barlanylmagyna esaslanan özüniň içki ynanjy boýunça baha berýär.
2. Hiç bir subutnamanyň arbitraž kazyýeti üçin öňünden bellenilen güýji ýokdur.
3. Taraplaryň biriniň öz talaplaryny ýa-da nägileliklerini esaslandyrýan anyk maglumatlaryny we ýagdaýlaryny beýleki tarapyň ykrar etmegi arbitraž kazyýeti üçin hökmany däldir.
4. Arbitraž kazyýeti bilermeniň netijenamasyny kazyýet mejlisinde ara alyp maslahatlaşýar we oňa iş boýunça beýleki ähli subutnamalar bilen bilelikde baha berýär.
5. Bilermeniň netijenamasy arbitraž kazyýeti tarapyndan ret etmegiň delillerini çözgütde görkezmek bilen doly ýa-da bölekleýin ret edilip bilner.
62-nji madda. Ýazmaça subutnamalar
1. Namalar, hatlar, düşündirişler, netijenamalar, beýleki resminamalar we maglumatlar, şol sanda olaryň faksimil, elektron ýa-da başga bir aragatnaşyk arkaly ýa-da bolmasa resminamanyň ygtybarlylygyny anyklamaga mümkinçilik berýän başga bir usul bilen alnanlary we jedeli dogry çözmek üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlar hakyndaky maglumatlary beýan edýänleri ýazmaça subutnamalar bolup durýar.
2. Ýazmaça subutnamalar asyl nusgada ýa-da tassyklanylan nusgada berilýär. Eger jedeli çözmek üçin resminamanyň diňe bir bölegi ähmiýetli bolsa, şondan tassyklanylan göçürme berilýär.
3. Resminamalaryň asyl nusgalary, eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, işiň ýagdaýlaryny şeýle namalaryň diňe asyl nusgasy bilen tassyklamak göz öňünde tutulan bolsa, şeýle hem beýleki zerur halatlarda arbitraž kazyýetiniň talap etmegi boýunça berilýär.
4. Ýazmaça subutnamany berýän ýa-da ony talap etmek hakynda haýyş edýän şahs iş üçin ähmiýeti bolan haýsy ýagdaýlaryň bu subutnama bilen anyklanylyp bilinjekdigini görkezmäge borçludyr.
63-nji madda. Maddy subutnamalar
1. Jedeli dogry çözmek üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlary anyklamagyň serişdesi bolup hyzmat edip biljek zatlar maddy subutnamalar bolup durýar.
2. Maddy subutnamalary berýän ýa-da ony talap etmek hakynda haýyş edýän şahs iş üçin ähmiýeti bolan haýsy ýagdaýlaryň bu subutnama bilen anyklanylyp bilinjekdigini görkezmäge borçludyr.
64-nji madda. Subutnamalary ýerleşýän ýerinde gözden
geçirmek we barlamak
1. Subutnamalary bermek mümkin däl ýa-da kyn bolan halatynda arbitraž kazyýeti olary ýerleşýän ýerinde gözden geçirip we barlap biler. Arbitraž kazyýeti ýerinde gözden geçirmek hakynda kesgitnama çykarýar. Ýerinde gözden geçirmegi işe seredýän arbitraž kazyýetiniň düzümi amala aşyrýar. Gözden geçirmegiň wagty we ýeri hakynda işe gatnaşýan şahslara habar berilýär, olaryň gelmezligi gözden geçirmegi amala aşyrmaga päsgel bermeýär. Zerur halatlarda bilermenler çagyrylyp bilner.
2. Subutnamalary gözden geçirmegiň we barlamagyň netijeleri boýunça teswirnama düzülip, oňa kazy (kazylar) hem-de taraplaryň subutnamalary gözden geçirmäge we barlamaga gatnaşan wekilleri gol çekýärler. Teswirnama işe goşulýar.
65-nji madda. Ýazmaça we maddy subutnamalary
gaýtaryp bermek
1. Işde bolan resminamalaryň asyl nusgalary işe seredilenden soň olaryň tassyklanylan nusgalaryny işde galdyrmak bilen, ýuridik we fiziki şahslaryň haýyşnamalary boýunça olara gaýtarylyp berilýär.
2. Arbitraž kazyýetinde bolan maddy subutnamalar işe seredilenden soň alnan tarapa gaýtarylyp berilýär ýa-da şol zatlar baradaky hukugy arbitraž kazyýeti tarapyndan ykrar edilen ýuridik ýa-da fiziki şahslara berilýär.
3. Resminamalaryň, maddy subutnamalaryň alnan tarapa gaýtarylyp berilmegi ýa-da başga şahsa berilmegi teswirnama arkaly resmileşdirilip, oňa kazy (kazylar) we resminamalary, zatlary alan tarapyň wekili gol çekýär. Şol teswirnama işe goşulýar.
66-njy madda. Bilermen seljermesini bellemek we ony geçirmek
1. Işe seredilende ýüze çykýan, ýörite bilimleri talap edýän meseleleri aýdyňlaşdyrmak üçin arbitraž kazyýeti bilermen seljermesiniň geçirilmegini belleýär. Işe gatnaşýan şahslar seljerme geçirilende bilermen tarapyndan düşündirilmeli bolan soraglary arbitraž kazyýetine bermäge haklydyr.
2. Arbitraž kazyýeti bilermeniň netijenamasyny talap edýän meseleleriň gutarnykly sanawyny kesgitnamada belleýär.
3. Bilermen seljermesiniň geçirilmegi degişli edaranyň bilermenlerine ýa-da arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen beýleki hünärmenlere tabşyrylmalydyr. Zerurlyk ýüze çykan halatynda bilermen seljermesi taraplaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.
67-nji madda. Bilermen seljermesini geçirmegiň tertibi
1. Bilermen seljermesi degişli edaranyň bilermenleri ýa-da arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen beýleki hünärmenler tarapyndan geçirilýär. Netijenama bermek üçin zerur bilimleri bolan islendik adam hem bilermen hökmünde çagyrylyp bilner.
Bilermen seljermesiniň geçirilmegi birnäçe bilermene tabşyrylyp bilner.
2. Işe gatnaşýan şahslaryň bolmagy bilermenleriň kadaly işine päsgelçilik döretmeýän bolsa, onda olar bilermen seljermesi geçirilende gatnaşyp bilerler, ýöne olaryň barlaglaryň geçirilişine gatyşmaga haky ýokdur.
Bilermen tarapyndan netijenama düzülende hem-de kazyýet bilermen seljermesi bilermenler topary tarapyndan geçirilýän ýagdaýynda bilermenleriň maslahatlaşýan we netijelerini beýan edýän döwründe arbitraž iş ýöredişine gatnaşyjylaryň bolmagyna ýol berilmeýär.
3. Bilermen öz adyndan netijenama berýär we öz beren netijenamasy üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.
68-nji madda. Toparlaýyn bilermen seljermesi
1. Toparlaýyn bilermen seljermesi birmeňzeş hünäri bolan ikiden az bolmadyk bilermen tarapyndan geçirilýär. Bilermen seljermesiniň toparlaýyn häsiýeti arbitraž kazyýeti tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Iş boýunça birnäçe bilermenler bellenilende olar netijenamanyň berilmegine çenli özara maslahatlaşýarlar. Eger bilermenler umumy netijä gelseler, umumy netijenama bilermenleriň ählisi tarapyndan gol çekilýär.
Bilermenleriň arasynda düşünişmezlik bolanda her bir bilermen düşünişmezlik döreden meseleler boýunça aýratyn netijenama düzýär.
69-njy madda. Toplumlaýyn bilermen seljermesi
1. Toplumlaýyn bilermen seljermesi dürli-dürli hünäri bolan ikiden az bolmadyk bilermen tarapyndan geçirilýär.
2. Bilermenleriň netijenamasynda her bir bilermeniň haýsy barlaglary we näçe möçberde geçirendigi, haýsy faktlary anyklandygy we nähili netijelere gelendigi görkezilýär. Toplumlaýyn bilermen seljermesine gatnaşýan her bir bilermen netijenamanyň özi tarapyndan geçirilen barlaglaryň ýazgysy görkezilen bölegine gol çekýär we şoňa jogap berýär.
3. Umumy netije alnan netijelere baha bermäge we umumy netijäni beýan etmäge ygtyýarly bilermenler tarapyndan çykarylýar. Bilermenleriň arasynda düşünişmezlik ýüze çykanda barlaglaryň netijeleri şu Kodeksiň 68-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda resmileşdirilýär.
70-nji madda. Goşmaça we gaýtadan seljerme
1. Bilermeniň netijenamasy ýeterlik düşnükli ýa-da doly bolmadyk halatynda, şeýle hem ozal derňelen ýagdaýlar babatda sorag ýüze çykanda arbitraž kazyýeti onuň geçirilmegini şol ýa-da başga bilermene tabşyryp, goşmaça seljermäni belläp biler.
2. Esassyzlygy sebäpli bilermeniň netijenamasy bilen ylalaşylmadyk halatynda, şeýle hem birnäçe bilermenleriň netijenamalarynyň arasynda çaprazlyklar bolanda, arbitraž kazyýeti onuň geçirilmegini başga bilermene ýa-da bilermenleriň başga toparyna tabşyryp, gaýtadan seljermäni belläp biler.
71-nji madda. Hünärmeniň maslahaty
1. Arbitraž kazyýeti tarapyndan çözülýän jedeliň düýp manysy boýunça nazary we amaly bilimleri bolan şahslaryň düşündirişlerini, maslahatlaryny almak we pikirini aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, arbitraž kazyýeti hünärmeni işe çekip biler.
2. Hünärmen özüniň ýörite bilimlerinden we içki ynam-ygtykadyndan ugur alyp, päk ýürekli we tarapgöýsüz maslahat bermäge borçludyr.
Maslahat arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasy esasynda bellenilýän ýörite barlaglar geçirilmezden dilden berilýär.
3. Berlen maslahat boýunça düşündirişleri we goşmaçalary almak maksady bilen, arbitraž kazyýeti we işe gatnaşýan şahslar tarapyndan hünärmene soraglar berlip bilner.
72-nji madda. Bilermeniň netijenamasy
1. Bilermeniň netijenamasy geçirilen barlaglaryň jikme-jik teswirini, şeýle barlaglaryň esasynda çykarylan netijeleri we arbitraž kazyýeti tarapyndan goýlan soraglara esaslandyrylan jogaplary öz içine almalydyr. Netijenama arbitraž kazyýetine ýazmaça görnüşde berilýär.
2. Eger bilermen seljermesi geçirilen mahaly işi dogry çözmek üçin ähmiýeti bolan soraglaryň arbitraž kazyýeti tarapyndan goýulmadyk ýagdaýlary anyklanylsa, bilermen netijenamada şol ýagdaýlar boýunça çykarylan netijeleri hem beýan edýär.
3. Şu Kodeksiň 70-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda goşmaça ýa-da gaýtadan seljerme bellenilip bilner.
73-nji madda. Işe gatnaşýan şahslaryň düşündirişleri
1. Işe gatnaşýan şahslaryň iş üçin ähmiýeti bolan, özlerine mälim bolan ýagdaýlar baradaky düşündirişleri beýleki subutnamalar bilen bir hatarda barlanylmaga we baha berilmäge degişlidir. Arbitraž kazyýetiniň teklibi boýunça işe gatnaşýan şahs öz düşündirişlerini ýazmaça görnüşde beýan etmäge borçludyr.
2. Eger arbitraž kazyýetinde ykrar etmegiň işiň ýagdaýlaryna laýyk gelýänligine we aldaw, zorluk, haýbat atmak, ýalňyşmak täsiri astynda ýa-da hakykaty ýaşyrmak maksady bilen amala aşyrylanlygyna şübhelenmeler bolmasa, arbitraž kazyýeti ykrar edilen fakty anyklanylan diýip hasap edip biler.
74-nji madda. Subutnamalary üpjün etmek
1. Zerur subutnamalaryň berilmegi mümkin däl ýa-da kyn bolar diýip çak etmäge esaslary bolan şahslar şol subutnamalaryň üpjün edilmegini arbitraž kazyýetinden haýyş edip bilerler.
2. Subutnamalary üpjün etmek baradaky arza önümçiliginde iş bar bolan arbitraž kazyýetine berilýär.
Subutnamalaryň üpjün edilmegi hakyndaky arzada üpjün edilmegi zerur bolan subutnamalar, şol subutnamalar arkaly tassyklanylýan ýagdaýlar, arza berijiniň olaryň üpjün edilmegi hakynda haýyş bilen ýüz tutmagy üçin esas bolan sebäpler görkezilmelidir.
3. Arbitraž kazyýeti tarapyndan subutnamalary üpjün etmek hak islegini üpjün etmek üçin şu Kodeksde bellenilen düzgünler boýunça amala aşyrylýar.
4. Subutnamalary üpjün etmek hakyndaky arza seretmegiň netijeleri boýunça delillendirilen kesgitnama çykarylýar. Subutnamalaryň üpjün edilmegi hakyndaky haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakyndaky kesgitnama barada şikaýat edilip bilner.
VII BAP. KAZYÝET ÇYKDAJYLARY
75-nji madda. Kazyýet çykdajylarynyň düzümi
Kazyýet çykdajylary döwlet pajyndan we işe seretmek bilen baglanyşykly harajatlardan ybaratdyr.
76-njy madda. Döwlet pajy
1. Döwlet pajy şu aşakdakylar üçin tölenilýär:
1) hak isleýiş arzalary;
2) batan diýip ykrar etmek hakyndaky arzalar;
3) jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary bildirýän üçünji tarapyň arzasy;
4) ýuridik ähmiýeti bolan faktlary takyklamak hakyndaky arzalar;
5) kadalaşdyryjy däl hukuk namalaryny hakyky däl diýip ykrar etmek hakyndaky arzalar;
6) döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz dönderilmegi barada şikaýat etmek hakyndaky arzalar;
7) kazyýet kararlaryna nägilelik tertibinde gaýtadan seredilmegi hakyndaky nägilelik şikaýatlary;
8) kazyýet kararlarynyň nusgalarynyň gaýtadan berilmegi;
9) işiň beýleki maglumatlarynyň nusgalarynyň berilmegi.
2. Hak isleýiş talaplarynyň möçberi artan halatynda döwlet pajynyň ýetmeýän möçberi hak isleginiň bahasynyň artmagyna laýyklykda goşmaça tölenilýär. Hak isleginiň bahasy azalan halatynda tölenilen pajyň tapawudy yzyna gaýtarylmaýar.
3. Döwlet pajynyň möçberleri, ony tölemekden boşatmagyň esaslary we tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.
77-nji madda. Döwlet pajyny tölemek
Döwlet pajy Türkmenistanyň Döwlet býujetine girdeji edilip tölenilýär ýa-da töletdirilip alynýar.
78-nji madda. Kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşatmak
1. Arbitraž kazyýeti ýa-da kazy taraplaryň emläk ýagdaýyndan ugur alyp, olary döwletiň girdejisine kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşatmaga haklydyr.
2. Kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşatmak hakynda arza bu işiň degişli arbitraž kazyýetine ýazmaça görnüşde berilýär.
3. Kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşatmak hakyndaky arza degişli tarap özüniň maddy we beýleki ýagdaýlaryna şaýatlyk edýän resminamalary goşmaga borçludyr.
79-njy madda. Kazyýet çykdajylaryndan boşatmak hakynda
kesgitnamany sökmek
Arbitraž kazyýeti ýa-da kazy kazyýet çykdajylaryndan boşatmak hakynda öz kesgitnamasyny, eger bu kesgitnamanyň esasyna goýlan ýagdaýlaryň hakykata laýyk gelmeýändigine göz ýetirse, sökmäge borçludyr. Şeýle ýagdaýlarda degişli tarap iş boýunça ähli çykdajylary şu Kodeksde bellenilen tertipde töleýär.
80-nji madda. Döwlet pajyny tölemegi gaýra goýmak ýa-da
möhletlere bölmek we onuň möçberini azaltmak
Arbitraž kazyýeti ýa-da kazy taraplaryň emläk ýagdaýyndan ugur alyp, tutulyp alynýan döwlet pajyny tölemegi taraplaryň biri ýa-da ikisi üçin-de gaýra goýup, ony möhletlere bölüp ýa-da onuň möçberini azaldyp biler.
81-nji madda. Döwlet pajyny gaýtaryp bermek
1. Şu aşakdaky halatlarda tölenilen döwlet pajy bölekleýin ýa-da dolulygyna gaýtarylyp berilmäge degişlidir:
1) ol artyk tölenilende;
2) şu Kodeksiň 106-njy maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça hak isleýiş arzasyny kabul etmekden ýüz dönderilende;
3) şu Kodeksiň 108-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça hak isleýiş arzasy hak isleýjä gaýtarylyp berlende;
4) şu Kodeksiň 141-nji maddasynyň 1-nji we 11-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esas boýunça iş boýunça önümçilik bes edilende;
5) şu Kodeksiň 145-nji maddasynyň 2-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça hak isleýiş arzasy seredilmän galdyrylanda;
6) nägilelik şikaýatyndan ýüz dönderilende.
2. Tölenilen döwlet pajynyň doly ýa-da bölekleýin gaýtarylyp berilmegi üçin esas bolan ýagdaýlar kazyýet kararlarynda görkezilýär. Şu Kodeksiň 76-njy maddasynda görkezilen we döwlet pajy tölenilen, ýöne arbitraž kazyýetine gelip gowuşmadyk ýa-da arbitraž kazyýeti tarapyndan gaýtarylyp berlen arzalar boýunça döwlet pajy arbitraž kazyýeti tarapyndan berilýän delilhat esasynda gaýtarylyp berilýär.
3. Eger döwlet pajyny gaýtaryp bermek hakyndaky arza arbitraž kazyýetine onuň Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilen gününden başlap bir ýyldan gijä galman berlen bolsa, ol gaýtarylyp berilmäge degişlidir.
(2023-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)
82-nji madda. Işe seretmek bilen baglanyşykly harajatlar
Şaýatlara, bilermenlere, hünärmenlere we terjimeçilere tölenilmäge degişli pul möçberleri, subutnamalary ýerinde gözden geçirmek, arbitraž kazyýetiniň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegi, adwokatlaryň we beýleki şahslaryň (wekilleriň) ýuridik kömegi üçin wearbitraž kazyýeti tarapyndan zerur diýlip ykrar edilen beýleki çykdajylar işe seretmek bilen baglanyşykly harajatlara degişlidir.
83-nji madda. Ýuridik we fiziki şahslara ýuridik kömegiň
tölegsiz berilmegi
1. Arbitraž kazyýeti işi kazyýet seljerişine taýýarlanda ýa-da işlere seredende ýuridik ýa-da fiziki şahsyň emläk ýagdaýyndan ugur alyp, ony ýuridik kömek üçin tölegi tölemekden we wekilçilik bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmakdan doly ýa-da bölekleýin boşatmaga we olary döwletiň hasabyna degişli etmäge haklydyr.
2. Adwokat tarapyndan berlen ýuridik kömek üçin tölegi tölemek we wekilçilik bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmak adwokatlar kollegiýalary tarapyndan ýuridik we fiziki şahslara berilýän ýuridik kömek üçin tölegi düzgünleşdirýän ölçeglere laýyklykda kesgitlenilýär.
3. Ýuridik ýa-da fiziki şahs özüniň maddy we maşgala ýagdaýyna şaýatlyk edýän resminamalary ýuridik kömek üçin tölegi tölemekden we wekilçilik bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmakdan boşatmak hakyndaky arza goşmaga borçludyr.
4. Haýyşnama seretmegiň netijeleri boýunça arbitraž kazyýeti ýuridik kömek üçin tölegi tölemekden we wekilçilik bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmakdan ýuridik ýa-da fiziki şahsy doly ýa-da bölekleýin boşatmak hakynda ýa-da haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda esaslandyrylan kesgitnama çykarýar.
5. Ýuridik kömek üçin tölegi tölemekden we wekilçilik bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmakdan ýuridik ýa-da fiziki şahsy doly ýa-da bölekleýin boşatmak hakynda arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasy ýerine ýetirmek üçin arbitraž kazyýetiniň ýerleşýän ýerindäki ýuridik maslahathana we maliýe edarasyna şol bir wagtda haýal etmän iberilýär.
84-nji madda. Adwokatyň kömegi üçin tölegi tölemek boýunça
çykdajylaryň öwezini dolmak
1. Çözgüt özüniň peýdasyna çykarylan tarapa, onuň ýazmaça haýyşnamasy boýunça arbitraž kazyýeti adwokatyň kömegi üçin tölegi tölemek boýunça tarapyň hakyky çeken harajatlarynyň möçberinde, onuň çeken çykdajylaryny beýleki tarapdan şol tarapa tölemeli edýär. Pul talaplary boýunça bu çykdajylar hak isleginiň kanagatlandyrylan böleginiň bäş göteriminden ýokary geçmeli däldir.
2. Eger adwokatyň kömegi bellenilen tertibe laýyklykda tarapa tölegsiz berlen bolsa, arbitraž kazyýeti ýuridik maslahathananyň haýryna ýa-da döwletiň girdejisine görkezilen pul möçberini, eger tarapy ýuridik kömek üçin tölegi tölemekden boşatmak hakyndaky karar şu Kodeksiň 83-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde kabul edilen bolsa, beýleki tarapdan tutup alýar.
85-nji madda. Bilermenlere, hünärmenlere, şaýatlara we
terjimeçilere tölenilmäge degişli pul möçberleri
1. Bilermenlere, hünärmenlere, şaýatlara we terjimeçilere olaryň arbitraž kazyýetine baryp gelmegi, jaýy kireýine almak bilen bagly çykdajylarynyň öwezi dolunýar we gündelik harjy tölenilýär.
2. Bilermenler we hünärmenler arbitraž kazyýetiniň tabşyrmagy boýunça olar tarapyndan ýerine ýetirilen iş üçin, eger bu iş olaryň gulluk borçlaryna girmeýän bolsa, hak alýarlar.
3. Bilermenlere we hünärmenlere tölenilmäge degişli pul möçberi taraplaryň, bilermenleriň we hünärmenleriň pikirlerini nazara almak bilen arbitraž kazyýeti tarapyndan kesgitlenilýär.
4. Bilermen, hünärmen, şaýat we terjimeçi hökmünde arbitraž kazyýetine çagyrylýan adamlarda olaryň arbitraž kazyýetine baryp gelmegi bilen baglanyşykly sarp eden ähli wagty üçin esasy iş ýeri boýunça ortaça iş haky saklanylýar. Zähmet gatnaşyklarynda durmaýan şaýatlar olaryň işden ýa-da adaty işlerden goýlandygy üçin öwezlik tölegini alýarlar.
5. Tölenilmäge degişli pul möçberlerini tölemegiň tertibi we möçberleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
86-njy madda. Kazyýet harajatlaryny tölemek üçin zerur
bolan pul möçberleriniň taraplardan
tutulyp alynmagy
1. Bilermenlere we şaýatlara tölenilmäge degişli ýa-da ýerinde gözden geçirmek boýunça çykdajylary tölemek üçin zerur bolan pul möçberlerini degişli haýyşnamany bildiren tarap arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen möhletde arbitraž kazyýetiniň depozit hasabyna töleýär. Eger görkezilen haýyşnama taraplaryň ikisi tarapyndan bildirilen bolsa, onda talap edilýän pul möçberlerini taraplar deň möçberde arbitraž kazyýetiniň depozit hasabyna töleýärler.
