Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler
we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen
görnüşde tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 11-nji madda)
1-nji madda. 1997-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky Kanunyň görnüşindäki hereket edýän Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 28-nji madda, № 4, 72-nji madda; 2011 ý., № 1, 20-nji madda, № 3, 55-nji madda; 2012 ý., № 3, 66-njy madda; 2013 ý., № 4, 77-nji madda; 2014 ý., № 1, 44-nji madda, № 2, 77-nji madda, № 4, 145-nji madda; 2015 ý., № 1, 9-njy madda, № 4, 144-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji madda, № 4, 163-nji madda; 2017 ý., № 1, 29-njy madda, № 2, 75-nji madda, № 3, 106-njy madda, № 4, 167-nji madda; 2018 ý., № 2, 35-nji madda; 2019 ý., № 2, 27-nji madda, № 4, 88-nji madda; 2020 ý., № 3, 36-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 131-nji madda) üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli we ony şu Kanuna goşulan rejelenen görnüşde tassyklamaly.
2-nji madda. Şu Kanun 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Serdar
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2022-nji ýylyň 17-nji apreli.
№ 456-VI.
TÜRKMENISTANYŇ JENAÝAT KODEKSI
1997-nji ýylyň 12-nji iýuny
(rejelenen görnüşi - 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanuny - Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 11-nji madda)
UMUMY BÖLEK
I BÖLÜM. TÜRKMENISTANYŇ JENAÝAT
KANUNÇYLYGY
I BAP. JENAÝAT KANUNÇYLYGYNYŇ
WEZIPELERI WE ÝÖRELGELERI
1-nji madda. Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy
1. Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar hem-de şu Kodeksden ybaratdyr.
2. Jenaýat jogapkärçiligini göz öňünde tutýan gaýry kanunlar diňe şu Kodekse goşulandan soň ulanylmaga degişlidir.
2-nji madda. Jenaýat kanunçylygynyň wezipeleri
1. Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygynyň wezipeleri adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini, eýeçiligi, jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygyny, daşky gurşawy, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini, bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, jemgyýetiň we döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitlerini, parahatçylygy we adamzadyň howpsuzlygyny jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan goramakdan, şeýle hem jenaýatlaryň öňüni almakdan ybaratdyr.
2. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy jenaýat jogapkärçiliginiň esaslaryny we ýörelgelerini belleýär, jemgyýetçilik howply bolan haýsy etmişleriň jenaýatlar bolup durýandygyny kesgitleýär we olaryň edilendigi üçin jezalary we gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çärelerini belleýär.
3-nji madda. Jenaýat kanunçylygynyň ýörelgeleri
1. Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygy kanunylyk, kanunyň öňünde adamyň we raýatyň deňligi, günäli jogapkärçilik, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar.
2. Etmişiň jenaýatçylyklydygy, oňa jeza berilmelidigi we gaýry jenaýat-hukuk netijeleri Jenaýat kodeksi bilen kesgitlenilýär. Jenaýat kanunçylygynda hukugyň we kanunyň analogiýasynyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.
3. Adam diňe onuň günäsi subut edilen, zyýanly netijelere getiren hereketleri (hereketsizligi) üçin jenaýat jogapkärçiligine degişlidir. Günäsiz zyýan ýetirilende jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine ýol berilmeýär.
4. Jenaýat etmekde günäliligi kanun esasynda subut edilýänçä we kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanýança hiç kim jenaýat etmekde günäkär diýlip hasap edilip bilinmez we oňa jenaýat jezasy berlip bilinmez.
Hiç kim özüniň günäsizligini subut etmäge borçly däldir.
Günälilik barada dörän şübheler inkär edilip bolmasa, aýyplanýanyň peýdasyna çözülýär.
5. Jenaýat eden adamlar kanunyň öňünde deňdirler we milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan jenaýat jogapkärçiligine degişlidirler.
6. Jenaýat eden adama ulanylmaga degişli jeza we gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çäresi adalatly bolmalydyr, jenaýatyň agyrlyk derejesine, onuň edilen ýagdaýlaryna we günäkäriň şahsyýetine berk laýyk gelmelidir.
7. Jenaýat eden adamlara ulanylýan jeza we gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çäreleri fiziki taýdan ejir çekdirilmegini ýa-da adam mertebesiniň kemsidilmegini özüniň maksady edinip bilmez.
8. Hiç kim şol bir jenaýat üçin gaýtadan jenaýat yzarlaýşyna sezewar edilip we oňa iş kesilip bilinmez.
4-nji madda. Jenaýat jogapkärçiliginiň esasy
Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan jenaýat düzüminiň ähli alamatlaryny özünde saklaýan etmişiň edilmegi jenaýat jogapkärçiliginiň esasy bolup durýar.
II BAP. JENAÝAT KANUNYNYŇ HEREKET EDÝÄN
WAGTY WE GIŇIŞLIGI
5-nji madda. Jenaýat kanunynyň hereket edýän wagty
1. Etmişiň jenaýatçylyklydygy we jeza berilmelidigi şol etmişiň edilen wagtynda hereket eden kanun boýunça kesgitlenilýär.
2. Netijeleriň ýüze çykan wagtyna garamazdan jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jemgyýet üçin howply hereketiň (hereketsizligiň) edilen wagty jenaýatyň amala aşyrylan wagty hasaplanýar.
6-njy madda. Jenaýat kanunynyň güýjüniň yzyna hereket etmegi
1. Jenaýat eden adamyň jenaýat jogapkärçiligini aradan aýyrýan, jezasyny ýeňilleşdirýän ýa-da ýagdaýyny başga hili gowulandyrýan kanunyň güýji yzyna hereket edýär, ýagny ol bu kanun herekete girmezinden öň degişli etmiş eden adamlara, şol sanda jezasyny çekýän ýa-da jezasyny çeken, ýöne iş kesilenlik aýby bolan adamlara hem degişlidir. Etmişiň jenaýatçylyklydygyny belleýän, jezany güýçlendirýän ýa-da adamyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan kanunyň güýji yzyna hereket etmeýär.
2. Eger täze jenaýat kanuny etmişi üçin jezasyny çekýän adamyň etmişine jeza berilmegini ýeňilleşdirse, bellenilen jeza täze kanunda göz öňünde tutulan çäklere laýyklykda kemeldilmäge degişlidir.
7-nji madda. Türkmenistanyň çäginde jenaýat eden adamlar
barada jenaýat kanunynyň hereketi
1. Türkmenistanyň çäginde jenaýat eden adam şu Kodeks boýunça jogapkärçilige degişlidir.
2. Türkmenistanyň içerki suwlarynyň, çäk deňziniň ýa-da howa giňişliginiň çäginde edilen jenaýatlar Türkmenistanyň çäginde edilen diýlip hasap edilýär. Şu Kodeksiň hereketi şeýle hem Türkmenistanyň kontinental şelfinde we deňiz ykdysady zolagynda edilen jenaýatlara degişlidir.
3. Türkmenistanyň portuna ýazylan, Türkmenistanyň çäginden daşyndaky suw ýa-da howa giňişliginde bolan gämide jenaýat eden adam, eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu Kodeks boýunça jogapkärçilik çekýär.
4. Jenaýat döwletleriň iki ýa-da şondan köpüsiniň çäklerinde edilende, eger jenaýat Türkmenistanyň çägindetamamlansa ýa-da onuň öňi alynsa, jogapkärçilik Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça ýüze çykýar.
5. Daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilleriniň we immunitetden peýdalanýan gaýry adamlaryň jenaýat jogapkärçiligi hakyndaky mesele, şol adamlar tarapyndan Türkmenistanyň çäginde jenaýat edilen ýagdaýynda halkara hukugynyň kadalarynyň we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň esasynda çözülýär.
8-nji madda. Türkmenistanyň çäginiň daşynda jenaýat eden
adamlar babatda jenaýat kanunynyň hereketi
1. Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäginden daşynda, Türkmenistanyň Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jenaýaty edende, eger edilen etmiş üçin jogapkärçilik onuň edilen çägindäki döwletiň jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan bolsa we eger şol adamlara daşary ýurt döwletinde iş kesilmedik bolsa, Türkmenistanyň Jenaýat kanuny boýunça jogapkärçilige degişlidirler. Şunda jenaýatyň edilen ýerinde hereket edýän kanunda göz öňünde tutulan jezanyň ýokary çäginden aňry geçýän jeza bellenilip bilinmez.
2. Daşary ýurt raýatlary, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşamaýan, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çäginden daşynda eden jenaýaty üçin, eger jenaýat Türkmenistanyň ýa-da onuň raýatlarynyň garşysyna gönükdirilse, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan halatlarda, eger olara daşary ýurt döwletinde iş kesilmedik bolsa we Türkmenistanyň çäginde jenaýat jogapkärçiligine çekilmedik bolsa, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi boýunça jogapkärçilige degişlidir.
9-njy madda. Jenaýat eden adamlaryň berilmegi
1. Daşary ýurt döwletiniň çäginde jenaýat eden Türkmenistanyň raýatlary şol döwlete berilmäge degişli däldir.
2. Türkmenistanyň çäginiň daşynda jenaýat eden we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekmek ýa-da jezasyny çekdirmek üçin daşary ýurt döwletine berlip bilner.
II BÖLÜM. JENAÝAT
III BAP. JENAÝAT DIÝEN DÜŞÜNJE, JENAÝATLARYŇ DEREJELERI WE GÖRNÜŞLERI
10-njy madda. Jenaýat diýen düşünje
Jenaýat kanuny tarapyndan goralýan obýektlere zyýan ýetirýän ýa-da zyýan ýetirmäge howp döredýän, edilen jemgyýetçilik howply günäli etmiş (hereket ýa-da hereketsizlik) jenaýat diýlip hasap edilýär.
11-nji madda. Jenaýatlaryň derejeleri
1. Günäniň agyrlyk derejesine we günäli etmişiň görnüşine baglylykda şu Kodeksde göz öňünde tutulan etmişler uly bolmadyk agyr, ortaça agyr, agyr we aýratyn agyr jenaýatlara bölünýär.
2. Uly bolmadyk agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda ýokary jezasy iki ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn we seresapsyzlykdan edilen etmişler hasaplanylýar.
3. Ortaça agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda iň ýokary jezasy sekiz ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn we seresapsyzlykdan edilen etmişler hasap edilýär.
4. Agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda iň ýokary jezasy on bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn we seresapsyzlykdan edilen etmişler hasaplanylýar.
5. Aýratyn agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda ýigrimi bäş ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jezasy görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn edilen etmişler hasaplanylýar.
12-nji madda. Gutarylan we gutarylmadyk jenaýat
1. Eger adam tarapyndan edilen etmişde şu Kodeksde göz öňünde tutulan jenaýat düzüminiň alamatlarynyň hemmesi bar bolsa, jenaýat gutaran diýlip hasap edilýär.
2. Jenaýata taýýarlyk görmek ýa-da jenaýatyň kastyna düşmek gutarylmadyk jenaýat diýlip hasap edilýär.
3. Jenaýata taýýarlyk görmek ýa-da jenaýatyň kastyna düşmek üçin jogapkärçilik şu Kodeksiň 13-nji we 14-nji maddalaryna salgylanmak bilen, gutaran jenaýatyňky ýaly, şu Kodeksiň şol maddasy boýunça ýüze çykýar.
13-nji madda. Jenaýata taýýarlyk görmek
1. Serişdeleri we gurallary gözläp tapmak, taýýarlamak ýa-da ulanmaga taýýarlamak, jenaýat etmek üçin dilleşmek ýa-da jenaýat etmek üçin gaýry şertleri bilkastlaýyn döretmek, eger jenaýat adamyň özüne bagly bolmadyk ýagdaýlar sebäpli ahyryna çenli ýerine ýetirilmese, jenaýata taýýarlyk görmek diýlip hasap edilýär.
2. Diňe ortaça agyr, agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýata taýýarlyk görlende jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýar.
14-nji madda. Jenaýatyň kastyna düşmek
Gös-göni jenaýat etmäge gönükdirilen bilkastlaýyn hereket ýa-da hereketsizlik, eger jenaýat adamyň özüne bagly bolmadyk ýagdaýlar sebäpli ahyryna çenli ýerine ýetirilmese, jenaýatyň kastyna düşmek diýlip hasap edilýär.
15-nji madda. Uzaga çekýän we dowam edýän jenaýat
1. Uzaga çekýän jenaýat diýlip, etmişiň alamatlary Jenaýat kodeksiniň bir maddasynda ýa-da maddasynyň böleginde göz öňünde tutulan şol etmişi amala aşyrmak kesgitsiz wagtyň dowamynda durýan etmiş hasap edilýär.
Uzaga çekýän jenaýat amala aşyrylan etmişiň bes edilen pursadyndan ýa-da onuň dowam etmegine päsgel berýän wakanyň başlanan pursadyndan gutaran diýlip hasap edilýär.
2. Dowam edýän jenaýat diýlip, alamatlary Jenaýat kodeksiniň bir maddasynda ýa-da maddasynyň böleginde göz öňünde tutulan we ýeke-täk niýeti gurşap alýan we umumy maksady bolan birmeňzeş etmişleriň ikisinden ýa-da şondan köpüsinden ybarat etmiş hasap edilýär.
Dowam edýän jenaýat soňky jenaýatçylykly etmişiň tamamlanan pursadyndan gutaran diýlip hasap edilýär.
16-njy madda. Jenaýatlaryň gaýtalanmagy
1. Şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň bir maddasynda ýa-da maddasynyň böleginde göz öňünde tutulan jenaýatlaryň ikisiniň ýa-da şondan köpüsiniň edilmegi jenaýatlaryň gaýtalanmagy diýlip hasap edilýär. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň dürli maddalarynda göz öňünde tutulan iki ýa-da şondan hem köp jenaýatlaryň edilmegi diňe Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň Aýratyn böleginde ýörite görkezilen ýagdaýlarda şolaryň gaýtalanmagy diýlip hasap edilip bilner.
2. Eger öňki edilen jenaýatlar üçin olary eden adam jenaýat jogapkärçiliginden ýa-da jezasyndan boşadylsa ýa-da şol jenaýatlar üçin kanunda bellenilen tertipde iş kesilenlik aýby öz-özünden aýrylsa ýa-da aýrylsa, jenaýat gaýtalanan diýlip hasap edilmeýär.
17-nji madda. Jenaýatlaryň umumy jemi
1. Şu Kodeksiň dürli maddalarynda ýa-da maddasynyň böleklerinde göz öňünde tutulan etmişleriň ikisiniň ýa-da şondan köpüsiniň edilmegi, şolaryň biri üçin hem adama iş kesilmedik bolsa, jenaýatlaryň umumy jemi diýlip hasap edilýär.
2. Adamyň şu Kodeksiň maddalarynyň ikisinde ýa-da şondan köpüsinde göz öňünde tutulan bir etmişi eden halatlary hem jenaýatlaryň umumy jemi diýlip hasap edilýär.
3. Eger jenaýat umumy we ýörite kadada göz öňünde tutulan bolsa, jenaýatlaryň umumy jemi bolmaýar we jogapkärçilik ýörite kada boýunça düşýär.
4. Jenaýatlaryň umumy jeminde adam her bir edilen jenaýat üçin şu Kodeksiň degişli maddasy we maddanyň bölegi boýunça jogapkärçilik çekýär.
18-nji madda. Jenaýatlaryň residiwi
1. Öň edilen bilkastlaýyn jenaýaty üçin iş kesilenlik aýby bolan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýatyň edilmegi jenaýatlaryň residiwi diýlip hasap edilýär.
2. Aşakdaky halatlarda jenaýatlaryň residiwi howply diýlip hasap edilýär:
a) öň bilkastlaýyn jenaýaty üçin iki gezek azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilende;
b) öň bilkastlaýyn agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty üçin iş kesilen adam tarapyndan bilkastlaýyn agyr jenaýat edilende.
3. Aşakdaky halatlarda jenaýatlaryň residiwi aýratyn howply diýlip hasap edilýär:
a) öň bilkastlaýyn agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty üçin iş kesilen adam üç ýa-da şondan köp gezek azatlykdan mahrum edilen bolsa, ol bilkastlaýyn eden jenaýaty üçin azatlykdan mahrum edilende;
b) öň aýratyn agyr jenaýaty üçin iş kesilen adam tarapyndan aýratyn agyr jenaýat edilende.
4. On sekiz ýaşa çenli edilen jenaýatlar üçin iş kesilenlik aýby, şeýle hem şu Kodeksiň 80-nji maddasy arkaly bellenilen tertipde aýrylan ýa-da öz-özünden aýrylan iş kesilenlik aýby residiw hasap edilende nazara alynmaýar.
IV BAP. JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINE
DEGIŞLI ADAMLAR
19-njy madda. Jenaýat jogapkärçiliginiň umumy
şertleri we düşýän ýaşy
1. Jenaýat jogapkärçiligine şu Kodeksde bellenilen ýaşa ýeten, akyly düzüw fiziki şahs degişlidir.
2. Jenaýat jogapkärçiligine jenaýat eden wagtyna çenli on alty ýaşy dolan adamlar düşýär.
3. On dört ýaşdan on alty ýaşa çenli bolan adamlar jenaýat edende, bilkastlaýyn adam öldürendigi üçin (101-nji madda), saglyga bilkastlaýyn agyr zyýan ýetirendigi üçin (107-nji madda), zorlandygy üçin (132-nji madda), beçebazlyk edendigi üçin (133-nji maddanyň dördünji bölegi), ogurlyk edendigi üçin (247-nji madda), talaňçylyk edendigi üçin (251-nji madda), garakçylyk edendigi üçin (252-nji madda), gorkuzyp alandygy üçin (253-nji madda), kesekiniň ulag serişdesini bikanun eýeländigi üçin (255-nji madda), emlägi bilkastlaýyn ýok edendigi ýa-da zaýalandygy üçin (256-njy maddanyň ikinji bölegi), radioaktiw ýa-da ýadro materiallaryny ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (320-nji madda), ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary we partladyjy enjamlary ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (326-njy madda), neşe serişdeleri, psihotrop maddalary ýa-da olaryň prekursorlaryny satmak maksady bilen bikanun taýýarlandygy, gaýtadan işländigi, edinendigi, saklandygy, daşandygy, iberendigi üçin (327-nji madda), neşe serişdeleri, psihotrop maddalary ýa-da olaryň prekursorlaryny ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (329-njy madda) jenaýat jogapkärçiligine degişlidir.
20-nji madda. Akyly düzüwlik we akyly düzüw dällik
1. Jenaýat eden wagtynda öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine we ähmiýetine düşünen we olardan ugur alan adam akyly düzüw diýlip hasap edilýär.
2. Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi eden wagtynda öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine we ähmiýetine, olaryň jemgyýetçilik taýdan howpludygyna akyl ýetirip bilmedik ýa-da psihiki taýdan kesellemegi, psihiki bozulmagyň wagtlaýyn keselliligi ýa-da akyly kemligi netijesinde şolara erk edip bilmedik adam jenaýat jogapkärçiligine çekilmeýär.
Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi akyly düzüw dällik ýagdaýynda eden adama kazyýet tarapyndan şu Kodeksde göz öňünde tutulan lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreler bellenilip bilner.
21-nji madda. Psihiki ösüşde yza galan akyly düzüw
adamlaryň jenaýat jogapkärçiligi
Jenaýat eden wagtynda akyly düzüw bolan, ýöne öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine we ähmiýetine düşünmekde kynçylyk çeken ýa-da psihiki ösüşde yza galmagy ýa-da psihiki kesellilik ýagdaýy sebäpli şolara erk etmeginde kynçylyk çeken adam jenaýat jogapkärçiligine degişlidir. Görkezilen ýagdaýlar jezanyň görnüşi we möçberi bellenilende nazara alynýar.
22-nji madda. Serhoşlyk ýagdaýynda jenaýat eden
adamlaryň jenaýat jogapkärçiligi
1. Neşe, alkogol ýa-da seri dumanladyjy beýleki maddalaryň ulanylmagy netijesinde dörän serhoşlyk ýagdaýynda jenaýat eden adam jenaýat jogapkärçiligine degişlidir.
2. Serhoşlygyň sebäpleri, serhoşlygyň derejesi we jenaýat edilmegine onuň täsiri jeza bellenilende nazara alynýar.
V BAP. GÜNÄ
23-nji madda. Günä we onuň görnüşleri
1. Günä, munuň özi bilkastlaýyn ýa-da seresapsyzlyk görnüşinde aňladylan, edýän jenaýatyna adamyň düşünjeli-erkli psihiki gatnaşygydyr.
2. Diňe jemgyýetçilik howply etmişi bilkastlaýyn ýa-da seresapsyzlykdan eden adam jenaýatda günäli diýlip hasap edilip bilner.
3. Seresapsyzlykdan edilen etmiş, diňe jenaýat kanunynda göni bellenen halatynda jenaýat diýlip hasap edilýär.
24-nji madda. Bilkastlaýyn edilen jenaýat
1. Göni ýa-da gytaklaýyn niýet bilen edilen jemgyýetçilik howply etmiş bilkastlaýyn edilen jenaýat diýlip hasaplanylýar.
2. Eger jenaýat eden adam öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik howply häsiýetine akyl ýetirse, onuň jemgyýetçilik howply netijelerini öňünden görse, şolaryň bolmagyny islese ýa-da netijeleriň bolmagynyň gutulgysyzdygyny öňünden görse, jenaýat göni niýet bilen edilen diýlip hasap edilýär.
3. Eger jenaýat eden adam öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik howply häsiýetine akyl ýetirse, onuň jemgyýetçilik howply netijelerini öňünden görse, şolaryň bolmagyny islemese, ýöne şeýle netijeleriň bolmagyna düşünjeli ýol berse ýa-da olara parhsyz garasa, jenaýat gytaklaýyn niýet bilen edilen diýlip hasap edilýär.
25-nji madda. Seresapsyzlykdan edilen jenaýat
1. Jemgyýet üçin howply netijeleriň bolmagyna getiren, özüne ynam edijilik ýa-da harsallyk boýunça edilen jemgyýetçilik howply etmiş seresapsyzlykdan edilen jenaýat diýlip hasap edilýär.
2. Eger jenaýat eden adam, öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik howpludygyna akyl ýetirse, jemgyýetçilik howply netijeleriň bolmak mümkinçiligini öňünden görse, ýöne olaryň öňüni alaryn diýip ýeňilkellelik bilen hasap etse, özüňe ynam edijilik boýunça edilen jenaýat diýlip hasap edilýär.
3. Eger jenaýat eden adam öz eden hereketiniň (hereketsizliginiň) jemgyýetçilik howpludygyna akyl ýetirmese, jemgyýet üçin howply netijäniň ýüze çykmak mümkinçiligini öňünden görüp bilmese, ýöne ünsli we ätiýaçly bolanlygynda olary görüp bilmek mümkinçiligi onda bar bolanda, edilen jenaýat harsallyk boýunça edilen diýlip hasap edilýär.
26-njy madda. Niýet we seresapsyzlyk utgaşanda edilen jenaýat
üçin jogapkärçilik (günäniň ikileýin görnüşi)
1. Günäniň ikileýin görnüşi bilkastlaýyn edilen jenaýat bilen we şeýle jenaýatyň netijesinde bolan netijeler babatynda seresapsyzlyk bilen häsiýetlendirilýär. Şeýle jenaýat tutuşlygyna bilkastlaýyn edilen diýlip hasap edilýär.
2. Eger bilkastlaýyn edilen jenaýatyň netijesini kanun has berk jeza bilen baglanyşdyrsa, eger adam şeýle netijeleriň bolmak mümkinçiligini öňünden görüp bilmese, ýöne görmeli ýa-da öňünden görmegi mümkin bolsa ýa-da eger adam olaryň bolmak mümkinçiligini öňünden görse, ýöne olaryň öňüni alaryn diýip ýeňilkellelik bilen hasap etse, diňe şeýle halatda şeýle netijeler üçin jenaýat jogapkärçiligi bolup biler.
27-nji madda. Günäsiz zyýan ýetirmek (tötänlik)
1. Eger adam etmişiň jemgyýetçilik howpludygyna akyl ýetirmese ýa-da öz hereketiniň (hereketsizliginiň) jemgyýet üçin howply netijeleriniň ýüze çykmak mümkinçiligini öňünden görmese we işiň ýagdaýlary boýunça olary öňünden görmek mümkin bolmasa ýa-da görüp bilmese, etmiş günäsiz edilen diýlip hasaplanylýar.
2. Eger jenaýat eden adam jemgyýetçilik howply netijeleriň bolmak mümkinçiligini öňünden gören hem bolsa, ýöne onuň psihofiziologik sypatlarynyň ekstremal şertlere ýa-da nerw-psihologik taýdan salynýan agrama laýyk gelmezligi netijesinde, olaryň öňüni alyp bilmese, şeýle etmiş günäsiz edilen diýlip hasaplanylýar.
28-nji madda. Ýuridik we hakyky ýalňyşlyk
1. Eger adam jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi edip, onuň bikanundygyna düşünmese we işiň ýagdaýlary boýunça düşünip bilmese, ol jenaýat jogapkärçiligine degişli däldir.
2. Eger adam jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi edip, şol jenaýatyň düzümine degişli hakyky ýagdaýlar babatynda sap ýüreklilik bilen ýalňyşan bolsa, onda şol etmişiň bilkastlaýyn edilendigi üçin jogapkärçilik çekip bilmez.
3. Eger kanun has berk jezany belli bir hakyky ýagdaýlaryň bolmagy bilen baglanyşdyrsa, ýöne jenaýat eden adam şol ýagdaýlar babatynda sap ýüreklilik bilen ýalňyşan bolsa, onda ol has berk jogapkärçilige degişli bolup bilmez.
VI BAP. JENAÝATA BILE GATNAŞMA
29-njy madda. Jenaýata bile gatnaşma (şäriklik) diýen düşünje
Bilkastlaýyn jenaýaty etmäge iki ýa-da şondan köp adamyň bilkastlaýyn bilelikde gatnaşmagy jenaýata bile gatnaşma (şäriklik) diýlip hasap edilýär.
30-njy madda. Şärikleriň görnüşleri
1. Jenaýaty ýerine ýetiriji bilen bir hatarda jenaýaty guraýjy, meçew beriji we ýaran jenaýatyň şärikleri diýlip hasap edilýär.
2. Jenaýaty gös-göni eden adam ýa-da ony beýleki adamlar (bilelikde ýerine ýetirijiler) bilen bilelikde etmäge gös-göni gatnaşan, şeýle hem kanun esasynda jenaýat jogapkärçiligine degişli bolmadyk, beýleki adamlary peýdalanmak arkaly jenaýat eden jenaýaty ýerine ýetiriji diýlip hasap edilýär.
3. Jenaýat etmegi guran ýa-da onuň ýerine ýetirilmegine ýolbaşçylyk eden, şeýle hem jenaýat etmek üçin guramaçylykly topary ýa-da jenaýatçylykly bileleşigi döreden ýa-da olara ýolbaşçylyk eden adam jenaýaty guraýjy diýlip hasap edilýär.
4. Razy etmek, bermit bermek, haýbat atmak ýa-da başga usul arkaly jenaýat etmäge yran adam jenaýat etmäge meçew beriji diýlip hasap edilýär.
5. Maslahatlary, görkezmeleri bilen, habarlary, jenaýat etmegiň gurallaryny ýa-da serişdelerini bermek ýa-da päsgelçilikleri ýok etmek bilen, jenaýat edilmegine ýardam beren adam, şeýle hem jenaýatçyny, ýaragy ýa-da jenaýat etmegiň gaýry serişdelerini, jenaýatyň yzlaryny ýa-da jenaýatçylykly ýol bilen edinilen närseleri gizlemegi öňünden wada beren adam, şonuň ýaly-da şeýle närseleri edinmegi ýa-da ýerleşdirmegi öňünden wada beren adam ýaran diýlip hasap edilýär.
31-nji madda. Deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary,
guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly
bileleşik tarapyndan jenaýatyň edilmegi
1. Eger jenaýaty bilelikde etmek hakynda oňa deslapdan dilleşmek boýunça iki we şondan köp adam gatnaşsa, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen jenaýat diýlip hasap edilýär.
2. Eger bir ýa-da birnäçe jenaýatlary etmek üçin öňünden birleşen adamlaryň durnukly topary tarapyndan jenaýat edilse, jenaýat guramaçylykly topar tarapyndan edilen diýlip hasap edilýär.
3. Agyr we aýratyn agyr jenaýatlary etmek üçin döredilen, durnukly, jebis, dolandyrylýan gurama deslapdan toplanylan adamlar tarapyndan jenaýat edilse, jenaýat jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen diýlip hasap edilýär.
4. Jenaýatçylykly bileleşigi guran ýa-da oňa ýolbaşçylyk eden adam jenaýatçylykly bileleşigi gurandygy we ýolbaşçylyk edendigi üçin, şeýle hem onuň niýeti bilen gurşalyp alynsa, bileleşik tarapyndan edilen ähli jenaýat üçin jogapkärçilik çekýär. Jenaýatçylykly bileleşigiň beýleki gatnaşyjylary oňa gatnaşandygy we olaryň gatnaşan jenaýatlaryny edendigi ýa-da taýýarlandygy üçin jogapkärçilik çekýärler.
5. Deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan jenaýatyň edilmegi şu Kodeksde bellenilen esasda we çäklerde has berk jeza berilmegine eltýär.
32-nji madda. Şärikleriň jogapkärçiligi
1. Şärikleriň jogapkärçiligi jenaýat etmekde olaryň her biriniň gatnaşygynyň derejesi we häsiýeti bilen kesgitlenilýär.
2. Bilelikde ýerine ýetirijiler özleriniň bilelikde eden jenaýaty üçin şu Kodeksiň bir maddasy boýunça jogap berýärler.
3. Guraýjynyň, meçew berijiniň we ýaranyň jogapkärçiligi şu Kodeksiň 30-njy maddasyna salgylanmak bilen, ýerine ýetirijiniňki ýaly, Jenaýat kodeksiniň Aýratyn böleginiň şol maddasy boýunça degişli bolýar.
4. Eger özüne bagly bolmadyk ýagdaýlara görä, ýerine ýetiriji tarapyndan jenaýat ahyryna çenli ýerine ýetirilmedik halatynda, jenaýatyň galan şärikleri jenaýatyň edilmegini taýýarlamaga we jenaýat etmegiň kastyna düşmäge bile gatnaşandygy üçin jogapkärçilik çekýärler.
33-nji madda. Ýerine ýetirijiniň kadadan çykmagy
Ýerine ýetiriji tarapyndan beýleki şärikleriň niýetini gurşap almaýan jenaýatyň edilmegi, ýerine ýetirijiniň kadadan çykmagy diýlip hasap edilýär. Ýerine ýetirijiniň kadadan çykandygy üçin beýleki şärikler jenaýat jogapkärçiligine degişli däldirler.
VII BAP. ETMIŞIŇ JENAÝATÇYLYKLYDYGYNY
ARADAN AÝYRÝAN ÝAGDAÝLAR
34-nji madda. Zerur goranyş
1. Eger çozuş goranýanyň ýa-da başga adamyň jany üçin howply zorluk ulanmak ýa-da gös-göni şeýle zorlugy ulanmak haýbatyny atmak bilen edilse, hyýanat edýäne islendik zyýan ýetirmek arkaly şahsyýetiň, goranýanyň, başga adamyň, jemgyýetiň we döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy jenaýat bolmaýar we kanuna laýyk hasap edilýär.
2. Goranýanyň ýa-da başga adamyň jany üçin howply bolan zorluk bilen ýa-da şeýle zorluk ulanmak haýbaty bilen baglanyşykly bolmadyk çozuşdan goranmak, eger şunda zerur goranyşyň çäklerinden çykmaga ýol berilmedik bolsa, ýagny hyýanatçylygyň häsiýetine we howpuna açyk laýyk gelmeýän bilkastlaýyn hereketlere ýol berilmedik bolsa, ol kanuna laýyk hasaplanylýar.
3. Hyýanatçylykdan gutulmaga ýa-da başga adamlara ýa-da häkimiýet edaralaryna kömek üçin ýüz tutmaga mümkinçilige garamazdan, adama zerur goranyşa bolan hukuk degişlidir.
35-nji madda. Jenaýat eden adam saklananda zyýan ýetirilmegi
1. Jenaýat eden adam häkimiýet edaralaryna eltmek we täze jenaýatlary etmek mümkinçiliginiň öňüni almak üçin saklananda, eger ol garşylyk bildirse we başga serişdeler bilen şeýle adamy saklamak mümkin bolmasa we şunlukda munuň üçin zerur çärelerden aňry geçmäge ýol berilmedik bolsa, oňa zyýan ýetirilmegi jenaýat däldir.
2. Jenaýat eden adamy saklamak üçin zerur bolan çärelerden aňry geçilmegi diýlip, saklanylan adam tarapyndan edilen etmişiň häsiýetine we howpuna we saklamagyň ýagdaýlaryna olaryň açyk laýyk gelmezligi, haçan-da şol adama zerurlyk bolmazdan, ýagdaýyň talap etmeýän hetdenaşa açyk zyýanyň ýetirilmegi hasap edilýär. Şeýle çäkden çykmak diňe bilkastlaýyn zyýan ýetirilen halatlarynda jenaýat jogapkärçiligine eltýär.
36-njy madda. Bialaç zerurlyk
1. Bialaç zerurlyk ýagdaýynda hukuk taýdan goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi, ýagny şol adamyň ýa-da başga adamlaryň janyna, saglygyna, hukuklaryna we kanuny bähbitlerine, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine gös-göni abanýan howpy aradan aýyrmak üçin, eger bu howp şol ýagdaýlarda gaýry serişdeler bilen aradan aýrylyp bilinmese we şunda zerurlygyň çäklerinden bialaç çykylmagyna ýol berilmedik bolsa, şonuň ýaly hereket jenaýat bolmaýar.
2. Bialaç zerurlygyň çäklerinden çykylmagy diýlip, salynýan howpa we howpuň aradan aýrylan ýagdaýyna, onuň häsiýetine we derejesine açyk laýyk gelmeýän zyýan ýetirilmegi, haçan-da öňi alynýana garanda, hukuk taýdan goralýan bähbitlere has köp zyýan ýetirilende hasap edilýär. Şeýle çäkden çykylmagy diňe bilkastlaýyn zyýan ýetirilen halatlarynda jenaýat jogapkärçiligine eltýär.
37-nji madda. Fiziki we psihiki taýdan mejbur etmek
1. Fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde hukuk taýdan goralýan bähbitlere zyýan ýetiren adamyň hereketi (hereketsizligi), ol eger şeýle mejbur etmegiň netijesinde, öz hereketlerine erk edip bilmese, şeýle hereket jenaýat bolmaýar.
2. Başga halatlarda fiziki ýa-da psihiki taýdan mejbur etmek netijesinde hukuk taýdan goralýan bähbitlere zyýan ýetirilendigi üçin jenaýat jogapkärçilik hakyndaky mesele şu Kodeksiň 36-njy maddasynyň düzgünlerini nazara almak bilen çözülýär.
38-nji madda. Esaslandyrylan töwekgelçilik
1. Durmuş taýdan peýdaly maksada ýetmek üçin obýektiw esaslandyrylan töwekgelçilik ýagdaýynda hukuk taýdan goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi jenaýat bolmaýar.
2. Eger goýlan maksada töwekgelçilik bilen baglanyşyksyz hereketler bilen ýetip bolmasa we töwekgelçilige ýol beren adam hukuk taýdan goralýan bähbitlere zyýanyň öňüni almak üçin zerur çäreleri gören bolsa, töwekgelçilik esaslandyrylan diýlip hasap edilýär.
3. Eger töwekgelçilik adamlaryň saglygyna ýa-da janyna howp salmak, ekologik heläkçiligi ýa-da jemgyýetçilik betbagtçylygy bilen görnetin baglanyşykly bolan bolsa, töwekgelçilik esaslandyrylan diýlip hasap edilmeýär.
39-njy madda. Buýrugy ýerine ýetirmek
1. Bellenilen tertipde we degişli görnüşi berjaý etmek bilen, onuň üçin hökmany buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmek üçin hereket edýän adam tarapyndan hukuk taýdan goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi jenaýat däldir.
2. Bikanun buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmegiň netijesinde hukuk taýdan goralýan bähbitlere zyýan ýetirilmegi, eger adam onuň bikanun häsiýetine akyl ýetirmese, jogapkärçiligi aradan aýyrýar. Şu ýagdaýda bikanun buýrugy ýa-da görkezmäni ýerine ýetirmek üçin edilen etmiş üçin jogapkärçiligi şeýle buýrugy ýa-da görkezmäni beren adam çekýär.
3. Görnetin jenaýatçylykly buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmek jenaýat jogapkärçiligine eltýär, ýöne jeza çäresini ýeňilleşdirýän ýagdaý diýlip hasap edilip bilner.
4. Görnetin bikanun ýa-da jenaýatçylykly buýrugy ýa-da başga görkezmäni ýerine ýetirmezlik jenaýat jogapkärçiligini aradan aýyrýar.
III BÖLÜM. JEZA
VIII BAP. JEZA DIÝEN DÜŞÜNJE,
ONUŇ MAKSATLARY WE GÖRNÜŞLERI
40-njy madda. Jeza diýen düşünje we onuň maksatlary
1. Jeza - edilen jenaýat üçin berilýän temmidir. Döwletiň mejbur ediş çäresi hökmünde, kazyýetiň hökümi bilen bellenilýän jeza, jenaýat etmekde günäli diýlip ykrar edilen adama ulanylýar we jenaýat kanunynda göz öňünde tutulyşy ýaly, ony hukuklardan we azatlyklardan mahrum etmekden ýa-da çäklendirmekden ybarat bolup durýar.
2. Jeza durmuş adalatlylygyny dikeltmek, şeýle hem iş kesilen adamy düzetmek, şol sanda iş kesileniň we beýleki adamlaryň täze jenaýatlary etmekleriniň öňüni almak maksatlary bilen ulanylýar.
41-nji madda. Jezanyň görnüşleri
1. Jezanyň görnüşleri şu aşakdakylar hasaplanýar:
a) ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek;
b) jerime;
ç) belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek;
d) döwlet sylaglaryndan, sylaglaryň aýratyn görnüşlerinden, harby ýa-da beýleki atlardan mahrum etmek;
e) hökmany işler;
ä) düzediş işleri;
f) belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek;
g) emlägini muzdsuz almak;
h) azatlygy çäklendirmek;
i) azatlykdan mahrum etmek.
2. Harby gullukçylara harby gulluk boýunça çäklendirme we harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşindäki jeza çäresi ulanylyp bilner.
42-nji madda. Esasy we goşmaça jezalar
1. Jerime, hökmany işler, düzediş işleri, azatlygy çäklendirmek, harby gulluk boýunça çäklendirme, harby-düzediş bölüminde saklamak, azatlykdan mahrum etmek diňe esasy jezalar hökmünde ulanylýar.
2. Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek, belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek esasy, şeýle hem goşmaça jezalar hökmünde ulanylýar.
3. Döwlet sylaglaryndan, sylaglaryň aýratyn görnüşlerinden, harby ýa-da beýleki atlardan mahrum etmek, emlägini muzdsuz almak diňe goşmaça jeza hökmünde ulanylýar.
43-nji madda. Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny
üstüne ýüklemek
1. Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek, munuň özi ýetirilen zyýany hakykatdan-da aradan aýyrmakdan, maddy we ahlak taýdan zyýanyň öwezini dolmakdan we jebir çekenden jemagat öňünde ötünç soramakdan ybaratdyr.
2. Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek görnüşindäki jeza, haçan-da kazyýet ýetirilen zyýanyň möçberini, ony düzetmegiň hakyky mümkinçiliginiň bardygyny we günäkäriň şahsyýeti baradaky maglumatlary hasaba almak bilen iş kesilýäniň ýetirilen zyýany düzetmäge ukyplydygyny ykrar edýän halatynda bellenilip bilner.
3. Eger iş kesilen adam ýetirilen zyýany düzetmek borjuny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan bolsa, kazyýet şol jezany jerime ýa-da şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň haýsy maddasy bilen iş kesilen bolsa, şonda bellenilen çäklerde düzediş işleri bilen çalşyryp biler. Eger jezanyň görkezilen görnüşleri maddanyň sanksiýasynda göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda olar şu Kodeksiň 44-nji we 48-nji maddalarynda kesgitlenilen iň pes möçberde bellenilýär.
44-nji madda. Jerime
1. Jerime şu Kodeksde göz öňünde tutulan çäklerde salynýan, jeza bellenilýän pursadyna çenli Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen binýatlyk mukdarynyň belli bir sanyna laýyk gelýän möçberinde pul töletmekdir.
2. Jerime bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden iki ýüz ellisine çenli möçberinde bellenilýär.
3. Jerimäniň möçberi edilen jenaýatyň agyrlygyna baglylykda, iş kesileniň we onuň maşgalasynyň emläk ýagdaýy nazara alnyp, kazyýet tarapyndan bellenilýär.
4. Kazyýet tarapyndan bellenilen jerimäni tölemekden bilkastlaýyn boýun gaçyrylan halatynda, jerime kazyýet tarapyndan şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda ýa-da onuň degişli böleginde görkezilen jezanyň görnüşleri bilen çalşyrylyp bilner.
45-nji madda. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen
meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek
1. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, munuň özi döwlet gullugynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň islendik görnüşlerindäki kärhanalarda ýa-da jemgyýetçilik birleşiklerinde belli bir wezipede işlemegi ýa-da belli bir hünär ýa-da başga iş bilen meşgullanmagy gadagan etmekden ybaratdyr.
2. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek esasy jeza hökmünde bir ýyldan bäş ýyla çenli möhlete, goşmaça jeza hökmünde bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete bellenilýär.
3. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, eger günäkäriň eden jenaýatynyň häsiýeti boýunça we şahsyýeti hakyndaky maglumatlary hasaba almak bilen, onuň belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir hünär ýa-da başga bir iş bilen meşgullanmak hukugyny onda galdyrmagy kazyýet mümkin däl diýip hasap eden ýagdaýynda, ol degişli jenaýat üçin jezanyň görnüşi hökmünde görkezilmedik halatlarynda-da goşmaça jeza hökmünde bellenilip bilner.
4. Bu jeza jerimä we düzediş işlerine goşmaça jeza hökmünde bellenilende, şeýle hem şertleýin iş kesilende, onuň möhleti hökümiň kanuny güýje giren pursadyndan hasaplanylyp başlanýar. Bu jeza azatlykdan mahrum etmäge ýa-da harby-düzediş bölümine ibermäge goşmaça jeza hökmünde bellenilende, onuň möhleti esasy jezanyň dolan pursadyndan başlap hasaplanylýar.
46-njy madda. Döwlet sylaglaryndan, sylaglaryň aýratyn
görnüşlerinden, harby ýa-da beýleki
atlardan mahrum etmek
1. Agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat edendigi üçin iş kesilen halatynda, harby ýa-da beýleki ady bar bolan adam kazyýetiň hökümi boýunça şol atdan mahrum edilip bilner.
2. Türkmenistanyň ordeni, medaly, sylaglaryň aýratyn görnüşleri bilen sylaglanan ýa-da Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan dakylan hormatly ady ýa-da harby ady we başga bir ady bolan adama agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat üçin iş kesilen ýagdaýynda, kazyýet höküm çykaranynda, günäkäriň şahsyýeti hakyndaky maglumatlary hasaba almak bilen, iş kesilen adamy ordenden, medaldan, hormatly atdan, sylaglaryň aýratyn görnüşlerinden, harby atdan ýa-da beýleki atdan mahrum etmek barada Türkmenistanyň Prezidentine teklip bermegiň maksada laýyklygy hakynda meseläni çözýär.
47-nji madda. Hökmany işler
1. Hökmany işler iş kesileniň öz esasy işinden ýa-da okuwyndan boş wagty jemgyýet üçin peýdaly işlerde tölegsiz işlemeginden ybaratdyr. Hökmany işleriň görnüşleri we olaryň ýerine ýetirilmeli ýerleri jenaýat-ýerine ýetiriş edaralary tarapyndan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşyp kesgitlenilýär.
2. Hökmany işler altmyş sagatdan dört ýüz segsen sagada çenli aralykda bellenilýär we günde dört sagatdan artyk bolup bilmez.
3. Hökmany işler bellenilen iş kesilen adam tarapyndan jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrylan halatynda, jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň teklipnamasy boýunça kazyýet hökmany işleriň çekilmedik möhletini azatlykdan mahrum etmek bilen çalşyryp biler. Şunda jeza azatlykdan mahrum etmegiň bir gününi hökmany işleriň sekiz sagady hasabyndan ugur alnyp bellenilýär.
4. Hökmany işler zähmete ukypsyzlara, on alty ýaşyna ýetmedik adamlara, göwreli aýallara we üç ýaşa ýetmedik çagasy bolan aýallara, pensiýa ýaşyna ýeten adamlara we kazyýetiň hökümi kanuny güýjüne giren wagtyna çenli çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara ulanylyp bilinmez.
48-nji madda. Düzediş işleri
1. Düzediş işleri iki aýdan iki ýyla çenli möhlet bilen bellenilýär we kazyýetiň hökümi esasynda iş kesilen adamyň işleýän ýerinde ýa-da iş kesilen adamyň ýaşaýan çägindäki beýleki ýerlerde geçirilýär. Düzediş işlerine höküm edilen adamyň gazanjyndan kazyýetiň höküminde bellenilen möçberde, gazanjyň bäşden ýigrimi göterimine çenli möçberde döwletiň haýryna pul tutulyp alnyp galynýar.
2. Düzediş işleri zähmete ukypsyzlara, on alty ýaşyna ýetmedik adamlara, göwreli aýallara we üç ýaşa ýetmedik çagasy bolan aýallara, pensiýa ýaşyna ýeten adamlara, şeýle hem harby gullukçylara ulanylmaýar.
3. Düzediş işlerinde bolmakdan zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrylan ýagdaýynda, jezany ýerine ýetirýän edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça kazyýet tarapyndan, düzediş işleriniň gutarmadyk möhletini azatlykdan mahrum etmegiň bir gününi düzediş işleriniň üç gününe hasaplamak bilen, azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza bilen çalşyrylyp bilner.
49-njy madda. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek
1. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek iş kesileni belli bir ýerde hökmany ýerleşdirmek bilen, ony ýaşaýan ýerinden daşlaşdyrmakdan ybaratdyr.
2. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek esasy jeza hökmünde bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete we goşmaça jeza hökmünde bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete bellenilýär.
3. Jenaýat edilýänçä on sekiz ýaşyna ýetmedikler, şeýle hem birinji we ikinji topardaky maýyplygy bolan adamlar, pensiýa ýaşyna ýeten adamlar, göwreli aýallar we sekiz ýaşyna çenli çagalary bolan aýallar barasynda belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ulanylmaýar.
4. Belli bir ýerde ýaşamak borjy ýüklenen jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyran we şu maksatlar bilen hökmany ýaşamaly ýerinden giden halatynda, jezany ýerine ýetirýän edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça kazyýet öz kesgitlemesi bilen şeýle adamy azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezany çekmek üçin düzediş edarasyna ibermäge haklydyr. Şunda hökmany ýaşamaly ýerlerde bolnan wagt belli bir ýerde hökmany ýaşalan bir güni azatlykdan mahrum etmegiň bir gününe deň diýlip hasaba alynýar. Jezany çekmekden boýun gaçyrmak maksady bilen, hökmany ýaşamaly ýerini taşlap gidilen wagt belli bir ýerde hökmany ýaşamaly möhletiň hasabyna alynmaýar.
5. Eger iş kesilip, belli bir ýerde ýaşamak borjy ýüklenilen adam jenaýat etse, kazyýet oňa şu Kodeksiň 63-nji maddasynyň kadalary boýunça jeza belleýär.
50-nji madda. Emlägi muzdsuz almak
1. Emlägi muzdsuz almak iş kesilen adamyň şahsy eýeçiliginde durýan, şeýle hem kanunda gadagan edilen usul bilen edinilen emlägini ýa-da onuň gymmatynyň deň-derejesindäki (ekwiwalent) emlägini döwlet eýeçiligine mejbury ýagdaýda mugt almakdan ybaratdyr.
2. Emlägi muzdsuz almak betnebislik maksatlary bilen amala aşyrylan ortaça agyr, agyr we aýratyn agyr jenaýatlar üçin kesgitlenilýär we ol diňe jenaýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bellenilip bilner.
3. Iş kesilen adam üçin ýa-da onuň eklenjindäki adamlar üçin zerur bolan zatlar şu Kodekse goşulýan Goşundyda berilýän sanawa laýyklykda muzdsuz alynmaga degişli däldir.
51-nji madda. Azatlygy çäklendirmek
1. Azatlygy çäklendirmek, munuň özi kazyýet tarapyndan kesgitlenilen iş kesileniň azatlygyny çäklendirýän borçlary oňa ýüklemekden ybaratdyr we ol bir ýyldan bäş ýyla çenli möhlete iş kesileni jemgyýetden üzňelikde saklamazdan onuň ýaşaýan ýeri boýunça jezany ýerine ýetirýän edaranyň gözegçiliginde çekilýär. Gaýry jezalar azatlygy çäklendirmek bilen çalşyrylan halatynda, ol bir ýyldan az möhlete bellenilip bilner.
Azatlygy çäklendirmek görnüşinde jeza bellemek bilen, kazyýet iş kesilene jezany ýerine ýetirýän edara habar bermezden hemişelik ýaşaýan, işleýän we okaýan ýerini üýtgetmezlik, kesgitlenilen ýerlere barmazlyk, okuwdan we işden boş wagtlary hemişelik ýaşaýan ýerini taşlap gitmezlik, jezany ýerine ýetirýän edaradan rugsatsyz başga ýerlere gitmezlik barada borçlary ýerine ýetirmegi ýükleýär. Kazyýet azatlygyny çäklendirmäge iş kesilene onuň düzelmegine ýardam etjek arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan, jynsy ýollar bilen geçýän kesellerden bejergi almak, maşgalasyny maddy taýdan goldamak we beýleki borçlary hem ýükläp biler.
2. Azatlygyny çäklendirmäge iş kesilen adam tarapyndan jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrylan halatynda, kazyýet azatlygy çäklendirmegiň çekilmedik möhletini azatlykdan mahrum etmek bilen çalşyryp biler. Şunda onuň möçberi azatlykdan mahrum etmegiň bir gününi azatlygy çäklendirmegiň iki güni hasabyndan ugur alnyp kesgitlenýär.
3. Azatlygy çäklendirmek agyr we aýratyn agyr jenaýat edendigi üçin iş kesilenlik aýby bolan adamlara, harby gullukçylara, şeýle hem hemişelik ýaşaýan ýeri bolmadyk adamlara ulanylyp bilinmez.
4. Azatlygy çäklendirmek görnüşindäki jezanyň çekilýän döwründe kazyýet iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edaranyň teklipnamasy boýunça iş kesilene öň bellenilen borçlary doly ýa-da bölekleýin ýatyryp biler.
(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)
52-nji madda. Azatlykdan mahrum etmek
1. Azatlykdan mahrum etmek iş kesileni düzediş edarasyna ýa-da türmä ýerleşdirmek arkaly ony üzňelikde saklamakdan ybaratdyr.
2. Azatlykdan mahrum etmek alty aýdan on bäş ýyla çenli möhlet bilen bellenilýär. Aýratyn agyr jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmek ýigrimi bäş ýyla çenli möhlet bilen bellenilýär.
3. Jenaýatlaryň umumy jemi boýunça we hökümleriň umumy jemi boýunça jeza bellenilende azatlykdan mahrum etmegiň möhletleri bölekleýin ýa-da doly goşulan halatynda, azatlykdan mahrum etmegiň ýokary möhleti on bäş ýyldan, aýratyn agyr jenaýatlar üçin ýigrimi bäş ýyldan artyk bolup bilmez.
53-nji madda. Harby gulluk boýunça çäklendirme
1. Ofiserler düzüminden bolan harby gullukçylara, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylara iş kesilende şu Kodeks bilen göz öňünde tutulan halatlarda iki aýdan iki ýyla çenli möhlet bilen harby gulluk boýunça çäklendirme ulanylýar, şonuň ýaly-da kazyýet işiň ýagdaýyny we iş kesilen adamyň şahsyýetini nazara alyp, iki ýyldan ýokary bolmadyk möhlete azatlykdan mahrum etmegiň deregine hut şol möhlete harby gulluk boýunça çäklendirme ulanmagy maksada laýyk diýip hasaplan ýagdaýynda ulanylýar.
2. Harby gulluk boýunça çäklendirmä iş kesilen adamyň pul girdejisinden kazyýetiň hökümi bilen bellenilen möçberde, bäş göteriminden ýigrimi göterimine çenli möçberde pul tutulyp, döwletiň girdejisine geçirilýär. Iş kesilen adam harby gulluk boýunça çäklendirme jezasyny çekýän döwründe onuň wezipesi, harby ady ýokarlandyrylyp bilinmez, jeza möhleti bolsa oňa nobatdaky harby ady dakmak üçin gulluk döwri hökmünde hasap edilmeýär.
54-nji madda. Harby-düzediş bölüminde saklamak
1. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan harby jenaýaty eden halatlarynda, olary üç aýdan iki ýyla çenli möhlet bilen harby-düzediş bölüminde saklamak bellenilýär, şeýle hem jenaýatyň häsiýeti we günäkäriň şahsyýeti baradaky maglumatlar iki ýyldan ýokary bolmadyk möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany iş kesileni harby-düzediş bölüminde saklamak bilen çalşyrmagyň mümkindigine şaýatlyk edýän halatlarynda, olary harby-düzediş bölüminde saklamak bellenilýär.
2. Azatlykdan mahrum etmäge derek harby-düzediş bölüminde saklanylanda şu bölümde saklamagyň möhleti bir güne bir gün hasabyndan kesgitlenilýär.
IX BAP. JEZANYŇ GÖRNÜŞINIŇ WE MÖÇBERINIŇ
BELLENILMEGI
55-nji madda. Jeza bellemegiň umumy esaslary
1. Jenaýat etmekde günäli diýlip kazyýet tarapyndan ykrar edilen adama şu Kodeksiň Umumy böleginiň düzgünlerini hasaba almak bilen, şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasy tarapyndan bellenilen çäklerde kesgitlenilýän jeza bellenilýär.
2. Edilen jenaýat üçin şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda göz öňünde tutulandakydan jezanyň has berk görnüşi, şu Kodeksiň 62-nji we 63-nji maddalaryna laýyklykda, jenaýatlaryň umumy jemi boýunça we hökümleriň umumy jemi boýunça bellenilip bilner. Edilen jenaýat üçin jenaýat kanunynda göz öňünde tutulandakydan jezanyň has ýeňil görnüşini bellemek üçin esas şu Kodeksiň 58-nji maddasy tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Jezanyň görnüşi we möçberi bellenilen wagtynda jenaýatyň häsiýeti we agyrlygy, şeýle jenaýaty etmegiň maksatlary we delilleri, netijeleri, jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlary, günäkäriň şahsyýeti, şeýle hem bellenilen jezanyň günäkäriň jezasyny çekenden soňra durmuşyň adaty şertlerine gaýtadan uýgunlaşmagyna we onuň maşgalasynyň durmuş şertlerine ýetirjek täsiri göz öňünde tutulýar.
4. Jenaýat eden adama adalatly jeza bellenilmelidir we onuň düzelmegi üçin zerur we ýeterlikli bolmalydyr.
56-njy madda. Jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlar
1. Şular jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlar diýlip hasap edilýär:
a) uly bolmadyk agyr we ortaça agyr jenaýatyň ilkinji gezek edilmegi;
b) günäkäriň kämillik ýaşyna ýetmedik adamdygy;
ç) göwreliligi;
d) günäkäriň köp çagaly maşgalasynyň ýa-da kiçi ýaşly çagalarynyň bolmagy;
e) kyn durmuş ýagdaýlarynyň gabat gelmegi zerarly jenaýatyň edilmegi;
ä) jenaýatyň haýbat atmagyň, gorkuzmagyň, mejbur etmegiň täsiri astynda ýa-da maddy, gulluk taýdan garaşlylyk ýa-da başga bir garaşlylyk zerarly edilen bolsa, şeýle hem jenaýatçylykly ýa-da bikanun buýrugy ýa-da görkezmäni ýerine ýetiren halatynda edilmegi;
f) jenaýatyň zorluk ulanmak, erbet masgaralamak sebäpli ýüze çykan güýçli ruhy tolgunmanyň täsiri astynda ýa-da jebir çekeniň başga bikanun hereketleriniň netijesinde edilmegi;
g) zerur goranyşyň kanunylygynyň şertleriniň bozulan ýagdaýynda, jenaýat eden adam saklanylanda, ýiti zerurlyk ýüze çykanda, esasly töwekgelçilik ýagdaýynda jenaýatyň edilmegi;
h) psihiki taýdan syrkawlyk ýagdaýynyň täsiri astynda ýa-da psihiki ösüşinde yza galmagy, akyly düzüwligi aradan aýyrmaýan ýagdaýynda jenaýatyň edilmegi;
i) jebir çekeniň hukuga ters gelýän ýa-da ahlaksyz hereketleriniň jenaýatyň edilmegi üçin sebäp bolmagy;
j) günä boýun alnyp gelnen halatynda, jenaýatyň üstüniň açylmagyna, jenaýata beýleki gatnaşanlary paş etmäge, jenaýat netijesinde edinilen emlägi gözläp tapmaga işjeň ýardam edilmegi;
ž) jenaýat edilmeginiň gös-göni yz ýanynda jebir çekene lukmançylyk we başga kömekleriň berilmegi, jenaýat zerarly maddy we ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň meýletin dolunmagy ýa-da düzedilmegi, jebir çekene ýetirilen zeleli düzetmek üçin gönükdirilen beýleki hereketler.
2. Eger şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýagdaý şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda edilen jenaýat üçin jogapkärçilik barada göz öňünde tutulan bolsa, onda ol jezany ýeňilleşdirýän ýagdaý hökmünde gaýtadan göz öňünde tutulyp bilinmez.
3. Jeza bellenilende şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik ýagdaýlar hem ýeňilleşdirýän ýagdaýlar hökmünde göz öňünde tutulyp bilner.
4. Şu maddada görkezilen jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaýlar bolup, jezany agyrlaşdyrýan ýagdaýlar ýok bolsa, jeza şu Kodeksiň degişli maddasynda gutarylan jenaýat üçin göz öňünde tutulýan jezanyň has berk görnüşiniň möçberiniň dörtden üç böleginden köp bolup bilmez.
57-nji madda. Jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar
1. Şular jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar diýlip hasap edilýär:
a) jenaýatlaryň gaýtadan edilmegi, jenaýatlaryň residiwi, jenaýatlaryň pişe görnüşinde edilmegi;
b) edilen jenaýatyň agyr netijelere getirmegi;
ç) iki ýa-da şondan köp adam bolup deslapdan dilleşmezden jenaýatyň edilmegi, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň toparynyň, guramaçylykly toparyň ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň düzüminde jenaýatyň edilmegi;
d) jenaýat etmäge aýratyn işjeň gatnaşylmagy;
e) psihiki syrkawlykdan ejir çekýändigi günäkäre görnetin mälim bolan ýa-da serhoş ýagdaýynda bolan adamlaryň, şeýle hem jenaýat jogapkärçiligi ýüze çykýan ýaşa ýetmedik adamlaryň jenaýat etmäge çekilmegi;
ä) jenaýatyň syýasy, durmuş taýdan, milli, etniki, teniniň reňki, dini ýigrençden ýa-da duşmançylyk boýunça edilmegi;
f) jenaýatyň beýleki adamlaryň kanunalaýyk hereketleri üçin ar almak delili boýunça, şeýle hem başga bir jenaýaty ýaşyrmak ýa-da onuň edilmegini aňsatlaşdyrmak maksady bilen edilmegi;
g) göwrelidigi günäkäre görnetin mälim bolan aýal babatynda jenaýatyň edilmegi, şeýle hem ýaş çaga, beýleki goragsyz ýa-da biçäre ýagdaýda galan adam ýa-da günäkäre garaşly adam babatynda jenaýatyň edilmegi;
h) aýratyn rеhimsizlik bilen, masgaralamak bilen ýa-da jebir çekene ýa-da onuň ýakynlaryna ezýet bermek bilen jenaýatyň edilmegi;
i) ýarag ulanmak ýa-da fiziki ýa-da psihiki zorluk ulanmak bilen jenaýatyň edilmegi;
j) adatdan daşary ýagdaýyň şertlerini, tebigy ýa-da başga jemgyýetçilik betbagtçylygyny peýdalanmak bilen, şeýle hem köpçülikleýin bidüzgünçilikler wagtynda jenaýatyň edilmegi;
ž) gulluk, hünär ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän adam ýa-da onuň garyndaşlary babatynda jenaýatyň edilmegi;
k) jenaýatyň umumy howply usul bilen edilmegi;
l) jenaýatyň betnebislikli meýiller bilen edilmegi;
m) jenaýatyň neşe, alkogol ýa-da seri dumanladyjy beýleki maddalaryndan serhoş bolan ýagdaýynda edilmegi.
2. Eger şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýagdaý şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda edilen jenaýat üçin jogapkärçilik barada göz öňünde tutulan bolsa, ol jezany agyrlaşdyrýan ýagdaý hökmünde gaýtadan hasaba alnyp bilinmez.
3. Jeza bellenilende, işiň ýagdaýlaryna baglylykda, şu maddanyň birinji böleginde sanalyp geçilen ýagdaýlary jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar diýip hasap etmezlige kazyýetiň haky bardyr.
4. Jeza bellenilende, şu maddanyň birinji böleginde görkezilenlerden başga ýagdaýlary jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar diýip hasap etmäge kazyýetiň hukugy ýokdur.
58-nji madda. Edilen jenaýat üçin göz öňünde tutulan
jezadan has ýeňil jeza bellemek
1. Etmişiň maksatlary we delilleri, günäkäriň gatnaşygy, jenaýat edilen wagty ýa-da jenaýat edilip gutarylandan soňra, onuň özüni alyp barşy we etmişiň jemgyýetçilik howpunyň derejesini ep-esli peseldýän beýleki ýagdaýlar, şeýle hem toparlaýyn jenaýata gatnaşyjynyň topar bolup edilen jenaýatyň üstüni açmaga işjeň ýardam bermegi bilen baglanyşykly aýratyn ýagdaýlar bolan halatynda:
a) günäkäre şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda göz öňünde tutulan aşaky çäkden-de pes bolan jeza bellenilip bilner ýa-da kazyýet şol maddada göz öňünde tutulandakydan jezanyň has ýeňil görnüşini belläp biler;
b) kazyýet hökmany jeza hökmünde göz öňünde tutulan goşmaça jezany ulanman biler.
2. Käbir ýeňilleşdirýän ýagdaýlar, şeýle hem şu Kodeksiň 56-njy maddasynda görkezilen ýagdaýlar tutuşlygyna aýratyn ýagdaýlar hökmünde ykrar edilip bilner.