2. Eger arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen möhletde bilermenlere we şaýatlara tölenilmäge degişli ýa-da ýerinde gözden geçirmek boýunça çykdajylary tölemek üçin zerur bolan pul möçberleri arbitraž kazyýetiniň depozit hasabyna geçirilmedik bolsa we şunda taraplaryň beren beýleki subutnamalarynyň esasynda işe seretmek we çözgüt kabul etmek mümkin bolmasa, onda arbitraž kazyýeti bilermen seljermesini bellemek, şaýatlary çagyrmak ýa-da ýerinde gözden geçirmek barada bildirilen haýyşnamany ret etmäge haklydyr.
3. Şu maddada görkezilen pul möçberlerini kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşadylan tarap tölemeýär.
87-nji madda. Bilermenlere, hünärmenlere, şaýatlara we
terjimeçilere tölenilmäge degişli pul
möçberleriniň tölenilmegi
1. Bilermenlere, hünärmenlere, şaýatlara we terjimeçilere tölenilmäge degişli pul möçberleri olar öz borçlaryny ýerine ýetirenlerinden soň tölenilýär.
2. Bilermenlere we şaýatlara tölenilmäge degişli pul möçberleri arbitraž kazyýetiniň depozit hasabyndan tölenilýär.
3. Arbitraž kazyýeti tarapyndan arbitraž iş ýöredişine gatnaşmaga çekilen terjimeçä we hünärmene hak tölemek, olara gündelik harjy we arbitraž kazyýetine baryp gelmek bilen baglylykda çekilen çykdajylary tölemek, şeýle hem bilermen seljermesini bellemek, şaýatlary çagyrmak arbitraž kazyýetiniň başlangyjy boýunça amala aşyrylan halatynda bilermenlere we şaýatlara pul möçberlerini tölemek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.
4. Terjimeçä Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna pul möçberlerini tölemek baradaky kada, eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, terjimeçä pul möçberlerini tölemek bilen baglylykda daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar tarapyndan çekilen çykdajylaryň öweziniň dolunmagyna degişli däldir.
88-nji madda. Kazyýet çykdajylaryny paýlamak
1. Kazyýet çykdajylary kanagatlandyrylan hak isleýiş talaplarynyň möçberlerine barabarlykda taraplara degişli edilýär. Eger hak islegi bölekleýin kanagatlandyrylan bolsa, onda şu maddada görkezilen pul möçberleri hak isleýiş talaplarynyň arbitraž kazyýeti tarapyndan kanagatlandyrylan möçberine barabarlykda hak isleýjä berilýär, jogap berijä bolsa hak isleýjiniň hak isleýiş talaplarynyň kanagatlandyrylmadyk bölegine barabarlykda berilýär.
2. Taraplar kazyýet çykdajylaryny paýlaşmak hakynda ylalaşan halatynda, arbitraž kazyýeti şol ylalaşyga laýyklykda çözgüt kabul edýär.
3. Kazyýet kararyna gaýtadan seretmek hakyndaky arzanyň berilmegi bilen baglanyşykly taraplaryň çeken kazyýet çykdajylary şu maddanyň kadalaryna laýyklykda paýlanylýar.
4. Hak isleýji bellenilen tertipde döwlet pajyny tölemekden boşadylan bolsa, ýöne jogap beriji döwlet pajyny tölemekden boşadylmadyk bolsa, onda hak isleginiň kanagatlandyrylan böleginden alynmaly döwlet pajy degişli möçberde jogap berijiden alynýar.
5. Eger ýokary basgançakly arbitraž kazyýeti işi täzeden seretmäge bermän, çykarylan çözgüdi üýtgetse ýa-da täze çözgüt çykarsa, ol degişlilikde kazyýet çykdajylarynyň paýlanylmagyny üýtgedýär.
89-njy madda. Kazyýet çykdajylarynyň özüniň iş ýörediş
hukuklaryndan hyýanatly peýdalanýan
şahsa degişli edilmegi
1. Eger jedel taraplaryň biriniň jedeli düzgünleşdirmegiň kazyýete çenli jedelleriň şu topary üçin kanunda ýa-da şertnamada bellenilen tertibini bozmagy (nägileligi jogapsyz galdyrmak, talap edilen resminamalary ibermezlik) netijesinde ýüze çykan bolsa, arbitraž kazyýeti işe seretmegiň netijesine garamazdan, kazyýet çykdajylaryny şol tarapa degişli etmäge haklydyr.
2. Eger şahsyň özüniň iş ýörediş hukuklaryndan hyýanatly peýdalanmagy ýa-da özüniň iş ýörediş borçlaryny ýerine ýetirmezligi kazyýet mejlisiniň bökdelmegine, işe seredilmegine hem-de kanuny we esaslandyrylan kazyýet kararynyň kabul edilmegine päsgelçilik döredilmegine getiren bolsa, arbitraž kazyýeti ähli kazyýet çykdajylaryny şol şahsa degişli edip biler.
3. Kazyýet çykdajylarynyň tölenilmegi üstüne ýüklenilýän işe gatnaşýan şahsyň arzasy boýunça arbitraž kazyýeti şol şahs tarapyndan olaryň çakdanaşa köplügini tassyklaýan subutnamalaryň berlen halatynda tölegiň möçberini azaltmaga haklydyr.
90-njy madda. Kazyýet çykdajylary baradaky meseleleri
çözmek
1. Kazyýet çykdajylaryny paýlamak, olary özüniň iş ýörediş hukuklaryndan hyýanatly peýdalanýan şahsa degişli etmek we kazyýet çykdajylary baradaky beýleki meseleler degişli basgançakly arbitraž kazyýeti tarapyndan işe düýp manysy boýunça seretmek tamamlanýan kazyýet kararynda ýa-da kesgitnamada çözülýär.
2. Degişli arbitraž kazyýetinde işe seredilende çözülmedik, birinji, nägilelik hem-de gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde işe seretmek bilen baglylykda çekilen kazyýet çykdajylary baradaky mesele boýunça arza kabul edilmegi bilen işe düýp manysy boýunça seretmek tamamlanan soňky kazyýet kararynyň kanuny güýje giren gününden başlap, alty aýyň dowamynda birinji basgançakly kazyýet hökmünde işe sereden arbitraž kazyýetine berlip bilner.
Görkezilen arzany bermegiň esasly sebäp boýunça geçirilen möhleti arbitraž kazyýeti tarapyndan dikeldilip bilner.
Kazyýet çykdajylary baradaky mesele boýunça arza haýyşnamalara seretmek üçin şu Kodeksiň 133-nji maddasynda göz öňünde tutulýan kadalar boýunça seredilýär.
Arza seretmegiň netijeleri boýunça kesgitnama çykarylýar, oňa şikaýat berlip bilner.
VIII BAP. IŞ ÝÖREDIŞ MÖHLETLERI
91-nji madda. Iş ýörediş möhletlerini bellemek we hasaplamak
1. Iş ýörediş hereketleri kanunda bellenilen möhletlerde geçirilýär. Iş ýörediş möhletleri kanunda göz öňünde tutulmadyk halatlarda, olar arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilýär.
2. Iş ýörediş hereketlerini geçirmegiň möhletleri anyk senenama senesi bilen, hökmany suratda ýüze çykmaly wakanyň görkezilmegi bilen ýa-da hereketiň amala aşyrylmagy mümkin bolan döwrüň wagty bilen kesgitlenilýär.
3. Iş ýörediş möhletleri ýyllar, aýlar ýa-da günler bilen hasaplanylýar. Günler bilen hasaplanylýan möhletlere işlenilmeýän günler goşulmaýar.
4. Ýyllar, aýlar ýa-da günler bilen hasaplanylýan iş ýörediş möhletiniň geçmegi onuň başlanmagyny kesgitleýän senenama senesinden ýa-da waka bolandan soňky günden başlanýar.
92-nji madda. Iş ýörediş möhletleriniň tamamlanmagy
1. Ýyllar bilen hasaplanylýan möhlet bellenilen möhletiň soňky ýylynyň degişli aýynda we gününde tamamlanýar. Aýlar bilen hasaplanylýan möhlet bellenilen möhletiň soňky aýynyň degişli gününde tamamlanýar. Eger aýlar bilen hasaplanylýan möhletiň ahyry degişli güni bolmadyk aýa düşýän bolsa, onda möhlet şol aýyň soňky gününde tamamlanýar.
2. Möhletiň soňky güni işlenilmeýän güne gabat gelen halatynda şol günden soňraky ilkinji iş güni möhletiň tamamlanýan güni diýlip hasap edilýär.
3. Amala aşyrylmagy üçin möhlet bellenilen iş ýörediş hereketi bellenilen möhletiň ahyrky gününde sagat ýigrimi dörde çenli ýerine ýetirilip bilner. Eger hak isleýiş arzasy, hak isleýiş arzasyny yzyna almak hakyndaky arza, kazyýet kararyna gaýtadan seretmek hakyndaky arza we beýleki resminamalar aragatnaşyk edarasyna möhletiň soňky gününde sagat ýigrimi dörde çenli tabşyrylan bolsa, onda möhlet geçirilen diýlip hasap edilmeýär.
4. Eger iş ýörediş hereketi arbitraž kazyýetinde ýa-da başga guramada amala aşyrylmaly bolsa, möhlet şu arbitraž kazyýetinde ýa-da guramada bellenilen düzgünler boýunça iş gününiň tamamlanýan ýa-da degişli amalyň bes edilýän sagadynda gutarýar.
93-nji madda. Iş ýörediş möhletleriniň geçirilmeginiň
netijeleri
1. Işe gatnaşýan şahslar şu Kodeks, gaýry kanunlar ýa-da arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen möhletleriň geçirilmegi bilen iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmaga bolan hukugyny ýitirýärler.
2. Iş ýörediş möhletleri geçenden soň berlen arzalar, şikaýatlar we beýleki resminamalar, eger geçirilen möhletleri dikeltmek ýa-da uzaltmak hakynda haýyşnama ýok bolsa, arbitraž kazyýeti tarapyndan seredilmeýär we olary beren şahslara gaýtarylýar.
94-nji madda. Iş ýörediş möhletleriniň togtadylmagy
1. Iş boýunça önümçiligiň togtadylmagy bilen bir wagtda ähli möhleti geçmedik iş ýörediş möhletleriniň geçmegi togtadylýar.
2. Iş boýunça önümçiligiň dikeldilen gününden başlap iş ýörediş möhletleriniň geçmegi dowam edýär.
95-nji madda. Iş ýörediş möhletlerini dikeltmek
1. Eger şu Kodeksde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, işe gatnaşýan şahsyň haýyşnamasy boýunça iş ýörediş möhleti dikeldilmäge degişlidir.
2. Eger arbitraž kazyýeti iş ýörediş möhletiniň geçirilmeginiň sebäplerini esasly diýip ykrar edýän bolsa, geçirilen iş ýörediş möhletini dikeldýär.
3. Iş ýörediş möhletini dikeltmek baradaky haýyşnama iş ýörediş hereketi amala aşyrylmaga degişli bolan arbitraž kazyýetine berilýär. Haýyşnamany bermek bilen bir wagtda möhleti geçirilen, zerur bolan iş ýörediş hereketleri amala aşyrylmalydyr (arza, şikaýat we resminamalar berilmelidir).
4. Iş ýörediş möhletini dikeltmek baradaky haýyşnama, eger şu Kodeksde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onuň arbitraž kazyýetine gelip gowşan gününden başlap üç gün möhletde işe gatnaşýan şahslary habardar etmezden kazyýet mejlisinde seredilýär.
Geçirilen iş ýörediş möhletiniň arbitraž kazyýeti tarapyndan dikeldilendigi degişli kazyýet kararynda görkezilýär.
5. Geçirilen iş ýörediş möhletini dikeltmekden ýüz döndermek hakynda arbitraž kazyýeti kesgitnama çykarýar.
Kesgitnama çykarylan günüň ertesi gününden gijä goýman kesgitnamanyň nusgasy haýyşnama bilen ýüz tutan şahsa iberilýär.
Geçirilen iş ýörediş möhletini dikeltmek hakynda we geçirilen iş ýörediş möhletini dikeltmekden ýüz döndermek hakynda arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip we hususy teklipnama getirilip bilner.
96-njy madda. Iş ýörediş möhletlerini uzaltmak
1. Arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen iş ýörediş möhletleri ol tarapyndan işe gatnaşýan şahsyň arzasy boýunça şu Kodeksiň 95-nji maddasynda göz öňünde tutulan düzgünler boýunça uzaldylyp bilner.
2. Geçirilen iş ýörediş möhletini uzaltmak hakynda we geçirilen iş ýörediş möhletini uzaltmakdan ýüz döndermek hakynda arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip we hususy teklipnama getirilip bilner.
IX BAP. KAZYÝET HABARLARY
97-nji madda. Kazyýet habarlary we olary ibermegiň tertibi
1. Işe gatnaşýan şahslar we arbitraž iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylar kazyýet kararynyň nusgasyny ugratmak arkaly, şu Kodeksde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, kazyýet mejlisiniň başlanmagyna ýa-da aýry-aýry iş ýörediş hereketiniň amala aşyrylmagyna çenli on bäş günden gijä goýulman arbitraž kazyýeti tarapyndan hak isleýiş arzasynyň ýa-da arzanyň önümçilige kabul edilendigi we iş boýunça önümçiligiň gozgalandygy, kazyýet mejlisiniň ýa-da şu Kodeksde bellenilen tertipde aýry-aýry iş ýörediş hereketiniň geçirilýän wagty we ýeri hakynda habarly edilýär.
Hak isleýiş arzasynyň ýa-da arzanyň önümçilige kabul edilendigi, kazyýet mejlisiniň geçirilýän ýa-da aýry-aýry iş ýörediş hereketiniň amala aşyrylýan wagty we ýeri hakyndaky maglumat, eger şu Kodeksde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, arbitraž kazyýetiniň Internet maglumat-telekommunikasiýa torundaky resmi saýtynda kazyýet mejlisiniň başlanýan ýa-da aýry-aýry iş ýörediş hereketiniň amala aşyrylýan wagtyna çenli azyndan on bäş günden gijä goýulman ýerleşdirilýär. Arbitraž kazyýetiniň Internet maglumat-telekommunikasiýa torundaky resmi saýtynda görkezilen maglumatlaryň ýerleşdirilendigini tassyklaýan resminamalar olaryň ýerleşdirilen senesini hem goşmak bilen işiň materiallaryna goşulýar.
2. Arbitraž iş ýöredişine gatnaşyjylar habarly edilýän ýa-da çagyrylýan habarda şular görkezilmelidir:
1) arbitraž kazyýetiniň ady we salgysy, arbitraž kazyýetiniň Internet maglumat-telekommunikasiýa torundaky resmi saýtynyň salgysy, arbitraž kazyýetiniň telefon belgileri, işe gatnaşýan şahslaryň seredilýän iş hakynda maglumat alyp bilmekleri üçin elektron poçtanyň salgylary;
2) kazyýet mejlisiniň ýa-da aýry-aýry iş ýörediş hereketiniň geçirilýän wagty we ýeri;
3) habarly edilýän ýa-da arbitraž kazyýetine çagyrylýan şahsyň ady;
4) habar bermek ýa-da çagyrmak amala aşyrylýan işiň ady, şeýle hem şahsyň kim hökmünde çagyrylýandygy;
5) habarly edilýän ýa-da çagyrylýan şahsyň haýsy hereketleri we haýsy möhlete çenli amala aşyrmaga haklydygy ýa-da borçludygy.
3. Gaýragoýulmasyz halatlarda arbitraž kazyýeti işe gatnaşýan şahslary we arbitraž iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylary telefonogramma, telegramma, faksimil aragatnaşygy ýa-da elektron poçta ýa-da aragatnaşygyň beýleki serişdelerini peýdalanmak bilen habarly edip ýa-da çagyryp biler.
4. Ýuridik şahsa gönükdirilen kazyýet habary arbitraž kazyýeti tarapyndan ýuridik şahsyň ýerleşýän ýeri boýunça iberilýär. Eger hak islegi ýuridik şahsyň şahamçasynyň ýa-da wekilliginiň işinden gelip çykýan bolsa, şunuň ýaly habar şol şahamçanyň ýa-da wekilligiň ýerleşýän ýeri boýunça hem iberilýär. Ýuridik şahsyň, onuň şahamçasynyň ýa-da wekilliginiň ýerleşýän ýeri Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň esasynda kesgitlenilýär.
Raýatlara, şol sanda hususy telekeçilere gönükdirilen kazyýet habarlary olaryň ýaşaýan ýeri boýunça iberilýär. Şunda hususy telekeçiniň ýaşaýan ýeri hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamanyň göçürme nusgasynyň esasynda kesgitlenilýär.
Eger işe gatnaşýan şahs işi wekiliň üsti bilen alyp barýan bolsa, kazyýet habary wekiliň bolýan ýeri boýunça hem iberilýär.
Eger işe gatnaşýan şahs kazyýet habarlarynyň gaýry salgy boýunça iberilmegi hakynda haýyşnama bildirse, arbitraž kazyýeti kazyýet habaryny şol salgy boýunça hem iberýär. Şunuň ýaly halatda kazyýet habary şol işe gatnaşýan şahs tarapyndan görkezilen salga eltilen bolsa, şol şahsa gowşurylan hasap edilýär.
5. Daşary ýurt raýatlary, eger şu Kodeksde ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, arbitraž kazyýeti tarapyndan şu bapda bellenilen kadalar boýunça habarly edilýär.
6. Işe gatnaşýan şahslar hak isleýiş arzasynyň ýa-da arzanyň önümçilige kabul edilendigi we iş boýunça önümçiligiň gozgalandygy hakyndaky kesgitnamany alanlaryndan soň, işe girişen şahslar ýa-da işe gatnaşmaga soňra çekilen şahslar we arbitraž iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylar bolsa seredilýän iş boýunça ilkinji kazyýet habaryny alanlaryndan soň, şeýle maglumatyň islendik çeşmelerini we aragatnaşygyň islendik serişdelerini peýdalanmak bilen, işiň hereketi hakyndaky maglumaty almak boýunça özbaşdak çäreleri görýärler.
Eger arbitraž kazyýeti işe gatnaşýan şahslaryň başlanan arbitraž iş ýöredişi hakynda talaba laýyk derejede habarly edilendigi barada maglumat bilen habarly bolsa, görkezilen şahslar işiň hereketi hakynda maglumaty almak boýunça çäreleriň görülmezligi netijesinde amatsyz ýagdaýlaryň emele gelmek töwekgelçiligini çekýärler, adatdan daşary we öňüni alyp bolmajak ýagdaýlar sebäpli işe gatnaşýan şahslar tarapyndan maglumaty almak boýunça çäreleriň görlüp bilinmejek halatlary muňa degişli däldir.
98-nji madda. Arbitraž kazyýeti tarapyndan kazyýet
kararlarynyň nusgalaryny ibermegiň tertibi
1. Kazyýet kararynyň nusgasy arbitraž kazyýeti tarapyndan poçta boýunça gowşurylandygy hakynda habar bermek bilen buýurmaly hat arkaly ýa-da gös-göni arbitraž kazyýetinde ýa-da gowşurmaly eýesine bolýan ýeri boýunça gowşurylandygy barada gol çekdirmek arkaly ugradylýar, gaýragoýulmasyz halatlarda bolsa, telefonogrammalary, telegrammalary, faksimil aragatnaşygy ýa-da elektron poçta arkaly ýa-da aragatnaşygyň gaýry serişdelerini ulanmak arkaly iberilýär.
Eger arbitraž kazyýetinde işe gatnaşýan şahslaryň we arbitraž iş ýöredişiniň beýleki gatnaşyjylarynyň hak isleýiş arzasynyň ýa-da arzanyň önümçilige kabul edilendigi we iş boýunça önümçiligiň gozgalandygy, ilkinji kazyýet mejlisiniň geçirilen wagty we ýeri barada maglumat alandyklary barada subutnamalar bar bolsa, soňky kazyýet mejlisleriniň ýa-da aýry-aýry iş ýörediş hereketleriniň amala aşyrylmagynyň wagty we ýeri bellenilýän kazyýet kararlary işe gatnaşýan şahslara we arbitraž iş ýöredişiniň beýleki gatnaşyjylaryna bu kazyýet kararlaryny arbitraž kazyýetiniň Internet maglumat-telekommunikasiýa torundaky resmi saýtynda ýerleşdirmek arkaly iberilýär. Şeýle hem arbitraž kazyýeti görkezilen şahslary soňky kazyýet mejlisleri we iş boýunça aýry-aýry iş ýörediş hereketleri barada telefonogrammalary, telegrammalary ibermek arkaly, faksimil aragatnaşygy boýunça ýa-da elektron poçta boýunça ýa-da aragatnaşygyň beýleki serişdelerini peýdalanmak arkaly habarly etmäge haklydyr.
2. Eger kazyýet kararynyň nusgasy gowşurylmaly eýesine ýa-da onuň wekiline gös-göni arbitraž kazyýetinde ýa-da olaryň bolýan ýerlerinde gowşurylýan bolsa, şeýle gowşurylma gol çekdirilip amala aşyrylýar.
3. Eger kazyýet kararynyň nusgasy gowşurylmaly eýesine telefonogramma, telegramma arkaly, faksimil aragatnaşygy ýa-da elektron poçta boýunça ýa-da aragatnaşygyň gaýry serişdelerini we hat-habarlary eltmegiň usullaryny peýdalanmak bilen iberilýän bolsa, tabşyrylan ýazgynyň arbitraž kazyýetinde galýan nusgasynda şol nusgany gowşuran adamyň familiýasy, gowşurylan senesi we wagty, şeýle hem kabul edip alan adamyň familiýasy görkezilýär.
4. Eger habaryň gowşurylmaly eýesi kazyýet kararynyň nusgasyny kabul etmekden, almakdan ýüz dönderse, ony eltýän ýa-da gowşurýan adam ýüz dönderilendigi hakynda arbitraž kazyýetine gaýtarylmaly habarnamada ýa-da kazyýet kararynyň nusgasynda bellik etmek bilen görkezmelidir.
5. Arbitraž kazyýeti tarapyndan kazyýet kararlarynyň nusgalarynyň iberilendigini we şu maddada bellenilen tertipde habaryň gowşurylmaly eýesi tarapyndan alnandygyny tassyklaýan resminamalar (gowşurylandygy hakynda habarnama, dilhaty, gaýry resminamalar) işiň materiallaryna goşulýar.
6. Eger habaryň gowşurylmaly eýesiniň bolýan ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri näbelli bolsa, hat-habary eltýän adam tarapyndan gowşurylmaga degişli habarda amala aşyrylan hereketiň senesini we wagtyny, şeýle hem maglumatyň çeşmesini görkezmek bilen bellik edilýär.
99-njy madda. Talabalaýyk habar berme
1. Eger kazyýet mejlisiniň, aýry-aýry iş ýörediş hereketini amala aşyrmagyň başlanmagyna çenli arbitraž kazyýetinde habaryň gowşurylmaly eýesiniň hak isleýiş arzasynyň ýa-da arzanyň önümçilige kabul edilendigi we iş boýunça önümçiligiň gozgalandygy hakynda şu Kodeksde bellenilen tertipde oňa iberilen kesgitnamanyň nusgasyny alandygy barada maglumat ýa-da işe gatnaşýan şahslar tarapyndan başlanan kazyýet iş ýöredişi hakynda maglumatlaryň alnandygy barada başga subutnamalar bar bolsa, işe gatnaşýan şahslar we arbitraž iş ýöredişiniň beýleki gatnaşyjylary talabalaýyk habarly edilen hasaplanylýar.
2. Eger kazyýet habary onuň hut özüne ýa-da şol raýat bilen bile ýaşaýan kämillik ýaşyna ýeten adama arbitraž kazyýetine gaýtarylmaga degişli habarnamada habaryň gowşurylandygy hakynda ýa-da başga resminamada gowşurmagyň senesini we wagtyny, şeýle hem maglumatyň çeşmesini görkezmek bilen gol çekdirilip gowşurylan bolsa, raýat talabalaýyk habarly edilen hasaplanylýar.
3. Ýuridik şahsa iberilen kazyýet habary hat-habarlary almaga ygtyýarly bolan adama gowşurylýar.
4. Işe gatnaşýan şahslar we arbitraž iş ýöredişiniň beýleki gatnaşyjylary şu ýagdaýlarda hem arbitraž kazyýeti tarapyndan talabalaýyk habarly edilen hasaplanylýar, eger:
1) habaryň özüne gowşurylmaly eýesi kazyýet kararynyň nusgasyny almakdan ýüz dönderse we bu ýüz dönderme poçta aragatnaşyk edarasy ýa-da arbitraž kazyýeti tarapyndan bellige alnan bolsa;
2) poçta habarynyň bardygyna garamazdan, gowşurylmaly eýesi arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen tertipde iberilen kazyýet kararynyň nusgasyny almak üçin gelmedik bolsa, bu barada poçta aragatnaşyk edarasy arbitraž kazyýetine habar beren bolsa;
3) habaryň gowşurylmaly eýesiniň görkezilen salgyda ýoklugy sebäpli kazyýet kararynyň nusgasy gowşurylmadyk bolsa, bu barada poçta aragatnaşyk edarasy şol maglumatyň çeşmesini görkezmek bilen, arbitraž kazyýetine habar beren bolsa;
4) kazyýet habary ýuridik şahsyň şahamçasynyň ýa-da wekilliginiň ygtyýarly şahsyna gowşurylan bolsa;
5) kazyýet habary işe gatnaşýan şahsyň wekiline gowşurylan bolsa;
6) şu Kodeksiň 98-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde bellenilen tertipde kazyýet habarynyň gowşurylandygynyň ýa-da iberilendiginiň subutnamalary bar bolsa.
5. Eger jogap berijiniň bolýan ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri näbelli bolsa, habaryň jogap berijiniň soňky mälim bolan ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça iberilmegi talabalaýyk habar berme hasap edilýär.
100-nji madda. Iş boýunça önümçiligiň döwründe şahsyň
adynyň, salgysynyň üýtgemegi
1. Işe gatnaşýan şahslar özleriniň adynyň üýtgändigi barada arbitraž kazyýetine habar bermäge borçludyrlar. Şeýle habar bolmadyk halatynda işe gatnaşýan şahsyň ady kazyýet kararynda bu şahsyň arbitraž kazyýetine soňky mälim bolan adyndan ugur alnyp atlandyrylýar.
2. Işe gatnaşýan şahslar iş boýunça önümçiligiň döwründe öz salgysynyň üýtgändigi barada arbitraž kazyýetine habar bermäge borçludyrlar. Şeýle habaryň bolmadyk mahalynda kazyýet kararlarynyň nusgalary arbitraž kazyýetine soňky mälim bolan salgysy boýunça iberilýär we habar gowşurylmaly eýesi şol salgy boýunça mundan beýläk bolmaýan ýa-da ýaşamaýan bolsa-da, habar eltilen hasap edilýär.
3. Eger işe gatnaşýan şahs arbitraž kazyýetine telefon we faks belgilerini, elektron poçtasynyň salgysyny ýa-da şoňa meňzeş maglumaty habar beren bolsa, iş boýunça önümçiligiň döwründe bolup geçen üýtgeşmeler hakynda arbitraž kazyýetini habarly etmelidir.
4. Arbitraž kazyýeti kesgitnamada işe gatnaşýan şahsyň adynyň, onuň salgysynyň, telefon we faks belgileriniň, elektron poçtasynyň ýa-da şoňa meňzeş maglumatyň üýtgändigini görkezýär.
X BAP. HAK ISLEGINI BILDIRMEK
101-nji madda. Hak isleýiş arzasynyň görnüşi we mazmuny
1. Arbitraž kazyýetine hak isleýiş arzasy ýazmaça görnüşde berilýär we oňa arbitraž kazyýetine arza bilen ýüz tutan şahs ýa-da onuň wekili gol çekýär. Wekil tarapyndan gol çekilen hak isleýiş arzasyna wekiliň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan ynanç haty ýa-da beýleki resminama goşulmalydyr.
Şeýle hem hak isleýiş arzasy arbitraž kazyýetiniň resmi saýtynda ýerleşdirilen görnüşi doldurmak arkaly arbitraž kazyýetine berlip bilner.
2. Hak isleýiş arzasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:
1) arbitraž kazyýetiniň ady;
2) taraplaryň ady, olaryň poçta salgylary we bankdaky hökmany maglumatlary, şertnamalaýyn gatnaşyklaryndan gelip çykmaýan hak isleýiş arzalarynda jogap berijiniň bank maglumatlarynyň görkezilmegi hökmany däldir;
3) eger hak islegi baha kesilmäge degişli bolsa, hak isleginiň bahasy;
4) hak isleýiş talabyna esas bolup durýan ýagdaýlar we arzada beýan edilen ýagdaýy tassyklaýan subutnamalar, talap edilýän ýa-da jedelleşilýän pul möçberiniň esaslandyrylan hasaplamasy, hak isleginiň bildirilmegi üçin esas bolan kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary;
5) Türkmenistanyň kanunlary ýa-da şertnama bilen bellenilen halatlarda jogap berijileriň her biri bilen özara gatnaşyklary kazyýete çenli düzgünleşdirmek üçin görlen çäreler hakyndaky maglumatlar;
6) eger hak islegi jogap berijileriň birnäçesine bildirilen bolsa ‒ olaryň her biri baradaky talaplar;
7) arzanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň we beýleki subutnamalaryň sanawy.
3. Eger jedeli dogry çözmek üçin zerur bolsa, hak isleýiş arzasynda beýleki maglumatlar, şeýle hem hak isleýjiniň haýyşnamalary, şol sanda jogap berijiden ýa-da beýleki şahslardan subutnamalary talap edip almak baradaky haýyşnamalary görkezilip bilner.
4. Hak isleýji işe gatnaşýan beýleki şahslara olarda bolmadyk hak isleýiş arzasynyň we oňa goşulýan resminamalaryň nusgalaryny olaryň gowşurylandygy barada habar bermek arkaly buýurmaly hat bilen ibermäge borçludyr.
102-nji madda. Hak isleginiň bahasy
1. Hak isleginiň bahasy şu aşakdaky ýaly kesgitlenilýär:
1) pul möçberlerini töletdirmek hakyndaky hak islegleri boýunça töletdirilýän möçberden ýa-da töletdirme jedelsiz (akseptsiz) tertipde geçirilýän ýerine ýetiriş ýa-da başga bir resminama boýunça jedelli bolan möçberden ugur alnyp;
2) eýeçilik hukugyny ykrar etmek, emlägiň berilmegini talap etmek hakyndaky hak islegleri boýunça ‒ şol emlägiň bahasyndan ugur alnyp.
2. Hak isleginiň bahasyna hak isleýiş arzasynda görkezilen tölegleriň (jerimeler, puşmana puly), şeýle hem ýitgileriň möçberleri goşulýar.
3. Özbaşdak talaplaryň birnäçesinden ybarat bolan hak isleginiň bahasy ähli talaplaryň jemi bilen kesgitlenilýär.
4. Hak isleginiň bahasy nädogry görkezilen halatlarda ony arbitraž kazyýeti kesgitleýär.
103-nji madda. Hak isleýiş arzasyna goşulýan resminamalar
1. Hak isleýiş arzasyna şu aşakdakylary tassyklaýan resminamalar goşulýar:
1) hak isleýiş arzasynyň we oňa goşulýan resminamalaryň nusgalarynyň jogap berijä iberilendigini;
2) döwlet pajynyň bellenilen tertipde we möçberde tölenilendigini;
3) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ýa-da şertnamada bellenilen halatlarda jogap beriji bilen jedeli kazyýete çenli düzgünleşdirmek tertibiniň berjaý edilendigini;
4) hak isleýiş talaby üçin esas bolan ýagdaýlary.
2. Döwlet häkimiýet edaralarynyň namalaryny hakyky däl diýip ykrar etmek hakyndaky arza jedeli edilýän namanyň nusgasy ýa-da onuň tassyklanylan göçürmesi goşulýar.
3. Şertnamany baglaşmaga mejbur etmek hakyndaky arza şertnamanyň taslamasy we baglaşmaga esas edip alynýan kadalaşdyryjy hukuk namasy goşulýar.
104-nji madda. Hak isleýiş arzasynyň we oňa goşulýan
resminamalaryň nusgalaryny ibermek
Hak isleýji hak isleýiş arzasynyň we oňa goşulýan resminamalaryň nusgalaryny beýleki tarapa ibermäge borçludyr.
105-nji madda. Hak isleýiş arzasyny kabul etmek
1. Hak isleýiş arzasyny kabul etmek hakyndaky meseläni hak isleýiş arzasynyň arbitraž kazyýetine gelip gowşan gününden başlap bäş günüň dowamynda kazy ýekelikde çözýär. Hak isleýiş arzasynyň kabul edilendigi hakynda kesgitnama çykarylýar.
2. Kesgitnamada işiň kazyýet seljerişine taýýarlanylyşy, işe gatnaşýan şahslaryň amala aşyrmaly hereketleri, olaryň möhleti, şeýle hem işe gatnaşýan şahslar seredilýän iş barada maglumat alyp biler ýaly Internet maglumat-telekommunikasiýa torundaky arbitraž kazyýetiniň resmi saýtynyň salgysy, telefon belgileri, arbitraž kazyýetiniň faksimil aragatnaşygynyň belgileri, elektron poçtasynyň salgylary görkezilýär.
3. Hak isleýiş arzasynyň arbitraž kazyýetiniň önümçiligine kabul edilendigi hakyndaky kesgitnamanyň nusgalary onuň kabul edilen gününden soň gelýän günden gijä goýman işe gatnaşýan şahslara iberilýär.
106-njy madda. Hak isleýiş arzasyny kabul etmekden
ýüz döndermek
1. Aşakdaky halatlarda kazy hak isleýiş arzasyny kabul etmekden ýüz dönderýär:
1) hak isleýiş arzasy arbitraž kazyýetlerinde seredilmäge degişli bolmasa;
2) şol bir taraplaryň arasyndaky jedel boýunça, şol bir närse we şol bir esaslar boýunça çykarylan kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi ýa-da hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegini kabul etmek we taraplaryň barlyşyk ylalaşygyny tassyklamak hakynda kazyýetiň kesgitnamasy bar bolsa;
3) şol bir taraplaryň arasyndaky jedel boýunça, şol bir närse hakynda we şol bir esaslar boýunça arbitraž kazyýetiniň önümçiliginde iş bolsa;
4) taraplaryň arasynda bu jedeli bitaraplar kazyýetiniň çözmegine bermek hakynda şertnama baglaşylan bolsa;
5) iş bu arbitraž kazyýetine degişli bolmasa;
6) hak isleýiş arzasy kämillik ukyby bolmadyk adam tarapyndan berlen bolsa;
7) gyzyklanýan şahsyň adyndan hak isleýiş arzasy işi alyp barmaga ygtyýarlyklary bolmadyk şahs tarapyndan berlen bolsa.
2. Hak isleýiş arzasyny kabul etmekden ýüz döndermek hakynda kesgitnama çykarylýar, ol arza gowşan gününden başlap bäş günden gijikdirilmän arza berijä iberilýär.
3. Arzany kabul etmekden ýüz döndermek hakyndaky hak isleýjä iberilýän kesgitnamanyň ýanyna hak isleýiş arzasy, oňa goşulan resminamalar we döwlet pajynyň gaýtarylyp berilmegi üçin delilhat goşulýar.
4. Hak isleýiş arzasyny kabul etmekden ýüz döndermek hakyndaky kesgitnama hususy şikaýat berlip we teklipnama getirilip bilner. Şol kesgitnama sökülen halatynda hak isleýiş arzasy arbitraž kazyýetine ilkibaşda ýüz tutulan güni berlen diýlip hasap edilýär.
107-nji madda. Hak isleýiş arzasyny hereketsiz galdyrmak
1. Kazy hak isleýiş arzasyny önümçilige kabul etmek hakyndaky meselä seredende onuň şu Kodeksiň 101-nji we 103-nji maddalarynda bellenilen talaplaryň bozulyp berlendigini anyklasa, arzany hereketsiz galdyrmak hakynda kesgitnama çykarýar.
2. Kazy kesgitnamada hak isleýiş arzasyny hereketsiz galdyrmagyň esaslaryny we hak isleýiş arzasyny hereketsiz galdyrmak üçin esas bolan ýagdaýlary düzetmek üçin hak isleýjä möhlet belleýär.
Hak isleýiş arzasyny hereketsiz galdyrmak hakynda kesgitnamanyň nusgasy onuň çykarylan gününden soň gelýän günden gijä goýman hak isleýjä iberilýär.
3. Eger hak isleýiş arzasyny hereketsiz galdyrmaga sebäp bolan ýagdaýlar kazy tarapyndan bellenilen möhletde düzedilse, arza onuň ilkibaşdaky arbitraž kazyýetine gelip gowşan güni berlen diýlip hasap edilýär we arbitraž kazyýetiniň önümçiligine kabul edilýär.
4. Eger şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen ýagdaýlar kesgitnamada bellenilen möhletde düzedilmese, kazy şu Kodeksiň 108-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde hak isleýiş arzasyny we onuň ýanyna goşulan resminamalary yzyna gaýtarýar.
108-nji madda. Hak isleýiş arzasynyň yzyna gaýtarylmagy
1. Aşakdaky halatlarda kazy hak isleýiş arzasyny we oňa goşulan resminamalary seretmän yzyna gaýtarýar:
1) iş şu arbitraž kazyýetine degişli bolmasa;
2) bildirilen talaplar buýruk önümçiligi tertibinde seredilmäge degişli bolsa;
3) hak isleýiş arzasyny arbitraž kazyýetiniň önümçiligine kabul etmek hakynda kesgitnama çykarylmazyndan öň hak isleýjiden arzanyň gaýtarylmagy barada haýyşnama gelip gowşan bolsa;
4) arzany hereketsiz galdyrmak üçin esas bolup hyzmat eden ýagdaýlar arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynda bellenilen möhletde düzedilmedik bolsa;
5) hak isleýiş arzasyna gol çekmäge hukugy bolmadyk şahs ýa-da wezipe ýagdaýy görkezilmedik şahs tarapyndan gol çekilen bolsa;
6) hak isleýiş arzasynda taraplaryň atlary, olaryň poçta salgylary we bankdaky hökmany maglumatlary görkezilmedik bolsa;
7) döwlet pajynyň bellenilen tertipde we möçberde tölenilenliginiň subutnamalary goşulmadyk bolsa;
8) hak isleýiş talaplaryny birleşdirmegiň kadalary bozulan ýa-da jogap berijileriň birine ýa-da birnäçesine bildirilýän, öz aralarynda baglanyşygy bolmadyk birnäçe talap bir hak isleýiş arzasynda birleşdirilen bolsa;
9) hak isleýiş arzasynyň we oňa goşulýan, jogap berijide bolmadyk, hak isleýjiniň öz talaplaryny esaslandyrýan ýagdaýlaryny tassyklaýan resminamalaryň nusgalarynyň jogap berijä iberilendiginiň subutnamasy berilmedik bolsa;
10) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatlarda özara gatnaşyklary kazyýete çenli düzgünleşdirmek boýunça çäreleriň görlendiginiň subutnamalary berilmedik bolsa;
11) bergi kadalaşdyryjy hukuk namasyna laýyklykda bankyň üsti bilen jogap berijiden alynmaly halatynda bergini almak üçin bank edarasyna ýüz tutulandygynyň subutnamalary berilmedik bolsa.
Şeýle hem arbitraž kazyýeti döwlet pajynyň tölenilmeginiň yza süýşürilmegi, böleklere bölünmegi, onuň möçberiniň azaldylmagy hakyndaky haýyşnama ret edilende hak isleýiş arzasyny gaýtarýar.
2. Kazy hak isleýiş arzasyny onuň gowşan gününden başlap bäş günden gijä goýman yzyna gaýtaryp berýär.
3. Hak isleýiş arzasynyň gaýtarylmagy hakynda arbitraž kazyýeti kesgitnama çykarýar.
Kesgitnamada arzanyň gaýtarylmagynyň esaslary görkezilýär, döwlet pajyny gaýtaryp bermek baradaky mesele çözülýär.
4. Arzany gaýtarmak baradaky kesgitnamanyň nusgasy onuň çykarylan gününden soňky günden gijä goýman ýa-da arzanyň hereketsiz galdyrylmagy üçin esas bolup hyzmat eden ýagdaýlary düzetmek üçin arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen möhlet geçenden soň arza we onuň ýanyna goşulýan resminamalar bilen bilelikde hak isleýjä iberilýär.
Hak isleýiş arzasynyň gaýtarylmagy hakynda arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasyna şikaýat edilip bilner.
5. Hak isleýiş arzasynyň gaýtarylmagy hakynda kesgitnama sökülen halatynda hak isleýiş arzasy onuň arbitraž kazyýetine ilkibaşdaky gününde berlen diýlip hasap edilýär.
6. Hak isleýiş arzasynyň yzyna gaýtarylyp berilmegi muňa esas bolan ýagdaýlar aradan aýrylandan soň şol hak isleýiş arzasy bilen arbitraž kazyýetine umumy tertipde ýüz tutulmagyna päsgel bermeýär.
109-njy madda Birnäçe hak isleýiş talaplaryny
birleşdirmek we bölmek
1. Hak isleýji döremeginiň esaslary ýa-da berlen subutnamalar boýunça özara baglanyşykly birnäçe talaplary bir hak isleýiş arzasyna birleşdirmäge haklydyr.
2. Birinji basgançakly arbitraž kazyýeti şol bir şahslaryň gatnaşýan birmeňzeş işleriniň birnäçesini bilelikde seretmek üçin bir önümçilige birleşdirmäge haklydyr.
3. Birinji basgançakly arbitraž kazyýeti öz önümçiliginde bildirilen talaplaryň döremeginiň esaslary we (ýa-da) berlen subutnamalar boýunça özara baglanyşykly birnäçe işleriň bardygyny anyklap, şeýle hem biri-birine çapraz gelýän kazyýet kararlarynyň kabul edilmek töwekgelçiliginiň döremeginiň beýleki halatlarynda, öz başlangyjy ýa-da işe gatnaşýan şahsyň haýyşnamasy boýunça bu işleri bilelikde seretmek üçin bir önümçilige birleşdirýär.
4. Birinji basgançakly arbitraž kazyýeti eger talaplara aýratyn seretmek has maksadalaýyk diýip hasap edýän bolsa, birleşdirilen talaplardan birini ýa-da birnäçesini aýratyn önümçilige bölmäge haklydyr.
5. Işleri bir önümçilige birleşdirmäge we talaplary aýratyn önümçilige bölmäge birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde işiň seredilmegini tamamlaýan kazyýet kararynyň kabul edilmegine çenli ýol berilýär.
6. Işleri bir önümçilige birleşdirmek, talaplary aýratyn önümçilige bölmek ýa-da ondan ýüz döndermek hakynda arbitraž kazyýeti kesgitnama çykarýar. Kesgitnamanyň nusgalary işe gatnaşýan şahslara iberilýär.
7. Işler bir önümçilige birleşdirilenden ýa-da talaplar aýratyn önümçilige bölünenden soň işe seretmek başdan başlanýar.
110-njy madda. Hak isleýiş arzasyna seslenme (närazylyk)
1. Jogap beriji özüne bildirilen talaplar babatda gelen netijesini görkezip, arbitraž kazyýetine we işe gatnaşýan şahslara hak isleýiş arzasyna seslenmäni (närazylygy) ibermäge ýa-da bermäge borçludyr.
Şeýle seslenme (närazylyk) işe seredýän arbitraž kazyýetiniň resmi saýtynda ýerleşdirilen görnüşi doldurmak, Internet maglumat-telekommunikasiýa torunda ýerleşdirmek arkaly arbitraž kazyýetine berlip bilner. Seslenmä (närazylyga) goşulýan resminamalar arbitraž kazyýetine elektron görnüşde berlip bilner.
2. Şu Kodeksde bellenilen halatlarda we tertipde arbitraž iş ýöredişiniň beýleki gatnaşyjylary arbitraž kazyýetine we işe gatnaşýan şahslara hak isleýiş arzasyna seslenmäni (närazylygy) ýazmaça görnüşde iberip bilerler.
3. Hak isleýiş arzasyna seslenme (närazylyk) kazyýet mejlisiniň başlanmagyna çenli seslenme (närazylyk) bilen tanyşmak mümkinçiligini üpjün edýän möhletde gowşurylandygy hakynda habar bermek bilen buýurmaly hat arkaly arbitraž kazyýetine we işe gatnaşýan şahslara iberilýär. Seslenmäniň (närazylygyň) iberilmegi we işe gatnaşýan şahslaryň seslenmäni (närazylygy) bermeli möhleti barada hak isleýiş arzasyny arbitraž kazyýetiniň önümçiligine kabul etmek hakyndaky kesgitnamada görkezilip bilner.
4. Eger jogap beriji arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen möhletde hak isleýiş arzasyna seslenmäni (närazylygy) bermese, arbitraž kazyýeti işde bar bolan subutnamalaryň esasynda işe seretmäge ýa-da seslenmesiz (närazylyksyz) işe seretmegiň mümkin bolmadyk halatynda seslenmäniň (närazylygyň) berilmegi üçin täze möhlet bellemäge haklydyr. Şunda arbitraž kazyýeti şu Kodeksiň 89-njy maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, işe seretmegiň netijelerine garamazdan, kazyýet çykdajylaryny jogap berijä degişli edip biler.
5. Hak isleýiş arzasyna seslenmede (närazylykda) şular görkezilýär:
1) arbitraž kazyýetiniň ady;
2) hak isleýjiniň ady, onuň ýerleşýän ýeri ýa-da, eger hak isleýji fiziki şahs bolup durýan bolsa, onuň ýaşaýan ýeri;
3) ykrar edilen puluň möçberi we hasaplanylyşy, eger pul geçirilen bolsa – seslenmä (närazylyga) töleg tabşyrygy we bank edarasynyň ony ýerine ýetirmek üçin kabul edenliginiň subutnamalary goşulýar;
4) kanunlara we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, şeýle hem nägileligi esaslandyrýan beýleki subutnamalara salgylanmak bilen bildirilen talaplaryň mazmunyna degişli her bir delil babatdaky nägilelikler;
5) seslenmä (närazylyga) goşulýan resminamalaryň we beýleki subutnamalaryň (şol sanda seslenmäniň (närazylygyň) we oňa goşulan resminamalaryň nusgalarynyň olarda bolmadyk halatynda hak isleýjä we beýleki işe gatnaşýan şahslara iberilendigi hakyndaky) sanawy.
6. Seslenmede (närazylykda) telefon, faks belgileri, elektron poçtanyň salgysy, işe dogry we öz wagtynda seredilmegi üçin zerur bolan beýleki maglumatlar görkezilmelidir.
7. Seslenmä (närazylyga) jogap beriji ýa-da onuň wekili gol çekýär. Wekil tarapyndan gol çekilen seslenmä (närazylyga) onuň seslenmä (närazylyga) gol çekmäge ygtyýarlydygyny tassyklaýan ynanç haty ýa-da başga resminama goşulýar.