59-njy madda. Gutarylmadyk jenaýat üçin jezanyň bellenilmegi
1. Gutarylmadyk jenaýat üçin jeza bellenilende, haýsy sebäplere görä jenaýatyň soňuna çenli alnyp barylmandygynyň ýagdaýlary göz öňünde tutulýar.
2. Jenaýata taýýarlyk üçin jeza şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda gutarylan jenaýat üçin göz öňünde tutulan jezanyň has berk görnüşiniň möçberiniň ýarysyndan köp bolup bilmez.
3. Jenaýatyň kastyna düşülendigi üçin jeza şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda gutarylan jenaýat üçin göz öňünde tutulan jezanyň has berk görnüşiniň möçberiniň dörtden üç böleginden köp bolup bilmez.
60-njy madda. Bilelikde edilen jenaýat üçin jezanyň bellenilmegi
1. Bilelikde amala aşyrylan jenaýat üçin jeza bellenilende, adamyň ony amala aşyrmaga gatnaşygynyň häsiýeti we hakykatda onuň näderejede gatnaşandygy, jenaýatyň maksadyna ýetmek üçin şol gatnaşygynyň ähmiýeti, ýetirilen ýa-da ýetirilip bilinjek zyýanyň häsiýetine we möçberine onuň täsiri göz öňünde tutulýar.
2. Şärikleriň biriniň etmişi we şahsyýeti bilen baglanyşykly ýeňilleşdirýän ýa-da agyrlaşdyrýan ýagdaýlar diňe şol gatnaşyja jeza bellenilende göz öňünde tutulýar.
61-nji madda. Residiwde jezanyň bellenilmegi
1. Residiwde, howply residiwde we aýratyn howply residiwde jeza bellenilende, amala aşyrylan jenaýatlaryň sany, häsiýeti, agyrlygy we netijeleri, ozalky jezanyň düzediş täsiriniň ýeterlik bolmadyk ýagdaýlary, şeýle hem täze jenaýatlaryň häsiýeti, agyrlygy we netijeleri göz öňünde tutulýar.
2. Residiwde jeza edilen jenaýat üçin jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jezanyň degişli görnüşiniň iň ýokary möçberiniň ýarysyndan pes bolmaly däldir, howply residiwde jeza edilen jenaýat üçin göz öňünde tutulan has berk jezanyň ýokary möçberiniň üçden iki böleginden pes bolmaly däldir, aýratyn howply residiwde jeza edilen jenaýat üçin göz öňünde tutulan has berk jezanyň ýokary möçberiniň dörtden üç böleginden pes bolmaly däldir.
3. Şu Kodeksiň 58-nji maddasynda göz öňünde tutulan aýratyn ýagdaýlar bar bolan halatynda, residiwde, howply residiwde we aýratyn howply residiwde jeza şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan çäklendirmeleri hasaba almazdan bellenilýär.
62-nji madda. Jenaýatlaryň umumy jemi boýunça
jezanyň bellenilmegi
1. Jenaýatlaryň umumy jeminde her bir jenaýat üçin aýratynlykda jeza bellenilýär.
2. Eger jenaýatlaryň umumy jemine uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat goşulýan bolsa, onda onçakly berk bolmadyk jezany has berk jeza bilen gurşap almagy ýa-da jezalaryň bölekleýin ýa-da dolulygyna goşulmagy arkaly gutarnykly jeza bellenilýär. Şeýle halatlarda jezalar goşulanda gutarnykly jeza edilen jenaýatlaryň iň agyry üçin göz öňünde tutulýan iň ýokary jezadan ýokary bolup bilmez.
3. Eger edilen jenaýatlaryň umumy jemine agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat goşulýan bolsa, onda jezalary bölekleýin ýa-da dolulygyna goşmak arkaly gutarnykly jeza bellenýär. Şonda azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki gutarnykly jeza edilen jenaýatlaryň iň agyry üçin göz öňünde tutulan iň ýokary jezadan ýokary bolup bilmez.
4. Esasy jezanyň üstüne goşmaça jezalar goşulyp bilner. Gutarnykly goşmaça jeza bölekleýin ýa-da dolulygyna goşulan ýagdaýynda, şu Kodeksiň Umumy böleginde jezanyň şol görnüşi üçin bellenilen iň ýokary möhletden ýa-da möçberden ýokary bolup bilmez.
5. Eger iş boýunça höküm çykarylandan soň iş kesilen adamyň birinji iş boýunça höküm çykarylmazyndan öň başga jenaýat etmekde hem günäkärdigi takyklanylsa, onda jeza bermek edil şol düzgünler boýunça bellenilýär. Şu halatda birinji höküm boýunça çekilen jeza möhleti berlen jezanyň gutarnykly möhletine hasap edilýär.
63-nji madda. Hökümleriň umumy jemi boýunça
jezanyň bellenilmegi
1. Hökümleriň umumy jemi boýunça jeza bellenilende, soňky höküm boýunça bellenilen jezanyň üstüne öňki höküm boýunça jezanyň çekilip gutarylmadyk bölegi doly ýa-da bölekleýin goşulýar.
2. Hökümleriň umumy jemi boýunça gutarnykly jeza, eger ol harby-düzediş bölümine ibermekden ýa-da azatlykdan mahrum etmekden pes bolan halatynda, şu Kodeksiň Umumy böleginde jezanyň şu görnüşleri üçin bellenilen ýokary möhletinden ýa-da möçberinden ýokary bolmaly däldir.
3. Hökümleriň umumy jemi boýunça azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki gutarnykly jeza, soňky höküm boýunça jenaýat üçin jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan jezanyň iň ýokary möhletinden artyk bolup biler, ýöne on bäş ýyldan, hökümler boýunça jenaýatlara aýratyn agyr jenaýat girýän bolsa, ýigrimi bäş ýyldan köp bolmaly däldir.
4. Hökümleriň umumy jemi boýunça gutarnykly jeza täze edilen jenaýat üçin bellenilen jezadan, şeýle hem öňki höküm boýunça jezanyň çekilip gutarylmadyk böleginden köp bolmalydyr.
5. Hökümleriň umumy jemi boýunça jeza bellenilen ýagdaýynda onuň üstüne goşmaça jezalary goşmak şu Kodeksiň 62-nji maddasynyň dördünji bölegi tarapyndan göz öňünde tutulan düzgünler boýunça geçirilýär.
64-nji madda. Jezalar goşulan ýagdaýynda şolaryň
möhletlerini kesgitlemegiň tertibi
1. Jenaýatlaryň umumy jemi boýunça we hökümleriň umumy jemi boýunça jezalar goşulan ýagdaýynda azatlykdan mahrum etmegiň bir gününe şu aşakdakylar laýyk gelýär:
a) harby-düzediş bölüminde saklamagyň bir güni;
b) belli bir ýerde ýaşamak borjy ýüklemegiň bir güni;
ç) azatlygy çäklendirmegiň iki güni;
d) düzediş işleriniň ýa-da harby gulluk boýunça çäklendirmäniň üç güni;
e) hökmany işleriň sekiz sagady.
2. Ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek, emlägini muzdsuz almak, döwlet sylaglaryndan, sylaglaryň aýratyn görnüşlerinden, harby ýa-da beýleki atlardan mahrum etmek, şeýle hem belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jeza azatlykdan mahrum etmek, azatlygy çäklendirmek, harby-düzediş bölüminde saklamak, harby gulluk boýunça çäklendirme, düzediş işleri, hökmany işler ýa-da jerime bilen goşulanda olar özbaşdak ýerine ýetirilýär.
3. Jerime görnüşindäki jeza azatlykdan mahrum etmek, azatlygy çäklendirmek, harby-düzediş bölüminde saklamak, harby gulluk boýunça çäklendirme, düzediş işleri ýa-da hökmany işler bilen goşulanda olar özbaşdak ýerine ýetirilýär.
(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)
65-nji madda. Jeza möhletleriniň hasaplanmagy we
jezalaryň hasaba alynmagy
1. Belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, düzediş işleri, harby gulluk boýunça çäklendirme, harby-düzediş bölüminde saklamak, belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek, azatlygy çäklendirmek, azatlykdan mahrum etmek möhletleri aýlarda we ýyllarda, hökmany işler bolsa sagatlarda hasaplanylýar.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen jezalar çalşyrylanda ýa-da goşulanda, şeýle hem jeza hasaba alnanda möhletler gün hasaby bilen hasaplanyp bilner.
3. Anyklaýyş, deslapky derňew we kazyýet işine garalýan döwürde tussaglykda saklanylmagyň her güni azatlykdan mahrum edilmegiň iki gününiň ýa-da tussaglykda saklanmagyň bir güni azatlygy çäklendirmegiň iki gününiň ýa-da tussaglykda saklanmagyň bir güni belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemegiň iki gününiň ýa-da tussaglykda saklanmagyň bir güni harby-düzediş bölüminde saklamagyň iki gününiň ýa-da tussaglykda saklanmagyň bir güni hökmany işleriň sekiz sagadynyň hasabyna jeza möhleti hasap edilýär.
4. Daşary ýurtda edilen jenaýat üçin kazyýetiň hökümi bilen bellenilen hökümiň kanuny güýje girmegine çenli tussaglykda saklanylmagy we azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza möhletini doldurýan wagty her güni bir güne hasap edilýär.
5. Tussaglykda saklanylýan iş kesilene jerime, belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek görnüşindäki jeza çärelerini bellän ýagdaýynda, tussaglykda saklanylan möhleti nazara alyp, kazyýet bellenilen jezany ýeňilleşdirýär ýa-da ol jezany çekmekden boşadýar.
6. Düzediş işlerine iş kesilen adamyň tussaglykda saklanylýan wagty kazyýetiň hökümi bilen bellenilen jeza möhletine tussaglykda bolýan bir güni düzediş işleriniň üç gününe barabar hasaplanylýar.
66-njy madda. Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenlere
düzediş edarasynyň görnüşiniň bellenilmegi
1. Bilkastlaýyn jenaýat üçin iş kesilenlere jeza çekmek möhletini doldurmak azatlykdan mahrum etmek görnüşinde şu aşakdaky ýaly bellenilýär:
a) bilkastlaýyn edilen uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýatlar üçin ilkinji gezek azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen erkek adamlar, jenaýat edenden soň kämillik ýaşyna ýeten we azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen erkek adamlar, şeýle-de ilkinji gezek bilkastlaýyn edilen jenaýatlar üçin ýa-da residiwde ýa-da howply residiwde edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen aýallar umumy düzgünli düzediş edaralarynda;
b) bilkastlaýyn edilen agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlar üçin ilkinji gezek azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen ýa-da residiwde ýa-da howply residiwde edilen jenaýatlar üçin iş kesilip, ozal bilkastlaýyn eden jenaýaty üçin azatlykdan mahrum edilmek görnüşindäki jezany çeken erkek adamlar, şeýle-de aýratyn howply residiwde edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen aýallar berk düzgünli düzediş edaralarynda;
ç) jenaýatlaryň aýratyn howply residiwinde edilen jenaýatlar üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen erkek adamlar aýratyn düzgünli düzediş edaralarynda.
2. On sekiz ýaşyna ýeten, aýratyn agyr jenaýat üçin on ýyldan ýokary möhlete iş kesilen adamlara, şeýle hem aýratyn howply residiwde bellenilen jeza möhletiniň belli bir bölegini, ýöne bäş ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen türmede tussaglykda saklamak bellenilip bilner.
3. Azatlykdan mahrum edilmäge iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar jeza möhletini terbiýeleýiş edarasynda doldurýarlar.
4. Seresapsyzlykdan jenaýat edip, iş kesilen adamlara azatlykdan mahrum edilmek görnüşindäki jeza möhletini doldurmak düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde bellenilýär.
5. Höküm bilen bellenilen düzediş edarasynyň görnüşini üýtgetmek Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygyna laýyklykda, kazyýet tarapyndan geçirilýär.
67-nji madda. Şertleýin iş kesmek
1. Eger kazyýet jezany azatlykdan mahrum etmek ýa-da harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşinde belläp, iş kesileni jeza möhletini doldurmazdan düzetmegiň mümkindigi hakyndaky netijä gelse, onda ol bellenilen jezany şertleýin hasaplamak hakynda karar çykarýar.
2. Şertleýin iş kesilen halatynda kazyýet edilen jenaýatyň häsiýetini, agyrlygyny we getiren netijelerini, ýagdaýlary ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan, günäkäriň şahsyýeti baradaky maglumatlary nazara alýar. Aýratyn agyr jenaýat eden adamlara şertleýin iş kesmek ulanylmaýar.
3. Şertleýin iş kesilene kazyýet synag möhletini belleýär, şol möhletiň dowamynda iş kesilen adam özüni alyp barşy bilen özüniň düzelendigini subut etmelidir. Harby-düzediş bölüminde saklamaga ýa-da bir ýyl möhlete çenli azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen halatynda, synag möhleti alty aýdan az we üç ýyldan ýokary bolmaly däldir, bir ýyldan ýokary möhlete azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen halatynda bolsa, dokuz aýdan az we bäş ýyldan ýokary bolmaly däldir.
4. Şertleýin iş kesilen ýagdaýynda goşmaça jezalar bellenilip bilner.
5. Kazyýet şertleýin iş kesmegi belläp, käbir borçlary ýerine ýetirmegi iş kesileniň üstüne ýükläp biler, ýagny ýetirilen zyýany düzetmek, işe ýa-da okuwa girmek, şertleýin iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edarasyndan rugsatsyz hemişelik ýaşaýan ýerini üýtgetmezlik, käbir ýerlere barmazlyk, belli bir wagtdan soň öz ýaşaýan ýerinde bolmak, arakhorlukdan, neşekeşlikden, toksikomaniýadan ýa-da weneriki keselden bejermegi geçmek, maşgalany maddy taýdan goldamagy amala aşyrmak. Kazyýet şertleýin iş kesileniň üstüne onuň düzelmegine ýardam berip biljek başga borçlary ýerine ýetirmegi hem ýükläp biler.
6. Şertleýin iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçilik içeri işler edarasy tarapyndan amala aşyrylýar, harby gullukçylar babatynda bolsa, harby bölümleriň we edaralaryň ýolbaşçylygy tarapyndan amala aşyrylýar.
7. Synag möhletiniň dowamynda kazyýet şertleýin iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edaranyň ýazyp bermegi boýunça iş kesilen adam üçin ozal bellenilen borçlary doly ýa-da bölekleýin ýatyryp ýa-da olaryň üstüne goşup biler.
68-nji madda. Şertleýin iş kesilmegi ýatyrmak ýa-da
synag möhletini uzaltmak
1. Eger şertleýin iş kesilen adam synag möhletiniň gutarmagyna çenli özüni alyp barşy bilen düzelendigini subut etse, kazyýet şertleýin iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça şertleýin iş kesmegi ýatyrmak hakynda we iş kesilen adamdan iş kesilenlik aýbyny aýyrmak hakynda karar kabul edip biler.
2. Eger şertleýin iş kesilen adam öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan bolsa ýa-da jemgyýetçilik tertibini bozsa, şonuň üçin oňa administratiw temmisi berlen bolsa, kazyýet şu maddanyň birinji böleginde görkezilen we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça synag möhletini uzaldyp biler, ýöne ol bir ýyldan ýokary bolmaly däldir.
3. Synag möhletiniň dowamynda iş kesilen adam kazyýet tarapyndan öz üstüne ýüklenen borçlary yzygiderli ýa-da zandyýamanlyk bilen ýerine ýetirmedik ýagdaýynda, kazyýet şu maddanyň birinji böleginde görkezilen edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça şertleýin iş kesmegi ýatyrmak we höküm boýunça bellenilen jezany ýerine ýetirmek barada karara gelýär.
4. Synag möhletiniň dowamynda şertleýin iş kesilen adam tarapyndan täze, seresapsyzlykdan jenaýat edilen bolsa, şertleýin iş kesilmegini ýatyrmak ýa-da dowam etdirmek hakyndaky mesele kazyýet tarapyndan çözülýär.
5. Synag möhletiniň dowamynda şertleýin iş kesilen adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilen halatynda, kazyýet oňa şu Kodeksiň 63-nji maddasynda göz öňünde tutulan kadalar boýunça jeza belleýär. Eger, kazyýet şertleýin iş kesmegi ýatyrýan bolsa, seresapsyzlykdan täze jenaýat edilen halatynda, jeza şol kadalar boýunça bellenilýär.
IV BÖLÜM. JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINDEN WE
JEZADAN BOŞADYLMAGY
X BAP. JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINDEN
BOŞADYLMAGY
69-njy madda. Jenaýatdan meýletin ýüz dönderilmegi bilen
baglylykda jenaýat jogapkärçiliginden
boşadylmagy
1. Eger adam gutarylmadyk jenaýatyny ahyryna çenli ýerine ýetirmekden meýletin we gutarnykly ýüz dönderse, gutarmadyk jenaýaty üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
2. Gutarylmadyk jenaýaty ahyryna çenli ýerine ýetirmekden meýletin ýüz dönderen adam, eger onuň hakyky amal eden hereketi başga jenaýaty düzýän hereketlerden ybarat bolanda, diňe şeýle halatda, jenaýat jogapkärçiligine degişlidir.
3. Jenaýaty guraýjynyň we meçew berijiniň jenaýaty ýerine ýetirmekden meýletin ýüz döndermegi, eger olar häkimiýet edaralaryna öz wagtynda habar bermekleri ýa-da öz wagtynda görlen beýleki çäreler arkaly ýerine ýetiriji tarapyndan jenaýatyň ahyryna çenli ýerine ýetirilmeginiň öňüni alan ýagdaýlarynda, jenaýat jogapkärçiliginden boşatmak üçin esas bolýar. Ýaran, eger onuň özüni soňraky alyp barşy jenaýat edilmeginiň öňüniň alynmagy üçin özüne bagly bolan ähli çäreleri görendigine şaýatlyk etse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
4. Eger guraýjynyň ýa-da meçew berijiniň şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen hereketleri jenaýat edilmeginiň öňüniň alynmagyna getirip bilmedik bolsa, onda olar jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmaýarlar, ýöne olaryň gören çäreleri jeza bellenilende ýeňilleşdirýän ýagdaý hökmünde hasap edilýär.
70-nji madda. Çynlakaý ökünilmegi bilen baglylykda
jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy
1. Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty ilkinji gezek eden adam, eger jenaýat edenden soň çynlakaý ökünip, günäsini boýun alyp, meýletin gelip, jenaýatyň üstüniň açylmagyna işjeň ýardam etse, ýetirilen zyýanyň öwezini dolsa ýa-da başga usul bilen jenaýatyň ýetiren zyýanyny düzetse, şeýle hem jebir çekeniň şikaýaty ýok bolsa, onuň şahsyýeti nazara alnyp, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.
2. Şu maddanyň birinji böleginiň düzgünleri terrorçylyk, ekstremizm bilen baglanyşykly jenaýatlara, guramaçylykly toparyň ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň düzüminde edilen jenaýatlara, kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar babatda jyns gatnaşyklary çygrynda edilen jenaýatlara, ilatyň saglygynyň garşysyna edilen jenaýatlara degişli däldir, ýöne şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddalarynda ýörite göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa girmeýär. Görkezilen çäklendirme jyns gatnaşyklary çygrynda jenaýat eden kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara degişli däldir.
70-nji maddanyň belligi 30.09.2023 ý. № 61-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda aýrylan.
(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)
71-nji madda. Jebir çeken bilen ýaraşylmagy bilen baglylykda
jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy
1. Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty ilkinji gezek eden adam jebir çeken ýa-da şikaýat eden adam bilen ýaraşsa we ýetiren zyýanyny düzetse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.
2. Adamyň ölmegine getirmedik ýa-da adamyň saglygyna agyr zyýan ýetirmedik agyr jenaýaty ilkinji gezek eden kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar, göwreli ýa-da üç ýaşa ýetmedik çagasy ýa-da on sekiz ýaşa çenli maýyplygy bolan çagaly aýallar, üç ýaşa ýetmedik çagasy ýa-da on alty ýaşa çenli maýyplygy bolan çagany ýeke terbiýeleýän erkek adamlar, pensiýa ýaşyna ýeten adamlar jebir çeken ýa-da şikaýat eden adam bilen ýaraşsa we ýetiren zyýany düzetse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.
3. Jenaýatyň netijesinde jemgyýetiň we döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitlerine zyýan ýetirilse, şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde görkezilen adam çynlakaý ökünse hem-de jemgyýetiň we döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitlerine ýetiren zyýanyny düzetse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.
4. Şu maddanyň kadalary kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň jyns eldegrilmesizligine garşy jenaýatlara (kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň ýaşy on dört ýaşdan on sekiz ýaşa çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda eden şeýle jenaýaty bu kadadan çykýar), adamyň ölmegine getiren bilkastlaýyn edilen jenaýatlara, iki we şondan köp adamyň ölmegine getiren seresapsyzlykdan edilen jenaýatlara, korrupsiýa, terrorçylyk, ekstremizm, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygy bilen baglanyşykly jenaýatlara, jenaýatçylykly topar tarapyndan edilen jenaýatlara degişli däldir.
72-nji madda. Ýagdaýyň üýtgemegine görä jenaýat
jogapkärçiliginden boşadylmagy
Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty ilkinji gezek eden adam, eger ýagdaýyň üýtgemegi netijesinde ol adam ýa-da onuň eden etmişi jemgyýetçilik howply bolmagyny bes eden bolsa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.
73-nji madda. Wagt möhletiniň (müddetiň) dolmagy sebäpli
jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagy
1. Eger jenaýatyň edilen gününden başlap, şu aşakdaky möhletler geçen bolsa, adam jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar:
a) uly bolmadyk agyr jenaýat edenden soň – iki ýyl;
b) ortaça agyr jenaýat edenden soň – alty ýyl;
ç) agyr jenaýat edenden soň – on ýyl;
d) aýratyn agyr jenaýat edenden soň – on bäş ýyl.
2. Jenaýatyň edilen gününden başlap we hökümiň kanuny güýjüne giren pursadyna çenli bolan aralyk wagt möhleti hasaplanylýar. Şol adam täze jenaýaty amala aşyran halatynda, wagt möhleti her jenaýat boýunça aýratynlykda geçýär.
3. Eger adam derňewden ýa-da kazyýetden boýun gaçyrýan bolsa, wagt möhletiniň geçmegi togtadylýar. Şeýle halatda wagt möhletiniň geçmegi adamyň tutulyp saklanan ýa-da onuň öz günäsini boýun alyp gelen pursadyndan täzeden başlanýar.
4. Aýratyn agyr jenaýaty eden adama wagt möhletini ulanmak hakyndaky mesele kazyýet tarapyndan çözülýär.
5. Parahatçylyga we adamzadyň howpsuzlygyna garşy jenaýaty amala aşyran adamlar babatda wagt möhleti ulanylmaýar.
XI BAP. JEZADAN BOŞADYLMAGY
74-nji madda. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylmagy
1. Hökmany işler, düzediş işlerinde işletmek, harby gulluk boýunça çäklendirme, azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza çekmek möhletini doldurýan ýa-da harby-düzediş bölüminde saklanylýan adam, eger onuň düzelmegi üçin kazyýetiň bellän jezasyny çekmegiň möhletiniň doldurylmagy zerur däl diýlip, kazyýet tarapyndan ykrar edilse, jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylyp bilner. Şonda ol adam goşmaça jezadan doly ýa-da bölekleýin boşadylyp bilner.
2. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ulanmak bilen, kazyýet şol adama şu Kodeksiň 67-nji maddasynyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan borçlary ýükläp biler, şol borçlary ol adam jeza çekmek möhletiniň galan böleginiň dowamynda ýerine ýetirmelidir.
3. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak iş kesilen adam tarapyndan hakyky jeza çekmek möhletiniň:
a) uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň üçden bir bölegini doldurandan soň;
b) agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň ýarysyndan az bolmadyk bölegini doldurandan soň;
ç) aýratyn agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň, şeýle hem ozal jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylan adama bellenilen jezanyň üçden iki bölegini dolduranyndan soň, eger şertleýin-möhletinden öň boşatmak şu maddanyň ýedinji böleginiň «a» we «b» bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça ýatyrylan bolsa ulanylyp bilner.
4. Adamyň azatlykdan mahrum edilmek görnüşinde jezasyny çekmeginiň hakyky möhleti alty aýdan az bolup bilmez.
5. Şertleýin-möhletinden öň boşatmak jezany ýerine ýetirýän edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça iş kesileniň jezasyny çekýän ýerinde ýerleşýän kazyýet tarapyndan ulanylýar.
6. Şertleýin-möhletinden öň boşadylan adamyň özüni alyp barşyna gözegçilik içeri işler edaralary, harby gullukçylar babatda bolsa, harby bölümleriň we edaralaryň ýolbaşçylygy tarapyndan amala aşyrylýar.
7. Eger jezanyň doldurylmadyk möhletiniň dowamynda:
a) iş kesilen adam jemgyýetçilik tertibini bozup, munuň üçin oňa administratiw temmisi berleninde ýa-da oňa şertleýin-möhletinden öň boşatmak ulanylanda, kazyýet tarapyndan öz üstüne ýüklenilen borçlary ýerine ýetirmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrsa, kazyýet şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen edaralaryň bilelikdäki teklipnamasy boýunça şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ýatyrmak we jeza çekmek möhletiniň doldurylman galdyrylan bölegini berjaý etmek hakynda karar kabul edýär;
b) iş kesilen seresapsyzlykdan täze jenaýaty eden bolsa, şeýle ýagdaýda şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ýatyrmak ýa-da saklamak baradaky mesele kazyýet tarapyndan çözülýär;
ç) iş kesilen bilkastlaýyn jenaýat etse, kazyýet oňa şu Kodeksiň 63-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde jezany belleýär. Eger kazyýet şertleýin-möhletinden öň boşatmagy ýatyrsa, seresapsyzlykdan jenaýaty eden halatynda, jeza ýene şol düzgünler boýunça bellenilýär.
8. Şertleýin-möhletinden öň boşatmak şeýle adama ulanylmaýar:
ozal aýratyn agyr jenaýat edeni üçin iş kesilen we täzeden agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýat eden adama;
aýratyn howply residiwde jenaýat eden adama.
75-nji madda. Jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini
onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak
1. Jenaýat edendigi üçin azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza möhletini doldurýan adamyň jeza möhletiniň doldurylman galan bölegini jezany ýerine ýetirýän we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça kazyýet tarapyndan onuň jeza çekmek möhletini doldurýan döwründe özüni alyp baryş ýagdaýyny göz öňünde tutmak bilen, jezanyň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrylyp bilner. Şonda ol adam goşmaça jezadan doly ýa-da bölekleýin boşadylyp bilner.
2. Jeza möhletiniň doldurylman galan bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak iş kesilen jezanyň hakyky möhletiniň azyndan üçden bir bölegini geçireninden soň ulanylyp bilner.
3. Jeza möhletiniň doldurylman galan bölegi çalşyrylanda jezanyň degişli görnüşi üçin bellenilen möçberde, şu Kodeksiň 41-nji maddasynda sanalyp geçilen jezanyň degişli görnüşlerine laýyklykda, kazyýet islendik has ýeňil çäräni saýlap biler.
76-njy madda. Agyr kesellilik zerarly jezadan boşatmak
1. Jenaýat edeninden soň öz hereketleriniň hakyky manysyna düşünmek ýa-da şolara erk edip bilmek mümkinçiliginden mahrum eden psihiki taýdan bozulma keseline uçran adam jezadan boşadylýar, jeza möhletini doldurýan adam bolsa, mundan beýläk möhletini doldurmakdan azat edilýär. Şeýle adama kazyýet lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri belläp biler.
2. Jenaýat edeninden soň, jeza möhletini doldurmaga päsgel berýän başga bir agyr kesele sezewar bolan adam kazyýet tarapyndan jeza möhletini doldurmakdan boşadylyp bilner.
3. Jenaýat edeninden soň, zähmet çekmäge bolan ukybyny ýitiren ýa-da pensiýa ýaşyna ýeten adamlar kazyýet tarapyndan düzediş işleri görnüşindäki jezadan boşadylyp bilner.
4. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen adamlar sagalan halatynda, eger şu Kodeksiň 73-nji we 78-nji maddalarynda göz öňünde tutulan wagt möhleti geçmedik bolsa, jeza berilmegine degişli bolup biler.
77-nji madda. Göwreli aýallaryň we kiçi ýaşly çagalary bolan
adamlaryň jezasyny çekmegini yza süýşürmek
1. Iş kesilen göwreli aýallara we on dört ýaşyna ýetmedik çagasy bolan aýallara, ejesi ölen ýa-da ata-enelik hukugyndan mahrum edilen, on dört ýaşyna ýetmedik çagany ýeke terbiýeleýän erkek adamlara, şahsyýete garşy agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlar üçin bäş ýyldan ýokary möhlete iş kesilenlerden başgalara kazyýet jeza möhletini doldurmagy çaga on dört ýaşyna ýetýänçä yza süýşürip biler.
2. Eger şu maddanyň birinji böleginde görkezilen iş kesilen adam özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edara tarapyndan duýduryş berlenden soňra çagadan ýüz öwürse ýa-da çagany terbiýelemekden boýun gaçyrmagyny dowam edýän halatynda, kazyýet şol edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça şol adamyň jeza möhletini doldurmagynyň yza süýşürilmegini ýatyryp biler we iş kesilen adamy kazyýetiň hökümine laýyklykda, jeza möhletini doldurmak üçin bellenilen ýere iberip biler.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan jezany çekmegi yza süýşürmegiň esaslary aradan aýrylan ýagdaýynda, kazyýet iş kesileniň özüni alyp barşyna gözegçiligi amala aşyrýan edaranyň we jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän edaranyň bilelikdäki teklipnamasy boýunça iş kesileni jeza möhletiniň galan bölegini doldurmakdan boşadýar ýa-da jezanyň galan bölegini has ýeňil görnüşi bilen çalşyrýar ýa-da jeza möhletiniň galan bölegini doldurmak üçin degişli edara gaýtarmak hakynda karar kabul edýär.
4. Eger iş kesilen adam jezany doldurmak yza süýşürilen döwürde täze jenaýat etse, kazyýet şu Kodeksiň 63-nji maddasynda göz öňünde tutulan düzgünler boýunça oňa jeza belleýär.
78-nji madda. Aýyplaw höküminiň wagt möhletiniň (müddetiň)
geçmegi sebäpli jeza möhletini doldurmakdan
boşatmak
1. Jenaýat edendigi üçin iş kesilen adam, eger aýyplaw höküm kanuny güýjüne giren gününden hasaplanylyp, şu aşakdaky möhletlerde ýerine ýetirilmedik bolsa, jeza çekmek möhletini doldurmakdan boşadylýar:
a) uly bolmadyk agyr jenaýat üçin iş kesilende iki ýyl;
b) ortaça agyr jenaýat üçin iş kesilende alty ýyl;
ç) agyr jenaýat üçin iş kesilende on ýyl;
d) aýratyn agyr jenaýat üçin iş kesilende on bäş ýyl.
2. Eger iş kesilen adam jeza möhletini doldurmakdan boýun gaçyrýan bolsa, wagt möhletiň geçmegi wagtlaýyn togtadylýar. Şeýle halatda şol adam tutulan ýa-da onuň öz günäsini boýun alyp gelen pursadyndan wagt möhleti täzeden başlanýar. Günäkär adamyň jeza çekmek möhletini doldurmakdan boýun gaçyran pursadyna çenli geçen wagt möhleti diýlip hasaplanmaga degişlidir.