111-nji madda. Garşylyklaýyn hak islegini bildirmek
1. Jogap beriji birinji basgançakly arbitraž kazyýeti tarapyndan işe düýp manysy boýunça seretmek tamamlanýan kazyýet kararynyň kabul edilmegine çenli ilkibaşdaky hak islegi bilen bilelikde seredilmegi üçin hak isleýjä garşylyklaýyn hak islegini bildirmäge haklydyr.
2. Garşylyklaýyn hak islegini bildirmek hak isleglerini bildirmegiň umumy kadalary boýunça amala aşyrylýar.
3. Arbitraž kazyýeti garşylyklaýyn hak islegini kabul edýär, eger:
1) garşylyklaýyn talap ilkibaşdaky talaby hasap etmek üçin gönükdirilen bolsa;
2) garşylyklaýyn hak islegini kanagatlandyrmak ilkibaşdaky hak isleginiň doly ýa-da bölekleýin kanagatlandyrylmagyny aradan aýyrýan bolsa;
3) garşylyklaýyn we ilkibaşdaky hak islegleriniň arasynda özara baglanyşyk bolsa we olara bilelikde seredilmegi jedellere has çalt we dogry seredilmegine getirýän bolsa.
4. Arbitraž kazyýeti şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen şertler bolmadyk halatynda garşylyklaýyn hak islegini şu Kodeksiň 108-nji maddasynyň kadalary boýunça yzyna gaýtarýar.
5. Birinji basgançakly arbitraž kazyýeti öz önümçiliginde talaplaryň ilkibaşdaky we garşylyklaýyn hak islegleriniň şertlerine gabat gelýän birnäçe işiň bardygyny anyklap, öz başlangyjy boýunça ýa-da işe gatnaşýan şahsyň haýyş etmegi boýunça şu Kodeksiň 109-njy maddasynda bellenilen kadalar boýunça bu işleri bilelikde seretmek üçin bir önümçilige birleşdirýär.
6. Garşylyklaýyn hak islegi kabul edilenden soň işe seretmek başdan başlap geçirilýär.
XI BAP. IŞI KAZYÝET SELJERIŞINE TAÝÝARLAMAK
112-nji madda. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamagyň wezipeleri
1. Jedelli hukuk gatnaşygynyň häsiýetini we ulanylmaga degişli kanunçylygy, işe dogry seretmek üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlary kesgitlemek, işe gatnaşýan şahslaryň we arbitraž iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylaryň düzümi hakyndaky meseläni çözmek, işe gatnaşýan şahslara zerur bolan subutnamalary getirip görkezmekde ýardam bermek we taraplary ýaraşdyrmak işi kazyýet seljerişine taýýarlamagyň wezipeleri bolup durýar.
2. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamak oňa dogry we öz wagtynda seredilmegini üpjün etmek maksady bilen, birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň önümçiliginde bar bolan her bir iş boýunça kazy tarapyndan ýekelikde geçirilýär.
113-nji madda. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamagyň möhleti
1. Birinji basgançakly arbitraž kazyýeti arzany önümçilige kabul edenden soň işi kazyýet seljerişine taýýarlamak hakynda kesgitnama çykarýar we işe gatnaşýan şahslaryň amala aşyrmaly hereketlerini we şol hereketleri amala aşyrmagyň möhletlerini görkezýär. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamak barada arzany önümçilige kabul etmek hakyndaky kesgitnamada görkezilip bilner.
2. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamak hak isleýiş arzasynyň birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň önümçiligine kabul edilen we iş gozgalan günden başlap iki hepde möhletde kazy tarapyndan ýekelikde amala aşyrylýar. Aýratyn halatlarda işi kazyýet seljerişine taýýarlamagyň möhleti bir aýa çenli uzaldylyp bilner.
114-nji madda. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamak boýunça
hereketler
1. Iş kazyýet seljerişine taýýarlanylanda kazy:
1) taraplary we (ýa-da) olaryň wekillerini çagyrýar we bildirilen talaplaryň we nägilelikleriň düýp manysyna degişli ýagdaýlary anyklamak maksady bilen gürrüňdeşlik geçirýär; olary tassyklaýan subutnamalary açyp görkezmegi we zerur bolan halatlarda belli bir möhletde goşmaça subutnamalary bermegi taraplara teklip edýär; taraplara olaryň hukuklaryny hem-de borçlaryny düşündirýär we bellenilen möhletde iş ýörediş hereketleriniň amala aşyrylmagynyň ýa-da amala aşyrylmazlygynyň netijelerini düşündirýär; taraplar bilen ylalaşmak boýunça zerur bolan subutnamalary bermegiň we deslapky kazyýet mejlisini geçirmegiň möhletlerini kesgitleýär;
2) taraplara jedeli bitaraplar kazyýetiniň çözmegine bermäge bolan hukugyny we şeýle hereketi amala aşyrmagyň netijelerini düşündirýär, taraplaryň barlyşyk ylalaşygyny baglaşmagy üçin çäreleri görýär, taraplaryň ýaraşmagyna ýardam berýär;
3) zerur bolan subutnamalary almakda taraplara ýardam berýär, taraplaryň haýyşnamasy boýunça, şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda bolsa öz başlangyjy boýunça zerur subutnamalary talap edip alýar, bilermen seljermesini bellemek, kazyýet mejlisine bilermenleri, şaýatlary çagyrmak, terjimeçini, hünärmeni çekmek, ýazmaça we maddy subutnamalary ýerinde gözden geçirmegiň zerurlygy hakyndaky meseleleri çözýär, şeýle hem taraplaryň subutnamalary bermegi üçin beýleki çäreleri görýär;
4) taraplaryň haýyşnamasy boýunça hak islegini üpjün etmek, garşylyklaýyn üpjünçiligi bermek, şeýle hem subutnamalary üpjün etmek hakyndaky meseleleri çözýär, kazyýet tabşyryklaryny iberýär;
5) işe beýleki şahslaryň girişmegi, degişli däl jogap berijini çalşyrmak, birnäçe talaplary birleşdirmek we bölmek, garşylyklaýyn hak islegini kabul etmek, göçme kazyýet mejlisini geçirmek mümkinçiligi hakyndaky meselelere seredýär;
6) işe dogry we öz wagtynda seredilmegini üpjün etmäge gönükdirilen beýleki hereketleri amala aşyrýar.
2. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamak boýunça hereketler kazy tarapyndan şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.
115-nji madda. Deslapky kazyýet mejlisi
1. Deslapky kazyýet mejlisinde işe taraplary we beýleki gyzyklanýan şahslary onuň geçirilýän wagty hem-de ýeri barada habarly etmek bilen kazy tarapyndan ýekelikde seredilýär. Görkezilen şahslar deslapky kazyýet mejlisine sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak bilen gatnaşmaga haklydyrlar.
Degişli tertipde habarly edilen hak isleýji we (ýa-da) jogap beriji, işe gatnaşmaga çekilip bilinjek beýleki gyzyklanýan şahslar deslapky kazyýet mejlisine gelmedik bolsalar, mejlis olaryň bolmazlygynda geçirilýär.
2. Arbitraž kazyýeti deslapky kazyýet mejlisinde:
1) taraplaryň haýyşnamalaryny çözýär;
2) berlen subutnamalaryň ýeterlikdigini kesgitleýär, işde haýsy subutnamalaryň bardygyny taraplaryň dykgatyna ýetirýär;
3) iş kazyýet seljerişine taýýarlanylanda çözülýän meseleleri seretmäge çykarýar we şu Kodeksde göz öňünde tutulan beýleki iş ýörediş hereketlerini amala aşyrýar.
3. Deslapky kazyýet mejlisinde taraplar subutnamalary bermäge, haýyşnamalary bildirmäge, mejlisde ýüze çykýan ähli meseleler boýunça öz delillerini beýan etmäge haklydyrlar.
4. Arbitraž kazyýeti işe gatnaşýan şahslaryň haýyşnamasy boýunça deslapky kazyýet mejlisinde olara goşmaça subutnamalary getirmek üçin bäş günden köp bolmadyk möhlete arakesme yglan etmäge haklydyr.
5. Deslapky kazyýet mejlisine girizilen ähli meselelere seredilenden soň arbitraž kazyýeti taraplaryň we işe gatnaşmaga çekilýän üçünji taraplaryň pikirini nazara almak bilen, işiň kazyýet seljerişine taýýarlygy hakyndaky meseläni çözýär.
116-njy madda. Işi kazyýet seljerişine bellemek
1. Iş taýýarlanylan diýip hasap edenden soň, kazy işi kazyýet seljerişine bellemek hakynda kesgitnama çykarýar.
2. Işi kazyýet seljerişine bellemek hakyndaky kesgitnamada işiň kazyýet seljerişine taýýarlygynyň tamamlanandygy we işe üçünji taraplary çekmek hakyndaky meseläniň çözülendigi, garşylyklaýyn hak isleginiň kabul edilendigi, birnäçe talaplaryň birleşdirilendigi ýa-da bölünendigi, şeýle hem olar boýunça degişli kesgitnamalar çykarylmadyk bolsa, beýleki meseleleriň çözülendigi, birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde kazyýet mejlisini geçirmegiň wagty we ýeri görkezilýär.
3. Işi kazyýet seljerişine bellemek hakyndaky kesgitnamanyň nusgasy işe gatnaşýan şahslara iberilýär.
4. Eger deslapky kazyýet mejlisinde işe gatnaşýan şahslar bar bolsa ýa-da işe gatnaşýan şahslar bolmasalar, ýöne olar kazyýet mejlisiniň ýa-da aýratyn bir iş ýörediş hereketiniň geçirilýän wagty we ýeri barada habarly edilen bolsalar we olar tarapyndan özleriniň bolmazlygynda işe seredilmegi barada nägilelikler bildirilmedik bolsa, arbitraž kazyýeti deslapky kazyýet mejlisini tamamlamaga we birinji basgançakly kazyýet mejlisini açmaga haklydyr, ýöne şu Kodekse laýyklykda şu işe kazylaryň düzümi tarapyndan seredilýän halatlary muňa degişli däldir.
XII BAP. HAK ISLEGINI ÜPJÜN ETMEK
117-nji madda. Hak islegini üpjün etmegiň esaslary
1. Arbitraž kazyýeti işe gatnaşýan şahslaryň arzasy ýa-da öz başlangyjy boýunça hak islegini üpjün etmek üçin çäreleri görmäge haklydyr.
2. Hak islegini üpjün ediş çäreleriniň görülmezligi kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegini kynlaşdyryp ýa-da mümkin däl derejä getirip biljek bolsa, şol sanda kazyýet kararynyň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan bolsa, şeýle hem arza berijä düýpli zyýanyň ýetirilmeginiň öňüni almak maksady bilen, hak isleginiň üpjün edilmegine arbitraž iş ýöredişiniň islendik döwründe ýol berilýär. Hak islegini üpjün ediş çäreleri kazyýet karary ýerine ýetirilýänçä ýa-da şol çäreler ýatyrylýança hereket edýär.
118-nji madda. Hak islegini üpjün ediş çäreleri
1. Şu aşakdakylar hak islegini üpjün ediş çäreleri bolup biler:
1) jogap berijä degişli we onda ýa-da beýleki şahslarda durýan emlägi, şol sanda pul serişdelerini gozgamasyz etmek;
2) jogap berijä we beýleki şahslara jedeliň närsesine degişli belli bir hereketleri amala aşyrmagy gadagan etmek;
3) jedelli emlägiň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, jogap berijiniň üstüne belli bir hereketleri amala aşyrmak borjuny ýüklemek;
4) jedelli emlägi hak isleýjiniň ýa-da başga şahsyň saklamagyna geçirmek;
5) hak isleýji tarapyndan jedeli edilýän ýerine ýetiriş resminamasy boýunça ýa-da jedelsiz (akseptsiz) tertipde töletdirme ulanylýan başga bir resminama boýunça töletdirmäni togtatmak;
6) emlägi gozgamasyz etmekden boşatmak hakynda hak islegi bildirilen halatda şol emlägi ýerlemegi togtatmak.
Arbitraž kazyýeti tarapyndan beýleki üpjün ediş çäreleri görlüp bilner, şeýle hem bir wagtyň özünde hak islegini üpjün ediş çäreleriniň birnäçesiniň görülmegine ýol berlip bilner.
2. Hak islegini üpjün ediş çäreleri bildirilen talaba deň ölçegde bolmalydyr.
3. Hak isleýji arbitraž kazyýetiniň hak islegini üpjün etmek hakyndaky kesgitnamasynyň ýerine ýetirilmezligi netijesinde ýetirilen ýitgileri günäkärlere töletdirmäge haklydyr.
4. Eger hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen bolsa, jogap beriji hak isleýjiniň arzasy boýunça hak isleginiň üpjün edilmeginiň netijesinde özüne ýetirilen ýitgileriň öweziniň dolunmagyny hak isleýjiden talap etmäge haklydyr.
119-njy madda. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza
1. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza arbitraž kazyýetine hak isleýiş arzasy bilen bilelikde ýa-da iş boýunça önümçiligiň dowamynda işe seretmek düýp manysy boýunça tamamlanýan kazyýet kararynyň kabul edilmegine çenli berlip bilner.
Hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza arbitraž kazyýetiniň Internet maglumat-telekommunikasiýa torundaky resmi saýtynda ýerleşdirilen görnüşi doldurmak arkaly arbitraž kazyýetine berlip bilner.
2. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky arzada şular görkezilmelidir:
1) arza berilýän arbitraž kazyýetiniň ady;
2) hak isleýjiniň we jogap berijiniň atlary, olaryň ýerleşýän ýa-da ýaşaýan ýeri;
3) jedeliň närsesi;
4) emläk talaplarynyň möçberi;
5) hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza bilen ýüz tutulmagynyň sebäbiniň esaslandyrmasy;
6) hak isleýjiniň kabul edilmegini soraýan üpjün ediş çäresi;
7) goşulýan resminamalaryň sanawy.
Hak islegini üpjün etmek hakyndaky arzada şeýle hem garşylyklaýyn üpjün etmek we beýleki maglumatlar, şol sanda telefon, faks belgileri, işe gatnaşýan şahslaryň elektron poçtasynyň salgylary görkezilip bilner.
3. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza işe gatnaşýan şahs ýa-da onuň wekili tarapyndan gol çekilýär.
Wekil tarapyndan gol çekilen arza ynanç haty ýa-da onuň gol çekmäge ygtyýarlydygyny tassyklaýan başga resminama goşulýar.
4. Eger hak islegini üpjün etmek hakyndaky haýyşnama hak isleýiş arzasynda beýan edilen bolsa, onda bu haýyşnamada şu maddanyň ikinji böleginiň 5-nji we 6-njy bentlerinde göz öňünde tutulan maglumatlar görkezilmelidir.
120-nji madda. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza
seretmegiň tertibi
1. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza seretmek önümçiliginde iş ýa-da hak islegini üpjün etmek ýa-da üpjün etmekden ýüz döndermek hakyndaky kesgitnama bildirilen şikaýat bar bolan arbitraž kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.
Önümçiliginde iş bar bolan arbitraž kazyýetinde hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza seretmek taraplara habar bermezden, arzanyň arbitraž kazyýetine gelip gowşan gününden gijä galman kazy tarapyndan ýekelikde amala aşyrylýar.
Önümçiliginde hak islegini üpjün etmek ýa-da üpjün etmekden ýüz döndermek hakyndaky kesgitnama bildirilen şikaýat bar bolan arbitraž kazyýeti tarapyndan hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza seretmek şol şikaýata seretmek bilen bir wagtda amala aşyrylýar.
2. Eger hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza şu Kodeksiň 119-njy maddasynda görkezilen talaplara laýyk gelmeýän bolsa, arbitraž kazyýeti arzany şu Kodeksiň 107-njimaddasynyň kadalary boýunça hereketsiz galdyrýar, bu barada arza beren şahsa haýal etmän habar berýär. Arbitraž kazyýetiniň görkezen kemçilikleri aradan aýrylandan soň hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza arbitraž kazyýeti tarapyndan haýal etmän seredilýär.
3. Şu Kodeksiň 117-nji maddasynda görkezilen hak islegini üpjün etmek boýunça çäreleri görmegiň esaslary ýok bolsa, hak islegini üpjün etmekden ýüz dönderilip bilner.
4. Hak islegini üpjün etmek barada haýyşnama bildiren şahs garşylyklaýyn üpjünçiligi beren bolsa, hak islegini üpjün etmekden ýüz dönderilip bilinmez.
5. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza seretmegiň netijeleri boýunça arbitraž kazyýeti hak islegini üpjün etmek ýa-da hak islegini üpjün etmekden ýüz döndermek hakynda kesgitnama çykarýar.
6. Hak islegini üpjün etmek hakynda kesgitnamanyň nusgalary onuň çykarylan gününden soňky gelýän günden gijä galman işe gatnaşýan şahslara, arbitraž kazyýeti tarapyndan üpjün ediş çärelerini ýerine ýetirmek borjy ýüklenilen beýleki şahslara, şeýle hem görlen çäreleriň görnüşine baglylykda emlägiň ýa-da oňa bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan edaralara iberilýär.
Hak islegini üpjün etmekden ýüz döndermek hakyndaky kesgitnamanyň nusgasy hak islegini üpjün etmek baradaky arza bilen ýüz tutan şahsa iberilýär.
7. Hak islegini üpjün etmek hakynda ýa-da hak islegini üpjün etmekden ýüz döndermek hakynda arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasyna şikaýat edilip bilner. Hak islegini üpjün etmek hakynda kesgitnama şikaýatyň berilmegi bu kesgitnamanyň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.
8. Hak islegini üpjün etmek barada hak isleýiş arzasynda beýan edilen haýyşnama arbitraž kazyýeti tarapyndan şu maddada bellenilen tertipde we şu hak isleýiş arzasynda bar bolan beýleki haýyşnamalardan we talaplardan aýratynlykda seredilýär.
121-nji madda. Hak islegini üpjün ediş çäresiniň bir görnüşini
beýleki bir görnüşi bilen çalşyrmak
1. Hak isleýjiniň ýa-da jogap berijiniň haýyşnamasy boýunça hak islegini üpjün ediş çäresiniň bir görnüşiniň beýleki bir görnüşi bilen çalşyrylmagyna ýol berilýär.
2. Hak islegini üpjün ediş çäresiniň bir görnüşini beýleki bir görnüşi bilen çalşyrmak hakyndaky mesele arbitraž kazyýeti tarapyndan hak islegini üpjün ediş çäresiniň bir görnüşiniň beýleki bir görnüşi bilen çalşyrylmagy baradaky arzanyň arbitraž kazyýetine gelip gowşan gününden soň gelýän günden gijä galman şu Kodeksde göz öňünde tutulan kadalar boýunça çözülýär.
122-nji madda. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky
kesgitnamany ýerine ýetirmek
Hak islegini üpjün etmek hakyndaky kesgitnama kazyýet kararlaryny ýerine ýetirmek üçin bellenilen tertipde haýal etmän ýerine ýetirilýär.
123-nji madda. Hak islegini üpjün etmegi ýatyrmak
1. Hak islegini üpjün etmek işe gatnaşýan şahsyň haýyşnamasy boýunça işe seredýän arbitraž kazyýeti tarapyndan ýatyrylyp bilner.
Hak isleginiň üpjün edilmeginiň ýatyrylmagy hakynda ýa-da ýatyrylmagyndan ýüz döndermek hakynda kesgitnama çykarylýar.
2. Hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen halatynda hak islegini üpjün etmek baradaky çäreler ýatyrylýar. Hak isleginiň üpjün edilmegini ýatyrmak hakynda arbitraž kazyýeti çözgüt bilen birlikde ýa-da ol kabul edilenden soňra kesgitnama çykaryp biler.
3. Kesgitnamanyň nusgalary onuň çykarylan gününden soň gelýän günden gijä galman işe gatnaşýan şahslara iberilýär. Hak islegini ýatyrmak hakyndaky kesgitnamanyň nusgalary görlen çärelere baglylykda emlägiň ýa-da oňa bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny amala aşyrýan döwlet edaralaryna we başga edaralara hem iberilýär.
4. Hak islegini üpjün etmegi ýatyrmak ýa-da ondan ýüz döndermek hakynda arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasyna şikaýat edilip bilner.
5. Hak islegini üpjün etmegi ýatyrmakdan ýüz döndermek hak islegini üpjün etmegi ýatyrmagyň zerurdygyny esaslandyrýan täze ýagdaýlar ýüze çykanda şeýle haýyşnama bilen gaýtadan ýüz tutulmagyna päsgelçilik bermeýär.
124-nji madda. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky
kesgitnamanyň ýerine ýetirilmändigi we
(ýa-da) onuň ýerine ýetirilmegine päsgel
berlendigi üçin jogapkärçilik
Hak islegini üpjün etmek hakyndaky kesgitnamanyň ýerine ýetirilmändigi we (ýa-da) onuň ýerine ýetirilmegine päsgel berlendigi üçin günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
125-nji madda. Garşylyklaýyn üpjünçilik
1. Hak islegini üpjün etmek boýunça çäreler görlende hak isleýji jogap beriji üçin mümkin bolan ýitgileriň üpjün edilmegini bermelidir. Arbitraž kazyýeti üpjünçilik çäreleriniň ýerine ýetirilmegini hak isleýji tarapyndan girewiň goýulmagyna baglylykda goýup biler.
2. Jogap beriji hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen çözgüt kanuny güýje girenden soň, hak isleýjiniň haýyşy boýunça ýol berlen, hak islegini üpjün etmek boýunça çäreler bilen özüne ýetirilen ýitgileriň öweziniň dolunmagyny hak isleýjiden talap etmäge haklydyr.
XIII BAP. KAZYÝET SELJERIŞI
126-njy madda. Işlere seretmegiň möhletleri
1. Hak isleýiş arzasy arbitraž kazyýetine gowşan günden başlap iki aýdan köp bolmadyk möhletde işlere seredilmelidir.
2. Taraplaryň biri Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bolanda işlere üç aýdan köp bolmadyk möhletde seredilýär.
3. Aýratyn halatlarda arbitraž kazyýetiniň başlygy işe seretmegiň möhletini alty aýdan köp bolmadyk möhlete uzaltmaga haklydyr.
127-nji madda. Kazyýet mejlisi
1. Işe kazyýet mejlisinde taraplaryň wekilleriniň, şeýle hem beýleki işe gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda seredilýär.
2. Kazyýet mejlisini alyp barmagyň tertibini mejlisde başlyklyk edýän kazy şu Kodeksiň kadalaryna laýyklykda kesgitleýär. Kazy arbitraž kazyýetiniň düzümini yglan edýär, prokuror, bilermen, hünärmen, terjimeçi hökmünde kimiň gatnaşýandygyny habar berýär, arbitraž kazyýet iş ýöredişine gatnaşyjylara olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirýär, mejlise ýolbaşçylyk edýär, işiň ähli ýagdaýlarynyň anyklanylmagyny üpjün edýär, kazyýet mejlisinde degişli tertibi üpjün etmek üçin çäreleri görýär.
3. Mejlisde hak isleýjiniň we jogap berijiniň wekilleri, bilermen we arbitraž kazyýet iş ýöredişine gatnaşýan beýleki şahslar diňlenilýär.
4. Kazy taraplaryň her birine jedele seretmek üçin zerur bolan subutnamalary getirmäge deň mümkinçilikleri döredýär.
5. Kazy taraplaryň arasynda ylalaşygyň gazanylmagyna ýardam edýär.
128-nji madda. Esasy kazyýet mejlisinde tertip
1. Kazylar kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyna girende mejlisler otagynda oturanlaryň ählisi ör turýarlar. Arbitraž kazyýetiniň çözgüdiniň yglan edilmegini, şeýle hem çözgüdi kabul etmezden iş tamamlanýan arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynyň yglan edilmegini mejlisler otagynda oturanlaryň ählisi ör turup diňleýärler.
2. Arbitraž iş ýöredişine gatnaşyjylar ör turup, kaza ýüzlenýärler, öz görkezmelerini we düşündirişlerini berýärler. Bu düzgünden çykma diňe başlyklyk edijiniň rugsady bilen ýol berlip bilner.
3. Kazyýet seljerişi kazyýet mejlisinde degişli tertibi we arbitraž iş ýöredişine gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün edýän şertlerde geçýär.
4. Kazyýet mejlisinde degişli tertibe mejlisler otagynda oturan adamlaryň we arbitraž kazyýeti tarapyndan rugsat edilen surata düşürilmegi we wideoýazgynyň edilmegini, radio alyp eşitdirilmegi we telewideniýe boýunça görkezilmegi amala aşyrýan şahslaryň hereketleri päsgel bermeli däldir. Bu hereketler kazy tarapyndan mejlisler otagynda görkezilen ýerlerde we işe gatnaşýan adamlaryň pikirini nazara almak bilen amala aşyrylmalydyr, şeýle hem arbitraž kazyýeti tarapyndan wagtda çäklendirilip bilner.
5. Arbitraž iş ýöredişine gatnaşyjylar we kazyýet mejlisiniň mejlisler otagynda oturan ähli raýatlar kazyýet mejlisinde bellenilen tertibi berjaý etmäge borçludyrlar.
129-njy madda. Kazyýet mejlisinde tertibi bozujylar babatda
ulanylýan çäreler
1. Iş seljerilýän wagtynda tertibi bozýan adama başlyklyk ediji arbitraž kazyýetiniň adyndan duýduryş berýär.
2. Tertip gaýtadan bozulanda işe gatnaşýan şahslar, wekiller, şaýatlar, bilermenler, hünärmenler, terjimeçiler arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasy boýunça, iş seljerilende mejlisler otagynda oturan raýatlar bolsa, – başlyklyk edijiniň buýrugy boýunça kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyndan çykarylyp bilner.
3. Hak isleýjiniň, jogap berijiniň ýa-da olaryň wekilleriniň, şaýadyň we kazyýet mejlisiniň mejlisler otagynda oturan beýleki raýatlaryň başlyklyk edijiniň buýrugyna boýun egmezlik görnüşinde arbitraž kazyýetine hormat goýmazlygy ýa-da kazyýet mejlisiniň dowamynda tertibiň bozulmagy, şonuň ýaly-da arbitraž kazyýetini ýa-da arbitraž kazyýetinde bellenilen düzgünleri göz-görtele äsgermezlik edýändigine şaýatlyk edýän hereketleriň edilendigi üçin arbitraž kazyýeti günäkärleri Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde göz öňünde tutulan jogapkärçilige çekmäge haklydyr.
4. Taraplar ýa-da üçünji taraplar tarapyndan kazyýet mejlisinde tertip bozulan halatynda arbitraž kazyýeti işi seljermegi gaýra goýýar ýa-da düzgün bozujylary kazyýet seljerişiniň bütin wagty ýa-da onuň bir bölegi üçin kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyndan çykarýar. Soňky ýagdaýda başlyklyk ediji kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyna täzeden goýberilen adamy onuň bolmazlygynda amala aşyrylan iş ýörediş hereketleri bilen tanyşdyrýar.
130-njy madda. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak
arkaly kazyýet mejlisine gatnaşmak
1. Işe gatnaşýan şahslar we arbitraž iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylar bu barada haýyşnama bildirseler we arbitraž kazyýetlerinde ýa-da umumy ygtyýarlykly kazyýetlerde sanly wideoaragatnaşygy amala aşyrmak üçin tehniki mümkinçilik bar bolsa, sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak arkaly kazyýet mejlisine gatnaşyp bilerler.
2. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak arkaly kazyýet mejlisine gatnaşmak baradaky haýyşnama kanagatlandyrylan halatynda işe seredýän arbitraž kazyýeti arza berijiniň şeýle kazyýet mejlisine gatnaşmagyna ýardam berýän degişli arbitraž kazyýetine sanly wideoaragatnaşygy guramagy tabşyrýar we bu barada kesgitnama çykarýar.
3. Eger işe gatnaşýan şahslaryň we arbitraž iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylaryň sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak arkaly gatnaşmagyna umumy ygtyýarlykly kazyýet ýardam bermeli bolsa, onda işe seredýän arbitraž kazyýeti şeýle kazyýet mejlisini geçirmek barada şu Kodeksiň 156-njy maddasyna laýyklykda kesgitnama çykarýar. Arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasy umumy ygtyýarlykly kazyýete iberilýär, ol bolsa Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksinde bellenilen kadalara laýyklykda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak arkaly kazyýet mejlisiniň geçirilmegini üpjün edýär.
4. Sanly wideoaragatnaşygy guramagy amala aşyrýan arbitraž kazyýeti ýa-da umumy ygtyýarlykly kazyýet kimleriň gelendigini barlaýar we gelen şahslaryň şahsyýetini anyklaýar, olaryň ygtyýarlyklaryny barlaýar we şu Kodeksiň 127-nji maddasynyň ikinji böleginde we Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 177-nji maddasynda bellenilen kadalara laýyklykda olaryň kazyýet mejlisine gatnaşmak mümkinçiligi baradaky meseläni aýdyňlaşdyrýar.
5. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy ulanylanda işe seredýän arbitraž kazyýetinde, şeýle hem sanly wideoaragatnaşygy guramagy amala aşyrýan arbitraž kazyýetinde ýa-da umumy ygtyýarlykly kazyýetde kazyýet mejlisiniň wideoýazgysy amala aşyrylýar. Kazyýet mejlisiniň wideoýazgysynyň elektron göterijisi bäş gün möhletiň dowamynda işe seredýän arbitraž kazyýetine iberilýär we işiň materiallaryna goşulýar.
6. Işe seredýän arbitraž kazyýeti kazyýet mejlisine sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak arkaly gatnaşmak baradaky haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz dönderýär, eger-de:
1) sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak arkaly kazyýet mejlisine gatnaşmak üçin tehniki mümkinçilik ýok bolsa;
2) işi seljermek ýapyk kazyýet mejlisinde amala aşyrylýan bolsa.
131-nji madda. Subutnamalary barlamak we arbitraž
kazyýetiniň düzüminiň üýtgewsizligi
1. Arbitraž kazyýeti işe sereden mahaly iş boýunça subutnamalary barlaýar: işe gatnaşýan adamlaryň düşündirişlerini, şaýatlaryň görkezmelerini, bilermenleriň netijenamasyny diňleýär, ýazmaça subutnamalar bilen tanyşýar, maddy subutnamalary gözden geçirýär we başga zerur bolan hereketleri amala aşyrýar.
2. Işe arbitraž kazyýetiniň üýtgewsiz düzüminde seredilýär. Işe seretmegiň barşynda kazylaryň biri çalşyrylan halatynda işi seljermek başdan başlap geçirilmelidir.
132-nji madda. Resminamanyň galplygy hakynda arza
1. Eger işe gatnaşýan şahs başga işe gatnaşýan şahs tarapyndan berlen subutnamanyň galpdygy baradaky arza bilen arbitraž kazyýetine ýüz tutsa, onda arbitraž kazyýeti:
1) arzanyň jenaýat- hukuk netijelerini düşündirýär;
2) subutnamany beren şahsyň razylygy bilen jedelleşilýän subutnamany iş boýunça subutnamalaryň hataryndan aýyrýar;
3) eger bu subutnamany beren şahs onuň iş boýunça subutnamalaryň hataryndan aýrylmagy babatda nägilelik bildirse, subutnamanyň galpdygy baradaky arzanyň esaslylygyny barlaýar.
Şeýle ýagdaýda arbitraž kazyýeti subutnamanyň galpdygy baradaky arzanyň hakykylygyny barlamak üçin kanunda göz öňünde tutulan çäreleri görýär, şol sanda bilermen seljermesini belleýär, beýleki subutnamalary talap edip alýar ýa-da başga çäreleri görýär.
2. Eger arbitraž kazyýeti subutnamanyň galplygy hakynda netijä gelse, ol ony subutnamalaryň hataryndan aýyrýar.
3. Eger galp diýlip ykrar edilen subutnamany beren şahsyň hereketlerinde jenaýatyň alamatlary bar bolsa, kazy jenaýat işini gozgamak hakyndaky meseläni çözmek üçin materiallary degişli anyklaýyş ýa-da deslapky derňew edarasyna, bu hakda prokurora habar bermek bilen iberýär.
133-nji madda. Arzalary we haýyşnamalary çözmek
1. Işe gatnaşýan şahslaryň arzalary we haýyşnamalary ýazmaça görnüşde berilýär we arbitraž kazyýeti olary arbitraž iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylaryň pikirleri diňlenilenden soň çözýär.
2. Arzalara we haýyşnamalara seretmegiň netijeleri boýunça arbitraž kazyýeti kesgitnama çykarýar.
134-nji madda. Hak isleýiş arzasyna seslenme ýa-da goşmaça
subutnamalar berilmedik, şeýle hem işe
gatnaşyjylar gelmedik halatynda jedeli çözmek
1. Hak isleýiş arzasyna seslenme ýa-da goşmaça subutnamalar berilmedik halatynda iş bar bolan maglumatlar boýunça çözülip bilner.
2. Işe gatnaşyjylar kazyýet mejlisine gaýtadan gelmedik halatynda, arbitraž kazyýetiniň pikirine görä, olaryň bolmazlygy jedeliň çözülmegine päsgel bermeýän bolsa, işe olaryň bolmazlygynda hem seredilip bilner.
135-nji madda. Işe seretmegi gaýra goýmak
1. Iş bellenilen mejlisde çözülip bilinmejek halatynda arbitraž kazyýeti işe seretmegi gaýra goýmaga haklydyr.
2. Arbitraž kazyýeti işe seretmegi gaýra goýmak hakynda kesgitnama çykarýar, onda geljekki mejlisiň geçiriljek wagty we ýeri görkezilýär.
3. Aýratyn çylşyrymly işler çözülen halatynda kazy mejlisde üç günden köp bolmadyk möhlete arakesme yglan edip, bu barada soňra çözgütde görkezmäge haklydyr.
136-njy madda. Işe seretmegi tamamlamak
Ähli subutnamalar barlanylandan soň we işe gatnaşýan şahslarda iş boýunça goşmaça arzalar, haýyşnamalar we maglumatlar bolmadyk halatynda arbitraž kazyýeti çözgüt kabul edýär.
XIV BAP. IŞ BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIGI TOGTATMAK
137-nji madda. Arbitraž kazyýetiniň iş boýunça önümçiligi
togtatmak borjy
1. Arbitraž kazyýeti şu aşakdaky halatlarda iş boýunça önümçiligi togtatmaga borçludyr:
1) şol işe seretmek onuň bilen baglanyşykly bolan başga işleriň çözülmeginden öň mümkin däl bolsa;
2) şol iş bilen baglanyşykly maglumatlara derňew edaralary seredende;
3) eger jedelli hukuk gatnaşygy hukuk oruntutarlyga ýol berýän bolsa, fiziki şahs ölende ýa-da işde tarap bolup durýan ýuridik şahs üýtgedilip guralanda;
4) tarapyň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilende ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamda kanuny wekil bolmasa.
2. Arbitraž kazyýeti iş boýunça önümçiligi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda hem togtadýar.
138-nji madda. Arbitraž kazyýetiniň iş boýunça önümçiligi
togtatmak hukugy
Arbitraž kazyýeti şu aşakdaky halatlarda iş boýunça önümçiligi togtatmaga haklydyr:
1) tarapyň bejeriş edarasynda bolmagy ýa-da onda bejeriş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanylan arbitraž kazyýetine barmagyna päsgel berýän keseliň bolmagy;
2) tarapyň işe seretmek möhletinden ýokary geçýän gulluk iş saparynda bolmagy;
3) arbitraž kazyýeti tarapyndan bilermen seljermesiniň bellenilmegi;
4) şu Kodeksiň 114-nji maddasynyň birinji böleginiň 4-nji bendine laýyklykda arbitraž kazyýeti tarapyndan kazyýet tabşyrygynyň iberilmegi.
5) arbitraž kazyýeti tarapyndan esasly hasap edilen beýleki sebäplere görä.
139-njy madda. Iş boýunça önümçiligi dikeltmek
Işiň togtadylmagyna sebäp bolan ýagdaýlar aradan aýrylandan soň arbitraž kazyýeti iş boýunça önümçiligi dikeldýär. Iş boýunça önümçilik dikeldilende arbitraž kazyýeti umumy esaslarda işe gatnaşýan şahslary çagyrýar.
140-njy madda. Iş boýunça önümçiligi togtatmagyň we
dikeltmegiň tertibi
Arbitraž kazyýeti iş boýunça önümçiligi togtatmak we ony dikeltmek hakynda kesgitnama çykarýar. Arbitraž kazyýetiniň iş boýunça önümçiligi togtatmak hakyndaky kesgitnamasy barada şikaýat edilip bilner.
XV BAP. IŞ BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIGI BES ETMEK
141-nji madda. Iş boýunça önümçiligi bes etmegiň esaslary
Şu aşakdaky halatlarda arbitraž kazyýeti iş boýunça önümçiligi bes edýär:
1) eger iş arbitraž kazyýetinde çözülmäge degişli däl bolsa;
11) jedel aradan aýrylan bolsa;
2) eger şol bir taraplaryň arasynda jedel boýunça çykarylan şol bir närse hakynda we şol bir esaslar boýunça kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi ýa-da hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegini kabul etmek hakynda ýa-da taraplaryň barlyşyk ylalaşygyny tassyklamak hakynda kazyýetiň kesgitnamasy bolsa;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatlarda arza beriji özara gatnaşyklary kazyýete çenli düzgünleşdirmek üçin çäreleri görmedik bolsa we şeýle düzgünleşdirmek mümkinçiligi ýitirilen bolsa;
4) eger hak isleýji hak isleginden ýüz dönderen bolsa we ýüz döndermek arbitraž kazyýeti tarapyndan kabul edilen bolsa;
5) eger taraplar barlyşyk ylalaşygyny baglaşsalar we ol arbitraž kazyýeti tarapyndan tassyklanylan bolsa;
6) eger iş boýunça tarap bolan ýuridik şahs hukuk oruntutary kesgitlenilmän ýatyrylan bolsa;
7) eger iş boýunça taraplardan biri bolan fiziki şahs ölenden soň jedelli hukuk gatnaşygy hukuk oruntutarlyga ýol bermeýän bolsa.
(2023-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)
142-nji madda. Taraplaryň barlyşyk ylalaşygy
1. Taraplaryň barlyşyk ylalaşygyna arbitraž kazyýet iş ýöredişiniň islendik döwründe ýol berilýär.
2. Taraplar barlyşyk ylalaşygynyň gazanylmagyny ýazmaça resmileşdirýärler.
Barlyşyk ylalaşygy arbitraž kazyýeti tarapyndan tassyklanylýar, bu barada kesgitnama çykarylýar, onda iş boýunça önümçiligiň bes edilendigi görkezilýär.
3. Taraplaryň barlyşyk ylalaşygy nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde tassyklanylan halatynda ozal çykarylan kazyýet kararlary sökülýär we iş boýunça önümçilik bes edilýär.
4. Barlyşyk ylalaşygy çözgüdiň ýerine ýetirilýän döwründe tassyklanylan halatynda arbitraž kazyýeti ýerine ýetiriş önümçiligini bes etmek hakynda kesgitnama çykarýar.
5. Eger barlyşyk ylalaşygy kanuna ters gelýän ýa-da kimdir biriniň hukuklaryny we kanun bilen goralýan bähbitlerini bozýan bolsa, ol tassyklanylmaýar.
143-nji madda. Hak isleginden ýüz döndermek
1. Hak isleginden ýüz döndermäge arbitraž kazyýet iş ýöredişiniň islendik döwründe ýol berilýär.
2. Hak isleginden ýüz döndermek ýazmaça resmileşdirilýär. Hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegi kabul edilen halatynda kesgitnama çykarylýar we iş boýunça önümçilik bes edilýär.
3. Hak isleginden ýüz döndermek kabul edilen halatynda nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýeti ozal çykarylan kazyýet kararlaryny sökýär we iş boýunça önümçiligi bes edýär.
4. Eger hak isleginden ýüz döndermek kanuna ters gelýän ýa-da kimdir biriniň hukuklaryny we kanun bilen goralýan bähbitlerini bozýan bolsa, ol kabul edilmeýär.
144-nji madda. Iş boýunça önümçiligi bes etmegiň
tertibi we netijeleri
1. Iş boýunça önümçiligi bes etmek hakynda kesgitnama çykarylýar, onda kazyýet çykdajylaryny taraplaryň arasynda paýlamak, döwlet pajyny gaýtarmak hakyndaky meseleler çözülip bilner.
2. Iş boýunça önümçilik bes edilen halatynda şol bir taraplaryň arasynda jedel boýunça, şol bir närse hakynda we şol bir esaslar boýunça ikinji gezek arbitraž kazyýetine ýüz tutulmagyna ýol berilmeýär.
3. Iş boýunça önümçiligi bes etmek hakynda kesgitnama barada şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde şikaýat edilip bilner.
XVI BAP. ARZANY SERETMÄN GALDYRMAK
145-nji madda. Arzany seretmän galdyrmagyň esaslary
Şu aşakdaky halatlarda arbitraž kazyýeti arzany seretmän galdyrýar:
1) eger bu ýa-da başga arbitraž kazyýetiniň önümçiliginde şol taraplaryň arasyndaky jedel boýunça, şol bir närse hakynda we şol bir esaslar boýunça iş bar bolsa;
2) eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bergi bankyň üsti bilen alynmaly halatda hak isleýji jogap berijiden algysyny almak üçin banka ýüz tutmadyk bolsa;
3) eger hak isleýji esasly sebäpler bolmazdan, kazyýet mejlisine gelmedik bolsa, jedeli çözmek üçin zerur bolan talap edilen maglumatlary bermedik bolsa;
4) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatlarda hak isleýji arbitraž kazyýetine çenli düzgünleşdirmek üçin çäreleri görmedik we şeýle düzgünleşdirmegiň mümkinçiligi ýitirilmedik bolsa;
5) eger hak isleýiş arzasyna gol çekilmedik bolsa ýa-da oňa gol çekmäge hukugy bolmadyk şahs ýa-da eýeleýän wezipesi görkezilmedik şahs tarapyndan gol çekilen bolsa.
146-njy madda. Arzany seretmän galdyrmagyň
tertibi we netijeleri
1. Arzany seretmän galdyrmak hakynda kesgitnama çykarylýar, onda kazyýet çykdajylaryny taraplaryň arasynda paýlamak, döwlet pajyny gaýtarmak hakyndaky meseleler çözülip bilner.
2. Arzany seretmän galdyrmak hakynda kesgitnama barada şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde şikaýat edilip bilner.
3. Arzanyň seredilmän galdyrylmagy üçin esas bolup hyzmat eden ýagdaýlar aradan aýrylandan soňra, gyzyklanýan şahs umumy tertipde arza bilen arbitraž kazyýetine täzeden ýüz tutmaga haklydyr.
XVII BAP. ARBITRAŽ KAZYÝETINIŇ ÇÖZGÜDI
147-nji madda. Çözgüdi kabul etmek
1. Jedel düýp manysy boýunça çözülen halatynda birinji basgançakly arbitraž kazyýeti çözgüt kabul edýär, ol ýazmaça beýan edilýär we oňa kazy gol çekýär.
2. Işe kazylar tarapyndan bilelikde seredilen halatynda çözgüt sesleriň köplügi bilen kabul edilýär we oňa mejlise gatnaşýan kazylaryň ählisi gol çekýär. Çözgüt bilen ylalaşmaýan kazy oňa gol çekmäge borçludyr, ýöne özüniň aýratyn pikirini ýazmaça görnüşde beýan etmäge haklydyr.
3. Çözgüt iş boýunça seljeriş tamamlanandan soň kabul edilýär. Aýratyn halatlarda çylşyrymly işler boýunça çözgüdiň kabul edilmegi bäş günden köp bolmadyk möhlete gaýra goýlup bilner.
4. Arbitraž kazyýetiniň çözgüdi kanuny we esaslandyrylan bolmalydyr.
148-nji madda. Çözgüt kabul edilen halatynda çözülýän
meseleler
Arbitraž kazyýeti çözgüt kabul edende:
1) subutnamalara baha berýär;
2) iş üçin ähmiýeti bolan haýsy ýagdaýlaryň anyklanylandygyny we haýsy ýagdaýlaryň anyklanylmandygyny kesgitleýär;
3) şol iş boýunça ulanylmaga degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kesgitleýär;
4) hak isleginiň kanagatlandyrylmaga degişlidigi ýa-da degişli däldigi baradaky meseläni çözýär.
149-njy madda. Çözgüdiň mazmuny
1. Arbitraž kazyýeti çözgüdi Türkmenistanyň adyndan kabul edýär.
2. Arbitraž kazyýetiniň çözgüdi giriş, beýan ediş, delillendiriş we karara geliş böleklerinden ybarat bolup, onda:
1) giriş böleginde işiň ady, tertip sany, çözgüdiň kabul edilen senesi we ýeri, taraplaryň ady, hak isleginiň bahasy, arbitraž kazyýetiniň düzümi, prokuroryň, taraplaryň wekilleriniň we arbitraž kazyýet iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylaryň familiýalary we olaryň wezipeleri, jedeliň närsesi görkezilýär;
2) beýan ediş böleginde hak isleýjiniň talaplarynyň, hak isleýiş arzasyna seslenmäniň, taraplaryň we olaryň wekilleriniň, işe beýleki gatnaşyjylaryň arzalarynyň, düşündirişleriniň we haýyşnamalarynyň gysgaça beýany, arbitraž kazyýetiniň düzüminiň geçiren hereketleriniň (subutnamalary gözden geçirmeginiň we barlamagynyň hem-de maglumatlar bilen gös-göni olaryň ýerleşýän ýerinde tanyşmagynyň) teswiri görkezilýär;
3) delillendiriş böleginde işiň arbitraž kazyýeti tarapyndan anyklanylan ýagdaýlary, çözgüt kabul edilende esas bolan subutnamalar, taraplaryň haýyşnamalaryny ret edende we subutnamalaryny kabul etmekden ýüz dönderende, arbitraž kazyýetiniň getiren delilleri, çözgüdi kabul eden halatynda arbitraž kazyýetiniň gollanan kadalaşdyryjy hukuk namalary görkezilýär;
4) karara geliş böleginde bildirilen hak islegleriniň her biri boýunça olary kanagatlandyrmak barada ýa-da kanagatlandyrmakdan doly ýa-da bölekleýin ýüz döndermek barada gelnen netijeler görkezilýär.
3. Hak islegi kanagatlandyrylan halatynda çözgüdiň karara geliş böleginde jedel öz peýdasyna çözülen tarapyň we pul serişdelerini tölemäge ýa-da belli bir hereketleri etmäge borçlandyrylan tarapyň atlary, şol hereketleri ýerine ýetirmegiň möhleti, çözgüdiň ýerine ýetirilmegi gaýra goýlanda ýa-da möhletlere bölünende pul serişdelerini tölemegiň möhletleri, tölegi bergidara degişli emlägiň hasabyna tutup almak, şeýle hem arbitraž kazyýeti tarapyndan ykrar edilen we anyklanylan beýleki ýagdaýlar görkezilýär.
4. Işe birnäçe hak isleýji we jogap beriji gatnaşan halatynda çözgütde olaryň her biri babatda jedeliň nähili çözülendigi görkezilýär.