3. Parahatçylyga we adamzadyň howpsuzlygyna garşy eden jenaýaty üçin iş kesilen adamlara wagt möhleti ulanylmaýar.
XII BAP. GÜNÄ GEÇME, REHIM ETME,
IŞ KESILENLIK AÝBY
79-njy madda. Günä geçme we rehim etme
1. Jenaýaty amala aşyran adam günä geçme namasy esasynda jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar. Jenaýat edendigi üçin iş kesilen adam günä geçme namasyna laýyklykda jeza çekmekden doly boşadylyp bilner, bellenilen jeza kemeldilip ýa-da has ýeňil jeza bilen çalşyrylyp bilner, şeýle adam goşmaça jezadan boşadylyp bilner.
2. Jenaýat edendigi üçin iş kesilen adam rehim etme namasy esasynda jeza çekmegiň mundan beýläk möhletinden şertli ýa-da şertsiz boşadylyp bilner, oňa bellenilen jeza kemeldilip ýa-da has ýeňli bilen çalşyrylyp bilner, şeýle adam goşmaça jezadan boşadylyp bilner.
3. Eger şertli rehim edilen adam özüne bellenilen synag möhletiniň dowamynda gaýtadan bilkastlaýyn jenaýat etse, kazyýet oňa şu Kodeksiň 63-nji maddasynda göz öňünde tutulan düzgünler boýunça jeza belleýär.
80-nji madda. Iş kesilenlik aýby
1. Jenaýat edendigi üçin iş kesilen adam aýyplaw hökümi kanuny güýjüne giren gününden iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan ýa-da aýrylýan pursadyna çenli iş kesilen hasaplanylýar.
2. Iş kesilenlik aýby şeýle ýagdaýlarda öz-özünden aýrylýar:
a) şertli iş kesilenler babatda synag möhletiniň we goşmaça jezasyny çekmek möhletiniň dolmagy bilen;
b) azatlykdan mahrum etmekden has ýeňil jeza çäresi bilen iş kesilen adamlar babatda bellenilen esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini doldurmagy bilen;
ç) uly bolmadyk agyr jenaýaty edendigi üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adam babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň bir ýylyň geçmegi bilen;
d) ortaça agyr jenaýaty edendigi üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adam babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň iki ýylyň geçmegi bilen;
e) agyr jenaýaty edendigi üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adam babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň üç ýylyň geçmegi bilen;
ä) aýratyn agyr jenaýaty edendigi üçin azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adam babatda esasy we goşmaça jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň bäş ýylyň geçmegi bilen.
3. Eger adam jeza çekmekden kanun arkaly bellenilen tertipde möhletinden öň boşadylan bolsa ýa-da jeza çekmegiň doldurylmadyk bölegi onuň has ýeňli bilen çalşyrylan bolsa, onda iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmak möhleti esasy we goşmaça jezasyny çekmegiň hakyky möhletini doldurmagyndan ugur alnyp hasaplanylýar.
4. Eger jezasyny çeken adam iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmak möhleti geçýänçä täzeden jenaýat etse, onda jenaýatlaryň ikisi boýunça-da iş kesilenlik aýbynyň möhletini soňky jenaýat üçin jezany (esasy we goşmaça) çekenden soň hasaplap başlamak bilen, olardan has agyr jenaýat üçin iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmak möhleti geçýänçä, ol adam iki jenaýat boýunça hem iş kesilen hasaplanylýar.
5. Eger iş kesilen adam jeza çekmek möhletini dolduranyndan soň özüni birkemsiz alyp baran bolsa, onda onuň haýyş etmegi boýunça kazyýet onuň iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan möhletiniň gutarmagyndan öň, ýöne bu möhletiň ýarysy dolýan wagtyndan ir bolmadyk möhletde ondan iş kesilenlik aýbyny aýryp biler.
6. Iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylmagy ýa-da aýrylmagy bilen iş kesilenlik aýby bilen baglanyşykly ähli hukuk netijeleri ýatyrylýar hem-de adam iş kesilen hasap edilmeýär.
V BÖLÜM. KÄMILLIK ÝAŞYNA
ÝETMEDIKLERIŇ JOGAPKÄRÇILIGI
XIII BAP. KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIK ADAMLARYŇ JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINIŇ WE JEZASYNYŇ AÝRATYNLYKLARY
81-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň
jenaýat jogapkärçiligi
1. Jenaýat eden pursadynda on dört ýaşyny dolduran, ýöne on sekiz ýaşyny doldurmadyklar, kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar diýlip ykrar edilýär. Degişli ýaşa ýetilen pursat doglan senesine gabat gelýän günüň yz ýanyndaky günüň başlanýan wagty hasaplanylýar.
2. On sekiz ýaşyna çenli jenaýat eden adamlaryň jenaýat jogapkärçiligi şu Kodeksiň şu bölüminiň maddalary we umumy düzgünleri arkaly kesgitlenilýär.
3. Jenaýat eden kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara jeza bellenilip ýa-da terbiýeçilik häsiýetli mejbury çäreler ulanylyp bilner.
82-nji madda. Jezanyň bellenilmegi
1. Kämillik ýaşyna ýetmedik adama jeza bellenilende onuň ýaşaýyş we terbiýeleniş şertleri, psihiki ösüş derejesi, şahsyýetiň beýleki aýratynlyklary, jenaýaty etmegiň delilleri (motiw), şeýle hem uly ýaşly adamlaryň we beýleki kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň täsiri göz öňünde tutulýar.
2. Kämillik ýaşyna ýetmezlik jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän ýagdaý hökmünde jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan beýleki ýagdaýlar bilen bilelikde göz öňünde tutulýar.
3. Kazyýet kämillik ýaşyna ýetmedik adam tarapyndan edilen jenaýatyň anyk ýagdaýlaryny, onuň psihiki ösüşini, durmuş we ýaşaýyş şertlerini, saglyk ýagdaýyny we bilim derejesini, şeýle hem şu Kodeksiň 58-nji maddasynda kesgitlenilen gaýry ýagdaýlary nazara alyp, oňa şu Kodeksiň Aýratyn böleginiň degişli maddasynda göz öňünde tutulan jezanyň ýerine onuň azatlygy çäklendirmek görnüşini bellemek bilen çäklenip biler.
83-nji madda. Jezanyň görnüşleri
Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara bellenilýän jezanyň görnüşleri şulardyr:
a) jerime;
b) düzediş işleri;
ç) azatlygy çäklendirmek;
d) azatlykdan mahrum etmek.
84-nji madda. Jerime
Jerime kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar babatda bellenilen binýatlyk mukdarynyň ikisinden ellisine çenli bolan möçberde bellenilýär. Iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedik adama kazyýet tarapyndan bellenilen jerime onuň ata-enesine ýa-da onuň beýleki kanuny wekillerine olaryň razylygy bilen hem töletdirilip bilner.
85-nji madda. Düzediş işleri
1. Düzediş işleri diňe on alty ýaşyna ýeten, zähmet çekmäge ukyply kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara özleriniň iş ýerlerinde, eger kämillik ýaşyna ýetmedik adam işlemeýän we okamaýan bolsa, iş kesileniň ýaşaýan ýeriniň çägindäki başga ýerlerde alty aýa çenli möhlet bilen ulanylýar.
2. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar düzediş işleriniň möhletini doldurmakdan zandyýamanlyk bilen boýun gaçyran ýagdaýynda, kazyýet düzediş işleriniň doldurylmadyk möhletini azatlykdan mahrum etmek bilen çalşyryp biler, emma onuň möhleti dört aýdan köp bolmaly däldir. Düzediş işlerini azatlykdan mahrum etmek bilen çalşyrmak şu Kodeksiň 48-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan düzgünler boýunça geçirilýär.
86-njy madda. Azatlygy çäklendirmek
Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara azatlygy çäklendirmek bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete bellenilýär.
87-nji madda. Azatlykdan mahrum etmek
1. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlary uly bolmadyk agyr jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmek bir ýyldan ýokary bolmadyk möhlete, ortaça agyr jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmek bäş ýyldan ýokary bolmadyk möhlete, agyr jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmek dokuz ýyldan ýokary bolmadyk möhlete, aýratyn agyr jenaýat üçin bolsa on iki ýyldan ýokary bolmadyk möhlete bellenilýär.
2. Uly bolmadyk agyr we ortaça agyr jenaýatlary ilkinji gezek eden kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza bellenilmeýär.
3. Höküm çykarylan pursadynda on sekiz ýaşyna ýetmedik adama terbiýeleýiş edarasynda azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza möhletini doldurmak bellenilýär.
88-nji madda. Jezadan boşatmak
Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty ilkinji gezek eden kämillik ýaşyna ýetmedik adamy, eger eden etmişiniň we onuň netijesiniň häsiýeti, şahsyýeti hem-de işiň başga ýagdaýlary hakyndaky maglumatlar boýunça onuň düzelmegi jezany ulanmazdan mümkin bolsa, kazyýet jezadan boşadyp we oňa terbiýeçilik häsiýetli mejbury çäreleri ulanyp biler.
89-njy madda. Terbiýeçilik häsiýetli mejbury çäreleri ulanmak
1. Uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýaty ilkinji gezek eden kämillik ýaşyna ýetmedik adam, eger onuň düzelmegini terbiýeçilik häsiýetli mejbury çäreleri ulanmak arkaly gazanyp bolmagy mümkin diýlip hasap edilse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.
2. Kämillik ýaşyna ýetmedik adama terbiýeçilik häsiýetli şu aşakdaky çäreler bellenilip bilner:
a) duýduryş;
b) ata-eneleriniň, olaryň ornuny tutýanlaryň, kanuny wekilleriniň ýa-da içeri işler edaralarynyň gözegçiligine bermek;
ç) ýetiren zyýanyny düzetmek borjuny üstüne ýüklemek;
d) boş wagtyny çäklendirmek we özüni alyp barşyna aýratyn talaplary bellemek.
3. Kämillik ýaşyna ýetmedik adama bir wagtyň özünde terbiýeçilik häsiýetli mejbury çäreleriň birnäçesi bellenilip bilner. Şu maddanyň ikinji böleginiň «b» we «d» bentlerinde göz öňünde tutulan terbiýeçilik häsiýetli mejbury çäreleri ulanmagyň möhletiniň dowamlylygy şol çäreleri bellän edara tarapyndan kesgitlenilýär.
4. Terbiýeçilik häsiýetli özüne bellenilen mejbury çärelerde göz öňünde tutulan talaplary kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň yzygiderli ýerine ýetirmeýän ýagdaýynda, bu çäre ygtyýarly döwlet edarasynyň teklipnamasy boýunça ýatyrylýar we materiallar kämillik ýaşyna ýetmedik adamy jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin iberilýär.
90-njy madda. Terbiýeçilik häsiýetli mejbury
çäreleriň mazmuny
1. Duýduryş kämillik ýaşyna ýetmedik adama onuň etmişi bilen ýetirilen zyýany we jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişleri gaýtadan edende getirjek netijelerini düşündirmekden ybaratdyr.
2. Gözegçilige bermek kämillik ýaşyna ýetmedik adama terbiýeçilik häsiýetli we onuň özüni alyp barşyna gözegçilik borçlaryny şu Kodeksiň 89-njy maddasynyň ikinji böleginiň «b» bendinde görkezilen adamlaryň üstüne ýüklemekden ybaratdyr.
3. Ýetiren zyýanyny düzetmek borjuny üstüne ýüklemek kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň emläk ýagdaýyny we onda degişli zähmet endikleriniň bardygyny hasaba almak bilen bellenilýär.
4. Boş wagtyny çäklendirmek käbir ýerlere barmagy, boş wagtyň belli bir görnüşlerini peýdalanmagy, gije-gündiziň belli bir wagtyndan soň öýünden daşarda bolmagy gadagan etmegi, içeri işler edaralarynyň rugsady bolmasa, başga ýerlere gitmegi çäklendirmegi göz öňünde tutup biler. Şeýle hem kämillik ýaşyna ýetmedik adama okuwyny dowam etmek üçin mekdebine gaýdyp barmak ýa-da ygtyýarly döwlet edarasynyň kömegi bilen işe ýerleşmek talaplary bildirilip bilner.
Bu sanaw gutarnykly däldir.
91-nji madda. Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmak
Düzediş işlerinde işletmäge ýa-da azatlykdan mahrum edilmäge iş kesilen kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda jezadan şertleýin-möhletinden öň boşatmagy:
a) uly bolmadyk agyr ýa-da ortaça agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň azyndan dörtden birini;
b) agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň azyndan üçden birini;
ç) aýratyn agyr jenaýat üçin bellenilen jeza möhletiniň azyndan üçden ikisini hakyky çekeninden soň ulanylyp bilner.
92-nji madda. Wagt möhleti (müddet)
On sekiz ýaşy dolmanka jenaýat eden adamy jenaýat jogapkärçiliginden ýa-da jezadan wagt möhletiniň geçmegi bilen baglanyşyklylykda boşatmak şu Kodeksiň 73-nji we 78-nji maddalarynda göz öňünde tutulandakydan üç esse az möhleti ulanmak bilen geçirilýär.
93-nji madda. Iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan möhleti
On sekiz ýaşy dolmanka jenaýat eden adamlar üçin iş kesilenlik aýbynyň öz-özünden aýrylýan möhleti şu Kodeksiň 80-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulyşy boýunça kemeldilýär we degişlilikde şulara deňdir:
a) uly bolmadyk agyr jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmek jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň alty aýa;
b) ortaça agyr jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmek jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň bir ýyla;
ç) agyr jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmek jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň iki ýyla;
d) aýratyn agyr jenaýat üçin azatlykdan mahrum etmek jezasyny çekmek möhletini dolduranyndan soň dört ýyla.
VI BÖLÜM. LUKMANÇYLYK HÄSIÝETLI MEJBURY
ÇÄRELERI ULANMAGYŇ ESASLARY WE TERTIBI
XIV BAP. LUKMANÇYLYK HÄSIÝETLI
MEJBURY ÇÄRELER
94-nji madda. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri
ulanmagyň esaslary
1. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreler kazyýet tarapyndan şu adamlara bellenilip bilner:
a) jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi akyly düzüw dällik ýagdaýda amala aşyrana;
b) jenaýaty amala aşyranyndan soň jezany bellemäge ýa-da ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän psihiki taýdan bozulma bilen keselläne.
2. Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomaniýadan we beýleki psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän, jenaýaty eden adamlar babatda olary bejermek we jezanyň maksadyna ýetilmegi üçin ýardam edýän şertleri döretmek maksady bilen, kazyýet tarapyndan jeza bilen bir hatarda lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreler bellenilip bilner.
3. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilýär.
4. Uly bolmadyk agyr jenaýaty eden, şu maddanyň birinji böleginde sanalyp geçilen adamlar, şeýle hem özüniň psihiki ýagdaýy boýunça howp döretmeýän adamlar babatda kazyýet olary bejermek ýa-da psihiatrik edaralara ibermek baradaky meseleleri çözmek üçin psihiatrik kömek we ol berlende raýatlaryň hukuk kepillikleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde zerur bolan materiallary saglygy goraýyş edaralaryna berip biler.
95-nji madda. Lukmançylyk häsiýetli mejbury
çäreleri ulanmagyň maksatlary
Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreler ulanylýan adamlaryň jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan täze etmişleri etmeginiň öňüni almak, şeýle hem şol adamlary bejermek ýa-da olaryň psihiki ýagdaýyny özi ýa-da beýleki adamlar üçin howplulygy ýa-da başga bir düýpli zyýan ýetirmek howpuny aradan aýrar ýaly derejede gowulandyrmak maksady bilen ulanylýar.
96-njy madda. Lukmançylyk häsiýetli mejbury
çäreleriň görnüşleri
1. Kazyýet lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleriň şu aşakdaky görnüşlerini belläp biler:
a) gatnawly usulda mejbury gözegçiligi we bejerişi;
b) umumy görnüşli ýatymlaýyn usulda psihiatrik mejbury bejerişi;
ç) ýöriteleşdirilen görnüşli psihiatrik edarasynda mejbury bejerişi;
d) güýçli gözegçilikli ýöriteleşdirilen görnüşli psihiatrik edarasynda mejbury bejerişi.
2. Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi akyly düzüw ýagdaýda eden, ýöne arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomaniýadan bejertmäge mätäç bolan iş kesilene kazyýet jeza bilen bir hatarda gatnawly şertlerindäki mejbury gözegçilik we bejeriş görnüşinde lukmançylyk häsiýetli mejbury çäräni belläp biler.
XV BAP. LUKMANÇYLYK HÄSIÝETLI MEJBURY
ÇÄRELERIŇ BELLENILMEGI WE BES EDILMEGI
97-nji madda. Lukmançylyk häsiýetli mejbury
çäreleriň bellenilmegi
1. Gatnawly şertlerindäki mejbury gözegçilik we bejeriş şu Kodeksiň 94-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar bar ýagdaýynda, eger şol adam özüniň psihiki ýagdaýy boýunça ýatymlaýyn psihiatrik edarasyna ýerleşdirilmegine mätäçlik çekmeýän bolsa, bellenilip bilner.
2. Ýatymlaýyn psihiatrik edarasynda mejbury bejeriş şu Kodeksiň 94-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar bar ýagdaýynda, eger şol adamyň psihiki taýdan bozulma keseliniň häsiýeti we agyrlygy diňe hassahana şertlerinde amala aşyryp bolýan bejermek, seretmek, saklamak we gözegçilik etmek şertlerini talap edýän bolsa, bellenilip bilner.
3. Umumy görnüşli ýatymlaýyn psihiatrik edarasynda mejbury bejeriş psihiki ýagdaýy boýunça hassahana ýerleşdirilmegine mätäç, ýöne güýçli gözegçiligi talap etmeýän adama bellenilip bilner.
4. Ýöriteleşdirilen görnüşli ýatymlaýyn psihiatrik edarasynda mejbury bejeriş özüniň psihiki ýagdaýy boýunça hemişelik gözegçiligi talap edýän adama bellenilip bilner.
5. Güýçli gözegçilikli ýöriteleşdirilen görnüşli ýatymlaýyn psihiatrik edarasyndaky mejbury bejeriş özüniň psihiki ýagdaýy özi ýa-da beýleki adamlar üçin aýratyn howply bolup durýan we hemişelik hem-de güýçli gözegçiligi talap edýän adama bellenilip bilner.
98-nji madda. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri
dowam etdirmek, üýtgetmek we bes etmek
1. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri dowam etdirmek, üýtgetmek we bes etmek psihiator-lukmanlar toparynyň çykaran netijesi esasynda psihiatrik kömek berýän edaranyň ýolbaşçylygynyň ýazyp bermegi boýunça kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäresi bellenilen adam, şeýle çäräni bes etmek ýa-da üýtgetmek hakynda esaslaryň bardygy baradaky meseläni çözmek üçin kazyýetde teklip girizmek maksady bilen, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen topar tarapyndan alty aýda azyndan bir gezek barlanylyp görülmäge degişlidir. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäresini bes etmek ýa-da üýtgetmek üçin esaslar ýok bolsa, psihiatrik kömegi berýän edaranyň ýolbaşçylygy mejbury bejerişi dowam etdirmek üçin kazyýete öz gelen netijesini berýär. Mejbury bejerilişiň birinji dowam etdirilmesi lukmançylyk häsiýetli mejbury çäresiniň başlanan pursadyndan alty aý geçeninden soň amala aşyrylyp bilner.
3. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäräni üýtgetmek ýa-da bes etmek şol adamyň psihiki ýagdaýy öň bellenilen çäräniň zerurlygy aradan aýrylýan derejede üýtgän ýa-da lukmançylyk häsiýetli başga bir çäräni bellemek zerurlygy ýüze çykan halatynda, kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Ýatymlaýyn psihiatrik edarasynda mejbury bejerişi bes edip, kazyýet şol adama şu Kodeksiň 97-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda mejbury gatnawly usulda gözegçiligi we bejerişi belläp biler.
99-njy madda. Lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri
ulanmagyň wagtynyň hasaba alynmagy
Jenaýat edeninden soň, psihiki taýdan bozulma bilen kesellän adama lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreler ulanylan döwür onuň sagaldylan we oňa jeza bellenilen ýa-da onuň ýerine ýetirilmegi dikeldilen halatynda, jeza möhletine hasaba alynýar.
100-nji madda. Jezany ýerine ýetirmek bilen
birleşdirilen mejbury bejeriş
1. Şu Kodeksiň 96-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza möhletini doldurýan ýerinde, jeza çekmegiň başga görnüşi boýunça iş kesilenler babatda gatnawly usulda psihiatrik kömegini berýän saglygy goraýyş edaralarynda ýerine ýetirilýär.
2. Lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň çykaran netijesi esasynda, eger ol iş kesileniň psihiki ýagdaýyna we bejerişiň bähbidine esaslanýan bolsa, kazyýet şeýle adamy ýatymlaýyn psihiatrik edarasyna ýa-da başga bejeriş edarasyna iberip biler. Şonda şu Kodeksiň 98-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan barlap görmegiň möhleti berjaý edilmelidir.
3. Agzalan edaralarda bolnan wagt jezanyň möhletini dolduryş möhletine hasaba alynýar. Iş kesileni agzalan edaralarda mundan beýläk bejermegiň zerurlygy aradan aýrylanda, ol kazyýetiň çözgüdi boýunça şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan tertipde jeza möhletini doldurmak üçin iberilýär.
4. Jezany ýerine ýetirmek bilen birleşdirilen lukmançylyk häsiýetli mejbury çäresini bes etmek lukmançylyk-maslahat beriş toparynyň çykaran netijesine esaslanan jezany ýerine ýetirýän edaranyň görkezmesi boýunça berjaý edilýär.
AÝRATYN BÖLEK
VII BÖLÜM. ŞAHSYÝETE GARŞY JENAÝATLAR
XVI BAP. JANA WE SAGLYGA GARŞY JENAÝATLAR
101-nji madda. Bilkastlaýyn adam öldürmek
1. Bilkastlaýyn adam öldürene,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Bilkastlaýyn adam öldürene:
a) iki ýa-da şondan köp adamy;
b) öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny amala aşyrmagy bilen baglanyşykly adamy ýa-da onuň ýakyn adamlaryny;
ç) garawsyzlygy günäkäre görnetin bolup duran adamy, şeýle hem adamy ogurlamak ýa-da girewine almak bilen baglanyşyklylykda;
d) göwreliligi günäkäre görnetin bolup duran aýaly;
e) zorlamak ýa-da jyns häsiýetli zorlukly hereketler bilen baglanyşyklylykda;
ä) aýratyn zalymlyk bilen;
f) köp adamlaryň jany üçin görnetin howply usul bilen;
g) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan köp adam ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan;
h) betnebislik niýeti bilen, şeýle hem hakyna tutma boýunça;
i) huligançylyk niýeti bilen;
j) başga jenaýaty ýaşyrmak ýa-da onuň amala aşyrylmagyny ýeňilleşdirmek maksady bilen;
ž) durmuş, milli, jyns ýa-da dini ýigrenç ýa-da duşmançylykly garamak bilen;
k) gan, ar almak maksady bilen;
l) gaýtadan edilen, şu Kodeksiň 102-nji we 103-nji maddalarynda göz öňünde tutulan etmişler muňa girmeýär;
m) aýratyn howply residiwde;
n) adamyň beden agzalaryny ýa-da dokumalaryny ulanmak maksady bilen edilse,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
102-nji madda. Gazaplanma ýagdaýynda adam öldürmek
1. Jebir çekeniň zorluk ulanmagy, masgaralamagy ýa-da agyr kemsitmegi ýa-da gaýry bikanun ýa-da ahlaksyz hereketleri (hereketsizligi), şeýle hem jebir çekeniň yzygiderli hukuga ters gelýän ýa-da özüni ahlaksyz alyp barmagy bilen baglylykda dörän uzak wagtlap psihika zeper ýetiriji ýagdaý netijesinde birden dörän güýçli ruhy tolgunmasy (gazaplanmasy) ýagdaýynda adam öldürene,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýagdaýlarda iki we şondan köp adam öldürene,
üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
103-nji madda. Zerur goranyş çäklerinden çykmak ýa-da
jenaýat eden adamy tutmak üçin zerur
çärelerden çykmak bilen, adam öldürmek
1. Zerur goranyş çäklerinden çykmak bilen, bilkastlaýyn adam öldürene,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Jenaýat eden adamy tutmak üçin zerur çärelerden çykylyp, ony bilkastlaýyn öldürene,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
104-nji madda. Enäniň täze dogran çagasyny
bilkastlaýyn öldürmegi
Ene, çaga dogurýan wagtynda ýa-da gös-göni çaga dograndan soň, şeýle hem psihika zeper ýetiriji şertler ýa-da akyly düzüwligi aradan aýyrmaýan psihiki bozulma ýagdaýynda täze dogran çagasyny bilkastlaýyn öldürse,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
105-nji madda. Seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getirmek
1. Seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getirendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Seresapsyzlykdan iki we şondan köp adamyň ölmegine getirendigi üçin,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
106-njy madda. Öz-özüni öldürmäge maýyl etmek we
öz-özüni öldürmäge mejbur etmek
1. Öz-özüni öldürmäge maýyl etmek, ýagny ynandyrmak, aldamak arkaly ýa-da başga ýol bilen beýleki adamda öz-özüni öldürmegi ýüregine düwmegi oýarsa, eger şol adam öz-özüni öldürse ýa-da öz-özüni öldürmäge kast etse,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Adama haýbat atmak, töhmet atmak, çydamsyz güne salmak ýa-da onuň şahsy mertebesini birsyhly kemsitmek bilen, ony öz-özüni öldürmäge mejbur edene ýa-da öz-özüni öldürmegiň kastyna düşürene,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişi, kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda edene,
sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
107-nji madda. Saglyga bilkastlaýyn agyr zyýan ýetirmek
1. Syna bilkastlaýyn agyr zyýanyň ýetirilmegi adamyň janyna howp salsa ýa-da şonuň netijesinde adam görmekden, geplemekden, eşitmekden galsa ýa-da haýsydyr bir beden agzasyny ýitirse ýa-da haýsy-da bolsa bir beden agzasy işlemekden kesilse ýa-da ýüzi düzedip bolmajak bedroýlyga sezewar edilse, şeýle hem saglygyna, jany üçin howply bolan başga bir zyýan ýetip, umumy işe ýarawlylygynyň azyndan üçden bir bölegini uzak wagtlaýyn ýitirse ýa-da hünär işine ýarawlylygyny doly ýitirse ýa-da göwresinden çagasy aýrylsa ýa-da psihiki kesele ýoluksa,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) göwreliligi günäkäre görnetin bolup duran aýal babatynda;
b) adamyň öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şol adam ýa-da onuň ýakyn adamlary babatynda;
ç) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan köp adam tarapyndan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
d) azap bermek ýa-da jebir çekdirmek häsiýetindäki usul bilen;
e) umumy howply usul bilen;
ä) huligançylyk niýeti bilen;
f) durmuş, milli, jyns ýa-da dini ýigrenç ýa-da duşmançylyk bilen;
g) guramaçylykly topar tarapyndan;
h) iki ýa-da şondan köp adam babatynda;
i) gaýtadan;
j) adamyň beden agzalaryny ýa-da dokumalaryny ulanmak maksady bilen edilse,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse ýa-da seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine getirse,
alty ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
108-nji madda. Saglyga bilkastlaýyn orta agyrlykda
zyýan ýetirmek
1. Syna bilkastlaýyn zyýanyň ýetirilmegi ýa-da saglyga gaýry zyýan ýetirilmegi adamyň jany üçin howply bolmasa we şu Kodeksiň 107-nji maddasynda göz öňünde tutulan netijelere getirmese, ýöne saglygyň uzak wagtlaýyn bozulmagyna getiren zyýany ýetiren ýa-da umumy işe ýarawlylygyň üçden bir böleginden azynyň ep-esli wagtlap ýitirilmegine getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) göwreliligi günäkäre görnetin bolup duran aýal babatda;
b) iki ýa-da şondan köp adam babatda;
ç) adamyň öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şol adam ýa-da onuň ýakyn adamlary babatda;
d) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan köp adam tarapyndan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
e) azap bermek ýa-da jebir çekdirmek häsiýetindäki usul bilen;
ä) huligançylyk niýeti bilen;
f) durmuş, milli, jyns ýa-da dini ýigrenç ýa-da duşmançylyk bilen;
g) gaýtadan edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
109-njy madda. Gazaplanma ýagdaýynda saglyga
bilkastlaýyn agyr zyýan ýetirmek
Jebir çekeniň zorluk etmegi, masgaralamagy ýa-da agyr kemsitmegi netijesinde ýa-da gaýry kanuna ters gelýän ýa-da ahlaksyz hereketleri (hereketsizligi), şonuň ýaly-da jebir çekeniň yzygiderli hukuga ters gelýän ýa-da özüni ahlaksyz alyp barmagy bilen dörän uzak wagtlap akyla zeper ýetirýän ýagdaý netijesinde birden dörän güýçli ruhy tolgunmasy (gazaplanmasy) ýagdaýynda saglyga bilkastlaýyn agyr zyýan ýetirene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
110-njy madda. Zerur goranyş çäklerinden çykmak
bilen ýa-da jenaýat eden adam tutulanda
saglyga bilkastlaýyn agyr zyýan ýetirmek
1. Zerur goranyş çäklerinden çykmak bilen, saglyga bilkastlaýyn agyr zyýan ýetirene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Jenaýat eden adamy tutmak üçin zerur bolan çäklerden çykmak bilen onuň saglygyna bilkastlaýyn agyr zyýan ýetirene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
111-nji madda. Horlamak
1. Adamy birsyhly urmak ýa-da gaýry zorlukly usul bilen fiziki ýa-da psihiki ezýetler berilse, ýöne ol şu Kodeksiň 107-nji we 108-nji maddalarynda göz öňünde tutulan netijelere getirmese,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) göwreliligi günäkäre görnetin bolup duran aýal babatda;
b) adamyň öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şol adam ýa-da onuň ýakyn adamlary babatda;
ç) kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda ýa-da biçäre ýagdaýdadygy günäkäre görnetin bolup duran ýa-da günäkäre maddy ýa-da başga hili garaşly bolan adam babatda, şeýle hem ogurlanan ýa-da girew hökmünde tutulan adam babatda;
d) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan köp adam tarapyndan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
e) iki ýa-da şondan köp adam babatda;
ä) gynamak arkaly;
f) hakyna tutmak arkaly;
g) durmuş, milli, jyns ýa-da dini ýigrenç ýa-da duşmançylyk bilen edilse,
üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
112-nji madda. Garaşlylyk ýagdaýynda ýa-da biçäre
ýagdaýda bolan adama ýowuz çemeleşmek
1. Garaşlylyk ýagdaýynda ýa-da kesellidigi, maýyplygy bolan, kämillik ýaşyna ýetmändigi ýa-da gartaşandygy üçin biçäre ýagdaýda bolan adama ýowuz çemeleşene,
bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş, eger seresapsyzlykdan adamyň ölümine ýa-da başga agyr netijelere getirse,
dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
113-nji madda. Saglyga seresapsyzlykdan agyr zyýan ýetirmek
Saglyga seresapsyzlykdan agyr zyýan ýetirene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
114-nji madda. Öldürmek ýa-da saglyga agyr zyýan
ýetirmek haýbatyny atmak
Öldürmek ýa-da saglyga agyr zyýan ýetirmek haýbatyny atana, eger bu haýbatyň amala aşyrylmagyndan ätiýaç etmek üçin esas bar bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
115-nji madda. Weneriki keseli bilkastlaýyn ýokuşdyrmak
1. Özünde ýokançly weneriki keseliň bardygyny bilse-de, bu weneriki keseli başga adama bilkastlaýyn ýokuşdyrana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişi, iki ýa-da şondan köp adam ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda edene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
116-njy madda. AIW ýokanjyny ýokuşdyrmak
1. Başga adamy AIW ýokanjyny ýokuşdyrmak howpuna görnetin goýana,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Özünde AIW ýokanjynyň bardygyny bilip, bilkastlaýyn, bu keseli başga adama ýokuşdyrana,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişi iki ýa-da şondan köp adam, ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda edene,
sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Lukman ýa-da farmasewtik işgärleri tarapyndan özleriniň hünär borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmezligi netijesinde AIW ýokanjyny başga adama ýokuşdyrsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
117-nji madda. Epidemiýa ýa-da pandemiýa diýlip
ykrar edilen howply ýokanç keselini
bejerişden zandyýamanlyk bilen
ýüz döndermek we ony ýokuşdyrmak
1. Epidemiýa ýa-da pandemiýa diýlip ykrar edilen howply ýokanç keselini bejerişden zandyýamanlyk bilen ýüz dönderip, gaçyp, başga adamlary bu keseli ýokuşdyrmak howpuna görnetin goýana,
iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleri gaýtadan edene ýa-da şeýle etmişler adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Epidemiýa ýa-da pandemiýa diýlip ykrar edilen howply ýokanç keseli bolan adama bejergiden gaçmaga ýardam edene,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
118-nji madda. Göwreliligi emeli usul bilen bikanun aýyrmak
1. Degişli ugurda ýokary lukmançylyk bilimi bolan adam tarapyndan hassahanadan ýa-da beýleki kesel bejeriş jaýyndan başga ýerde ýa-da kesel bejeriş jaýynda, ýöne bikanun esasda göwreliligi emeli usul bilen aýrylsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Göwreliligi emeli usul bilen aýyrtmaga mejbur edene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
3. Degişli ugurda ýokary lukmançylyk bilimi bolmadyk adam tarapyndan göwreliligiň emeli usul bilen aýrylmagy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler gaýtadan edilse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
5. Şu maddanyň birinji, ikinji, üçünji ýa-da dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr ýa-da orta agyrlykda zyýan ýetirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
119-njy madda. Keselli adama kömek bermezlik
1. Keselli adama kanuna ýa-da ýörite kada laýyklykda kömek bermäge borçly adam tarapyndan oňa esassyz sebäp bilen kömek berilmezligi onuň saglygyna orta agyrlykda zyýan ýetirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş, eger seresapsyzlykdan keselli adamyň saglygyna agyr zyýan ýetirse ýa-da onuň ölmegine getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
120-nji madda. Lukmançylyk işgäriniň professional
borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmezligi
1. Lukmançylyk işgäri tarapyndan professional borçlarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi, olara äsgermezlik edilmegi ýa-da päk ýürek bilen garalmazlygy netijesinde saglyga orta agyrlykda zyýan ýetirilse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar saglyga agyr zyýan ýetirse ýa-da seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
121-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň
janyny we saglygyny goramak boýunça
borçlaryň göwnejaý ýerine ýetirilmezligi
Gulluk boýunça borçlar ýüklenen çagalar ýa-da ýetginjekler edarasynyň işgäri tarapyndan kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň janyny we saglygyny goramak boýunça professional borçlaryň ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi, olara äsgermezlik edilmegi ýa-da päk ýürek bilen garalmazlygy seresapsyzlykdan kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň ölmegine ýa-da onuň saglygyna agyr zyýanyň ýetirilmegine getirse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
122-nji madda. Bikanun lukmançylyk etmek
1. Ýörite rugsady ýa-da degişli lukmançylyk bilimi bolmadyk adamyň lukmançylyk etmegi seresapsyzlykdan saglyga agyr zyýan ýetirse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş, eger seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine getirse,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
123-nji madda. Howp astynda galdyrmak
Jany we saglygy üçin howply ýagdaýda bolan we özüniň ýaşlygy, garrylygy, keselliligi zerarly ýa-da biçäreligi sebäpli özüni gorap saklamak üçin çäre görmek mümkinçiliginden mahrum bolan adamyny göz-görtele kömeksiz galdyran adama, eger jebir çekene kömek bermäge günäkäriň mümkinçiligi bolan bolsa we ol barada alada etmäge borçly bolan bolsa ýa-da günäkäriň özi jebir çekeni onuň jany üçin howply ýagdaýa salan bolsa,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu kodeksiň 364-nji we 403-nji maddalarynyň dördünji, altynjy we sekizinji böleklerinde göz öňünde tutulan jebir çekeniň howp astynda galdyrylyp, wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen bagly etmişi eden adam şu madda bilen jenaýat jogapkärçiligine çekilmäge degişli däldir.