5. Çözgüdiň karara geliş böleginde kazyýet çykdajylarynyň taraplaryň arasynda paýlanylyşy hakynda, döwlet pajynyň Türkmenistanyň Döwlet býujetinden gaýtarylyp berilmegi hakynda görkezilýär.
6. Ilkibaşdaky we garşylyklaýyn hak isleglerine seredilen halatynda çözgütde olaryň her birini çözmegiň netijeleri hem-de hasaplaşyk netijesinde töletdirmäge degişli puluň möçberi görkezilýär.
150-nji madda. Çözgüdi yglan etmek
Arbitraž kazyýetiniň çözgüdi jemagat öňünde yglan edilýär. Kazy çözgüdiň diňe karara geliş bölegini yglan etmäge haklydyr. Taraplara çözgüt barada şikaýat etmegiň tertibi düşündirilýär.
151-nji madda. Arbitraž kazyýetiniň çözgüdiniň kanuny
güýje girmegi
1. Eger arbitraž kazyýetiniň çözgüdi barada nägilelik tertibinde şikaýat edilmedik ýa-da teklipnama getirilmedik bolsa, ol kabul edilenden soň bir aýyň geçmegi bilen kanuny güýje girýär.
2. Nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy berlen halatynda çözgüt, eger ol sökülmese, ýokarda durýan arbitraž kazyýeti tarapyndan işe seredilenden soň kanuny güýje girýär, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň birinji basgançakly arbitraž kazyýeti hökmünde çykaran çözgüdi we kesgitnamasy, eger ol Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy tarapyndan işe seredilende sökülmese, kanuny güýje girýär.
152-nji madda. Arbitraž kazyýetiniň çözgüdiniň ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek
Arbitraž kazyýeti işe gatnaşýan şahslaryň arzasy boýunça şu Kodeksiň XII babyna laýyklykda çözgüdiň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada çäreleri görýär.
153-nji madda. Arbitraž kazyýetiniň çözgüdini ibermek
Arbitraž kazyýetiniň çözgüdi onuň kabul edilen gününden başlap bäş gün möhletde işe gatnaşýan şahslarа iberilýär ýa-da olara gol çekdirilip gowşurylýar.
154-nji madda. Goşmaça çözgüt
1. Şu aşakdaky halatlarda arbitraž kazyýeti işe gatnaşýan şahslaryň arzasy ýa-da öz başlangyjy boýunça goşmaça çözgüt kabul etmäge haklydyr:
1) eger hak isleýiş arzasynda beýan edilen haýsydyr bir talap boýunça çözgüt kabul edilmedik bolsa;
2) eger arbitraž kazyýeti hukuk hakyndaky meseläni çözüp, alnyp berilmäge degişli emlägi ýa-da jogap berijiniň ýerine ýetirmäge borçly bolan hereketini görkezmedik bolsa;
3) eger arbitraž kazyýeti tarapyndan kazyýet çykdajylary hakyndaky mesele çözülmedik bolsa.
2. Goşmaça çözgüt kabul etmek hakyndaky mesele işe nägilelik tertibinde seredilmezinden ozal gozgalyp bilner we kazyýet mejlisinde çözülýär.
3. Goşmaça çözgüt kabul etmekden ýüz dönderilen halatynda kesgitnama çykarylýar, ol barada şikaýat edilip bilner.
155-nji madda. Arbitraž kazyýetiniň çözgüdinde ýol berlen
harp we hasap ýalňyşlyklaryny düzetmek
hem-de kazyýet kararlaryny düşündirmek
1. Arbitraž kazyýeti işe gatnaşýan şahslaryň arzasy ýa-da öz başlangyjy boýunça çözgütde ýol berlen harp we hasap ýalňyşlyklaryny çözgüdiň mazmunyny üýtgetmän, düzetmäge haklydyr.
2. Arbitraž kazyýetiniň çözgüdi düşnükli bolmadyk halatynda arbitraž kazyýeti işe gatnaşýan şahslaryň arzasy boýunça çözgüdiň mazmunyny üýtgetmän, ony düşündirmäge haklydyr.
3. Harp we hasap ýalňyşlyklarynyň düzedilmegi, şeýle hem arbitraž kazyýetiniň çözgüdiniň düşündirilmegi hakynda kesgitnama çykarylýar, ol barada şikaýat edilip bilner.
XVIII BAP. ARBITRAŽ KAZYÝETINIŇ KESGITNAMASY
156-njy madda. Kesgitnama çykarmak we onuň mazmuny
1. Eger jedel düýp manysy boýunça çözülmeýän bolsa (işe seretmegiň gaýra goýulmagy, iş boýunça önümçiligiň togtadylmagy, bes edilmegi, arzanyň seredilmän galdyrylmagy we şu Kodeksde göz önünde tutulan beýleki halatlar), arbitraž kazyýeti kesgitnama çykarýar.
2. Arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:
1) arbitraž kazyýetiniň ady, işiň tertip sany we kesgitnama çykarylan senesi we ýeri, taraplaryň atlary, hak isleginiň bahasy, hak isleýjiniň talaplary, arbitraž kazyýetiniň düzümi, taraplaryň wekilleriniň we arbitraž kazyýet iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylaryň wezipelerini görkezmek bilen, olaryň familiýalary;
2) jedeliň düýp manysynyň gysgaça beýany ýa-da kesgitnama çykarylýan meseläniň mazmuny;
3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryna salgylanmak bilen, kesgitnamanyň çykarylmagynyň delilleri;
4) seredilen mesele boýunça çykarylan netije;
5) taraplaryň, beýleki şahslaryň we wekilleriň arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen möhletlerde amala aşyrmaly hereketleri.
157-nji madda. Hususy kesgitnama
1. Işe seretmegiň dowamynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulanlygy, ýuridik ýa-da fiziki şahsyň, döwlet edarasynyň ýa-da başga bir edaranyň, wezipeli şahsyň işindäki düýpli kemçilikler ýüze çykarylan halatynda arbitraž kazyýeti hususy kesgitnama çykarýar.
2. Hususy kesgitnama degişli ýuridik we fiziki şahslara, döwlet edaralaryna hem-de beýleki edaralara, wezipeli adamlara iberilýär.
3. Hususy kesgitnama boýunça bir aý möhletden gijä galynman çäreler görülmelidir we netijeleri hakynda arbitraž kazyýetine habar berilmelidir.
4. Hususy kesgitnama barada şikaýat edilip bilner.
5. Şu maddanyň üçünji böleginiň talaplaryny ýerine ýetirmezlikde günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler. Jogapkärçilige çekilmek hususy kesgitnamany ýerine ýetirmek we görlen çäreler barada arbitraž kazyýetine habar bermek borjundan boşatmaýar.
6. Jerimäniň salynmagy ýuridik ýa-da fiziki şahsy, döwlet edarasyny ýa-da beýleki edarany, şeýle hem wezipeli şahsy hususy kesgitnamany ýerine ýetirmek we görlen çäreler hakynda arbitraž kazyýetine habar bermek borjundan boşatmaýar.
158-nji madda. Kesgitnamany ibermek
Kesgitnama kabul edilen gününden soň üç gün möhletde taraplara we degişli bolan beýleki şahslara iberilýär ýa-da olaryň wekillerine gowşurylýar.
159-njy madda. Kesgitnama barada şikaýat etmek we
teklipnama getirmek
1. Birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň kanuny güýje girmedik kesgitnamasy barada şu ýagdaýlarda şikaýat edilip we teklipnama getirilip bilner:
1) şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda;
2) arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynyň işiň mundan beýläk hereket etmek mümkinçiligine päsgel berýän halatlarynda.
2. Birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň beýleki kesgitnamalaryna hususy şikaýatlar we hususy teklipnamalar berilmeýär, ýöne bu kesgitnamalara närazylyklar nägilelik şikaýatyna we nägilelik teklipnamasyna goşulyp bilner.
XIX BAP. IŞLERIŇ AÝRY-AÝRY GÖRNÜŞLERI
BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIGIŇ AÝRATYNLYKLARY
160-njy madda. Batmak hakyndaky işlere seretmek
Batmak hakyndaky işlere arbitraž kazyýeti şu Kodekse laýyklykda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen aýratynlyklary nazara alyp seredýär.
161-nji madda. Ýuridik ähmiýeti bolan faktlary takyklamak
hakyndaky işlere seretmek
Ýuridik ähmiýeti bolan faktlary takyklamak hakyndaky arzalar şu Kodeksiň 101-nji maddasyna laýyklykda resmileşdirilýär we olara arbitraž kazyýeti şu Kodeksde bellenilen tertipde seredýär.
XX BAP. NÄGILELIK BASGANÇAKLY ARBITRAŽ
KAZYÝETINDE ÖNÜMÇILIK
162-nji madda. Nägilelik tertibinde şikaýat etmek we
teklipnama getirmek hukugy
1. Birinji basgançakly arbitraž kazyýeti tarapyndan çykarylan, kanuny güýje girmedik çözgütlere arbitraž kazyýetiniň çözgüdiniň nusgasynyň işe gatnaşýan şahslara gowşurylan gününden bir aýyň dowamynda taraplar we işe gatnaşýan beýleki şahslar tarapyndan nägilelik şikaýaty berlip bilner, işe gatnaşýan prokuror tarapyndan bolsa nägilelik teklipnamasy getirilip bilner.
2. Nägilelik şikaýatlary we nägilelik teklipnamalary Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň çözgütlerine ‒ Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasyna, şeýle hem birinji basgançakda çykarylan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň çözgüdine ‒ Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyna berlip we getirilip bilner.
3. Nägilelik şikaýatlary we nägilelik teklipnamalary çözgüdi çykaran arbitraž kazyýetiniň üsti bilen berilýär we getirilýär. Şikaýaty we teklipnamany gös-göni nägilelik basgançagyna bermek we getirmek şikaýata we teklipnama seretmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda)
163-nji madda. Nägilelik şikaýatynyň (teklipnamanyň)
görnüşi we mazmuny
1. Nägilelik şikaýaty (teklipnama) arbitraž kazyýetine ýazmaça görnüşde berilýär. Nägilelik şikaýatyna ony berýän şahs ýa-da onuň wekili tarapyndan gol çekilýär. Nägilelik teklipnamasyna prokuror tarapyndan gol çekilýär. Nägilelik şikaýaty (teklipnama) arbitraž kazyýetiniň Internet maglumat-telekommunikasiýa torunda ýerleşdirilen resmi saýtyndaky görnüşi doldurmak arkaly hem berlip bilner.
2. Nägilelik şikaýatynda (teklipnamada) şular görkezilmelidir:
1) nägilelik şikaýaty (teklipnama) berilýän arbitraž kazyýetiniň ady;
2) şikaýaty (teklipnamany) berýän şahsyň ady, onuň, şeýle hem işe gatnaşýan beýleki şahslaryň iş ýörediş ýagdaýy, olaryň bolýan ýeri ýa-da ýaşaýan ýeri;
3) şikaýat edilýän we teklipnama getirilýän çözgüdi kabul eden arbitraž kazyýetiniň ady, işiň belgisi we çözgüdiň kabul edilen senesi, jedeliň närsesi;
4) şikaýaty (teklipnamany) berýän şahsyň şikaýat edilýän kazyýet kararynyň kanunylygyny barlamak hakyndaky talaplary, şikaýaty (teklipnamany) berýän şahsyň çözgüde şikaýat etmeginiň esaslary (kanunlara ýa-da gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, işiň ýagdaýlaryna we işde bar bolan subutnamalara salgylanmak bilen);
5) şikaýata goşulýan resminamalaryň sanawy.
Nägilelik şikaýatynda (teklipnamada) şeýle hem telefon, faks belgileri, elektron poçtanyň salgylary we işe seretmek üçin zerur bolan beýleki möhüm maglumatlar görkezilip, bar bolan haýyşnamalar bildirilip bilner.
3. Nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) berýän şahs işe gatnaşýan beýleki şahslara olarda bolmadyk nägilelik şikaýatynyň (teklipnamanyň) nusgalaryny we goşulýan, olarda bolmadyk resminamalaryň nusgalaryny, gowşurylandygy hakynda habarnamasy bolan buýurmaly hat üsti bilen habarly etmek arkaly ibermäge ýa-da işe gatnaşýan beýleki şahslaryň ýa-da olaryň wekilleriniň hut özüne gol çekdirip gowşurmaga borçludyr.
4. Nägilelik şikaýatyna (teklipnama) şu aşakdakylar goşulýar:
1) şikaýat edilýän kazyýet kararynyň nusgasy;
2) bellenilen tertipde we möçberde döwlet pajynyň tölenilendigini ýa-da döwlet pajyny tölemekde ýeňillikleri almaga hukugy tassyklaýan resminamalar ýa-da döwlet pajyny tölemegi gaýra goýmak, möhletlere bölmek, onuň möçberini azaltmak hakyndaky haýyşnama;
3) işe gatnaşýan beýleki şahslara olarda bolmadyk nägilelik şikaýatynyň (teklipnamanyň) we beýleki resminamalaryň nusgalarynyň iberilendigini ýa-da gowşurylandygyny tassyklaýan resminamalar;
4) ynanç haty ýa-da nägilelik şikaýatyna gol çekmäge ygtyýarlygy tassyklaýan beýleki resminama.
5. Nägilelik şikaýatyna (teklipnama) goşulýan resminamalar arbitraž kazyýetine elektron görnüşde berlip bilner.
164-nji madda. Nägilelik şikaýatyna (teklipnama)
seslenme (närazylyk)
1. Işe gatnaşýan şahs şikaýat barada öz gelen netijesini tassyklaýan resminamalary goşmak bilen, işe gatnaşýan beýleki şahslara we arbitraž kazyýetine nägilelik şikaýatyna (teklipnama) seslenmesini (närazylygyny) iberýär.
Arbitraž kazyýetine iberilýän seslenmä (närazylyga) işe gatnaşýan beýleki şahslara seslenmäniň (närazylygyň) iberilendigini tassyklaýan resminama hem goşulýar.
2. Seslenme (närazylyk) kazyýet mejlisiniň başlanmagyna çenli seslenme (närazylyk) bilen tanyşmak mümkinçiligini üpjün edýän möhletde işe gatnaşýan beýleki şahslara gowşurylmalydyr ýa-da olara buýurmaly hat bilen ugradylmalydyr.
3. Seslenmä (närazylyga) işe gatnaşýan şahs ýa-da onuň wekili tarapyndan gol çekilýär. Wekil tarapyndan gol çekilen seslenmä (närazylyga) ynanç haty ýa-da seslenmä (närazylyga) onuň gol çekmegine ygtyýarlygyny tassyklaýan başga resminama goşulýar.
4. Seslenme (närazylyk) arbitraž kazyýetine işe seredýän arbitraž kazyýetiniň Internet maglumat-telekommunikasiýa torunda ýerleşdirilen resmi saýtyndaky görnüşi doldurmak arkaly berlip bilner. Seslenmä (närazylyga) goşulýan resminamalar arbitraž kazyýetine elektron görnüşde berlip bilner.
165-nji madda. Nägilelik şikaýatyny (teklipnamany)
hereketsiz galdyrmak
1. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýeti nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) önümçilige kabul etmek baradaky meselä seredende, nägilelik şikaýatynyň (teklipnamanyň) şu Kodeksiň 163-nji maddasynda bellenilen talaplaryň bozulyp berlendigini anyklasa, nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) hereketsiz galdyrmak barada kesgitnama çykarýar.
2. Arbitraž kazyýeti kesgitnamada nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) hereketsiz galdyrmagyň esaslaryny görkezýär we nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) beren şahsa nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) hereketsiz galdyrmaga esas bolan ýagdaýlary aradan aýyrmak üçin möhlet belleýär.
3. Nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) hereketsiz galdyrmak hakyndaky kesgitnamanyň nusgasy onuň kabul edilen gününden soň gelýän günden gijä goýulman, nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) beren şahsa iberilýär.
4. Eger nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) beren şahs bellenilen möhletde arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynda bar bolan görkezmeleri ýerine ýetirse, nägilelik şikaýaty (teklipnama) arbitraž kazyýetine ilkibaşdaky gelip gowşan gününde berlen diýlip hasap edilýär.
5. Eger görkezilen ýagdaýlar kesgitnamada bellenilen möhletde aradan aýrylmasa, arbitraž kazyýeti nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) we oňa goşulan resminamalary şu Kodeksiň 166-njy maddasynda bellenilen tertipde nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) beren şahsa gaýtaryp berýär.
166-njy madda. Nägilelik şikaýatynyň (teklipnamanyň)
gaýtarylyp berilmegi
1. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýeti nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) önümçilige kabul etmek hakyndaky meselä seredende şulary anyklasa, nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) yzyna gaýtarýar, ýagny:
1) nägilelik şikaýaty (teklipnama) nägilelik önümçiligi tertibinde kazyýet kararyna şikaýat etmäge hukugy bolmadyk şahs tarapyndan berlen bolsa ýa-da şu Kodekse laýyklykda nägilelik önümçiligi tertibinde şikaýat edilmeýän kazyýet kararyna berlen bolsa;
2) nägilelik şikaýaty (teklipnama) şu Kodeks bilen bellenilen nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) bermegiň möhletiniň geçmegi bilen berlen bolsa we ony dikeltmek hakynda haýyşnama ýok bolsa ýa-da geçirilen möhleti dikeltmekden ýüz dönderilen bolsa;
3) nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň önümçiligine kabul etmek hakyndaky kesgitnamanyň çykarylmagyndan öň nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) beren şahsdan ony yzyna gaýtarmak hakynda haýyşnama gelip gowşan bolsa;
4) nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) hereketsiz galdyrmak üçin esas bolan ýagdaýlar arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynda bellenilen möhletde aradan aýrylmadyk bolsa;
5) döwlet pajyny tölemegi gaýra goýmak, möhletlere bölmek, onuň möçberini azaltmak hakyndaky haýyşnama ret edilen bolsa.
2. Arbitraž kazyýeti nägilelik şikaýatynyň (teklipnamanyň) gaýtarylandygy hakynda kesgitnama çykarýar.
Nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) gaýtarmak hakyndaky kesgitnamanyň nusgasy ony beren şahsa nägilelik şikaýaty (teklipnama) we oňa goşulan resminamalar bilen bilelikde onuň çykarylan gününden soňky günden gijä goýulman ýa-da nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) hereketsiz galdyrmak üçin esas bolan ýagdaýlary aradan aýyrmak üçin arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenilen möhlet tamamlanandan soň iberilýär.
3. Nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) gaýtarmak hakyndaky kesgitnama şu Kodeksde bellenilen tertipde şikaýat edilip we teklipnama getirilip bilner.
Kesgitnama sökülen halatynda nägilelik şikaýaty (teklipnama) arbitraž kazyýetine ilkibaşda ýüz tutulan güni berlen diýlip hasap edilýär.
4. Nägilelik şikaýatynyň (teklipnamanyň) gaýtarylmagy onuň gaýtarylmagy üçin esas bolan sebäpler aradan aýrylandan soň umumy tertipde arbitraž kazyýetine nägilelik şikaýaty (teklipnama) bilen gaýtadan ýüz tutulmagyna päsgel bermeýär.
167-nji madda. Nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) arbitraž
kazyýetiniň önümçiligine kabul etmek
1. Nägilelik şikaýatynyň (teklipnamanyň) görnüşine we mazmunyna şu Kodeks tarapyndan bildirilýän talaplaryň berjaý edilmegi bilen berlen nägilelik şikaýaty (teklipnama) nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň önümçiligine kabul edilýär.
2. Nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň önümçiligine kabul etmek hakyndaky mesele ol nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetine gelip gowşan gününden başlap bäş gün möhletde kazy tarapyndan ýekelikde çözülýär.
3. Arbitraž kazyýeti nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) önümçilige kabul etmek hakynda kesgitnama çykarýar, şol kesgitnama bilen nägilelik şikaýaty (teklipnama) boýunça önümçilik gozgalýar.
Kesgitnamada nägilelik şikaýatyna (teklipnama) seretmek boýunça kazyýet mejlisiniň geçiriljek wagty we ýeri görkezilýär. Şunda nägilelik şikaýatyna (teklipnama) seretmek boýunça ilkinji kazyýet mejlisiniň geçiriljek wagty onuň nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) bermek üçin şu Kodeksde bellenilen möhletiň tamamlanmagyndan öň bellenilip bilinmejekdiginden ugur alnyp kesgitlenilýär.
Nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) kabul etmek hakyndaky kesgitnamanyň nusgasy onuň çykarylan gününden soňky günden gijä goýulman işe gatnaşýan şahslara iberilýär.
168-nji madda. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýeti
tarapyndan işe seretmegiň tertibi
1. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetinde şu Kodeksde göz öňünde tutulan, şu bapda bellenilen aýratynlyklar bilen birinji basgançakly arbitraž kazyýeti tarapyndan işe seretmegiň kadalary boýunça işe kazyýet mejlisinde kazylar tarapyndan bilelikde seredilýär.
2. Şu Kodeksde diňe birinji basgançakly arbitraž kazyýetinde işe seretmek üçin bellenilen kadalar, eger şu bapda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetinde işlere seredilende ulanylmaýar.
3. Nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) beren şahsyň we işe gatnaşýan beýleki şahslaryň nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň kazyýet mejlisine gelmezligi, eger olara kazyýet seljerişiniň geçiriljek wagty we ýeri hakynda talaba laýyk ýagdaýda habar berlen bolsa, işe olaryň bolmazlygynda seredilmegi üçin päsgelçilik döredip bilmez.
169-njy madda. Nägilelik şikaýatyna (teklipnama)
seretmegiň möhleti
Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýeti, kazyýet kararyna nägilelik şikaýatyna (teklipnama) nägilelik şikaýatynyň (teklipnamanyň) iş bilen bilelikde gelip gowşan gününden işi kazyýet seljerişine taýýarlyk görmek üçin möhleti hem goşmak bilen, iki aýdan köp bolmadyk möhletde seredýär. Eger nägilelik şikaýaty (teklipnama) nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetine ony bermegiň möhleti tamamlanýança gelip gowşan bolsa, nägilelik şikaýatyna (teklipnama)seretmegiň möhleti nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) bermegiň möhletiniň geçen gününden başlap hasaplanylýar.
170-nji madda. Nägilelik şikaýatyndan (teklipnamadan)
ýüz döndermek
1. Nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) beren şahsyň nägilelik basgançakly arbitraž kazyýeti kesgitnama çykarmazyndan öň ondan ýüz döndermäge haky bardyr.
2. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň şu Kodeksiň 39-njy maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça nägilelik şikaýatyndan (teklipnamadan) ýüz döndermegi kabul etmezlige hem-de işe nägilelik tertibinde seretmäge haky bardyr.
3. Nägilelik şikaýatyndan (teklipnamadan) ýüz döndermek kabul edilen halatynda nägilelik basgançakly arbitraž kazyýeti, eger çözgüt barada beýleki işe gatnaşýan şahslar tarapyndan şikaýat edilmedik bolsa, iş boýunça nägilelik önümçiligini bes edýär.
4. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýeti nägilelik önümçiliginiň bes edilmegi hakynda kesgitnama çykarýar.
171-nji madda. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň
ygtyýarlyklary
1. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýeti nägilelik şikaýatyna (teklipnama) seredilmeginiň netijeleri boýunça şulara haklydyr:
1) birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň çözgüdini üýtgetmän galdyrmaga, nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) kanagatlandyrman galdyrmaga;
2) birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň çözgüdini dolulygyna ýa-da bölekleýin sökmäge ýa-da üýtgetmäge we işi täzeden seretmäge bermezden, eger iş üçin ähmiýeti bolan işiň hakyky ýagdaýlary birinji basgançakly arbitraž kazyýeti tarapyndan işde bar bolan subutnamalary doly hem-de hemmetaraplaýyn barlamagyň esasynda anyklanylan bolsa, ýöne ol arbitraž kazyýeti tarapyndan hukugyň kadasy nädogry ulanylan ýa-da birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdiniň kanunylygy nägilelik basgançakly arbitraž kazyýeti tarapyndan şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde göz öňünde tutulan esaslaryň bolmazlygynda gaýtadan barlanylsa, täze kazyýet kararyny kabul etmäge;
3) birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň çözgüdini dolulygyna ýa-da bölekleýin sökmäge ýa-da üýtgetmäge we işi täzeden seretmek üçin çözgüdi sökülen ýa-da üýtgedilen degişli arbitraž kazyýetine ibermäge, eger şol arbitraž kazyýeti tarapyndan çözgüdi sökmek üçin esas bolup durýan iş ýörediş hukuk kadalarynyň bozulmalaryna ýol berlen bolsa ýa-da şikaýat edilýän çözgütde beýan edilen netijeler iş boýunça anyklanylan hakykat ýüzündäki ýagdaýlara ýa-da işde bar bolan subutnamalara laýyk gelmeýän bolsa. Iş täzeden seretmek üçin iberilende nägilelik basgançakly arbitraž kazyýeti işe kazylaryň kollegial düzüminde we (ýa-da) başga kazyýet düzüminde seredilmeginiň zerurdygyny görkezip biler;
4) birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň çözgüdini dolulygyna ýa-da bölekleýin sökmäge we iş boýunça önümçiligi bes etmäge ýa-da arzany seretmän galdyrmaga.
2. Nägilelik basgançagynda işe seredýän arbitraž kazyýeti çözgütde anyklanylmadyk ýa-da birinji basgançakly arbitraž kazyýeti tarapyndan ret edilen ýagdaýlary bellemäge ýa-da subut edilen diýip hasap etmäge, şol ýa-da başga bir subutnamanyň dogrulygy hakynda meseläni, bir subutnamalaryň beýleki subutnamalaryň öňünde artykmaçlygyny, maddy hukugyň haýsy kadasynyň ulanylmalydygyny, işe täzeden seredilende nähili çözgüdiň kabul edilmelidigini öňünden çözmäge hakly däldir.
172-nji madda. Arbitraž kazyýetiniň çözgüdini üýtgetmek
ýa-da sökmek üçin esaslar
1. Birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň çözgüdini üýtgetmek ýa-da sökmek üçin şu aşakdaky ýagdaýlar esas bolup durýar:
1) iş üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ýeterlik derejede anyklanylmazlygy;
2) birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň anyklanylan diýip hasap edýän iş üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň subut edilmändigi;
3) kazyýet çözgüdinde beýan edilen netijeleriň işiň hakyky ýagdaýlaryna laýyk gelmezligi;
4) maddy hukuk kadalarynyň ýa-da iş ýörediş hukuk kadalarynyň bozulmagy ýa-da nädogry ulanylmagy.
2. Iş ýörediş hukuk kadalarynyň bozulmagy ýa-da nädogry ulanylmagy, eger bu bozulma nädogry kazyýet kararynyň kabul edilmegine getiren bolsa ýa-da getirip biljek bolsa, kazyýet kararyny üýtgetmek ýa-da sökmek üçin esas bolup durýar.
173-nji madda. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň
kesgitnamasy
1. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýeti nägilelik şikaýatyna (teklipnama) seretmegiň netijeleri boýunça kesgitnama kabul edýär, oňa ähli kazylar gol çekýärler.
2. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:
1) nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň ady, kesgitnamany kabul eden arbitraž kazyýetiniň düzümi;
2) işiň belgisi, kesgitnamanyň kabul edilen senesi we ýeri;
3) nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) beren şahsyň ady, onuň iş ýörediş ýagdaýy;
4) işe gatnaşýan şahslaryň atlary;
5) jedeliň närsesi;
6) olaryň ygtyýarlyklaryny görkezmek bilen kazyýet mejlisine gatnaşan şahslaryň familiýalary;
7) birinji basgançakda işe sereden arbitraž kazyýetiniň ady, şikaýat edilýän kazyýet çözgüdiniň kabul edilen senesi, ony kabul eden kazylaryň familiýalary;
8) iş boýunça kabul edilen çözgüdiň gysgaça beýany;
9) nägilelik şikaýatynda (teklipnamada) çözgüdiň kanunylygyny barlamak hakynda bildirilen talabyň esaslary;
10) nägilelik şikaýatyna (teklipnama) seslenmede (närazylykda) beýan edilen deliller;
11) işe gatnaşan we kazyýet mejlisinde bolan şahslaryň düşündirişleri;
12) nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň kesgitnama çykaranda gollanan kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, çykarylan kesgitnamanyň delilleri, arbitraž kazyýetiniň işe gatnaşýan şahslaryň salgylanan kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ulanmandygynyň delilleri;
13) birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň çözgüdi dolulygyna ýa-da bölekleýin sökülen halatynda nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň onuň netijeleri bilen ylalaşmandygynyň sebäpleri;
14) nägilelik şikaýatyna (teklipnama) seredilmegi boýunça çykarylan netijeler;
15) eger iş täzeden seretmek üçin berilýän bolsa, işe gatnaşýan şahslar we birinji basgançakly arbitraž kazyýeti tarapyndan ýerine ýetirilmeli hereketler.
3. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň görkezmeleri, şol sanda onuň birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň çözgüdini sökmek hakyndaky kesgitnamasynda beýan edilen kanuna düşündiriş baradaky görkezmeleri şol işe täzeden seredýän arbitraž kazyýeti üçin hökmanydyr.
4. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynda nägilelik şikaýatyny (teklipnamany) bermek bilen baglanyşykly çekilen kazyýet harajatlarynyň taraplaryň arasynda paýlanylyşy görkezilýär.
Kazyýet çözgüdi sökülip, iş täzeden seretmek üçin berlende kazyýet harajatlaryny paýlamak hakyndaky mesele işe täzeden seredýän arbitraž kazyýeti tarapyndan çözülýär.
5. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynyň nusgasy işe gatnaşýan şahslara kesgitnama kabul edilen gününden başlap bäş gün möhletde ugradylýar.
6. Nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasy kabul edilen gününden kanuny güýje girýär.
7. Kesgitnama barada gözegçilik tertibinde şikaýat edilip we teklipnama getirilip bilner. Kesgitnama şikaýat edilmegi we teklipnama getirilmegi onuň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.
174-nji madda. Halkara täjirçilik arbitražynyň çözgüdine
şikaýat etmek we şikaýata seretmek boýunça
önümçilik
Halkara täjirçilik arbitražynyň Türkmenistanyň çäginde çykaran çözgüdine şikaýat etmek we şikaýata seretmek boýunça önümçilik «Halkara täjirçilik arbitražy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we şu Kodeksde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
XXI BAP. GÖZEGÇILIK BASGANÇAKLY ARBITRAŽ KAZYÝETINDE ÖNÜMÇILIK
175-nji madda. Işlere kazyýet gözegçiligi tertibinde seretmek
1. Türkmenistanyň ähli arbitraž kazyýetleriniň kanuny güýje giren kazyýet kararlaryna (çözgütlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna) gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetine işe gatnaşýan şahslar tarapyndan şu bapda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.
2. Kanuny güýje giren kazyýet kararlaryna gaýtadan seretmek hakynda teklipnamalar bilen Türkmenistanyň Baş prokurory we Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary işe gatnaşýan şahslaryň haýyşnamalarynyň esasynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine ýüz tutmaga haklydyrlar.
176-njy madda. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetine
ýüz tutmagyň möhleti
Gözegçilik tertibinde şikaýat ýa-da teklipnama kazyýet kararlarynyň kanuny güýje giren gününden bir ýylyň dowamynda berlip bilner.
177-nji madda. Gözegçilik şikaýatyny ýa-da prokuroryň
teklipnamasyny bermegiň tertibi
1. Gözegçilik şikaýaty ýa-da prokuroryň teklipnamasy gös-göni gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetine berilýär.
2. Gözegçilik şikaýaty ýa-da prokuroryň teklipnamasy berilýär:
1) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň çözgütlerine we kesgitnamalaryna ‒ Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasyna;
2) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň çözgütlerine we kesgitnamalaryna ‒ Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyna;
3) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň nägilelik kesgitnamalaryna, kararlaryna we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kararlaryna ‒ Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisine.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 33-nji madda)
178-nji madda. Gözegçilik şikaýatynyň ýa-da prokuroryň
teklipnamasynyň mazmuny
1. Gözegçilik şikaýatynda ýa-da prokuroryň teklipnamasynda şu aşakdakylar bolmalydyr:
1) şikaýat ýa-da teklipnama berilýän arbitraž kazyýetiniň ady;
2) şikaýaty ýa-da teklipnamany beren şahsyň ady, onuň ýaşaýan ýeri ýa-da ýerleşýän ýeri we işde iş ýörediş ýagdaýy;
3) işe gatnaşýan beýleki şahslaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, olaryň ýaşaýan ýeri ýa-da ýerleşýän ýeri;
4) birinji, nägilelik ýa-da gözegçilik basgançagy boýunça işe sereden arbitraž kazyýetleriniň görkezilmegi we olar tarapyndan kabul edilen çözgütleriň mazmuny;
5) şikaýat edilýän kazyýet kararlarynyň görkezilmegi;
6) arbitraž kazyýetleri tarapyndan ýol berlen kanunyň düýpli bozulmasynyň nämeden ybaratdygynyň görkezilmegi;
7) şikaýaty ýa-da teklipnamany berýän şahsyň haýyşy.
2. Gözegçilik şikaýatyna ony berýän şahs ýa-da onuň wekili tarapyndan gol çekilmelidir. Wekil tarapyndan berlen şikaýata ynanç haty ýa-da onuň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan başga resminama goşulýar. Teklipnama prokuror tarapyndan gol çekilmelidir.
3. Gözegçilik şikaýatyna iş boýunça kabul edilen kazyýet kararlarynyň degişli arbitraž kazyýeti tarapyndan tassyklanylan nusgalary goşulýar.
4. Gözegçilik şikaýaty onuň işe gatnaşýan şahslaryň sanyna laýyk bolan nusgalary bilen bilelikde arbitraž kazyýetine berilýär.
5. Prokuroryň teklipnamasy onuň işe gatnaşýan şahslaryň sanyna laýyk bolan nusgalary bilen bilelikde arbitraž kazyýetine iberilýär.
179-njy madda. Işleri talap etmek
1. Arbitraž işi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylary, şeýle hem Türkmenistanyň Baş prokurory ýa-da Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary tarapyndan gözegçilik tertibinde barlamak üçin degişli arbitraž kazyýetinden talap edilip bilner.
2. Işleri talap etmek üçin esaslar şu Kodeksiň 175-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen şahslaryň gözegçilik şikaýaty, şeýle hem işe gatnaşýan şahslaryň haýyşnamalarynyň esasynda agzalan maddanyň ikinji böleginde görkezilen prokurorlaryň başlangyjy bolup durýar.
3. Prokuror tarapyndan teklipnama getirmek üçin esaslar bolmadyk halatynda, bu hakda teklipnama getirmekden ýüz döndermegiň delillerini görkezmek bilen, barlamak üçin haýyşnamasy boýunça iş talap edilen şahsa habar berilýär, iş bolsa onuň talap edilen arbitraž kazyýetine gaýtarylýar.
180-nji madda. Gözegçilik şikaýatyny ýa-da prokuroryň
teklipnamasyny alandan soň gözegçilik
basgançakly arbitraž kazyýetiniň hereketleri
Gözegçilik şikaýaty ýa-da prokuroryň teklipnamasy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysynyň seretmegine berilýär.
181-nji madda. Gözegçilik şikaýatyny ýa-da prokuroryň
teklipnamasyny düýp manysy boýunça
seretmezden gaýtarmak
Gözegçilik şikaýaty ýa-da prokuroryň teklipnamasy olaryň gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetine gelip gowşan gününden on günüň dowamynda düýp manysy boýunça seretmezden kazy tarapyndan şu aşakdaky halatda gaýtarylýar, eger:
1) şikaýat ýa-da teklipnama şu Kodeksiň 178-nji maddasynda göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelmeýän bolsa;
2) şikaýat ýa-da teklipnama gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetine ýüz tutmak hukugy bolmadyk şahs tarapyndan berlen bolsa;
3) kazyýet kararyna gözegçilik tertibinde şikaýat etmegiň möhleti geçirilen bolsa we şikaýatda ony dikeltmek hakynda haýyşnama ýok bolsa ýa-da onuň dikeldilmeginden ýüz dönderilende;
4) düýp manysy boýunça seretmek üçin şikaýatyň ýa-da teklipnamanyň kabul edilmegine çenli olary gaýtarmak ýa-da yzyna almak hakynda haýyş gelip gowşan bolsa.
182-nji madda. Gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň
teklipnamasyna seretmek
1. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna bir aýyň dowamynda seredilýär.
2. Gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna seretmegiň netijeleri boýunça kazy aşakdakylar hakynda kesgitnama çykarýar:
1) eger kazyýet kararynyň kanunylygyna şübheler bar bolsa, işi talap etmek;
2) eger şikaýatda ýa-da teklipnamada beýan edilen deliller kanuna laýyklykda kazyýet kararyny sökmek mümkinçiligine getirip bilmejek bolsa, işi talap etmekden ýüz döndermek.
3. Işi talap etmekden ýüz döndermek hakynda arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynda deliller beýan edilýär we ol gözegçilik şikaýatyny beren şahsa ýa-da teklipnama getiren prokurora iberilýär. Arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:
1) kesgitnamany çykaran kazynyň familiýasy we adynyň hem-de atasynyň adynyň baş harplary;
2) kesgitnamanyň çykarylan wagty we ýeri;
3) kesgitnama çykarylan iş;
4) şikaýaty ýa-da teklipnamany beren şahsyň ady;
5) işi talap etmekden ýüz döndermek üçin esas.
4. Iş talap edilende kazy şikaýatda ýa-da teklipnamada bu hakda haýyş bar bolan halatynda, gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde önümçiligiň tamamlanmagyna çenli arbitraž kazyýetiniň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegini togtatmaga haklydyr.
5. Işi talap etmekden ýüz dönderilen halatynda şikaýat ýa-da prokuroryň teklipnamasy, şeýle hem şikaýat edilýän kazyýet kararlarynyň nusgalary gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde galýar.
183-nji madda. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde
talap edilen işlere seretmek
1. Talap edilen işe onuň gelip gowşan gününden bir aýyň dowamynda kazy tarapyndan seredilýär. Bu möhlet Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan iki aýa çenli uzaldylyp bilner.
2. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde talap edilen işe seretmegiň netijeleri boýunça kazy kesgitnama çykarýar:
1) gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermek hakynda;
2) gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermekden ýüz döndermek hakynda.
3. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde seretmek üçin berlen iş, işi gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde seretmek üçin bermek hakynda kesgitnamanyň çykarylan gününden, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasynda we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynda - iki aýyň dowamynda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisinde - üç aýyň dowamynda seredilýär.
184-nji madda. Işiň gözegçilik basgançakly arbitraž
kazyýetinde seredilmegi üçin berlendigi
hakynda işe gatnaşýan şahslara habar bermek
1. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýeti işi gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde seretmek üçin bermek hakynda arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasynyň nusgasyny we gözegçilik şikaýatynyň ýa-da prokuroryň teklipnamasynyň nusgasyny işe gatnaşýan şahslara iberýär. Arbitraž kazyýeti işe seretmegiň wagtyny işe gatnaşýan şahslaryň kazyýet mejlisine gelmäge mümkinçiliginiň bolmagyny nazara almak bilen belleýär.
2. Işe gatnaşýan şahslara işe seretmegiň wagty we ýeri hakynda habar berilýär. Işe gatnaşýan şahslaryň gelmezligi işe seretmäge päsgel bermeýär.
185-nji madda. Şikaýatdan ýüz döndermek we teklipnamany
yzyna almak
1. Gözegçilik tertibinde şikaýaty beren şahs onuň düýp manysy boýunça seredilmäge kabul edilmegine çenli gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde ondan ýazmaça görnüşde ýüz döndermäge haklydyr.
2. Gözegçilik tertibinde teklipnama getiren prokuror düýp manysy boýunça seretmek üçin teklipnamanyň kabul edilmegine çenli ony yzyna almaga haklydyr. Teklipnamanyň yzyna alnandygy hakynda işe gatnaşýan şahslara habar berilýär. Işe seretmegiň barşynda teklipnama yzyna alnyp ýa-da üýtgedilip bilinmez.
186-njy madda. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde
işe seretmegiň tertibi
1. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde işe seredilende şu maddada görkezilen alynmalar we goşmaçalar bilen şu Kodeksiň 168-nji maddasynyň birinji böleginde beýan edilen düzgünler ulanylýar.
2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasynda gözegçilik tertibinde seredilýän iş kollegiýanyň kazylarynyň biri tarapyndan beýan edilýär.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynda ýa-da Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisinde gözegçilik tertibinde seredilýän iş arbitraž kazyýetiniň başlygy, onuň orunbasary ýa-da olaryň tabşyrmagy boýunça Prezidiumyň ýa-da Giňişleýin mejlisiň agzasy ýa-da işe seredilende ozal gatnaşmadyk bu arbitraž kazyýetiniň başga kazysy tarapyndan beýan edilýär.
3. Gözegçilik şikaýatyny beren işe gatnaşýan şahslar, olaryň wekilleri, beýleki şahslar, eger olaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine gös-göni şikaýat edilýän kazyýet karary täsir edýän bolsa, kazyýet mejlisine gatnaşýarlar.
Eger prokuror tarapyndan teklipnama getirilen bolsa, kazyýet mejlisine aşakdakylar gatnaşýar:
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň tabşyrmagy boýunça prokuror ‒ Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasynda;
Türkmenistanyň Baş prokurory ýa-da onuň orunbasary ‒ Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynda;
Türkmenistanyň Baş prokurory ‒ Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisinde.
4. Beýan ediji işiň ýagdaýlaryny, iş boýunça kabul edilen kazyýet kararlarynyň mazmunyny, gözegçilik şikaýatynyň ýa-da prokuroryň teklipnamasynyň delillerini we gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermek hakynda arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasyny beýan edýär. Beýan edijä soraglar berlip bilner.
5. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen şahslar, eger olar kazyýet mejlisine gelseler, iş boýunça düşündirişler bermäge haklydyrlar. Ilkinji bolup gözegçilik şikaýatyny beren şahs ýa-da teklipnamany getiren prokuror düşündiriş berýär.
6. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetinde işe seretmegiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasy kesgitnama çykarýar, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy we Giňişleýin mejlisi bolsa karar çykarýar.
7. Gözegçilik tertibinde işe seredilende ähli meseleler sesleriň köplügi bilen çözülýär. Kazyýet kollegiýasynda, Prezidiumda ýa-da Giňişleýin mejlisde ses berlende kazylaryň düzüminden hiç kimiň ses bermekden saklanmaga haky ýokdur.
8. Sesler deň bolup çykan halatynda Prezidiumda we Giňişleýin mejlisde seredilen şikaýat ýa-da teklipnama ret edilen diýlip hasap edilýär.
9. Kesgitnamanyň ýa-da kararyň nusgasy gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýeti tarapyndan işe gatnaşýan şahslara iberilýär.
187-nji madda. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň
ygtyýarlyklary
1. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýeti işe seredip, şu aşakdakylara haklydyr:
1) kazyýet kararyny (çözgüdi, kesgitnamany we karary) üýtgetmän galdyrmaga, işe gözegçilik tertibinde gaýtadan seretmek hakyndaky gözegçilik şikaýatyny ýa-da prokuroryň teklipnamasyny kanagatlandyrman galdyrmaga;
2) kazyýet kararyny (çözgüdi, kesgitnamany we karary) doly ýa-da bölekleýin sökmäge we işi birinji basgançakly ýa-da nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetinde täzeden seretmek üçin ibermäge;
3) kazyýet kararyny (çözgüdi, kesgitnamany we karary) doly ýa-da bölekleýin sökmäge we iş boýunça önümçiligi bes etmäge ýa-da arzany seretmän galdyrmaga;
4) iş boýunça kabul edilen kazyýet kararlarynyň birini güýjünde goýmaga;
5) kazyýet kararyny (çözgüdi, kesgitnamany we karary) sökmäge ýa-da üýtgetmäge we eger maddy hukugyň kadalary ulanylanda we düşündirilende ýalňyşlyga ýol berlen bolsa, işi täzeden seretmek üçin bermän, täze kazyýet kararyny kabul etmäge;
6) gözegçilik şikaýatyny ýa-da prokuroryň teklipnamasyny şu Kodeksiň 181-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar bar bolan halatynda düýp manysy boýunça seretmän galdyrmaga.
2. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň kabul eden kazyýet karary onuň çykarylan gününden başlap bäş gün möhletde işe gatnaşýan şahslara iberilýär ýa-da olara gol çekdirilip gowşurylýar.
188-nji madda. Gözegçilik tertibinde kazyýet kararlaryny
sökmek ýa-da üýtgetmek üçin esaslar
1. Gözegçilik tertibinde kazyýet kararlaryny sökmek ýa-da üýtgetmek üçin olaryň esassyzlygy, maddy ýa-da iş ýörediş hukuk kadalarynyň düýpli bozulmalary esaslar bolup durýar.
2. Arbitraž kazyýetiniň çözgüdi, kesgitnamasy ýa-da karary şu Kodeksiň 141-nji we 145-nji maddalarynda görkezilen esaslar boýunça iş boýunça önümçiligiň bes edilmegi ýa-da arzanyň seredilmän galdyrylmagy bilen gözegçilik tertibinde sökülmäge degişlidir.
189-njy madda. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýeti
tarapyndan kazyýet kararyny kabul etmegiň
tertibi
1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasy gözegçilik tertibinde işlere seretmegiň netijeleri boýunça kesgitnama kabul edýär, oňa bolsa kollegiýanyň mejlisine gatnaşan kazylar gol çekýärler.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň kesgitnamasy kabul edilen pursadyndan başlap güýje girýär.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň kesgitnamasyny ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynda işe seredilýänçä Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan togtadylyp bilner.
2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy karar kabul edýär. Eger Prezidiumyň mejlisine gatnaşýan agzalarynyň umumy sanynyň köplügi kararyň tarapyna ses berse, ol kabul edilen hasap edilýär. Başlyklyk ediji iň soňky bolup ses berýär.
Karara mejlisde başlyklyk ediji gol çekýär. Prezidiumyň karary kabul edilen pursadyndan başlap güýje girýär. Prezidiumyň kararyny ýerine ýetirmek işe Giňişleýin mejlisde seredilýänçä Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy tarapyndan togtadylyp bilner.
3.Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi karar kabul edýär. Giňişleýin mejlisiň mejlisine gatnaşýan agzalarynyň umumy sanynyň köplügi kararyň tarapyna ses berse, karar kabul edilen diýlip hasap edilýär.
Giňişleýin mejlisiň kararyna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy we Giňişleýin mejlisiň kätibi gol çekýär.
Giňişleýin mejlisiň karary kabul edilen pursadyndan başlap güýje girýär.
190-njy madda. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň
görkezmeleriniň hökmanylygy
1. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň görkezmeleri şol işe täzeden seredýän degişli arbitraž kazyýet basgançagy üçin hökmanydyr.