XVII BAP. ŞAHSYÝETIŇ AZATLYGYNA,
NAMYSYNA WE MERTEBESINE GARŞY JENAÝATLAR
124-nji madda. Adamy ogurlamak
1. Adamy ogurlana,
dört ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
b) gaýtadan;
ç) adamyň jany we saglygy üçin howply bolan zorluk ulanmak ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen;
d) ýarag ýa-da ýarag hökmünde peýdalanylýan başga närseleri ulanmak bilen;
e) iki ýa-da şondan köp adamlar babatda;
ä) ogurlanan adamy Türkmenistanyň Döwlet serhediniň daşyna bikanun çykarmak ýa-da ony Türkmenistanyň Döwlet serhediniň daşyndan yzyna bikanun gaýtaryp getirmek bilen bagly bolsa;
f) göwreliligi günäkäre görnetin bolup duran aýal babatda;
g) transplantasiýa maksatlary üçin ogurlanan adamyň beden agzalaryny ýa-da dokumasyny almak bilen bagly;
h) betnebislik niýet bilen;
i) gulluk ýagdaýyndan peýdalanýan adam tarapyndan edilse,
on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
a) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan;
b) seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr zyýan ýetirse ýa-da başga agyr netijelere getirse;
ç) kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda edilse,
on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Ogurlanan adamy meýletin boşadan şahs, eger onuň hereketinde başga jenaýatyň alamaty bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
125-nji madda. Hakykat ýüzünde nikalaşmak maksady
bilen aýal-gyzy alyp gaçmak
Aýal-gyzyň erk-islegine garamazdan, onuň bilen hakykat ýüzünde nikalaşmak üçin alyp gaçana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
126-njy madda. Çagany çalşyrmak
Çagany bilkastlaýyn çalşyrana,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
127-nji madda. Azatlykdan bikanun mahrum etmek
1. Adamy alyp gaçmak bilen baglanyşykly bolman, ony azatlykdan bikanun mahrum edene,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
b) gaýtadan;
ç) jany we saglygy üçin howply bolan zorluk ulanmak bilen;
d) ýarag ýa-da ýarag hökmünde ulanylýan beýleki närseleri ulanmak bilen;
e) kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda;
ä) iki ýa-da şondan köp adamlar babatda edilse,
üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr zyýan ýetirse ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,
dört ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
128-nji madda. Adam söwdasy
1. Adam söwdasyny, ýagny adam söwdasynyň pidasynyň razylygyna garamazdan, ony ezmek maksady bilen yrana, daşana, geçirene, gizläp saklana ýa-da haýbat atmak, mejbur etmek, aldamak, adam söwdasynyň pidasynyň ynamyndan ýa-da gowşaklyk ýagdaýyndan peýdalanmak ýa-da onuň garaşly adamsyna berim bermek ýollaryny ulanmak arkaly adamy alana, şeýle hem adamy satyn alana-satana ýa-da onuň bilen bagly eýeçiligiň obýekti hökmünde garalýan gaýry bikanun geleşikleri edene,
dört ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
а) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) iki ýa-da şondan köp adam babatda;
d) kämillik ýaşyna ýetmedigi görnetin adam babatda;
e) göwrelidigi günäkäre görnetin mälim bolan aýal babatda;
ä) goragsyz ýa-da biçäre ýagdaýda galan ýa-da günäkäre garaşly bolan ýa-da agyr psihiki syrkawlykdan ejir çekýändigi günäkäre görnetin mälim bolan adam babatda;
f) wezipe ygtyýarlyklaryny peýdalanmak arkaly häkimiýet wekili, şonuň ýaly-da gulluk ýagdaýyndan peýdalanýan adam tarapyndan, täjirçilik ýa-da başga guramada dolandyryjy wezipeleri ýerine ýetirýän adam tarapyndan edilse;
g) pidanyň Türkmenistanyň Döwlet serhediniň daşyna bikanun çykarylmagy ýa-da Türkmenistanyň Döwlet serhedinden daşynda bikanun saklamak bilen bagly bolsa;
h) ýarag ulanmak arkaly ýa-da fiziki ýa-da psihiki zorluk ulanmak ýa-da zorluk ulanmak haýbatyny atmak bilen;
i) transplantasiýa maksatlary üçin pidanyň beden agzalaryny ýa-da dokumasyny almak bilen bagly bolsa;
j) adamy ýaragly çaknyşyklarda ýa-da harby hereketlerde ýa-da ýaragly birikmelerde ulanmak bilen bagly bolsa,
ž) jebir çekeniň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny almak, gizlemek ýa-da ýok etmek bilen edilse,
sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
a) seresapsyzlykdan pidanyň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr zyýan ýetirse ýa-da başga agyr netijelere getirse;
b) birnäçe adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply usul bilen;
ç) guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse,
on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Adam söwdasynyň pidasy onuň adam söwdasynyň pidasy bolmagy bilen şertlendirilen kanuna garşy hereketleri edendigi üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
2. Şu maddadaky adamy ezmek diýlip, adamyň mejbury zähmete ýa-da hyzmata çekilmegine, gulçulyk ýa-da gulçulyga kybapdaş derejä (ýagdaýa), gulçulyga kybapdaş elgarama ýagdaýa salynmagyna ýa-da adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň alynmagyna, ýaragly çaknyşyklarda ulanylmagyna, ol babatda jynsy häsiýetli hereketleriň edilmegine ýa-da adamy ezmegiň gaýry görnüşlerine düşünilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde bellenen haýsy-da bir täsir ediş serişdeleriň peýdalanylmagy bilen bagly bolmasa-da, kämillik ýaşyna ýetmedik adamy ezmek maksady bilen yrmak, daşamak, geçirmek, gizläp saklamak ýa-da almak adam söwdasy hasaplanylýar.
129-njy madda. Girewine almak
1. Şu Kodeksiň 253-nji (gorkuzyp almak) we 293-nji (terrorçylyk) maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň alamatlary bolmazdan girewine alnany azat etmegiň şerti hökmünde döwleti, halkara guramasyny, ýuridik ýa-da fiziki şahsy haýsydyr bir hereketi amala aşyrmaga ýa-da bu hereketleri amala aşyrmakdan saklanmaga mejbur etmek maksady bilen, öldürmek ýa-da syna zyýan ýetirmek howpuny salyp, adamy girew hökmünde tutana ýa-da saklana,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
b) gaýtadan;
ç) fiziki zorluk ulanmak bilen;
d) ýarag ýa-da ýarag hökmünde peýdalanylýan başga närseleri ulanmak bilen;
e) kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda;
ä) iki ýa-da şondan köp adam babatda edilse,
sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
a) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse;
b) seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr zyýan ýetirse ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,
on ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Girewine alnany meýletin azat eden adam, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň alamatlary bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
130-njy madda. Görnetin sagdyn adamy mejbury bejermek
1. Psihiatriýa ýatymlaýyn ýa-da ýapyk görnüşli gaýry kesel bejeriş jaýyna şeýle bejerişe görnetin mätäçlik çekmeýän adamy ýerleşdirene,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gulluk ýagdaýyny peýdalanan adam tarapyndan edilse;
b) görnetin kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda edilse;
ç) seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr zyýan ýetirse ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
131-nji madda. Töhmet
1. Töhmet atana, ýagny başga bir adamyň namysyna degýän we mertebesini kemsidýän ýa-da at-abraýyny gaçyrýan görnetin ýalan maglumatlary ýaýradana, eger bu köpçülikleýin çykyşda, köpçülige çykarylan eserde ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ýa-da Internet torlaryny peýdalanmak bilen amala aşyrylan bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da aýratyn agyr ýa-da korrupsiýa bilen bagly jenaýat etmekde aýyplamak bilen birlikde amala aşyrylan bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
XVIII BAP. JYNS GATNAŞYKLARY ÇYGRYNDAKY
JENAÝATLAR
132-nji madda. Zorlamak
1. Aýal-gyzy zorlana, ýagny fiziki zorlugy ulanyp ýa-da haýbat atmak bilen gorkuzyp, şeýle hem jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanyp, zyna edene,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan edilse;
b) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan köp adam ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlar topary tarapyndan edilse;
ç) jebir çekeni horlamak bilen edilse;
d) jebir çekene weneriki kesel ýokuşdyrsa;
e) kämillik ýaşyna ýetmedik adamdygy görnetin bolsa,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şonuň ýaly etmiş:
a) seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr zyýan ýetirse ýa-da oňa AIW ýokanjyny ýokuşdyrsa;
b) jebir çekeniň on dört ýaşyna ýetmedikdigi görnetin bolsa,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
133-nji madda. Beçebazlyk
1. Beçebazlyk, ýagny erkek adam bilen zyna eden erkek adama,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Fiziki zorluk etmek, ony ulanmaga howp salmak, şeýle hem jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanmak bilen, beçebazlyk edene,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan köp adam ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) kämillik ýaşyna ýetmedik adamdygy görnetin bolan babatda edilse;
d) jebir çekene weneriki kesel ýokuşdyrylsa,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň ikinji ýa-da üçünji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
a) on dört ýaşyna ýetmedikdigi görnetin bolan adam babatda edilse;
b) seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine ýa-da onuň saglygyna agyr zyýan ýetmegine ýa-da oňa AIW ýokanjynyň ýokuşdyrylmagyna getirse,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, on ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
134-nji madda. Jyns islegini azgynçylykly görnüşde
kanagatlandyrmak
1. Fiziki zorluk etmek, ony ulanmaga howp salmak, şeýle hem jebir çekeniň biçäreliginden peýdalanmak bilen, jyns islegini azgynçylykly görnüşde kanagatlandyrana,
iki ýyldan alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan köp adam ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilse;
ç) agyr netijelere getirse,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmiş kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar babatda edilse,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
135-nji madda. Adamy zyna ýakynlaşmasyna mejbur etmek
Ýalan haýbat atmak (şantaž), emlägi ýok etmek haýbatyny atmak arkaly işleýän ýerinde ýa-da başga ýerde ýa-da özüne maddy ýa-da başga bir jähetden tabyn bolan adamy zyna ýakynlaşmasyna, beçebazlyga ýa-da jyns häsiýetdäki başga hereketleri etmäge mejbur edene,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
136-njy madda. Jelepçilik bilen meşgullanmak
Jelepçilik bilen meşgullanana, eger ol bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
137-nji madda. Jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmek
1. Jelepçilik bilen meşgullanmaga çekene,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) fiziki zorlugy ýa-da ony ulanmak haýbaty bilen;
d) haýbat (şantaž) ýa-da aldaw ulanmak bilen edilse,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
137-nji, 138-nji, 139-njy, 140-njy we 155-nji maddalarda gaýtalanan diýlip, şu Kodeksiň şol maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň haýsydyr birini öň eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär.
138-nji madda. Azgynlyk etmek ýa-da jelepçilik bilen
meşgullanmak üçin jelephanalary
guramak ýa-da saklamak
1. Azgynlyk etmek ýa-da jelepçilik bilen meşgullanmak üçin jelephanalary gurana ýa-da saklana,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler gaýtadan edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
139-njy madda. Duşuryjylyk etmek
1. Azgynlyk etmek ýa-da jelepçilik bilen meşgullanmak üçin duşuryjylyk edene,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler gaýtadan edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
140-njy madda. Sutenýorlyk etmek
1. Sutenýorlyk edene, ýagny betnebislikden jelepçilik bilen meşgullanýan adamy jyns gatnaşygyny etmekde ulanmak maksady bilen peýdalanana,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş gaýtadan edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
141-nji madda. Görnetin on alty ýaşa ýetmedik
adam bilen zyna etmek
Görnetin on alty ýaşa ýetmedik adam bilen zyna edene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada bellenilen jenaýaty ilkinji gezek eden adamyň jebir çeken bilen ýaraşyp, bile ýaşaýandygy we bile hojalygy ýöredýändigi sebäpli, onuň eden etmişi jemgyýetçilik howpuny ýitiren bolsa, ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
142-nji madda. On alty ýaşa ýetmedik adam bilen
azgynçylyk hereketleriň edilmegi
Zorluk ulanmazdan, görnetin on alty ýaşa ýetmedik adam bilen azgynçylyk hereketlerini edene,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
XIX BAP. ADAMYŇ WE RAÝATYŇ KONSTITUSION HUKUKLARYNA WE AZATLYKLARYNA GARŞY JENAÝATLAR
143-nji madda. Adamyň we raýatyň deň hukuklylygynyň
bozulmagy
1. Milleti, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk hem wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ynam-ygtykady ýa-da gaýry ýagdaýlar bilen baglylykda adamyň we raýatyň hukuklaryny hem azatlyklaryny göni ýa-da gytaklaýyn bozana ýa-da çäklendirene, eger bu etmişler agyr netijelere getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilse,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
144-nji madda. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy
1. Başga bir adamyň şahsy ýa-da maşgala syryny düzýän, şahsy durmuşy hakyndaky maglumatlary onuň razylygy bolmazdan bikanun ýygnana, saklana ýa-da şol maglumatlary köpçülikleýin çykyşda, köpçülige çykarylan eserde ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýradana, eger bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olar bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) özüniň gulluk ýagdaýyny peýdalanan adam tarapyndan;
b) görnetin kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda;
ç) maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly;
d) betnebislikli niýet bilen edilse,
üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler agyr netijelere getirse,
üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan altmyşysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
145-nji madda. Hat-habarlaryň, telefon gepleşikleriň we
beýleki habarlaryň syrynyň bozulmagy
Raýatlaryň hat-habarlarynyň, telefon gepleşikleriniň we beýleki habarlarynyň syryny bilkastlaýyn bozana, eger ol bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan ýa-da gulluk ýagdaýynyň peýdalanylmagy bilen edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
146-njy madda. Ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizliginiň bozulmagy
Ýaşaýyş jaýyna bikanun girene ýa-da onda ýaşaýan adamyň erkiniň garşysyna edilen, ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligini başga hili bozana, eger ol bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan ýa-da fiziki zorluk ulanyp ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
147-nji madda. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň ýa-da sala
salşyklara gatnaşmaga bolan hukugynyň
amala aşyrylmagyna päsgel bermek
Zorluk ulanmak, aldaw, haýbat atmak, galplaşdyrmak ýoly bilen raýatlaryň saýlaw hukuklaryny ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukugyny erkin amala aşyrmagyna päsgel berene, şonuň ýaly-da saýlawçylara bermit berene ýa-da ony bermäge gatnaşana,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
148-nji madda. Raýatlaryň saýlaw hukuklaryny ýa-da sala
salşyklara gatnaşmaga bolan hukugyny bozmak
Saýlaw toparynyň agzasy tarapyndan ses bermegiň gizlinligini bozmak, saýlaw resminamalaryny galplaşdyrmak, görnetin ýalan resminamalary düzmek we bermek, sesleri görnetin nädogry sanamak ýa-da ses bermegiň jemlerini görnetin nädogry takyklamak, saýlawlaryň, sala salşygyň netijelerini kesgitlemegi görnetin nädogry amala aşyrmak arkaly raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň ýa-da sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukugynyň bozulmagy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlygy çäklendirmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)
149-njy madda. Zähmeti goramagyň kadalarynyň bozulmagy
1. Tehniki howpsuzlyk kadalaryny ýa-da zähmeti goramagyň başga kadalaryny berjaý etmek boýunça borçlar ýüklenen adam tarapyndan bu kadalaryň bozulandygy üçin, eger bu etmiş adam saglygyna agyr zyýanyň ýetirilmegine getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş, eger ol seresapsyzlykdan adamyň ölümine getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
150-nji madda. Göwreli aýaly ýa-da üç ýaşyna ýetmedik
çagasy bolan adamy işe kabul etmekden
esassyz boýun gaçyrmak ýa-da işden
esassyz çykarmak
Göwreli aýaly ýa-da üç ýaşyna ýetmedik çagasy bolan adamy onuň göwreliligini ýa-da üç ýaşyna ýetmedik çagasynyň bardygyny bahana edip, ony işe kabul etmekden esassyz boýun gaçyrana, şeýle hem şol bahanalar bilen adamy işden esassyz çykarana,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
151-nji madda. Awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň,
patent eýeleriniň hukuklarynyň bozulmagy
Awtorlygyň eýelenilmegi, awtorlyk ýa-da gatyşyk hukuklaryň obýektleriniň, şeýle hem patent bilen goralýan oýlap tapyşlaryň, peýdaly modeliň ýa-da senagat nusgasynyň bikanun peýdalanylmagy, eger ol bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
152-nji madda. Dini guramalaryň kanuny işine päsgel bermek
1. Dini guramalaryň jemgyýetçilik tertibini bozmaýan we raýatlaryň hukuklaryna, azatlyklaryna we kanuny bähbitlerine kast etmek bilen baglanyşykly bolmadyk kanuny işine ýa-da dini däp-dessurlaryň amala aşyrylmagyna päsgel berilmegi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş, eger ol zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen utgaşdyrylan bolsa,
iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
XX BAP. KÄMILLIK ÝAŞYNA ÝETMEDIK ADAMLARYŇ,
MAŞGALANYŇ WE AHLAKLYLYGYŇ GARŞYSYNA
JENAÝATLAR
153-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamy
jenaýat etmäge çekmek
1. On sekiz ýaşyna ýeten adam kämillik ýaşyna ýetmedik adamy jenaýat etmäge çekse,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Ata-ene, pedagogik işgäri ýa-da kanun arkaly kämillik ýaşyna ýetmedik adam hakynda alada etmek borçlary üstüne ýüklenen başga adam tarapyndan ýa-da maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly şonuň ýaly etmiş edilse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler fiziki zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen amala aşyrylsa,
dört ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamy guramaçylykly jenaýatçylykly topara ýa-da jenaýatçylykly bileleşige çekmek bilen ýa-da aýratyn agyr jenaýaty etmäge çekmek bilen baglanyşykly şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler üçin,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
154-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamy jemgyýete
garşy hereketler etmäge çekmek
On sekiz ýaşyna ýeten adam kämillik ýaşyna ýetmedik adamy alkogolly içgileri yzygiderli içmäge, seri dumanladyjy maddalary bikanun ulanmaga, sergezdançylyk ýa-da gedaýçylyk bilen meşgullanmaga çekse, eger ol bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň, bir ýylyň dowamynda gaýtadan ýa-da fiziki zorluk ulanyp ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen edilen bolsa,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
155-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamy
jelepçilik bilen meşgullanmaga çekmek
1. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamy jelepçilik bilen meşgullanmaga çekene,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) fiziki zorlugy ýa-da ony ulanmak haýbaty bilen;
d) haýbat (şantaž) ýa-da aldaw ulanmak bilen edilse,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
156-njy madda. Perzentlige almak syrynyň aýan edilmegi
Gulluk ýa-da wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykda özüne mälim bolan çaganyň perzentlige alynmagynyň syryny ýaşyrynlykda saklamaga borçly adam tarapyndan çagany perzentlige alanlaryň erkiniň garşysyna çagany perzentlige almak syrynyň aýan edilmegi üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
157-nji madda. Hossarlyk we howandarlyk hukuklaryndan
hyýanatly peýdalanmak
Hossarlygy, howandarlygy ýa-da penakärligi hossarlyk edilýäniň ýa-da penakärlik edilýäniň zyýanyna betnebislik maksady bilen peýdalanana, şeýle hem hossarlyk ýa-da penakärlik edilýäni gözegçiliksiz we zerur kömeksiz galdyrana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
158-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik adamy terbiýelemek
boýunça borçlary zandyýamanlyk bilen bozmak
Kämillik ýaşyna ýetmedik adamy terbiýelemek hakynda onuň ata-enesi tarapyndan ýa-da şeýle borç ýüklenen adam tarapyndan aladalanmak borçlarynyň zandyýamanlyk bilen bozulmagy, şonuň ýaly-da bilim edarasynyň mugallymçylyk işgäri ýa-da başga işgäri tarapyndan bozulmagy, eger şeýle etmiş kämillik ýaşyna ýetmedik adama ýowuz daramak bilen utgaşdyrylsa ýa-da onuň saglygyna düýpli zyýan ýetirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, dört ýyla çenli möhlete azatlygy çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)
159-njy madda. Çagalary ýa-da işe ýarawsyz ata-eneleri
ekläp-saklamak üçin serişdeleriň tölenilmezligi
1. Ata-eneleriň kämillik ýaşyna ýetmedik, şonuň ýaly-da kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz çagalaryny ekläp-saklamak üçin kazyýetiň karary ýa-da aliment tölemek hakynda notarial tertipde tassyklanan şertnama boýunça serişde tölemekden esasly sebäpler bolmazdan iki aý we şondan köp möhlet bilen boýun gaçyrandygy üçin, eger bu hukuk bozulmalary üçin bir ýylyň dowamynda administratiw temmisi iki gezek ulanylan adam tarapyndan amala aşyrylan bolsa ýa-da zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlygy çäklendirmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukyply çagalaryň kazyýetiň çözgüdi ýa-da aliment tölemek hakynda notarial tertipde tassyklanan şertnama boýunça zähmete ukypsyz ata-enelerini ekläp-saklamak üçin serişde tölemekden esasly sebäpler bolmazdan iki aý we şondan köp möhlet bilen boýun gaçyrandygy üçin, eger bu hukuk bozulmalary üçin bir ýylyň dowamynda administratiw temmisi iki gezek ulanylan adam tarapyndan amala aşyrylan bolsa ýa-da zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlygy çäklendirmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)
160-njy madda. Aýal-gyzy nika baglaşmaga mejbur etmek
ýa-da olaryň nika baglaşmagyna päsgel bermek
1. Aýal-gyzy nika baglaşmaga ýa-da nikaly ýaşamagyny dowam etdirmäge mejbur edene, şonuň ýaly-da zorluk edip ýa-da zorlugy ulanmak haýbatyny atyp, aýal-gyzyň özleriniň islegine görä nika baglaşmagyna päsgel berene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Nika ýaşyna ýetmedik adamy hakykat ýüzünde nikalaşmaga mejbur edene,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
161-nji madda. Köp aýallylyk
Köp aýallylyk, ýagny bir hojalykda iki ýa-da birnäçe aýal bilen bile ýaşap, umumy hojalygy bilelikde ýöredene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
162-nji madda. Pornografik materiallary ýa-da pornografik
häsiýetli zatlary taýýarlamak ýa-da ýaýratmak
1. Pornografik materiallary, çap neşirlerini, şekillerini, kino ýa-da wideo filmleri ýa-da pornografik mazmunly sahnalary, başga pornografik häsiýetli zatlary betnebislikden ýa-da ýalan haýbat atmak maksady bilen taýýarlana ýa-da söwdasyny edene ýa-da mahabat edene ýa-da başga hili ýaýradana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler gaýtadan ýa-da guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar babatynda edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler adamlaryň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, dört ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
163-nji madda. Mazaryň hormatyny gaçyrmak
1. Mazaryň hormatyny gaçyrana,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Mazaryň hormatyny gaçyryp, ýadygärlikleriň ýa-da mazaryň üstündäki ýa-da içindäki beýleki zatlary ogurlana ýa-da meýdiň hormatyny gaçyrana,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
164-nji madda. Taryhy we medeni ýadygärlikleri bilkastlaýyn
ýok etmek, ýykmak ýa-da zaýalamak
Döwletiň goragy astyna alnan taryhy we medeni ýadygärlikleri ýa-da tebigy obýektleri bilkastlaýyn ýok edene, ýykana ýa-da zaýalana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
VIII BÖLÜM. PARAHATÇYLYGA WE ADAMZADYŇ
HOWPSUZLYGYNA GARŞY JENAÝATLAR
XXI BAP. PARAHATÇYLYGA WE ADAMZADYŇ HOWPSUZLYGYNA GARŞY JENAÝATLAR
165-nji madda. Urşy wagyz etmek
1. Urşy wagyz edene, ýagny köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmak ýa-da başga usul bilen basybalyjy urşuň alnyp barylmagyna çagyryşlar ýaýradana,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse,
bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
166-njy madda. Agressiw urşy meýilleşdirmek, taýýarlamak,
başlamak ýa-da alyp barmak
1. Agressiw urşuň meýilleşdirilendigi ýa-da taýýarlanylandygy üçin,
on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Agressiw urşuň başlanylandygy ýa-da alnyp barlandygy üçin,
on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
167-nji madda. Agressiw urşuň başlanylmagyny wagyz
etmek we oňa açyk çagyryşlar
1. Agressiw urşuň başlanylmagynyň wagyz edilendigi we oňa açyk çagyryşlaryň edilendigi üçin,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, elektron ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ýa-da Internet torlaryny peýdalanmak bilen ýa-da jogapkärli ýagdaýy eýeleýän wezipeli adam tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
168-nji madda. Köpçülikleýin gyryş ýaragyny öndürmek,
edinmek ýa-da satmak
1. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda gadagan edilen ýadro, himiýa, biologik, şeýle hem köpçülikleýin gyryş ýaragynyň beýleki görnüşleriniň öndürilendigi, edinilendigi ýa-da satylandygy üçin,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen serişdeleri öndürmek ýa-da edinmek maksady bilen maliýe we beýleki hyzmatlaryň bilkastlaýyn berlendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
169-njy madda. Urşy alyp barmagyň gadagan edilen
serişdelerini we usullaryny ulanmak
1. Harby ýesirlere ýa-da raýat ilatyna ýowuz çemeleşilendigi, raýat ilatynyň ýurdundan kowulyp çykarylandygy, basylyp alnan çäkde milli emlägiň ýok edilendigi ýa-da talanylandygy, ýaragly çaknyşykda Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda gadagan edilen serişdeleriň we usullaryň ulanylandygy üçin,
on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda gadagan edilen köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ulanylandygy üçin,
on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
170-nji madda. Urşuň kanunlaryny we adatlaryny bozmak
1. Ýaragyny tabşyran ýa-da gorag serişdeleri bolmadyk adamlaryň, ýaralananlaryň, kesellileriň, gämi heläkçiliginde jebir çekenleriň, lukmançylyk işgärleriniň, sanitar işgärleriň, dini wekilleriň, harby ýesirleriň, basylyp alnan çägiň ýa-da harby hereketleriň geçirilýän ýerleriň raýat ilatynyň, harby hereketler döwründe halkara goragyndan peýdalanýan gaýry adamlaryň garşydaşyň ýaragly güýçlerinde gulluga ýa-da göçmäge mejbur edilendigi ýa-da olaryň garaşsyz we adyl kazyýete bolan hukugyndan mahrum edilendigi ýa-da bu adamlaryň jenaýat kazyýet önümçiliginde goraga bolan hukugynyň çäklendirilendigi üçin,
üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň saglygyna agyr zyýan ýetirilendigi ýa-da horlanandygy ýa-da olarda lukmançylyk, biologik we beýleki synaglaryň geçirilendigi ýa-da olaryň goşunlara ýa-da desgalara harby hereketlerden gorag üçin peýdalanylandygy ýa-da şeýle adamlaryň girew hökmünde basylyp alnandygy we saklanandygy ýa-da raýat ilatynyň mejbury işlere kowulandygy üçin,
bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň bilkastlaýyn öldürilendigi üçin,
on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
171-nji madda. Ýaragly çaknyşyklar döwründe halkara
ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň
jenaýatçylykly bozulmalary
Ýaragly çaknyşyklar döwründe halkara ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň şu jenaýatçylykly bozulmalary üçin,
a) urşy alyp barmagyň hetdenaşa zyýan ýetirýän ýa-da saýlawsyz hereketi bolan hasap edilip bilinjek serişdeleriniň we usullarynyň ulanylmagy;
b) tebigy gurşawa giňişleýin, uzak wagtlaýyn we düýpli zyýanyň bilkastlaýyn ýetirilmegi;
ç) gorag maksatly Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý tapawutlandyryş nyşanlary bolan işgärlere, gurluşlara, gurallara, ulag düzümlerine we ulag serişdelerine hüjüm edilmegi;
d) harby hereketleri alyp barmagyň usuly hökmünde raýat ilatynyň arasyndaky açlygyň peýdalanylmagy;
e) on bäş ýaşyna ýetmedik adamlaryň ýaragly güýçlere yrylmagy ýa-da olara harby hereketlere gatnaşmaga rugsat edilmegi;
ä) on sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň döwletiň ýaragly güýçlerinden tapawutly ýaragly toparlara yrylmagy ýa-da olaryň bu ýaragly toparlaryň düzüminde harby hereketlerde peýdalanylmagy;
f) harby zerurlyk bolmazdan emlägiň uly möçberde ýumrulmagy, zaýalanmagy ýa-da eýelenilmegi;
g) goralmaýan ýerleriň we harbylaşdyrylmadyk zolaklaryň hüjüm obýektine öwrülmegi;
h) gorag astynda bolan medeni gymmatlyklaryň hüjüm obýektine öwrülmegi ýa-da ýok edilmegi ýa-da uly möçberde ogurlanmagy, şonuň ýaly-da harby zerurlyk bolmazdan bu gymmatlyklar babatda wandalçylyk hereketleriň edilmegi;
i) harby zerurlyk bolmazdan berk gorag astynda bolan medeni gymmatlyklaryň ýa-da olara gös-göni ýanaşyk ýerleriň harby hereketleri goldamak üçin peýdalanylmagy, şonuň ýaly-da bu gymmatlyklaryň ýa-da olara gös-göni ýanaşyk ýerleriň hüjüm obýektine öwrülmegi;
j) söweş meýdanynda galdyrylan ýaralananlary we ölenleri çykarmak, çalyşmak ýa-da daşamak maksady bilen baglaşylýan ýaraşyk, harby hereketleri bes etmek ýa-da togtatmak barada ylalaşyklaryň ýa-da ýerli ylalaşyklaryň bozulmagy;
ž) raýat ilatyna ýa-da aýry-aýry adamlara hüjüm edilmegi;
k) hüjüm edilmeginiň raýat ilatynyň arasynda hetdenaşa ýitgilere getirjekdigi ýa-da raýat obýektlerine hetdenaşa zyýan ýetirjekdigi görnetin belli bolsa-da, raýat ilatyna ýa-da raýat obýektlerine täsiri degýän saýlamasyz häsiýetli hüjümiň edilmegi;
l) hüjüm edilmeginiň raýat ilatynyň arasynda hetdenaşa ýitgilere getirjekdigi ýa-da raýat obýektlerine hetdenaşa zyýan ýetirjekdigi görnetin belli bolsa-da, özünde howp saklaýan obýektlere hüjüm edilmegi;
m) gös-göni harby hereketlere gatnaşmagyny bes edendigi günäkäre görnetin mälim bolan adama hüjüm edilmegi;
n) öz raýat ilatynyň böleginiň basylyp alnan çäge göçürilmegi;
ň) harby ýesirleriň we raýat ilatynyň ýurtlaryna gaýtarylmagynyň esassyz saklanylmagy;
o) urşy alyp barmagyň Türkmenistanyň halkara şertnamasynda gadagan edilen gaýry serişdeleriniň we usullarynyň ýaragly çaknyşykda ulanylmagy,
on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
172-nji madda. Ýaragly çaknyşyk döwründe hereketsizlik
ýa-da jenaýatçylykly buýruk berilmegi
1. Ýaragly çaknyşyk döwründe başlygyň ýa-da wezipeli adamyň tabynlygyndakylar tarapyndan şu Kodeksiň 169-njy maddasynyň ikinji böleginde, 170-nji we 171-nji maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň taýýarlanylmagyny duýdurmak ýa-da olaryň edilmeginiň öňüni almak üçin, onuň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ähli mümkin bolan çäreleri bilkastlaýyn kabul etmändigi üçin,
ýedi ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Ýaragly çaknyşyk döwründe başlyk ýa-da wezipeli adam tarapyndan tabynlygyndakylara hiç kimi diri galdyrmazlyga ýa-da şu maddanyň birinji böleginde görkezilen jenaýatlaryň edilmegine gönükdirilen görnetin jenaýatçylykly gaýry buýrugyň ýa-da görkezmäniň berlendigi üçin,
on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
173-nji madda. Halkara şertnamalar arkaly goralýan
nyşanlardan bikanun peýdalanylmagy
Harby hereketler döwründe halkara şertnamalarynyň talaplaryna garamazdan, Gyzyl Hajyň, Gyzyl Ýarymaýyň nyşanlaryndan ýa-da medeni gymmatlyklaryň gorag nyşanlaryndan ýa-da halkara hukugy tarapyndan goralýan gaýry nyşanlardan bilkastlaýyn peýdalanylandygy ýa-da bitarap döwletiň Döwlet baýdagyndan ýa-da halkara guramalarynyň baýdagyndan ýa-da nyşanlaryndan peýdalanylandygy üçin,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
174-nji madda. Genosid
1. Genosid, ýagny adamlaryň haýsydyr bir milli, etniki, jynsy ýa-da dini toparyny onuň agzalaryny öldürmek, olaryň saglygyna agyr zyýan ýetirmek, zorlukly göçürmek, çaga dogulmagyny zorluk bilen kemeltmek, çagalaryny mejbury berdirmek ýa-da şeýle toparyň fiziki taýdan doly ýa-da bölekleýin ýok edilmegine niýetlenen gaýry ýaşaýyş şertlerini döretmek ýoly bilen doly ýa-da bölekleýin ýok etmäge gönükdirilen bilkastlaýyn etmişler üçin,
on bäş ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar harby döwürde edilse,
on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
175-nji madda. Ekosid
Ekosid, ýagny ösümlik ýa-da haýwanat dünýäsiniň köpçülikleýin gyrylmagy, atmosferanyň, ýer ýa-da suw serişdeleriniň zäherlenilendigi, şeýle hem ekologik heläkçiligine ýa-da adatdan daşary ekologik ýagdaýa getiren ýa-da getirip biljek gaýry hereketleriň edilendigi üçin,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
176-njy madda. Hakyna tutma
1. Hakyna tutulanyň toplanylandygy, okadylandygy, maliýeleşdirilendigi ýa-da onuň başgaça maddy taýdan üpjün edilendigi, şonuň ýaly-da hakyna tutulanyň ýaragly çaknyşykda ýa-da başga harby hereketlerde ýa-da döwletiň konstitusion gurluşynyň ýa-da çäk bitewüliginiň zorlukly üýtgedilmegine gönükdirilen zorlukly hereketlerde peýdalanylandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, ýedi ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Hakyna tutulanyň ýaragly çaknyşyga ýa-da başga harby hereketlere ýa-da döwletiň konstitusion gurluşynyň ýa-da çäk bitewüliginiň zorlukly üýtgedilmegine gönükdirilen başga zorlukly hereketlere gatnaşandygy üçin,
ýedi ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan etmişler adamlaryň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getiren bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Ýaragly çaknyşyklara ýa-da harby hereketlere gatnaşýan döwletiň raýaty bolup durmaýan, onuň çäklerinde hemişelik ýaşamaýan we ol döwlet tarapyndan resmi borçlary ýerine ýetirmek üçin ygtyýarly edilmedik we maddy sylag almak maksady bilen ýaragly çaknyşyklara, harby hereketlere ýa-da gaýry zorlukly hereketlere gatnaşýan adam hakyna tutulan diýlip hasap edilýär.
177-nji madda. Hakyna tutmaga çagyryşlary etmek,
hakyna tutulanlary taýýarlamak üçin
ýöriteleşdirilen ýerleri döretmek
1. Hakyna tutmaga çagyryşlaryň edilmegi, eger olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, elektron ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ýa-da Internet torlaryny peýdalanmak bilen ýa-da wezipeli adam tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Görnetin hakyna tutulanlary taýýarlamaga niýetlenen ýöriteleşdirilen ýerleriň döredilendigi ýa-da görnetin şeýle maksatlar üçin jaýlaryň ýa-da ýer bölekleriniň berlendigi, şeýle maksatlar üçin Internet hyzmatlarynyň edilendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
178-nji madda. Daşary ýurtlarda harby çaknyşyklara
ýa-da harby hereketlere gatnaşmak
Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurtlarda harby çaknyşyklara ýa-da harby hereketlere gatnaşandygy üçin, eger onda şu Kodeksiň 176-njy maddasynda göz öňünde tutulan jenaýatyň alamatlary bolmasa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
179-njy madda. Halkara goragyndan peýdalanýan
adamlara çozuş etmek
1. Halkara goragyndan peýdalanýan daşary ýurt döwletiniň wekiline ýa-da halkara guramasynyň işgärine, şeýle hem halkara goragyndan peýdalanýan adamlaryň gulluk ýa-da ýaşaýan jaýlaryna ýa-da ulag serişdesine çozuş edene, eger bu hereketler uruş öjükdirmesi ýa-da halkara gatnaşyklaryny çylşyrymlaşdyrmak maksady bilen edilse,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
ç) ýarag ulanmak bilen edilse,
sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,
on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
IX BÖLÜM. DÖWLETE GARŞY JENAÝATLAR
XXII BAP. DÖWLETIŇ KONSTITUSION GURLUŞYNYŇ
ESASLARYNA WE HOWPSUZLYGYNA GARŞY
JENAÝATLAR
180-nji madda. Döwlete dönüklik etmek
1. Döwlete dönüklik edilendigi, ýagny Türkmenistanyň raýaty tarapyndan bilkastlaýyn harby çaknyşyk döwründe duşmanyň tarapyna geçilendigi, şonuň ýaly-da içalylyk edilendigi, daşary ýurt döwletine, halkara we daşary ýurt guramalaryna ýa-da olaryň wekillerine Türkmenistanyň milli bähbitlerine garşy gönükdirilen duşmançylykly işi geçirmek üçin döwlet syrlarynyň berlendigi ýa-da gaýry kömek edilendigi üçin,
on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar harby döwürde edilen bolsa,
on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Eger şu maddada, şeýle hem şu Kodeksiň 181-nji we 184-nji maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlary eden adam bu barada meýletin we öz wagtynda döwlet edaralaryna habar bermek ýa-da gaýry usul bilen Türkmenistanyň bähbitlerine zyýan ýetirilmeginiň öňüniň alynmagyna ýardam eden bolsa we onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, onda ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
181-nji madda. Içalylyk
Döwlet syryny düzýän maglumatlaryň daşary ýurt döwletine, halkara we daşary ýurt guramasyna ýa-da olaryň wekillerine berilmegi, şonuň ýaly-da bermek maksady bilen olaryň toplanylmagy, ogurlanylmagy ýa-da saklanylmagy, şeýle hem maglumatlaryň Türkmenistanyň milli bähbitleriniň zyýanyna peýdalanylmagy üçin olaryň daşary ýurt razwedkasynyň tabşyrygy boýunça berilmegi ýa-da toplanylmagy, eger bu etmişler daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam tarapyndan edilen bolsa,
on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
182-nji madda. Ýykgynçylyk
1. Türkmenistanyň howpsuzlygyny we goranmak ukybyny opurmak maksady bilen adamlaryň köpçülikleýin ýok edilmegine, olaryň saglygyna zyýan ýetirilmegine, kärhanalaryň, desgalaryň, gatnaw ýollarynyň we serişdeleriniň, aragatnaşyk serişdeleriniň, ilatyň ýaşaýyş üpjünçilik desgalarynyň ýumrulmagyna ýa-da zaýalanmagyna gönükdirilen partlamanyň, otlamanyň ýa-da gaýry hereketleriň edilendigi, şonuň ýaly-da şol maksatlar bilen köpçülikleýin zäherlemeleriň edilendigi ýa-da epidemiýalaryň we epizootiýalaryň ýaýradylandygy üçin,
sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
ç) ýarag ulanmak bilen edilse,
on ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,
on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu Kodeksiň 182-nji we 376-njy maddalarynda gaýtadan diýlip, şu maddalarda göz öňünde tutulan jenaýatlardan birini öň eden bolsa hasap edilýär.
183-nji madda. Häkimiýeti basyp almak maksady
bilen dildüwşük etmek
1. Häkimiýeti zorlukly basyp almak we (ýa-da) konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmek maksady bilen dildüwşük edene,
sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,
on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
184-nji madda. Döwlet häkimiýetini basyp almak ýa-da eýelemek
1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny bozmak arkaly döwlet häkimiýetini basyp almaga, eýelemäge ýa-da saklamaga, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny zorlukly üýtgetmäge gönükdirilen hereketler üçin,
on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Daşary ýurt döwletiniň, halkara ýa-da daşary ýurt guramasynyň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň ygtyýarly edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklarynyň amala aşyrylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
185-nji madda. Konstitusion gurluşy zorlukly
üýtgetmäge bolan çagyryşlar
1. Häkimiýeti zorlukly basyp almaga we (ýa-da) konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmäge bolan köpçülikleýin çagyryşlary edene,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ýa-da Internet torlaryny peýdalanmak bilen edilse,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen etmişleriň ýerine ýetirilmegine maliýe we beýleki hyzmatlaryň edilendigi üçin,
emlägi muzdsuz alyp, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
186-njy madda. Ýaragly gozgalaň etmek
Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny agdarmak ýa-da zorlukly üýtgetmek ýa-da Türkmenistanyň unitarlygyny, çäk bitewüligini, onuň eldegrilmesizligini we mizemezligini bozmak maksatlary bilen ýaragly gozgalaň edilmeginiň guralandygy ýa-da oňa gatnaşylandygy üçin,
on iki ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
187-nji madda. Türkmenistanyň çäk bitewüligini
bozmaga gönükdirilen hereketler
1. Türkmenistanyň çäk bitewüligini, onuň eldegrilmesizligini we mizemezligini bozmaga ýa-da döwletiň düzüm böleklere bölünmegine gönükdirilen hereketleriň wagyz edilendigi ýa-da olary etmäge açyk çagyryşlaryň edilendigi, şonuň ýaly-da şeýle mazmunly materiallaryň ýaýratmak maksady bilen taýýarlanandygy, saklanandygy ýa-da ýaýradylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, elektron ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ýa-da Internet torlaryny peýdalanmak bilen ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam, jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Türkmenistanyň çäk bitewüligini, onuň eldegrilmesizligini we mizemezligini bozmaga ýa-da döwletiň düzüm böleklere bölünmegine gönükdirilen hereketleriň edilendigi üçin,
on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
188-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentine kast etmek
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň janyna we saglygyna kast edene,
on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Türkmenistanyň Prezidenti babatda kemsidene ýa-da töhmet atana,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
189-njy madda. Durmuş, milli, tire-taýpa, etniki, jynsy, dini
duşmançylygy ýa-da agzalalygy döretmek
1. Durmuş, milli, tire-taýpa, etniki, jynsy, dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy döretmäge, milli mertebäni kemsitmäge gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri edene, şeýle hem adamyň we raýatyň dine garaýşyna, durmuş, milli, etniki ýa-da jynsy degişliliginiň alamatlary boýunça olaryň aýratyn ýa-da doly bahaly däldigini wagyz edene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini peýdalanmak bilen edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyldan dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilse,
üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler fiziki zorluk ulanyp ýa-da ony ulanmak howpuny salyp edilse, şeýle hem guramaçylykly topar tarapyndan edilse,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
190-njy madda. Ekstremistik guramanyň döredilmegi
1. Ekstremistik guramanyň döredilendigi, şonuň ýaly-da özleri babatda olary ekstremistik diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi bolan şeýle guramanyň ýa-da onuň bir böleginiň işiniň guralandygy ýa-da olara ýolbaşçylyk edilendigi üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Adamyň ekstremistik guramanyň işine çekilendigi, şonuň ýaly-da ekstremistik guramanyň işine gatnaşylandygy ýa-da onuň nyşanlarynyň açyk görkezilendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar kämillik ýaşyna ýetmedik adamy çekmek arkaly ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Ekstremistik guramanyň işine gatnaşmagy meýletin bes eden adam, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
191-nji madda. Ekstremistik ýa-da Türkmenistanyň milli
howpsuzlygyna zyýan ýetirilmegine gönükdirilen
başga hereketleri etmäge açyk çagyryşlar
1. Ekstremistik hereketleri etmäge ýa-da Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna zyýan ýetirilmegine gönükdirilen başga hereketleri etmäge açyk çagyryşlaryň edilendigi ýa-da görnetin ekstremistik materiallaryň köpçülikleýin ýaýradylandygy, şonuň ýaly-da olaryň köpçülikleýin ýaýratmak maksady bilen taýýarlanylandygy ýa-da saklanylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, elektron ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ýa-da Internet torlaryny peýdalanmak bilen edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Ekstremistik materiallaryň ýa-da Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna zyýan ýetirilmegine gönükdirilen başga materiallaryň metbugatda, şol sanda beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen, şol sanda Internet torunda çap edilmegine ýa-da ýaýradylmagyna rugsat berlendigi üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
192-nji madda. Ekstremizmi maliýeleşdirmek
1. Ekstremistik hereketleriň guralmagyny, taýýarlanmagyny ýa-da edilmegini maliýeleşdirmek, şonuň ýaly-da ekstremistik guramanyň işini üpjün etmek üçin görnetin niýetlenilen serişdeleriň berlendigi, ýygnalandygy ýa-da maliýe hyzmatlarynyň edilendigi ýa-da gaýry, şol sanda okatmak we maddy-enjamlaýyn kömegini, aragatnaşygyň telefon we gaýry görnüşlerini bermek ýa-da maglumatlaýyn hyzmatlary etmek arkaly ýardam edilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da uly möçberde edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty eden adam, eger ol öz wagtynda döwlet häkimiýet edaralaryna habar bermek arkaly ýa-da başga ýol bilen ekstremistik hereketleriň, şonuň ýaly-da ekstremistik guramanyň işiniň öňüniň alynmagyna ýardam eden bolsa, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
193-nji madda. Döwlet nyşanlarynyň hormatyny gaçyrmak
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň ýa-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň hormatyny gaçyrana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
194-nji madda. Döwlet syrlaryny bikanun ýol bilen
almak, aýan etmek we ýaýratmak
1. Şu Kodeksiň 180-nji (döwlete dönüklik etmek) we 181-nji (içalylyk) maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň alamatlary bolmazdan resminamalary ogurlamak, döwlet syryna ygtyýary bolan adama ýa-da onuň ýakyn adamlaryna bermit bermek ýa-da olary gorkuzmak, aragatnaşyk serişdelerinden gerekli maglumatlary bikanun almak, kompýuter ulgamyna ýa-da toruna bikanun aralaşmak, ýörite tehniki serişdeleri peýdalanmak ýa-da başga bikanun usullar arkaly döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary toplana, şonuň ýaly-da bikanun toplanan döwlet syrlaryny düzýän maglumatlary ýaýradana,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Düzüminde döwlet syry bolan maglumatlar gulluk ýa-da iş boýunça özüne ynanylan ýa-da mälim bolan adam tarapyndan şeýle maglumatlaryň aýan edilmegi, eger şunda şu Kodeksiň 180-nji (döwlete dönüklik etmek) maddasynda göz öňünde tutulan jenaýatyň alamatlary bolmasa,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleriň edilmegi bilen düzüminde gulluk syry bolan maglumatlaryň aýan edilmegi, eger olar agyr netijelere getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
195-nji madda. Döwlet syrlary bolan resminamalaryň,
zatlaryň ýitirilmegi
1. Gulluk ýa-da iş boýunça özüne ynanylan döwlet syry bolan resminamalary ýa-da kompýuter maglumatlaryny, şonuň ýaly-da döwlet syry bolup durýan maglumatly zatlary ýitiren adama, eger-de şol görkezilen resminamalar, kompýuter maglumatlary ýa-da zatlar saklamagyň bellenilen kadalarynyň bozulmagynda ýitirilen bolsa,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleriň edilmegi bilen düzüminde gulluk syry bolan maglumatlaryň ýitirilmegi, eger olar agyr netijelere getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň bir ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
X BÖLÜM. DÖWLET HÄKIMIÝET EDARALARYNYŇ HEREKET ETMEGINIŇ TERTIBINE GARŞY JENAÝATLAR
XXIII BAP. DÖWLET GULLUGYNYŇ BÄHBITLERINE
GARŞY JENAÝATLAR
196-njy madda. Wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly
peýdalanmak
1. Wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanana, ýagny wezipeli adam tarapyndan gulluk bähbitleriniň garşysyna özüniň gulluk ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanana, eger bu etmiş betnebislikli ýa-da gaýry şahsy bähbitden edilse we raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş agyr netijelere getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýetmişisinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Şu babyň maddalarynda wezipeli adamlar diýlip hemişelik, wagtlaýyn ýa-da ýörite ygtyýarlyk boýunça häkimiýet wekilleriniň wezipelerini amala aşyrýan, şonuň ýaly-da döwlet edaralarynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, döwlet kärhanalarynda, edaralarynda ýa-da guramalarynda, şeýle hem Ýaragly Güýçlerde, beýleki goşunlarda we harby birikmelerde guramaçylyk-serenjam berijilik, administratiw-hojalyk ýa-da gözegçilik-derňew ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýän adamlar hasap edilýär.
2. Şu Kodeksde döwlet gullukçysy diýlip, döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan adam hasap edilýär. Döwlet edaralarynda işläp we şol edaralara tehniki taýdan hyzmat edýän ýa-da kömekçi wezipeleri ýerine ýetirýän adamlar döwlet gullukçylarynyň hataryna girmeýär.
3. Şu Kodeksde döwlet gullukçysyna deňleşdirilen adam diýlip, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna, Geňeşlere saýlanan, saýlawly döwlet wezipelerine dalaşgär hökmünde bellige alnan raýatlar, şeýle hem esaslyk maýasynda döwletiň paýy ýigrimi bäş göterimden az bolmadyk kärhanalarda we guramalarda guramaçylyk-serenjam berijilik, administratiw-hojalyk ýa-da gözegçilik-derňew ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýän adamlar hasap edilýär.
197-nji madda. Korrupsiýa
1. Döwlet wezipesini eýeleýän adam tarapyndan, häkimiýet ygtyýarlyklary bolan wezipeli ýa-da aýry-aýry adamlar ýa-da adamlaryň topary bilen durnukly bikanun gatnaşyklary döretmek arkaly wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri hyýanatly peýdalanmak bilen, özi ýa-da üçünji şahslar üçin pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak maksady bilen jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine wehim salýan bilkastlaýyn hereketler bilen korrupsiýa edilendigi üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş guramaçylykly toparyň ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň bähbitleri üçin amala aşyrylsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp, on iki ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Korrupsiýa bilen bagly jenaýatlar diýlip, pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak maksady bilen edilen, şu Kodeksiň 196-njy, 197-nji, 203–206-njy maddalarynda, 249-njy maddasynyň üçünji böleginiň «ç» bendinde, 250-nji maddasynyň ikinji böleginiň «ç» bendinde hem-de onuň bilen baglylykda şu maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde, 263-nji maddasynyň ikinji böleginiň «ç» bendinde we onuň bilen baglylykda şu maddanyň üçünji böleginde, 266-njy maddasynda, 276-njy maddasynyň ikinji we dördünji bölekleriniň «ç» bentlerinde we 406-njy maddasynda görkezilen jenaýatlar hasap edilýär.
198-nji madda. Kasama dönüklik etmek
1. Döwlet wezipesini eýeleýän adamyň ýa-da döwlet gullukçysy ýa-da oňa deňleşdirilen adamyň gulluk ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanmagy bilen resmi taýdan kabul eden kasamyna dönüklik etmegi, eger bu etmiş betnebislikli ýa-da gaýry şahsy bähbitden edilse we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, jemgyýetiň we döwletiň kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getirse,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş agyr netijelere getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
199-njy madda. Wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmak
1. Wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykana, ýagny wezipeli adam öz gulluk ygtyýarlyklarynyň çäklerinden göz-görtele çykýan hereketleri eden bolsa we raýatlaryň, guramalaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ýa-da jemgyýetiň ýa-da döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) jebir çekeniň şahsy mertebesini kemsidýän hereketler bilen amala aşyrylsa;
b) fiziki zorlugy ulanmak bilen edilse;
ç) ýaragy ýa-da ýörite serişdeleri ulanmak bilen edilse;
d) agyr netijelere getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
200-nji madda. Ýeriň bikanun berilmegi
1. Wezipeli adam tarapyndan ýer böleginiň ýere eýeçilik hukugynyň bozulyp berilmegi, şol sanda döwlet eýeçiligindäki ýer bölekleriniň bellenilen tertipde resmileşdirilmezden kärendä ýa-da peýdalanmaga berilmegi, eger bu etmişler betnebislikden ýa-da gaýry şahsy bähbitler bilen edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş:
a) gaýtadan edilse;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
201-nji madda. Gynamak
1. Gynamak, ýagny wezipeli adam ýa-da resmi taýdan çykyş edýän başga adam tarapyndan meçew bermek ýa-da olaryň habarlydygy we rugsat bermegi ýa-da sessiz razylygy bilen haýsydyr bir adama ondan ýa-da üçünji adamdan maglumatlary almak ýa-da boýun almagyny gazanmak, onuň ýa-da üçünji adamyň eden ýa-da onuň etmegi güman edilýän hereketi üçin ony jezalandyrmak, şeýle hem ony ýa-da üçünji adamy gorkuzmak ýa-da mejbur etmek maksady bilen ýa-da islendik häsiýetli kemsitmä esaslanýan islendik sebäp boýunça bilkastlaýyn ýiti agyry ýetirilendigi ýa-da fiziki ýa-da ahlak taýdan ejir çekdirilendigi üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
a) aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar ýa-da maýyplygyň alamatlary aç-açan bildirýän adamlar babatda edilse;
b) biçäre ýagdaýdadygy günäkäre görnetin bolup duran adam babatda ýa-da jebir çekeniň goragsyz ýagdaýdadygyndan peýdalanmak bilen edilse;
ç) iki ýa-da şondan köp adam babatda edilse;
d) deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan köp adam ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilse;
e) adamyň öz gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly şol adam ýa-da onuň ýakyn adamlary babatda edilse;
ä) ýaragy ýa-da ýörite serişdeleri (närseler, enjamlar, gurallar we beýlekiler) ulanmak bilen edilse;
f) uruş ýa-da uruş howpunyň abanýan, içerki syýasy durnuksyzlyk ýa-da beýleki islendik adatdan daşary ýa-da harby ýagdaý şertlerinde edilse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Wezipeli adamlaryň kanuny hereketleriniň netijesinde fiziki, psihiki we ahlak taýdan ejir çekdirilmegi gynama hasap edilmeýär.
202-nji madda. Wezipeli adamyň ygtyýarlyklaryny eýelemek
Wezipeli adam bolmadyk döwlet gullukçysy wezipeli adamyň ygtyýarlyklaryny eýelese we ol bu ygtyýarlyklary peýdalanmak bilen, raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getirse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
203-nji madda. Para almak
1. Para berýäniň ýa-da oňa wekilçilik edýänleriň peýdasyna iş bitirendigi (bitirmänligi) sebäpli wezipeli adamyň hut özüniň ýa-da arada durýan adamyň üsti bilen ep-esli möçberde pul, gymmatly kagyzlar, başga emläk görnüşinde para alandygy ýa-da emläk häsiýetli peýda görendigi üçin, eger şeýle işi bitirmek (bitirmezlik) wezipeli adamyň gulluk ygtyýarlyklaryna girýän bolsa ýa-da gulluk ýagdaýynyň mümkinçiligi şol işi bitirmäge (bitirmezlige) täsirini ýetirip bilýän derejede bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete belle bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan edilse;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse;
ç) jogapkärli ýagdaýy eýeleýän wezipeli adam tarapyndan edilse;
d) gorkuzyp almak bilen para alynsa;
e) uly möçberde bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler:
a) aýratyn uly möçberde;
b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Ep-esli möçberdäki para diýlip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň birisinden geçýän, uly möçberdäki para diýlip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň iki ýüz ellisinden geçýän, aýratyn uly möçberde para diýlip bolsa, bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäş ýüzüsinden geçýän puluň möçberi, gymmatly kagyzlaryň, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşindäki peýdanyň gymmaty hasap edilýär.
2. Şu Kodeksiň 203-nji, 204-nji we 205-nji maddalarynda gaýtadan diýlip, şu maddalarda göz öňünde tutulan jenaýatlardan birini ýa-da köpüsini öň eden bolsa hasap edilýär.