2. Gözegçilik tertibinde işe seredýän gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň ozal şol işe sereden arbitraž kazyýeti tarapyndan anyklanylmadyk ýa-da ol tarapyndan ret edilen ýagdaýlary anyklamaga ýa-da subut edilen hasap etmäge, ol ýa-da beýleki subutnamanyň ygtybarlylygy ýa-da ygtybarly däldigi hakyndaky, bir subutnamalaryň beýlekilerden artykmaçlygy hakyndaky, şeýle hem işe täzeden seredilen halatynda maddy hukugyň haýsy kadasynyň ulanylmalydygy we haýsy kazyýet kararynyň kabul edilmelidigi hakyndaky meseläni öňünden çözmäge haky ýokdur.
191-nji madda. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň
kazyýet kararynyň mazmuny
1. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň kazyýet kararynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:
1) işiň tertip sany we kazyýet kararynyň kabul edilen senesi we ýeri, gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň düzümi;
2) işe gatnaşýan şahslaryň atlary;
3) täzeden seredilýän kazyýet kararynyň kabul edilen senesi, ony kabul eden arbitraž kazyýetiniň düzümi;
4) kabul edilen kazyýet kararlarynyň mazmunynyň gysgaça beýany;
5) kazyýet kararyna täzeden seretmek hakynda şikaýat etmek ýa-da teklipnama getirmek üçin esaslar;
6) şikaýat ýa-da teklipnama baradaky seslenmede beýan edilen deliller;
7) arbitraž kazyýet iş ýöredişine gatnaşyjylaryň düşündirişleri;
8) işe gatnaşýan şahslaryň salgylanan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň ulanmazlygynyň delilleri, şeýle hem gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň gollanan kadalaşdyryjy hukuk namalary;
9) kazyýet karary sökülen ýa-da üýtgedilen halatynda, gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň birinji, nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň netijeleri bilen ylalaşmazlygynyň delilleri;
10) kazyýet kararyna täzeden seretmek baradaky şikaýata ýa-da teklipnama seretmegiň netijeleri;
11) eger iş täzeden seretmek üçin iberilýän bolsa, işe gatnaşýan şahslaryň we degişli kazyýet basgançaklarynyň ýerine ýetirmeli hereketleri.
2. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň kazyýet kararynda kazyýet çykdajylarynyň taraplaryň arasynda paýlanylyşy görkezilýär.
3. Gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetiniň kazyýet karary kabul edilen gününden başlap bäş gün möhletde işe gatnaşýan şahslara iberilýär ýa-da olara gol çekdirilip gowşurylýar.
XXII BAP. KAZYÝET KARARLARYNA TÄZE ÝÜZE
ÇYKAN ÝAGDAÝLAR BOÝUNÇA GAÝTADAN SERETMEK
192-nji madda. Gaýtadan seretmek üçin esaslar
1. Kanuny güýje giren kazyýet kararlaryna täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça gaýtadan seredilip bilner.
2. Kazyýet kararlaryna täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça gaýtadan seretmek üçin esaslar şu aşakdakylardyr:
1) işiň mazmunyna täsir edýän, arza berijä ozal mälim bolmadyk we mälim bolup bilmejek ýagdaýlar;
2) kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanylan, bikanun ýa-da esaslandyrylmadyk kazyýet kararynyň kabul edilmegine elten şaýadyň görnetin ýalan görkezmeleri, bilermeniň görnetin ýalan netijenamasy, görnetin nädogry terjime, resminamalaryň ýa-da maddy subutnamalaryň galplaşdyrylmagy;
3) kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanylan, şol işe seredilen mahaly arbitraž kazyýet iş ýöredişine gatnaşyjylaryň ýa-da olaryň wekilleriniň jenaýatçylykly hereketleri ýa-da kazylaryň eden jenaýatçylykly etmişleri;
4) bu kazyýet kararynyň çykarylmagyna esas bolup hyzmat eden kazyýetiň çözgüdiniň, höküminiň, kesgitnamasynyň, kararynyň ýa-da döwlet ýa-da beýleki edaranyň kararynyň ýatyrylmagy;
5) eger täze kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namasy işiň ýagdaýlaryna düýpli täsir edýän we gaýdymlaýyn güýje eýe bolsa, kazyýet kararynyň esaslanan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýatyrylmagy.
193-nji madda. Arza bermegiň tertibi we möhleti
1. Kazyýet kararyna täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça gaýtadan seretmek hakyndaky arza arbitraž kazyýetine işe gatnaşýan şahslar we prokuror tarapyndan şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykandygy mälim bolan ýa-da bilinmegi mümkin bolan gününden başlap bir aýdan gijä galynman berlip bilner.
2. Arza beriji işe gatnaşýan şahslara arzanyň nusgasyny, oňa goşulan we olarda bolmadyk resminamalaryň nusgasyny ibermäge borçludyr.
3. Arzanyň nusgasynyň işe gatnaşýan şahslara iberilmegini tassyklaýan resminamalar arza goşulýar.
4. Arza şu maddanyň birinji böleginde görkezilen möhlet geçenden soň berlende we geçirilen möhleti dikeltmek hakynda haýyşnama bolmadyk halatynda ýa-da arzanyň we oňa goşulan resminamalaryň nusgalarynyň işe gatnaşýan şahslara iberilmeginiň subutnamalary getirilmedik halatynda arza ony berene gaýtarylyp berilýär.
5. Arzanyň gaýtarylyp berilmegi hakynda kesgitnama çykarylýar.
6. Kesgitnama barada hususy şikaýat berlip we hususy teklipnama getirilip bilner.
194-nji madda. Arzany bermek üçin möhleti hasaplamak
Arzany bermek üçin möhlet aşakdaky ýaly hasaplanylýar:
1) şu Kodeksiň 192-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlarda - iş üçin düýpli ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň açylan gününden;
2) şu Kodeksiň 192-nji maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda - jenaýat işi boýunça hökümiň kanuny güýje giren gününden;
3) şu Kodeksiň 192-nji maddasynyň ikinji böleginiň 4-nji we 5-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda - öz mazmuny boýunça gaýtadan seredilýän kazyýet kararynyň esaslanan hökümine, çözgüdine, kesgitnamasyna ýa-da kararyna garşy kazyýetiň höküminiň, çözgüdiniň, kesgitnamasynyň, kararynyň kanuny güýje giren gününden ýa-da döwlet hem-de başga edara tarapyndan kararyň çykarylan gününden ýa-da gaýtadan seredilýän kazyýet kararynyň esaslanan kadalaşdyryjy hukuk namasynyň ýatyrylan gününden.
195-nji madda. Arza seretmek
1. Kanuny güýje giren kazyýet kararlaryna bu çözgüdi çykaran arbitraž kazyýeti tarapyndan täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça gaýtadan seredilýär.
2. Täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly kesgitnamalara we kararlara gaýtadan seredilmegi, olar bilen birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň çözgüdi üýtgedilen ýa-da täze çözgüt çykarylan bolsa, çözgüdi üýtgeden ýa-da täze çözgüt çykaran arbitraž kazyýeti tarapyndan geçirilýär.
3. Kazyýet kararyna täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça gaýtadan seredilmegi hakyndaky arza onuň gelip gowşan gününden başlap bir aý möhletde kazyýet mejlisinde seredilýär. Arza berijä we işe gatnaşýan şahslara arzanyň seretmäge bellenilendigi hakynda habarnama iberilýär, onda kazyýet mejlisiniň geçirilýän wagty we ýeri görkezilýär. Işe gatnaşýan şahslaryň gelmezligi arza seretmek üçin päsgelçilik bolup bilmez.
196-njy madda. Işe gaýtadan seretmek hakyndaky kesgitnama
1. Kazyýet kararyny kabul eden arbitraž kazyýeti, kazyýet kararyna täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça gaýtadan seretmek hakyndaky arza seredip, arzany kanagatlandyrýar we kazyýet kararyny ýatyrýar ýa-da oňa gaýtadan seretmekden ýüz dönderýär.
2. Täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet kararyna gaýtadan seretmek hakynda arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner we işe gatnaşýan ýa-da täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet kararlaryna gaýtadan seretmek hakynda teklipnama getiren prokuror tarapyndan hususy teklipnama getirilip bilner.
3. Kazyýet karary sökülen halatda işe şu Kodeksde bellenilen kadalar boýunça seredilýär.
XXIII BAP. KAZYÝET KARARLARYNY ÝERINE
ÝETIRMEK
197-nji madda. Kazyýet kararlaryny ýerine ýetirmegiň tertibi
1. Kazyýet kararlary Türkmenistanyň ähli çäginde döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, beýleki ýuridik hem-de fiziki şahslar tarapyndan şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde ýerine ýetirilmäge degişlidir.
2. Halkara täjirçilik arbitražynyň Türkmenistanyň çäginde kabul eden çözgüdi Türkmenistanyň ygtyýarly kazyýetine ýazmaça haýyşnama berlende «Halkara täjirçilik arbitražy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan talaplary hasaba almak bilen, şeýle-de şu Kodekse, Türkmenistanyň ýerine ýetiriş önümçiligi hakyndaky kanunçylygyna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
3. Daşary ýurt döwletleriniň kazyýetleriniň telekeçilik işi we başga ykdysady iş amala aşyrylanda ýüze çykýan jedeller we beýleki işler boýunça kabul eden çözgütlerini, bitaraplar kazyýetleriniň we halkara täjirçilik arbitražlarynyň telekeçilik işi we başga ykdysady iş amala aşyrylanda ýüze çykýan jedeller we beýleki işler boýunça daşary ýurt döwletleriniň çäginde kabul eden çözgütlerini ykrar etmek we ýerine ýetirmek şu Kodeksde, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksinde, ýerine ýetiriş önümçiligi hakyndaky kanunçylygynda bellenilen tertipde hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
198-nji madda. Buýruklar
1. Kazyýet karary arbitraž kazyýetiniň buýrugy esasynda ýerine ýetirilýär. Buýruk ýerine ýetiriş resminamasydyr. Buýruk algydara çözgüt kanuny güýje girenden soň iberilýär. Pul serişdelerini töletdirmek baradaky buýruk algydara berilýär ýa-da oňa poçta arkaly iberilýär we algydaryň ýüztutmasy boýunça degişli bank tarapyndan ýerine ýetirilýär. Serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejisine töletdirilýän halatynda buýruk maliýe edarasyna iberilýär we bellenilen tertipde bankyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Beýleki buýruklar kazyýet ýerine ýetirijileri tarapyndan ýerine ýetirilýär.
2. Eger kazyýet karary birnäçe hak isleýjiniň peýdasyna ýa-da birnäçe jogap beriji barasynda kabul edilen bolsa, buýruklar kazyýet kararynyň şol buýruk boýunça ýerine ýetirilmäge degişli bölegini görkezmek bilen berilýär.
199-njy madda. Buýrugyň mazmuny
1. Buýrukda şu aşakdakylar görkezilmelidir:
1) buýrugy beren arbitraž kazyýetiniň ady;
2) buýruk berlen işiň tertip sany;
3) ýerine ýetirilmäge degişli kazyýet kararynyň kabul edilen senesi;
4) algydaryň we bergidaryň ady, atasynyň ady, familiýasy, doglan ýeri we senesi, olaryň salgylary, işleýän ýa-da okaýan, pensiýa alýan ýeri, eger-de olar ýuridik şahslar bolup durýan bolsalar, onda hasaplaşyk hasaplarynyň maglumatlary, bank maglumatlary görkezilmelidir;
5) kazyýet kararynyň karara geliş bölegi;
6) buýrugyň berlen senesi we onuň hereket edýän möhleti.
2. Eger arbitraž kazyýeti tarapyndan buýruk berilmezden öň kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegi gaýra goýlan ýa-da möhletlere bölünen bolsa, onda buýrugyň hereket edýän möhletiniň haçan başlanýandygy görkezilýär.
3. Buýruga kazy tarapyndan gol çekilýär we degişli arbitraž kazyýetiniň tugraly möhüri bilen tassyklanylýar.
200-nji madda. Buýrugy ýerine ýetirmäge bermegiň möhleti
Buýruk arbitraž kazyýetiniň karary kabul edilen ýa-da ony ýerine ýetirmek gaýra goýlan ýa-da möhletlere bölünen halatynda bellenilen möhlet tamamlanan gününden ýa-da buýrugy ýerine ýetirmäge bermek üçin geçirilen möhleti dikeltmek hakynda kesgitnama çykarylan günden başlap üç aýdan gijä galynman ýerine ýetirilmäge berlip bilner. Eger kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegi togtadylan bolsa, onda onuň togtadylan wagty buýrugy ýerine ýetirmäge bermek üçin bellenilen üç aýlyk möhlete girmeýär.
201-nji madda. Buýrugy ýerine ýetirmäge bermek üçin
wagt möhletiniň arasynyň kesilmegi
1. Wagt möhletiniň arasy buýrugyň ýerine ýetirilmäge berilmegi bilen, kazyýet kararynyň bölekleýin ýerine ýetirilmegi bilen kesilýär.
2. Ýerine ýetirmegiň mümkin däldigi bilen baglylykda buýrugyň algydara gaýtarylyp berlen halatynda, ony ýerine ýetirmäge bermek üçin täze möhlet buýrugyň gaýtarylyp berlen gününden başlap hasaplanylýar.
202-nji madda. Buýrugy ýerine ýetirmäge bermek üçin
geçirilen möhleti dikeltmek
1. Eger buýrugy ýerine ýetirmäge bermegiň möhleti arbitraž kazyýeti tarapyndan esasly diýlip ykrar edilen sebäpler boýunça geçirilen bolsa, geçirilen möhlet dikeldilip bilner.
2. Geçirilen möhleti dikeltmek hakynda arza arbitraž kazyýeti tarapyndan seredilýär.
3. Arza seretmegiň netijeleri boýunça kesgitnama çykarylýar, ol algydara we bergidara iberilýär.
4. Kesgitnama barada hususy şikaýat berlip we hususy teklipnama getirilip bilner.
203-nji madda. Ýerine ýetirilmäge degişli buýrugy
önümçilige kabul etmek
1. Kazyýet ýerine ýetirijisi kanunda bellenilen talaplara laýyk gelýän buýruk özüne gelip gowşandan soň, üç gije-gündizden gijä galman ýerine ýetiriş önümçiligini gozgaýar we bu hakda karar çykarýar.
2. Şol bir wagtda kazyýet ýerine ýetirijisi buýrugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça şu Kodeksde göz öňünde tutulan çäreleri görýär.
3. Şunda kazyýet ýerine ýetirijisi bergidaryň esaslandyrylan ýazmaça arzasy boýunça buýrugy meýletin ýerine ýetirmek üçin ýerine ýetiriş önümçiliginiň gozgalan gününden başlap bäş gün möhlet belleýär.
204-nji madda. Mеjbury ýеrinе ýеtiriş çärеlеri
1. Degişli buýrugy mеýlеtin ýеrinе ýеtirmеk üçin bеrgidara bеrilýän möhlеt geçenden soň şol buýruk mеjbury ýеrinе ýеtirilýär.
2. Şular mеjbury ýеrinе ýеtiriş çärеlеri bolup durýar:
1) emlägi gozgamasyz etmеk wе ýerlemek arkaly tölеgi bеrgidaryň emlägindеn tutup almak;
2) tölеgi bеrgidaryň zähmet hakyndan, pеnsiýasyndan, talyp hakyndan wе girdеjilеriniň bеýlеki çeşmelerinden tutup almak;
3) tölеgi bеrgidaryň beýleki fiziki we ýuridik şahslarda bolan pul serişdelerinden wе emlägindеn, şol sanda debitor bergisinden tutup almak;
4) arbitraž kazyýetiniň çözgüdindе görkеzilеn bеlli bir emlägi bеrgidardan almak wе algydara bеrmеk;
5) bergidaryň özündeýa-da beýleki fiziki ýa-da ýuridik şahslarda bar bolan pul serişdelerini we gymmat bahaly kagyzlaryny goşmak bilen, emlägini gozgamasyz etmek (şol sanda karz edaralarynda we bank amallarynyň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrýan guramalarda, şeýle hem ätiýaçlandyryş guramalarynda bar bolan pul serişdelerini we gymmat bahaly kagyzlaryny);
6) bergidaryň özünde ýa-dabeýleki fiziki ýa-da ýuridik şahslarda bar bolan emlägini almak;
7) bergidary belli bir hereketleri amala aşyrmaga ýa-da amala aşyrmakdan ýüz döndermäge borçly etmek;
8) bergidara eýeçilik hukugy esasynda özüne degişli bolan pul serişdelerinden, gymmat bahaly kagyzlaryndan we emläginden peýdalanmagy gadagan etmek ýa-da kazyýet ýerine ýetirijisi tarapyndan bellenilen çäklerde olaryň peýdalanylmagy babatynda görkezme bermek;
9) bergidaryň emlägini möhürlemek;
10) hukuk belleýji resminamalary almak;
11) başga adamlarapul serişdelerini, gymmat bahaly kagyzlary we beýleki emlägi bergidara bermegi ýa-da ol babatdaky gaýry borçnamalary ýerine ýetirmegi gadagan etmek;
12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda buýrugyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän beýleki çäreler.
3. Buýruk ýerine ýetirilende kazyýet ýerine ýetirijisi buýruk bilen tanyşdyrmak üçin bergidarlary çagyrmaga, şeýle hem taraplardan we ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşýan adamlardan ýerine ýetiriş önümçiligini amala aşyrmak üçin zerur bolan dilden we ýazmaça maglumatlary we habarlary almaga haklydyr.
4. Zerur halatlarda mejbury ýerine ýetiriş çäresiniň biri beýleki bir çäre bilen çalşyrylyp bilner.
205-nji madda. Buýrugyň öwezligini bermek
1. Buýrugyň asyl nusgasy ýitirilen halatynda, çözgüdi çykaran arbitraž kazyýeti algydaryň arzasy esasynda onuň öwezligini berýär. Arza buýrugy ýerine ýetirmäge bermek üçin bellenilen möhlet tamamlanýança berilmelidir. Öwezligi bermek hakyndaky arza kazyýet mejlisinde seredilýär. Mejlisiň boljak wagty we ýeri hakynda ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşyjylara habar berilýär, ýöne olaryň mejlise gelmezligi meselä seretmäge päsgelçilik bolup bilmez. Bu mesele boýunça arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip we hususy teklipnama getirilip bilner.
2. Buýrugyň öwezligini bermek hakyndaky arza buýrugyň ýitirilendigi hakynda bank edarasynyň, kazyýet ýerine ýetirijisiniň, aragatnaşyk edarasynyň delilhaty ýa-da buýrugyň ýitirilendigi we ýerine ýetirmäge berilmändigi hakynda ýuridik ýa-da fiziki şahsyň delilhaty goşulmalydyr. Ýuridik şahsyň delilhatyna ýuridik şahsyň ýolbaşçysy ýa-da ýolbaşçysynyň orunbasary we baş (uly) hasapçysy gol çekýär.
3. Özüne gowşurylan buýrugyň asyl nusgasyny ýa-da onuň öwezligini ýitiren wezipeli şahs Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýär.
206-njy madda. Kazyýet kararyny ýerine ýetirmegi gaýra
goýmak we möhletlere bölmek, ýerine
ýetirmegiň usulyny hem-de tertibini
üýtgetmek
1. Kazyýet kararyny kabul eden arbitraž kazyýeti algydaryň ýa-da bergidaryň arzasy boýunça kazyýet kararyny ýerine ýetirmegiň möhletini gaýra goýmaga ýa-da möhletlere bölmäge, ony ýerine ýetirmegiň usulyny we tertibini üýtgetmäge haklydyr.
2. Bergidara ýerine ýetirmegi gaýra goýmak ýa-da möhletlere bölmek mümkinçiligini bermek bilen, arbitraž kazyýeti şu Kodeksiň XII babynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky çäreleri görüp biler.
3. Arza kazyýet mejlisinde seredilýär, onuň wagty we ýeri hakynda ýerine ýetiriş önümçiligine gatnaşyjylara habar berilýär, olaryň gelmezligi kazyýet mejlisiniň geçirilmegine päsgel bermeýär.
4. Arza seretmegiň netijeleri boýunça kesgitnama çykarylýar, onuň nusgasy algydara we bergidara iberilýär.
5. Kesgitnama barada hususy şikaýat berlip we hususy teklipnama getirilip bilner.
207-nji madda. Kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegini
yzyna öwürmek
1. Ýerine ýetirilen kazyýet karary üýtgedilen ýa-da sökülen we hak islegini kanagatlandyrmakdan doly ýa-da bölekleýin ýüz döndermek hakynda täze kazyýet karary kabul edilen, iş boýunça önümçiligiň bes edilen ýa-da arzanyň seredilmän galdyrylan halatlarynda kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegini yzyna öwürmek amala aşyrylýar. Kazyýet kararyny ýerine ýetirmek yzyna öwrülen halatynda sökülen ýa-da üýtgedilen kazyýet kararynyň degişli bölegi boýunça jogap berijiden hak isleýjiniň peýdasyna töletdirilen ähli zatlar jogap berijä gaýtarylyp berilýär.
2. Eger ýerine ýetirilmedik kazyýet karary sökülen ýa-da üýtgedilen we hak islegini kanagatlandyrmakdan doly ýa-da bölekleýin ýüz döndermek hakynda täze kazyýet karary kabul edilen, iş boýunça önümçilik bes edilen ýa-da arza doly ýa-da bölekleýin seredilmän galdyrylan bolsa, degişli kazyýet basgançagy sökülen ýa-da üýtgedilen kazyýet kararynyň degişli bölegi boýunça töletdirmegiň doly ýa-da bölekleýin bes edilmegi hakynda kazyýet kararyny kabul edýär.
208-nji madda. Kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegini yzyna
öwürmek hakyndaky meseläni çözmek
1. Kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegini yzyna öwürmek hakyndaky meseläni täze kazyýet kararyny kabul eden degişli arbitraž kazyýet basgançagy çözýär.
2. Eger kazyýet kararyny sökmek ýa-da üýtgetmek hakyndaky kesgitnamada ýa-da kararda onuň ýerine ýetirilmegini yzyna öwürmek hakynda görkezmeler bolmasa, bu meseläni işe birinji basgançakda seredýän arbitraž kazyýeti çözüp biler. Jogap berijiniň kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegini yzyna öwürmek hakyndaky arzasyna seretmegiň netijeleri boýunça kesgitnama çykarylýar.
3. Degişli kazyýet basgançagy töletdirilen pul serişdelerini, emlägi ýa-da onuň bahasyny gaýtaryp bermek baradaky buýrugy ýuridik ýa-da fiziki şahsyň arzasy boýunça berýär. Arza ozal kabul edilen kazyýet kararynyň ýerine ýetirilendigini tassyklaýan resminama goşulýar.
209-njy madda. Tölegi bergidaryň emläginiň hasabyna
tutup almagyň tertibi
1. Ýuridik ýa-da fiziki şahsda kazyýet kararyny ýerine ýetirmek üçin ýeterlik pul serişdeleri bolmadyk halatynda, töleg bergidara degişli bolan emlägiň hasabyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alnyp bilner.
2. Tölegi bergidara degişli emlägiň hasabyna tutup almaga diňe arbitraž kazyýetiniň kesgitnamasy esasynda ýol berilýär.
210-njy madda. Kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmändigi üçin
jogapkärçilik
Kanuny güýje giren kazyýet kararyny ýerine ýetirmezlikde, şonuň ýaly-da ony ýerine ýetirmäge päsgel bermekde günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler. Jogapkärçilige çekilmek kazyýet kararyny ýerine ýetirmek borjundan boşatmaýar.