204-nji madda. Para bermek
1. Özi ýa-da arada duran adamyň üsti bilen wezipeli adama ep-esli möçberde para berene,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişi gaýtadan edene,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Eger para beren adam babatynda parany gorkuzyp almak bar bolsa ýa-da eger bu adam para bermek hakynda jenaýat işini gozgamaga hukugy bolan edara meýletin habar berse, para beren adam jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
205-nji madda. Para almak-bermekde arada durmak
(dellalçylyk)
1. Para almak-bermekde arada durana, ýagny para alýanyň ýa-da para berýäniň tabşyrmagy boýunça, parany gös-göni para alýana gowşurana ýa-da para alýanyň we para berýäniň para almak we para bermek hakyndaky özara ylalaşygynyň amala aşmagyna başga usul bilen ýardam edene,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş gaýtadan ýa-da wezipeli adam tarapyndan edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Para almakda ýa-da bermekde dellalçylygy ýerine ýetirýän adam, eger para almak-bermekde arada durmak hakynda jenaýat işini gozgamaga hukugy bolan edara ýa-da wezipeli adama meýletin habar berse, ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
206-njy madda. Gulluk galplygy
Gulluk galplygy, ýagny, wezipeli adam, şeýle hem wezipeli adam bolmadyk döwlet gullukçysy tarapyndan resmi resminamalara göz-görtele ýalan maglumatlaryň girizilmegi, şeýle hem görkezilen resminamalara olaryň hakyky mazmunyny ýoýan düzedişleriň girizilmegi üçin, eger bu etmişler betnebislikden ýa-da gaýry şahsy bähbitden edilse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
207-nji madda. Sowuk-salalyk
1. Sowuk-salalyk edene, ýagny wezipeli adamyň öz işine harsal ýa-da geleňsizlik bilen garamagy netijesinde ony ýerine ýetirmändigi ýa-da ýerine ýetirişiniň degişli suratda bolmandygy üçin, eger munuň özi raýatlaryň, guramalaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ýa-da jemgyýetiň ýa-da döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edilýär ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
XXIV BAP. ADYL KAZYÝETLIGE GARŞY
JENAÝATLAR
208-nji madda. Adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagyna,
anyklaýşyň ýa-da deslapky derňewiň
alnyp barylmagyna päsgel berilmegi
1. Adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagyna päsgel bermek maksady bilen kazyýetiň işine haýsy-da bolsa bir görnüşde gatyşana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Işiň hemmetaraplaýyn, doly we obýektiw derňelmegine päsgel bermek maksady bilen anyklaýjynyň, sülçiniň ýa-da prokuroryň işine haýsy-da bolsa bir görnüşde gatyşana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler öz gulluk ýagdaýyndan peýdalanan adam tarapyndan edilse,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
209-njy madda. Adyl kazyýetligi ýa-da deslapky derňewi
amala aşyrýan adam babatynda haýbat
atmak ýa-da zorlukly hereketler
1. Kazyýetde işlere ýa-da materiallara garamak ýa-da deslapky derňew ýa-da anyklaýyş geçirmek bilen baglanyşykly kazy, kazyýet oturdaşy, prokuror, sülçi, anyklaýjy, adwokat, bilermen, şeýle hem olaryň ýakyn adamlary babatda öldürmek, saglygyna zyýan ýetirmek, emlägini ýok etmek ýa-da zaýalamak haýbatyny atana,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Kazyýetde işlere ýa-da materiallara garalmagy ýa-da deslapky derňew ýa-da anyklaýyş geçirmek bilen baglanyşykly şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň jany ýa-da saglygy üçin howply bolmadyk zorlugy ulanana,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Kazyýetde işlere ýa-da materiallara garalmagy ýa-da deslapky derňew ýa-da anyklaýyş geçirmek bilen baglanyşykly şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanana,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
210-njy madda. Kazyýeti äsgermezlik etmek
1. Kazyýet seljerişine gatnaşyjylary masgaralap, kazyýeti äsgermezlik edene ýa-da başlyklyk ediji kazynyň buýrugyna boýun egmezlik edene, eger munuň özi kazyýet mejlisiniň bozulmagyna eltse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça kazynyň ýa-da kazyýet oturdaşynyň işi bilen baglanyşykly olary masgaralap edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
211-nji madda. Kazy, kazyýet oturdaşy, prokuror,
sülçi ýa-da anyklaýyş geçirýän adam
babatda töhmet atmak
1. Adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça kazynyň ýa-da kazyýet oturdaşynyň işi bilen baglanyşykly olar babatda töhmet atana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş prokuror, sülçi ýa-da anyklaýyş geçirýän adam babatynda deslapky derňew ýa-da anyklaýyş geçirmek bilen baglanyşykly edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler adama agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlar etmekde aýyplamak bilen birlikde edilen bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
212-nji madda. Görnetin bigünä adamy jenaýat
jogapkärçiligine çekmek
1. Görnetin bigünä adamy jenaýat jogapkärçiligine çekene,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlar etmekde aýyplamak bilen birlikde edilen bolsa,
üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
213-nji madda. Jenaýat jogapkärçiliginden bikanun boşatmak
Prokuror, sülçi ýa-da anyklaýyş geçirýän adam tarapyndan jenaýat etmekde güman edilýän ýa-da aýyplanýan adam jenaýat jogapkärçiliginden bikanun boşadylsa,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
214-nji madda. Bikanun tutup saklamak, tussag astyna
almak ýa-da tussag astynda saklamak
1. Görnetin bikanun tutup saklana,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Görnetin bikanun tussag astyna alana ýa-da tussag astynda saklana,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler agyr netijelere getirse,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
215-nji madda. Tussaglykdan ýa-da azatlykdan mahrum
ediliş ýerlerinden bikanun boşatmak
Tussaglykdan ýa-da azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinden görnetin bikanun boşadana, şeýle hem tussaglykdan ýa-da azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinden gaçmaga ýardam edene,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
216-njy madda. Görkezme bermäge mejbur etmek
1. Prokuror, sülçi ýa-da anyklaýyş geçirýän adam tarapyndan gorkuzmak, ýalan haýbat ýa-da gaýry bikanun hereketleri ulanmak arkaly güman edilýäniň, aýyplanýanyň, jebir çekeniň, şaýadyň görkezme bermäge ýa-da bilermeniň netijenama bermäge mejbur edilendigi üçin,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş adam babatda zorlugy ulanmak ýa-da azar bermek bilen edilen bolsa,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
217-nji madda. Görnetin adyl kazyýetligi bolmadyk hökümi,
çözgüdi, kesgitnamany ýa-da karary çykarmak
1. Kazy (kazylar) tarapyndan görnetin adyl kazyýetligi bolmadyk hökümiň, çözgüdiň, kesgitnamanyň ýa-da kararyň çykarylandygy üçin,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş kazyýetiň azatlykdan mahrum etmek barada bikanun höküm çykarmagy bilen baglanyşykly bolsa ýa-da gaýry agyr netijelere getirse,
üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
218-nji madda. Para ýa-da täjirçilige bermit bermek öjükdirmesi
Jenaýaty etmegiň ýa-da ýalan haýbatyň subutnamalaryny emeli usulda döretmek maksady bilen para ýa-da täjirçilige bermit bermek öjükdirmesi, meçew berene, ýagny wezipeli adama ýa-da täjirçilik ýa-da gaýry guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adama, onuň razylygy bolmazdan, pullary, gymmatly kagyzlary, gaýry emlägi bermek ýa-da oňa emläk häsiýetindäki hyzmatlary bitirmek synanyşygyny edene,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
219-njy madda. Görnetin ýalan şugullamak
1. Jenaýat edilendigi hakynda görnetin ýalan şugullana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş adamy agyr, aýratyn agyr ýa-da korrupsiýa bilen bagly jenaýatlary etmekde aýyplamak bilen ýa-da aýyplamak üçin emeli subutnamalary döretmek bilen birlikde edilen bolsa, şeýle hem betnebislik maksady bilen edilen bolsa,
iki ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
220-nji madda. Görnetin ýalan görkezme bermek, bilermen
netijenamasyny çykarmak ýa-da nädogry
terjime etmek
1. Anyklaýyş ýa-da deslapky derňew geçirilýän ýagdaýynda ýa-da kazyýetde şaýat ýa-da jebir çeken görnetin ýalan görkezme berse ýa-da bilermen görnetin ýalan netijenama çykarsa, şeýle hem şonuň ýaly halatlarda terjimeçi görnetin nädogry terjime etse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler adamy agyr, aýratyn agyr ýa-da korrupsiýa bilen bagly jenaýatlary etmekde aýyplamak bilen ýa-da aýyplamak üçin emeli subutnamalary döretmek bilen, şeýle hem betnebislik niýeti bilen edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Anyklaýyş, deslapky derňew ýa-da kazyýet seljerişi geçirilýän halatynda şaýat, jebir çeken, bilermen ýa-da terjimeçi kazyýetiň hökümi ýa-da çözgüdi çykarylýança, özüniň beren görkezmesiniň ýa-da eden terjimesiniň nädogrudygy hakynda meýletin habar berse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
221-nji madda. Şaýadyň ýa-da jebir çekeniň görkezme
bermekden boýun gaçyrmagy
Şaýat ýa-da jebir çeken görkezme bermekden boýun gaçyrsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
Bellik
Özüniň ýa-da öz ýakyn garyndaşlarynyň garşysyna görkezme bermekden boýun gaçyran adam jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinmez.
222-nji madda. Ýalan görkezme bermäge, galp netijenama
çykarmaga ýa-da nädogry terjime etmäge
mejbur etmek ýa-da bermit bermek
1. Güman edilýäne, aýyplanýana, şaýada, jebir çekene ýalan görkezme berdirmek ýa-da bilermene galp netijenama çykartmak ýa-da terjimeçä nädogry terjime etdirmek maksady bilen olara bermit berene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Güman edilýäne, aýyplanýana, şaýada, jebir çekene haýbat atmak, öldürmek howpuny salmak, şol adamlaryň ýa-da olaryň ýakyn adamlarynyň saglygyna zyýan ýetirmek, emlägini ýok etmek ýa-da zaýalamak howpy astynda ýalan görkezme bermäge, bilermeni galp netijenama çykarmaga ýa-da terjimeçini nädogry terjime etmäge mejbur edene,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Görkezilen adamlaryň jany we saglygy üçin howply bolmadyk zorluk ulanmak arkaly amala aşyrylan şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişi edene,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Görkezilen adamlaryň jany we saglygy üçin howply bolan zorluk ulanmak, şonuň ýaly-da korrupsiýa bilen bagly jenaýat etmekde aýyplamak arkaly amala aşyrylan şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişi edene,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
223-nji madda. Deslapky derňewiň ýa-da anyklaýşyň
maglumatlaryny aýan etmek
1. Deslapky derňewiň ýa-da anyklaýşyň maglumatlaryny, olaryň aýan edilmegine ýol berilmeli däldigi hakynda bellenilen tertipde duýdurylan adam tarapyndan, eger ol prokurordan, sülçüden ýa-da anyklaýyş geçirýän adamdan birugsat aýan edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş agyr netijelere getiren bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
224-nji madda. Gulluk maglumatlarynyň aýan edilmegi
1. Gullugy ýa-da işi boýunça özlerine ynanylan ýa-da jenaýatyň ýüze çykarylmagy, öňüniň alynmagy ýa-da edilen jenaýatyň derňelmegi bilen bagly özlerine mälim bolan maglumatlary jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaralaryň işgäri tarapyndan aýan edilendigi üçin,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edilýär ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş, eger ol betnebislik ýa-da başga bir şahsy bähbitlerden ugur alnyp edilen bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler agyr netijelere getiren bolsa,
iki ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
225-nji madda. Ýazgy geçirilen ýa-da gozgamasyz ýa-da
muzdsuz alynmaga degişli edilen emläk
babatynda bikanun hereketler
1. Ýazgy geçirilen ýa-da gozgamasyz ýa-da muzdsuz alynmaga degişli edilen emlägiň ynanylan adam tarapyndan harç edilendigi, alnandygy, gizlenendigi ýa-da bikanun berlendigi, şonuň ýaly-da gozgamasyz edilen pul serişdeleri (goýumlar) bilen bank amallarynyň karz guramasynyň gullukçysy tarapyndan amala aşyrylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Kazyýetiň hökümi boýunça muzdsuz alynmaga degişli emlägiň gizlenendigi üçin ýa-da öz haýryna geçirendigi üçin, şonuň ýaly-da emlägi muzdsuz almagy bellemek hakyndaky kazyýetiň kanuny güýjüne giren hökümini ýerine ýetirmekden başgaça boýun gaçyrandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
226-njy madda. Azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden
ýa-da tussaglykdan gaçmak
1. Jezasyny çekýän ýa-da deslapky tussaglykda saklanylýan adamyň azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ýa-da tussaglykdan gaçandygy üçin,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan edilse;
b) deslapdan dilleşmek bilen, adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse;
ç) adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak bilen edilse;
d) ýarag ulanmak ýa-da ýarag hökmünde närseleri ulanmak bilen edilse,
üç ýyldan alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
227-nji madda. Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek
görnüşindäki jezany çekmekden zandyýamanlyk
bilen boýun gaçyrmak
Belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddanyň manysy boýunça belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki jezany çekmekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrmak diýlip, şeýle bozulma üçin bir ýylyň dowamynda özi barasynda administratiw temmisi iki gezek ulanylan adam tarapyndan amala aşyrylan, jezanyň görkezilen görnüşini çekmekden boýun gaçyrylmagyna düşünilýär.
228-nji madda. Azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki
jeza çäresini çekmekden boýun gaçyrylmagy
Azatlykdan mahrum edilen ýeriň çäklerinden gysga wagtlaýyn çykyp gitmäge rugsat berlen, azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adam jeza çekmek möhletini doldurmakdan boýun gaçyrsa,
bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
229-njy madda. Kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmezligi
Häkimiýetiň wekili, döwlet gullukçysy, şeýle hem täjirçilik ýa-da başga guramanyň gullukçysy tarapyndan kazyýetiň kanuny güýjüne giren hökümini, çözgüdini, kararyny ýa-da kesgitnamasyny ýerine ýetirmändigi üçin, şonuň ýaly-da olaryň ýerine ýetirilmegine garşylyk görkezýändigi üçin,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
230-njy madda. Jenaýat hakynda habar bermezlik
ýa-da ony ýaşyrmak
1. Agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlary etmäge taýýarlyk görülýändigi ýa-da şol jenaýatlaryň edilendigi özüne äşgär mälim bolup, bu barada habar bermedige,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýatlary öňünden boýun bolman ýaşyrana,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Öz ýakyn garyndaşynyň eden jenaýaty hakynda habar bermedik ýa-da öňünden boýun bolman ýaşyran adam jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinmez.
XXV BAP. DOLANDYRYŞ TERTIBINE GARŞY
JENAÝATLAR
231-nji madda. Hukuk goraýjy edaranyň işgäri ýa-da harby
gullukçy babatda öldürmek haýbatynyň
atylmagy ýa-da zorluk ulanylmagy
Hukuk tertibini goramak boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklylykda hukuk goraýjy edaranyň işgäri, harby gullukçy ýa-da olaryň ýakyn adamlary babatda olary öldürmek haýbatynyň atylandygy ýa-da adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorluk ulanylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
232-nji madda. Jemgyýetçilik we beýleki birleşikleri bikanun
döretmek ýa-da olaryň işine gatnaşmak
1. Konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmegi maksat edinýän, özleriniň alyp barýan işinde zorlugy ulanmaga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, şol sanda raýatlar babatynda zorluk ulanmak ýa-da başga ýol bilen olaryň saglygyna zeper ýetirýän, urşy, teniniň reňki boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlak sypatlaryna hyýanat edýän, şeýle hem raýatlarda raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz döndermek ýa-da başga bikanun etmiş etmek niýetini oýarýan syýasy partiýalaryň, beýleki jemgyýetçilik birleşikleriň, dini guramalaryň, şeýle hem milli ýa-da dini alamatlar boýunça, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen çeşmelerden maliýeleşdirilýän syýasy partiýalaryň döredilendigi ýa-da olaryň işine ýolbaşçylyk edilendigi üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen jemgyýetçilik we beýleki birleşikleriniň işine işjeň gatnaşylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan altmyşysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
233-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet
edaralarynyň işine bikanun gatyşmagy
1. Jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda dini guramalaryň agzalary tarapyndan zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen utgaşdyrylýan döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň kanuny işine gatyşmagy ýa-da olaryň ygtyýarlyklarynyň eýelenmegi, şeýle hem döwlet edaralarynda syýasy partiýalaryň guramalarynyň döredilmegi, eger bu raýatlaryň ýa-da guramalaryň hukuklaryna ýa-da kanuny bähbitlerine ýa-da jemgyýetiň ýa-da döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitlerine düýpli zyýan ýetirilmegine getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleriň jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda dini guramalaryň ýolbaşçylary tarapyndan edilendigi üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan altmyşysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
234-nji madda. Jemgyýetden üzňelikde saklamagy
üpjün edýän edaranyň kadaly işinde
bidüzgünçiligiň döredilmegi
1. Azatlykdan mahrum edileniň bolýan ýeriniň ýa-da tussag saklanylýan ýeriň işgäri babatda azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän ýa-da tussaglykda saklanylýan adam tarapyndan zorluk edilmegi, şeýle hem şeýle adam tarapyndan iş kesilen babatda onuň düzelmegine päsgel bermek maksady bilen ýa-da onuň jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirýändigi üçin ar almak maksady bilen zorluk edilen bolsa,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler gaýtadan edilen bolsa, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan ýa-da adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak bilen edilen bolsa,
on ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
235-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet serhedinden
bikanun geçilmegi
1. Bellenilen resminamalary we degişli rugsady bolmazdan Türkmenistanyň goralýan Döwlet serhedinden geçene,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan zorluk ulanmak ýa-da zorluk ulanmak haýbatyny atyp, Türkmenistanyň goralýan Döwlet serhedinden bikanun geçene,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddanyň hereketi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, syýasy gaçybatalga hukugyndan peýdalanmak üçin daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň kadalaryny bozup, Türkmenistana gelen halatlaryna, eger şol adamlaryň hereketinde jenaýatyň başga alamaty ýok bolsa, degişli däldir.
236-njy madda. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň
kada-düzgüne ters üýtgedilmegi
1. Türkmenistanyň Döwlet serhedini kada-düzgüne ters üýtgetmek maksady bilen serhet bellikleri aýrylan, ýeri üýtgedilen ýa-da ýok edilen bolsa,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa ýa-da agyr netijelere getiren bolsa,
dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
237-nji madda. Bikanun migrasiýanyň guralmagy
1. Daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çägine bikanun gelmegini, olaryň Türkmenistanyň çäginde bikanun bolmagyny ýa-da Türkmenistanyň çäginden bikanun üstaşyr geçmegini guran adama,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan altmyşysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2) Şonuň ýaly etmiş:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
b) Türkmenistanyň çäginde jenaýaty amala aşyrmak maksady bilen edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
238-nji madda. Resmi resminamalar ýa-da döwlet sylaglary
babatynda edilen bikanun hereketler
Hukuklary berýän ýa-da borçlardan boşadýan resmi resminamalary, Türkmenistanyň, SSSR-iň ýa-da Türkmenistan SSR-niň döwlet sylaglaryny satyn almak, satmak, çalyşmak ýa-da olary başga ýagdaýda birine muzdly bermek, munuň üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
239-njy madda. Resminamalary, möhürçeleri, möhürleri
ýa-da blanklary ogurlamak, ýok etmek,
zaýalamak ýa-da gizlemek
1. Betnebislik ýa-da başga şahsy bähbitlerden ugur alyp, resmi resminamalaryň, möhürçeleriň, möhürleriň ýa-da blanklaryň ogurlanmagy, ýok edilmegi, zaýalanmagy ýa-da gizlenmegi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Aýratyn möhüm ähmiýetli resminamalar, möhürçeler, möhürler, blanklar babatda ýa-da agyr netijelere getiren şonuň ýaly hereketleriň amala aşyrylandygy üçin,
iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Raýatyň pasportyny ýa-da başga möhüm şahsy resminamasyny ogurlana ýa-da ýok edene ýa-da zaýalana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
240-njy madda. Resminamalary, möhürçeleri, möhürleri,
blanklary galplaşdyrmak, olary taýýarlamak,
satmak ýa-da galplaşdyrylan resminamany
ulanmak
1. Hukuk berýän ýa-da borçlardan boşadýan şahsyýetnamanyň ýa-da başga resminamanyň ony peýdalanmak maksady bilen ýa-da şeýle resminamany satmak maksady bilen, şonuň ýaly-da şol maksatlar üçin galplaşdyrylan möhürçeleri, möhürleri, blanklary taýýarlana ýa-da satana,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler gaýtadan edilende,
dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Görnetin galp resminamanyň peýdalanylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
241-nji madda. Harby gulluga çagyrylyşdan boýun gaçyrylmagy
1. Harby gulluga çagyrylyşdan boşadylmagy üçin kanuny esaslary bolmadyk ýagdaýynda şeýle gullukdan boýun gaçyrana,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Öz saglygyna zyýan ýetirmek ýa-da kesellän bolup jögülik etmek, resminamalary galplaşdyrmak ýa-da başga ýalançylyk ýoly bilen şonuň ýaly etmişi edene,
bir ýyldan dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Mobilizasiýa boýunça ýa-da harby döwürde harby gulluga çagyrylyşdan boýun gaçyrana,
üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
242-nji madda. Wezipeli adamyň gulluk adyny ýa-da
ygtyýarlygyny birugsat eýelemek
Wezipeli adamyň gulluk adynyň ýa-da ygtyýarlygynyň birugsat eýelenilmegi, şonuň bilen baglanyşyklylykda bolsa haýsydyr bir jemgyýetçilik taýdan howply hereket edene,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
243-nji madda. Administratiw gözegçilik kadalarynyň
zandyýamanlyk bilen bozulmagy
1. Administratiw gözegçilik kadalaryny şeýle gözegçilige boýun egmezlik maksady bilen zandyýamanlyk bilen bozana,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Gözegçilik astynda saklanylýan adamyň administratiw gözegçilikden boýun gaçyrmak maksady bilen ýaşaýan ýerini özbaşdak taşlap gitmegi, şonuň ýaly-da azatlykdan mahrum ediş ýerinden boşadylan ýagdaýynda administratiw gözegçiligi bellenilen adamyň kesgitlenilen möhletde esasly sebäpsiz özüne görkezilen ýaşaýan ýerine gelmezligi,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddanyň birinji böleginiň manysy boýunça administratiw gözegçilik kadalarynyň zandyýamanlyk bilen bozulmagy diýlip, şeýle düzgün bozulmalary üçin bir ýylyň dowamynda iki gezek administratiw temmisine sezewar edilen adam tarapyndan şol kadalaryň bozulmagyna düşünilýär.
244-nji madda. Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we
beýleki köpçülikleýin çäreleri guramagyň we
geçirmegiň tertibiniň bozulmagy
Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramagyň we geçirmegiň kanun tarapyndan bellenilen tertibiniň bozulmagy, olaryň guramaçysyna şeýle hereketler üçin administratiw temmisi ulanylandan soň amala aşyrylan bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da alty aý möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
245-nji madda. Söwda gämisinde Türkmenistanyň
Döwlet baýdagyny bikanun galdyrmak
Söwda gämisinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna hukugy bolmazdan, şol baýdagyň galdyrylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
246-njy madda. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý
nyşanlaryndan bikanun peýdalanmak
Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý nyşanlaryndan, şeýle hem Gyzyl Hajyň we Gyzyl Ýarymaýyň adyndan bikanun peýdalanana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
XI BÖLÜM. YKDYSADYÝET ÇYGRYNDAKY
JENAÝATLAR
XXVI BAP. EÝEÇILIGE GARŞY JENAÝATLAR
247-nji madda. Ogurlyk
1. Ogurlyk edene, ýagny kesekiniň emlägini gizlinlik bilen alyp, ep-esli möçberde zyýan ýetirene,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu aşakdaky ýagdaýlarda ogurlyk edene:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;
b) gaýtadan;
ç) ýaşaýyş üçin niýetlenmedik jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa bikanun girilip edilen bolsa;
d) maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly edilen bolsa;
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan altmyşysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu aşakdaky ýagdaýlarda ogurlyk edene:
a) uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
b) guramaçylykly topar tarapyndan;
ç) ýaşaýyş jaýyna girilip edilen bolsa;
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu aşakdaky ýagdaýlarda ogurlyk edene:
a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Şu Kodeksiň maddalarynda ogurlyk diýlip, kesekiniň emläginiň kada-düzgüne ters ýol bilen mugt alynmagyna we (ýa-da) günäkäriň ýa-da başga adamlaryň peýdasyna geçirilmegine, betnebislik maksatlary bilen amala aşyrylyp, hususyýetçä ýa-da şol emlägiň başga eýesine zyýan ýetirilmegine düşünilýär.
2. Şu babyň maddalarynda görkezilen ep-esli möçberde ýetirilen zyýan diýlip, jebir çekeniň maddy hal-ýagdaýyna, onuň ogurlanan emlägine mätäçligine laýyklykda kesgitlenýär we ol Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen bäş binýatlyk mukdaryndan az we binýatlyk mukdarynyň iki ýüz ellisinden köp bolup bilmez.
Şu babyň maddalarynda görkezilen emlägiň uly möçberi diýlip, binýatlyk mukdarynyň iki ýüz ellisinden geçýän emlägiň bahasy, aýratyn uly möçberi diýlip, binýatlyk mukdarynyň bäş ýüzüsinden geçýän emlägiň bahasy hasap edilýär.
Ýetirilen zyýanyň möçberi hasaplanylanda, binýatlyk mukdary diýlip, jenaýat edilen pursadyna çenli Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen binýatlyk mukdaryna düşünilýär, uzaga çeken we dowam edýän jenaýatlar boýunça bolsa, degişlilikde jenaýatçylykly hereketiň gutaran pursadyna çenli ýa-da iň soňky jenaýat edilen pursata çenli kanun tarapyndan bellenilen binýatlyk mukdaryna düşünilýär.
3. Şu Kodeksiň 247-254-nji maddalarynda gaýtadan edilen jenaýat diýlip, şu maddalarda göz öňünde tutulan jenaýatlardan birini ýa-da birnäçesini ozal eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär, şeýle hem şu Kodeksiň 320-nji (radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň ogurlanylmagy ýa-da gorkuzylyp alynmagy), 326-njy (ýaragyň, ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň ýa-da partladyjy enjamlaryň ogurlanmagy ýa-da gorkuzyp alynmagy), 329-njy (neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň ýa-da olaryň prekursorlarynyň ogurlanmagy ýa-da gorkuzyp alynmagy) maddalardaky jenaýatlardan birini ozal eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär.
248-nji madda. Emlägiň az möçberde ogurlanmagy
Ogurlyk, eýelemek, harç etmek ýa-da kezzapçylyk arkaly kesekiniň emlägini az möçberde ogurlana, eger ol bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan eden bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
249-njy madda. Kezzapçylyk
1. Kezzapçylyk edene, ýagny aldamak ýa-da ynamy hyýanatly peýdalanmak ýoly bilen kesekiniň emlägini eýeläp ýa-da şol emläge bolan hukugy alyp, ep-esli möçberde zyýan ýetirene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan altmyşysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu ýagdaýlarda kezzapçylyk edene,
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa;
b) gaýtadan edilse,
ç) maglumat tehnologiýalaryny ulanmak bilen edilen bolsa;
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Aşakdaky ýagdaýlarda kezzapçylyk edene:
a) uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
b) guramaçylykly topar tarapyndan;
ç) döwlet gullukçysy ýa-da oňa deňleşdirilen adam tarapyndan öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Kezzapçylyk netijesinde aýratyn uly möçberde zyýan ýetirilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
250-nji madda. Ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da
harç edilmegi
1. Günäkäre ynanylan ýa-da onuň garamagynda duran kesekiniň emlägini eýeläp ýa-da harçlap, ýagny ogurlap, ep-esli möçberde zyýan ýetirene,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan altmyşysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
b) gaýtadan;
ç) döwlet gullukçysy ýa-da oňa deňleşdirilen adam tarapyndan öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak arkaly edilen bolsa;
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler şu aşakdaky ýaly ýagdaýlarda amala aşyrylanda:
a) uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
b) döwlet wezipesini eýeleýän adam tarapyndan öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak arkaly edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler şu aşakdaky ýaly ýagdaýlarda amala aşyrylanda:
a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
b) guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüz ellisinden iki ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Eger şu maddanyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan jenaýatlary ilkinji gezek eden adam, fiziki we ýuridik şahslara ýa-da döwlete ýetirilen zyýanyň öwezini doly möçberde dolan bolsa we ýetirilen zyýanyň iki essesi möçberindäki pul serişdesini döwletiň haýryna geçiren bolsa, eden jenaýaty üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
2. Eger şu maddada göz öňünde tutulan jenaýatlary ilkinji gezek eden adam jenaýatyň üstüni açmaga ýardam eden we ýetirilen zyýanyň öwezini dolan bolsa, oňa azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza bellenilip bilinmez.
(2023-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)
251-nji madda. Talaňçylyk
1. Talaňçylyk edene, ýagny kesekiniň emlägini aç-açan ogurlana,
bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu aşakdaky ýagdaýlarda talaňçylyk edene:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
b) gaýtadan;
ç) ýaşaýyş üçin niýetlenmedik jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa bikanun girilip edilen bolsa;
d) jebir çekeniň jany ýa-da saglygy üçin howply bolmadyk zorlugy ulanmak bilen ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen;
e) raýata ep-esli möçberde zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Talaňçylyk şular ýaly ýagdaýlarda edilen bolsa:
a) uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
b) guramaçylykly topar tarapyndan,
ç) ýaşaýyş jaýyna bikanun girilip edilen bolsa;
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu aşakdaky ýagdaýlarda talaňçylyk edilende:
a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
252-nji madda. Garakçylyk
1. Kesekiniň emlägini almak maksady bilen, adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen birlikde çozuş (garakçylyk) edene,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu aşakdaky ýagdaýlarda garakçylyk edilende:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
b) ýaşaýyş üçin niýetlenmedik jaýa ýa-da zat saklanylýan jaýa bikanun girilip;
ç) ýarag ulanmak ýa-da ýarag hökmünde başga zatlary ulanmak arkaly;
d) gaýtadan;
e) raýata ep-esli möçberde zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu aşakdaky ýagdaýlarda garakçylyk edilende:
a) uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
b) guramaçylykly topar tarapyndan,
ç) ýaşaýyş jaýyna bikanun girilip edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu aşakdaky ýagdaýlarda garakçylyk edilende:
a) aýratyn uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
b) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan;
ç) jebir çekeniň saglygyna agyr zyýan ýetirmek bilen,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
253-nji madda. Gorkuzyp almak
1. Jebir çekene ýa-da onuň ýakyn adamlaryna kesekiniň emlägini ýa-da emläge bolan ýa-da emläge degişli başga hili hereketleri etmek hukugynyň özüne berilmegini zorluk ulanmak ýa-da kesekiniň emlägini ýok etmek ýa-da zaýalamak howpy astynda, şonuň ýaly-da jebir çekeni ýa-da onuň ýakyn adamlaryny masgaralaýan maglumatlary ýaýratmak howpy astynda talap edene (gorkuzyp alana),
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
b) gaýtadan;
ç) zorluk ulanmak arkaly,
d) maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şonuň ýaly etmiş:
a) guramaçylykly topar tarapyndan ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan;
b) jebir çekeniň saglygyna agyr zyýan ýetirmek bilen;
ç) uly möçberdäki emlägi almak maksady bilen edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
254-nji madda. Aýratyn gymmatlygy bar bolan närseleriň
ogurlanylmagy
1. Haýsy ýol bilen alnandygyna garamazdan, aýratyn möhüm taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da medeni gymmatlygy bolan närseleriň ýa-da resminamalaryň ogurlanylandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan;
b) guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa;
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
255-nji madda. Kesekiniň ulag serişdesini bikanun eýelemek
1. Kesekiniň ulag serişdesiniň bikanun eýelenmegi (alnyp gaçylmagy), şunda ogurlamak maksady ýok bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) jebir çekeniň jany ýa-da saglygy üçin howply bolmadyk zorlugy ulanmak bilen ýa-da şeýle zorlugy ulanmak haýbatyny atmak bilen;
d) uly möçberli zyýan ýetirmek bilen;
e) zat saklanylýan jaýa girmek bilen edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler jebir çekeniň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak ýa-da şeýle zorlugy ulanmak haýbatyny atyp amala aşyrylsa,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
256-njy madda. Emlägi bilkastlaýyn ýok etmek ýa-da
zaýalamak
1. Kesekiniň emlägini bilkastlaýyn ýok edip ýa-da zaýalap, ep-esli möçberde zyýan ýetirene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) otlamak, partlatmak arkaly ýa-da umumy howply başga hili usul bilen amala aşyrylanda;
b) seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Eger ýetirilen zyýanyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan geçýän bolsa, onda ep-esli möçberde zyýan ýetirilen diýlip hasap edilýär.
257-nji madda. Seresapsyzlykdan emlägiň ýok edilmegi
ýa-da zaýalanylmagy
1. Kesekiniň emlägini seresapsyzlykdan uly möçberde ýok edene ýa-da zaýalana,
ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden on bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Ot bilen ýa-da ýokary howply başga bir zat bilen seresapsyzlykdan amala aşyrylan ýa-da agyr netijelere getiren şonuň ýaly etmişleri edene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimi bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Ýetirilen zyýan bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýetmiş bäşisinden artyk möçberde bolsa, ol şu maddada zyýanyň uly möçberi diýlip hasap edilýär.
2. Ýetirilen zyýanyň doly möçberde öwezini meýletin dolan adam şu maddada göz öňünde tutulan jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
258-nji madda. Görnetin jenaýatçylykly ýol bilen ele salnan
emlägiň satyn alynmagy ýa-da satylmagy
1. Görnetin jenaýatçylykly ýol bilen ele salnan emlägi öňünden boýun bolman satyn alana ýa-da saklana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişleri uly möçberde edene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
3. Görnetin jenaýatçylykly ýol bilen ele salnan emlägi öňünden boýun bolman satana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan etmişi şu aşakdaky ýagdaýlarda edene:
a) gaýtadan;
b) uly möçberde;
ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
d) jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu madda görnetin jenaýatçylykly ýol bilen ele salnan emlägiň gymmaty bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden geçýän halatynda ulanylýar.
XXVII BAP. YKDYSADY IŞI AMALA AŞYRMAGYŇ
TERTIBINE GARŞY JENAÝATLAR
259-njy madda. Kanuny telekeçilik işine päsgel berilmegi
Telekeçilik işiniň subýektini bellige almakdan bikanun ýüz dönderilmegi ýa-da ony bellige almakdan boýun gaçyrylmagy, belli bir işi amala aşyrmaga berilmegi ýörite rugsady (ygtyýarnamany) bermekden bikanun ýüz dönderilmegi ýa-da ony bermekden boýun towlanmagy, ýekebara telekeçiniň ýa-da täjirçilik guramasynyň hukuklarynyň bikanun çäklendirilmegi, şonuň ýaly-da olaryň işine bikanun gatyşylmagy, eger şeýle hereketler wezipeli adam tarapyndan öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak arkaly amala aşyrylan bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
260-njy madda. Bikanun telekeçilik işi
Döwlet tarapyndan bellige alynmazdan we ýörite rugsadynyň (ygtyýarnamasynyň) hökmany bolmaly halatlarynda, şeýle rugsadyň (ygtyýarnamanyň) bolmazlygy ýa-da ygtyýarlylandyrmak şertleriniň bozulmagy bilen aýratyn uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykly telekeçilik işiniň amala aşyrylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Şu maddada aýratyn uly möçberde girdeji diýlip bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäş ýüzüsinden artyk gelýän möçberdäki bir ýylyň dowamynda alnan girdeji hasap edilýär.
2. Şu Kodeksiň 260-262-nji, 264-265-nji, 267-nji, 269-273-nji, 277-285-nji maddalarynda görkezilen jenaýatlary ilkinji gezek eden adam, eger ol fiziki we ýuridik şahslara ýa-da döwlete ýetirilen zyýanyň öwezini doly möçberde dolan bolsa we ýetirilen zyýanyň iki essesi möçberindäki pul serişdesini döwletiň haýryna geçiren bolsa, eden jenaýaty üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
261-nji madda. Bikanun bank işi
1. Bellige alynmazdan ýa-da ýörite rugsadyň (ygtyýarnamanyň) hökmany bolmaly halatlarynda, şeýle rugsadyň (ygtyýarnamanyň) bolmazlygy ýa-da ygtyýarlylandyrmak şertleriniň bozulmagy bilen, eger şol hereket raýatlara, guramalara ýa-da döwlete uly zyýan ýetiren bolsa ýa-da uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykly ýagdaýda bank işiniň (bank amallarynyň) amala aşyrylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
b) aýratyn uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykly edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada uly zyýan ýa-da uly girdeji diýlip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden artyk gelýän möçberi hasap edilýär, aýratyn uly möçberli girdeji diýlip bolsa, bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäş ýüzüsinden artyk gelýän möçberi hasap edilýär.
262-nji madda. Galp telekeçilik
Galp telekeçilik, ýagny karz pullary almak, salgytlardan boşamak, başga emläk bähbidini edinmek ýa-da raýatlara, guramalara ýa-da döwlete uly zyýan ýetiren gadagan edilen işiň üstüni ýaşyrmak maksady bilen döredilen, telekeçilik ýa-da bank işini alyp barmagy niýet edinmeýän täjirçilik guramasynyň döredilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
263-nji madda. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan pul serişdeleriniň
we başga emlägiň kanunlaşdyrylmagy
1. Görnetin jenaýatçylykly ýol bilen alnan pul serişdeleriniň ýa-da gaýry emläk bilen maliýe amallarynyň edilmegi ýa-da beýleki geleşikleriň baglaşylmagy, şonuň ýaly-da görkezilen pul serişdeleriniň ýa-da emlägiň telekeçilik ýa-da başga ykdysady işi amala aşyrmak üçin peýdalanylmagy, olaryň başga görnüşe öwrülmegi ýa-da geçirilmegi, şeýle hem olara eýelik edilmegini, peýdalanylmagyny we ygtyýar edilmegini kanuny görnüşe getirmek maksady bilen şol pul serişdeleriniň ýa-da emlägiň bikanun gelip çykyşynyň ýaşyrylmagy ýa-da gizlenilmegi ýa-da şol hereketlerden peýda ýa-da beýleki bähbitleriň alnandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
ç) döwlet gullukçysy ýa-da oňa deňleşdirilen adam tarapyndan öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen etmişler jenaýatçylykly ýol bilen edinilen pul serişdeleri we başga emläk babatda ýa-da uly möçberde amala aşyrylan bolsa,
emlägini muzdsuz alyp, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada görkezilen jenaýatçylykly ýol bilen edinilen pul serişdeleriniň we başga emlägiň uly möçberi diýlip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden geçýän emlägiň bahasy hasap edilýär.
264-nji madda. Bikanun karz alynmagy
1. Hususy telekeçi ýa-da guramanyň ýolbaşçysy tarapyndan karz almak ýa-da karz alar ýaly ýeňillikli şertleri almak üçin banka ýa-da başga kreditora hususy telekeçiniň ýa-da guramanyň hojalyk ýa-da maliýe ýagdaýlary hakynda göz-görtele galp maglumatlary bermek arkaly karzy bikanun almak, eger şol hereketler karz berijä uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Döwletiň maksatlaýyn karzyny bikanun almak, şonuň ýaly-da kanuny ýol bilen alnan döwletiň maksatlaýyn karzynyň niýetlenilen ugra peýdalanylmandygy, eger şol hereketler raýatlara, guramalara ýa-da döwlete uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
265-nji madda. Kreditorlyk bergini üzmekden zandyýamanlyk
bilen boýun gaçyrylmagy
Degişli kazyýet çözgüdi kanuny güýje gireninden ýa-da notarial edarasynyň ýerine ýetiriş ýazgysy kazyýet tarapyndan ýerine ýetirilmäge kabul edilenden soňra, guramanyň ýolbaşçysy, hususy telekeçi ýa-da raýat tarapyndan uly möçberdäki kreditorlyk bergini üzmekden ýa-da gymmatly kagyzlary tölemekden zandyýamanlyk bilen boýun gaçyrylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
Bellik
Uly möçberdäki kreditorlyk bergi diýlip, hususy telekeçiniň ýa-da raýatyň bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden ýokary bolan möçberdäki bergisi, guramanyňky bolsa bellenilen binýatlyk mukdarynyň iki ýüzüsinden ýokary bolan möçberdäki bergisi hasap edilýär.
266-njy madda. Monopolistik hereketler we bäsdeşligi
çäklendirmek
Monopoliýa taýdan ýokary ýa-da pes nyrhlaryň bellenilmegi we saklanylmagy, şonuň ýaly-da bazary paýlaşmaga, bazara barylmagyny çäklendirmäge, ondan ykdysady işiň beýleki subýektlerini aýyrmaga, ýeke-täk nyrhlary bellemäge ýa-da saklamaga gönükdirilen dilleşmek ýa-da ylalaşylan hereketler arkaly bäsdeşligiň çäklendirilmegi, eger ol bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda gaýtadan ýa-da zorluk ulanmak bilen ýa-da zorluk ulanmak haýbatyny atmak bilen ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
267-nji madda. Gymmatly kagyzlaryň bazaryny
manipulirlemek
1. Gymmatly kagyzlaryň bazaryny manipulirlemek, ýagny islege we teklibe, gymmatly kagyzlaryň bahasyna ýa-da olar bilen söwdanyň möçberine täsir edýän ýa-da täsir edip biljek ýalan ýa-da aldawa salýan maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, umumy peýdalanylýan maglumat-telekommunikasiýa tory arkaly, beýleki islendik usul bilen ýaýradylandygy, şonuň ýaly-da birmeňzeş gymmatly kagyzlar üçin şol gün gurnalan söwdalarda hereket eden bahalardan düýpli tapawutlanýan bahadan gymmatly kagyzlar bilen geleşikleriň baglaşylandygy, şeýle geleşikleriň bu barada özara deslapdan dilleşen şahslaryň ýa-da olaryň işgärleriniň adyndan ýa-da olaryň hasabyna baglaşylan şertlerinde, eger şol hereketler betnebislik ýa-da başga şahsy bähbitlerden gymmatly kagyzlaryň bazarynyň beýleki gatnaşyjylaryna zyýan ýetirmek bilen edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen;
ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
268-nji madda. Geleşik baglaşmaga ýa-da ony baglaşmakdan
boýun gaçyrmaga mejbur etmek
1. Kesekiniň emlägini zorluk ulanmak, ýok etmek ýa-da zaýalamak haýbatyny atyp, şonuň ýaly-da jebir çekeniň ýa-da onuň ýakyn adamlarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetirip biljek maglumatlary ýaýratmak haýbatyny atyp, şunda gorkuzyp almak alamatlary bolmadyk ýagdaýynda, geleşik baglaşmaga ýa-da ony baglaşmakdan boýun gaçyrmaga mejbur edene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) zorluk ulanmak bilen;
ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
269-njy madda. Haryt nyşanynyň bikanun ulanylmagy
Bellige alnan haryt nyşanynyň, hyzmat ediş nyşanynyň, firmanyň, harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň bikanun ulanylandygy üçin, eger şu hereketler uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
270-nji madda. Döwletiň düzüm kesgitleýji belliklerini
taýýarlamagyň we peýdalanmagyň
düzgünleriniň bozulmagy
1. Döwletiň düzüm kesgitleýji belliklerini bikanun taýýarlamak, satmak ýa-da peýdalanmak, şonuň ýaly-da betnebislik ýa-da başga bir şahsy bähbitlerden ugur alyp, ony galplaşdyrmak, munuň üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
271-nji madda. Täjirçilik ýa-da bank syryny düzýän
maglumatlaryň bikanun ýol bilen
ýygnanylmagy, aýan edilmegi ýa-da
peýdalanylmagy
1. Täjirçilik ýa-da bank syryny düzýän maglumatlary bikanun aýan etmek ýa-da peýdalanmak maksady bilen resminamalary ogurlana, täjirçilik ýa-da bank syryny bilýän adamlara ýa-da olaryň ýakyn adamlaryna berim-peşgeş bermek ýa-da olary gorkuzmak, aragatnaşyk serişdelerinden gerekli maglumatlary almak, kompýuter ulgamyna ýa-da toruna bikanun girmek ýa-da başga bikanun usullar arkaly şol maglumatlary ýygnana,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Täjirçilik ýa-da bank syryny düzýän maglumatlaryň olaryň eýeleriniň razylygy bolmazdan, betnebislik ýa-da başga şahsy bähbitlerden ugur alnyp bikanun ile aýan edilmegi ýa-da peýdalanylmagy ýa-da maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly edilmegi we uly möçberde zyýan ýetirilmegi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
272-nji madda. Gymmatly kagyzlaryň bazarynda insaýder
geleşikleri
1. Gymmatly kagyzlaryň bazarynda insaýder geleşiklerini geçirmek, ýagny emitentiň razylygy bolmazdan insaýder maglumatyny peýdalanmak bilen geleşikleriň ýa-da amallaryň amala aşyrylandygy, eger şol hereketler betnebislik bilen ýa-da başga şahsy bähbitlerden edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
b) aýratyn uly möçberde girdeji almak bilen baglanyşykda edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Insaýder maglumaty diýlip, hemmeler üçin elýeterli bolmadyk, şol sanda belli bir wagtyň dowamynda, şeýle hem emitent ýa-da ol tarapyndan emissiýa edilen gymmatly kagyzlar baradaky maglumata düşünilýär, eger şeýle maglumat gulluk ýagdaýy, zähmet borçlary we baglaşylan şertnamalary bilen baglylykda oňa eýe bolan adamyny gymmatly kagyzlaryň bazarynyň beýleki gatnaşyjylary bilen deňeşdirilende artykmaç ýagdaýda goýýan bolsa.
273-nji madda. Gymmatly kagyzlar goýberilende
(emissiýa çykarylanda) hyýanatçylyk
edilmegi
Gymmatly kagyzlaryň emissiýasynyň prospektine görnetin nädogry maglumatyň girizilmegi, şonuň ýaly-da öz düzüminde görnetin nädogry maglumaty saklaýan emissiýa prospektiniň tassyklanylmagy ýa-da emissiýanyň görnetin nädogry netijeleriniň tassyklanylmagy, eger şol hereketler maýa goýuja (inwestora) uly möçberde zyýan ýetirmegine getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
274-nji madda. Galp pullaryň ýa-da gymmatly kagyzlaryň
satmak maksady bilen taýýarlanylmagy
ýa-da ýerleşdirilmegi
1. Satmak maksady bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň galp bank biletlerini, şaýy pullary, döwletiň gymmatly kagyzlaryny ýa-da Türkmenistanyň milli walýutasynda aňladylýan beýleki gymmatly kagyzlary ýa-da daşary ýurt walýutasyny ýa-da daşary ýurt walýutasynda aňladylýan gymmatly kagyzlary ýasana ýa-da olary ýerleşdirene,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) uly möçberde;
ç) guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada görkezilen galp bank biletleriniň, şaýy pullaryň, döwletiň gymmatly kagyzlarynyň, Türkmenistanyň milli walýutasynda aňladylýan beýleki gymmatly kagyzlaryň, daşary ýurt walýutasynyň, daşary ýurt walýutasynda aňladylýan gymmatly kagyzlaryň ýasalan ýa-da ýerleşdirilen möçberi bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden geçýän bolsa, ol uly möçberde edilen diýlip hasap edilýär.
275-nji madda. Galp karz ýa-da hasaplaşyk kartlarynyň we
beýleki töleg resminamalarynyň ýerlemek
maksady bilen taýýarlanylmagy ýa-da
ýerlenilmegi
1. Gymmatly kagyz hasaplanylmaýan galp kredit ýa-da hasaplaşyk kartlaryny we beýleki töleg resminamalaryny ýerlemek maksady bilen ýasana ýa-da ýerleşdirene,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, dört ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
276-njy madda. Kontrabanda
1. Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegiň ýörite düzgünleri bellenilen harytlaryň ýa-da başga närseleriň Türkmenistanyň gümrük serhedinden uly möçberde geçirilmegi, şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen harytlar we närseler muňa girmeýär, harytlaryň gümrük gözegçiliginden rugsatsyz ýa-da ondan gizläp geçirilmegi ýa-da resminamalaryň ýa-da serişdeleriň gümrük barabarlygynyň aldaw bilen peýdalanmak arkaly ýa-da harytlary deklarasiýa etmän ýa-da olary nädogry deklarasiýa etmek bilen baglanyşyklylykda kontrabanda edilmegi,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
ç) wezipeli adamyň öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen ýa-da gümrük gözegçiliginden boşadylan adam tarapyndan;
g) gümrük gözegçiligini amala aşyrýan adama zorluk ulanmak arkaly edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Türkmenistanyň gümrük serhedinden neşe serişdeleriň ýa-da psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň, neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary taýýarlamakda ulanylýan gurallaryň, güýçli täsir ediji, zäherli, awuly, radioaktiw ýa-da partlaýjy jisimleriň, ýaraglaryň, ýaryjy gurallaryň, ok atýan ýaragyň ýa-da ok-därileriň (niliniň içi ýylmanak bolan aw tüpeňi we onuň ok-därileri muňa girmeýär), ýadro, himiki, biologik we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň, beýleki görnüşleriniň we Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegiň, ýörite düzgünleri bellenilen köpçülikleýin gyryş ýaraglary döredilýän ýagdaýynda peýdalanylyp bilinjek materiallaryň we enjamlaryň, düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan uly möçberdäki derman serişdeleriniň, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegiň ýörite düzgünleri bellenilen strategik möhüm çig mal harytlarynyň, medeni gymmatlyklaryň geçirilmegi, eger bu hereket gümrük gözegçiliginden rugsatsyz ýa-da ondan gizlinlikde geçirilen bolsa ýa-da gümrük barabarlygynyň resminamalaryny ýa-da serişdelerini aldaw ýoly bilen peýdalanmak arkaly ýa-da harytlary deklarasiýa etmän ýa-da olary nädogry deklarasiýa etmek bilen baglanyşyklylykda amala aşyrylsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan etmişler şeýle ýagdaýda amala aşyrylanda:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan;
ç) öz gulluk ýagdaýyny peýdalanan wezipeli adam tarapyndan ýa-da gümrük gözegçiliginden boşadylan adam tarapyndan;
d) gümrük gözegçiligini berjaý edýän adama zorluk ulanmak bilen edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hereketler, eger serhetden geçirilen harytlaryň gymmaty bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden geçýän bolsa, uly möçberde amala aşyrylan diýlip hasap edilýär.
2. Düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň sanawy we uly möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.
3. Eger raýatyň ýarawsyzlygy sebäpli, oňa lukmanyň ýörite haty (resept) we goýlan kesel kesgidi esasynda, ýarawsyzyň özi, onuň ýakyn hossarlary ýa-da başga bir adam tarapyndan zerur mätäçligi üçin, syrkawyň ýaşaýyş ukyplylygyny saklamak maksady bilen daşary ýurtdan düzüminde güýçli täsir ediji jisimleri saklaýan derman serişdelerini deklarasiýa edip, Türkmenistanyň gümrük serhedinden resmi ýagdaýda getiren ýagdaýynda, ol jenaýat jogapkärçiligine degişli däldir.
277-nji madda. Gymmatbaha metallaryň, tebigy gymmatbaha
daşlaryň ýa-da dür daşynyň bikanun dolanyşygy
1. Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan kesgitlenilen düzgünleriň bozulmagy bilen gymmat baha metallar, tebigy gymmatbaha daşlar ýa-da dür daşy bilen baglanyşykly geleşikleriň baglaşylmagy, şonuň ýaly-da olaryň bikanun daşalmagy ýa-da islendik görnüşde, ýagdaýda iberilmegi üçin (ýuwelir we durmuş önümleri we şeýle önümleriň döwük-ýenjik bölekleri muňa girmeýär),
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) uly möçberde;
ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýetmiş bäşisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Eger bikanun dolanyşyk edilen gymmat baha metallaryň, tebigy gymmat baha daşlaryň ýa-da dür daşynyň gymmaty bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden geçýän bolsa, şu maddada göz öňünde tutulan hereketler uly möçberde amala aşyrylan diýlip hasap edilýär.
278-nji madda. Döwlete gymmatbaha metallary we
gymmatbaha daşlary tabşyrmak
düzgünleriniň bozulmagy
Ýerasty baýlyklardan gazylyp alnan, gaýtadan işlenýän çig maldan alnan, şeýle hem göterilip çykarylan we tapylan gymmatbaha metallary we gymmatbaha daşlary döwlete hökmany ýagdaýda tabşyrmakdan boýun gaçyrylmagy uly möçberde amala aşyrylanda,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Eger şu maddada görkezilen döwlete tabşyrylmadyk närseleriň gymmaty bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden geçýän bolsa, onda döwlete gymmatbaha metallary we gymmatbaha daşlary tabşyrmak düzgünleri uly möçberde bozulan diýlip hasap edilýär.
279-njy madda. Batyp galynan ýagdaýyndaky bikanun
hereketler
1. Emlägi ýa-da emläk borçnamalaryny, emläk hakyndaky, onuň möçberi hakyndaky maglumatlaryň, emlägiň ýerleşýän ýeri ýa-da emläk hakyndaky başga maglumatlaryň, emlägi başga biriniň eýelik etmegine bermek, emlägiň başga eýeçilik haýryna geçirilmeginiň ýa-da ýok edilmeginiň ýaşyrylmagy, şonuň ýaly-da, ykdysady işi görkezýän buhgalterlik we beýleki hasaba alnyş resminamalarynyň ýaşyrylmagy, ýok edilmegi, galplaşdyrylmagy, eger şu hereketler guramanyň – bergidaryň ýolbaşçysy ýa-da eýesi tarapyndan ýa-da hususy telekeçi tarapyndan batyp galynan ýagdaýynda ýa-da batyp galynjakdygyny öňünden aňyp, uly möçberde zyýan ýetirse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Bergidaryň – guramanyň, ýolbaşçysynyň ýa-da eýesiniň ýa-da hususy telekeçiniň hakykatda öz gurbunyň çatmaýandygy (batyp galandygy) hakynda bilýän bolsa-da, käbir kreditorlaryň, emläk talaplaryny göz-görtele beýleki kreditorlaryň zyýanyna bikanun kanagatlandyrmagy, şonuň ýaly-da, gurby çatmaýan bergidar tarapyndan beýleki kreditorlaryň, zyýanyna özüne berlen artykmaçlyklar hakynda bilse-de, kreditor şeýle kanagatlandyrmagy kabul eden bolsa, eger şol hereketler uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
280-nji madda. Bilkastlaýyn batyp galmak
Täjirçilik guramasynyň ýolbaşçysy ýa-da eýesi tarapyndan, şonuň ýaly-da hususy telekeçi tarapyndan öz şahsy bähbidi üçin ýa-da başga adamlaryň bähbidi üçin bilkastlaýyn batyp galynmagy amala aşyrmak, ýagny töläp bilmezlik ukybynyň bilkastlaýyn döredilmegi ýa-da ýokarlandyrylmagy, uly möçberde zyýan ýetirilmegi ýa-da başga agyr netijelere getirilmegi,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
281-nji madda. Galp batyp galmak
Galp batyp galmak, ýagny täjirçilik guramasynyň ýolbaşçysy ýa-da eýesi tarapyndan, şonuň ýaly-da hususy telekeçi tarapyndan kreditorlara tölenmeli tölegiň möhletini yza süýşürmek ýa-da ony böleklere bölüp, möhletleýin üzer ýaly ýa-da bergileriniň möçberini peselder ýaly, şonuň ýaly-da bergilerini tölemezlik üçin kreditorlary aldamak maksady bilen özüniň batyp galandygy hakynda görnetin galp yglan edilmegi netijesinde uly möçberde zyýan ýetirilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
282-nji madda. Daşary ýurtlardan daşary ýurt walýutasyndaky
serişdeleriň gaýtarylyp getirilmezligi
Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly bankynyň hasabyna hökman getirilmäge degişli bolan daşary ýurt walýutasyndaky uly möçberdäki serişdeleriň guramanyň ýolbaşçysy tarapyndan daşary ýurtlardan gaýtarylyp getirilmezligi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
Bellik
Eger daşary ýurtlardan gaýtarylyp getirilmedik daşary ýurt walýutasyndaky serişdeleriň möçberi bellenilen binýatlyk mukdarynyň üç müňünden geçýän bolsa, onda şu maddada göz öňünde tutulan hereketler uly möçberde amala aşyrylan diýlip hasap edilýär.
283-nji madda. Gümrük töleglerini tölemekden
boýun gaçyrylmagy
Uly möçberdäki gümrük töleglerini tölemekden boýun gaçyrylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
Bellik
Eger tölenmedik gümrük tölegleriniň bahasy bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden geçýän bolsa, ol uly möçberdäki gümrük töleglerini tölemekden boýun gaçyrylmagy diýlip hasap edilýär.
284-nji madda. Fiziki şahsyň salgytlary tölemekden
boýun gaçyrmagy
1. Fiziki şahsyň girdejileri ýa-da beýleki salgyt salynýan zatlary bilkastlaýyn ýaşyrmak ýa-da azaldyp görkezmek arkaly, salgytlary tölemekden boýun gaçyrmagy, şonuň ýaly-da göz-görtele ýoýlan maglumatlary salgyt beýannamasyna, hasaby ýörediş resminamalara girizmegi uly möçberde salgytlary tölemekden boýun gaçyrmaga getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) aýratyn uly möçberde edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Eger tölenilmedik salgydyň bir ýylda hasaplanylan mukdary bellenilen binýatlyk mukdarynyň iki ýüz ellisinden geçýän bolsa, ol fiziki şahsyň uly möçberdäki salgydy tölemekden boýun gaçyrmagy diýlip hasap edilýär.
2. Eger tölenilmedik salgydyň bir ýylda hasaplanylan mukdary bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäş ýüzüsinden geçýän bolsa, ol fiziki şahsyň aýratyn uly möçberdäki salgydy tölemekden boýun gaçyrmagy diýlip hasap edilýär.
3. Eger şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan jenaýaty ilkinji gezek eden adam jenaýatyň üstüniň açylmagyna ýardam beren bolsa we ýetirilen zeleliň öwezini dolulygyna dolsa, oňa azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza bellenilip bilinmez.
(2023-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)
285-nji madda. Guramalardan salgytlary tölemekden
boýun gaçyrylmagy
1. Maliýe resminamalaryna girdejiler ýa-da çykdajylar hakynda göz-görtele ýoýlan maglumatlary girizmek ýoly bilen ýa-da maliýe resminamalaryny ýok etmek arkaly we salgyt salynýan beýleki zatlaryň ýaşyrylmagy ýa-da başga usul bilen guramalardan salgytlary uly möçberde tölemekden boýun gaçyrylmagyna getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) aýratyn uly möçberde edilse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Eger tölenilmedik salgydyň bir ýylda hasaplanylan mukdary bellenilen binýatlyk mukdarynyň bir müňüsinden geçýän bolsa, ol guramalardan uly möçberdäki salgydy tölemekden boýun gaçyrylmagy diýlip hasap edilýär.
2. Eger tölenilmedik salgydyň bir ýylda hasaplanylan mukdary bellenilen binýatlyk mukdarynyň iki müň bäş ýüzüsinden geçýän bolsa, ol guramalardan aýratyn uly möçberdäki salgydy tölemekden boýun gaçyrylmagy diýlip hasap edilýär.
3. Eger şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan jenaýaty ilkinji gezek eden adam jenaýatyň üstüniň açylmagyna ýardam beren bolsa we ýetirilen zeleliň öwezini dolulygyna dolsa, oňa azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jeza bellenilip bilinmez.
(2023-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № ..., ...-nji madda)
286-njy madda. Sarp edijileri aldamak
1. Harytlaryň ýerlenilmegini, işleriň ýerine ýetirilmegini we hyzmatlaryň edilmegini amala aşyrýan şahslar tarapyndan uly möçberde kem ölçenilmegi, kem çekilmegi, artyk hasaplanylmagy, harydyň (işiň, hyzmatyň) sarp ediş alamatlaryna, hiline degişlilikde ýalňyşdyrylmagy ýa-da sarp edijileriň gaýry usulda aldanylmagy üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Bellenilen binýatlyk mukdarynyň on ikisinden geçýän möçberde sarp edijilere ýetirilen zyýan sarp edijileri uly möçberde aldamak diýlip hasap edilýär.
287-nji madda. Söwda düzgünleriniň bozulmagy
1. Bellenilen düzgünleri bozup, döwlet söwdasynyň (jemgyýetçilik iýmiti) kärhanalarynyň (guramalarynyň) ammarlaryndan, bazalaryndan, dükanlaryndan we kömekçi jaýlaryndan harytlaryň satylandygy, şonuň ýaly-da harytlaryň sarp edijilerden gizlenilip saklanylmagy, eger olar deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da uly möçberde edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
a) guramaçylykly topar tarapyndan;
b) aýratyn uly möçberde edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Azyk önümleriniň bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden az bolmadyk möçberi, beýleki harytlaryň bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden az bolmadyk möçberi harytlaryň uly möçberde satylmagy ýa-da gizlenilip saklanylmagy diýlip hasap edilýär.
2. Azyk önümleriniň bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden az bolmadyk möçberi, beýleki harytlaryň bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden az bolmadyk möçberi harytlaryň aýratyn uly möçberde satylmagy ýa-da gizlenilip saklanylmagy diýlip hasap edilýär.
288-nji madda. Poçta töleg bellikleriniň we gatnaw
resminamalarynyň galplaşdyrylmagy
Görnetin galp poçta töleg bellikleriniň, halkara gaýtargy kuponlarynyň, belgi maşynlarynyň çap basmasynyň ýa-da ştempelleriň, şonuň ýaly-da demir ýol, suw, howa ýa-da awtomobil ulaglarynda ýolagçylary gatnatmak ýa-da ýük daşamak üçin niýetlenen biletleriniň we başga resminamalarynyň satmak maksady bilen ýasalmagy ýa-da satylmagy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
XXVIII BAP. TÄJIRÇILIK WE BEÝLEKI GURAMALARDA GULLUK BÄHBITLERINE GARŞY JENAÝATLAR
289-njy madda. Ygtyýarlyklardan hyýanatçylykly
peýdalanylmagy
1. Ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanana, ýagny täjirçilik ýa-da başga guramada dolandyryjy wezipeleri ýerine ýetirýän adam tarapyndan öz ygtyýarlyklaryny şu guramanyň kanuny bähbitleriniň tersine hyýanatçylykly peýdalanylmagy we özi üçin ýa-da başga adamlar üçin peýda görmek we artykmaçlyk gazanmak ýa-da beýleki adamlara zyýan ýetirmek maksady bilen edilen bolsa, eger munuň özi raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Agyr netijelere getiren şonuň ýaly etmiş edene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Şu babyň maddalaryndaky täjirçilik ýa-da başga guramada dolandyryjy wezipeleri ýerine ýetirýän adam diýlip, eýeçiligiň görnüşine garamazdan täjirçilik guramasynda, şeýle hem döwlet häkimiýet edarasy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy, döwlet edarasy bolmadyk täjirçilik däl guramada hemişelik, wagtlaýyn ýa-da ýörite ygtyýarlyk boýunça guramaçylyk-serenjam berijilik ýa-da administratiw-hojalyk borçlaryny ýerine ýetirýän adam hasap edilýär.
2. Eger şu maddada ýa-da şu babyň beýleki maddalarynda göz öňünde tutulan hereketler diňe döwlet kärhanasy bolmadyk täjirçilik guramasynyň bähbitlerine zyýan ýetiren bolsa, jenaýat yzarlaýyş şu guramanyň arzasy boýunça ýa-da onuň ýazmaça razylygy alnyp amala aşyrylýar.
3. Eger şu madda tarapyndan ýa-da şu babyň beýleki maddalary tarapyndan göz öňünde tutulan hereketler raýatlaryň, beýleki guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetiren bolsa, jenaýat yzarlaýyş umumy esaslarda amala aşyrylýar.
290-njy madda. Bermit bermek
1. Bermit berene, ýagny täjirçilik ýa-da başga guramalarda dolandyryş ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýän adama, onuň öz gulluk ýagdaýyny peýdalanyp etmeli bolan ýa-da edip biljek, berim-peşgeş berýäniň bähbidine belli bir işi bitirmegi ýa-da bitirmezligi üçin pul, gymmatly kagyzlary ýa-da gaýry emlägi bikanun berene, şonuň ýaly-da şol işi üçin oňa emläk häsiýetli hyzmaty bikanun edene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty etmekde günäkär adam, eger özi babatda gorkuzyp almak çäresiniň ulanylandygyny aýtsa ýa-da eger jenaýat işini gozgamaga hukugy bar bolan edara bermit berlendigi hakynda meýletin habar berse, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
291-nji madda. Bermit almak
1. Bermit almak, ýagny täjirçilik ýa-da başga guramalarda dolandyryş ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirýän adamyň öz gulluk ýagdaýyny peýdalanyp etmeli bolan ýa-da edip biljek, berim-peşgeş berýäniň bähbidine belli bir işi bitirmegi ýa-da bitirmezligi üçin ondan pul, gymmatly kagyzlary ýa-da gaýry emlägi bikanun alandygy, şonuň ýaly-da şol işi üçin onuň emläk häsiýetli hyzmatyndan bikanun peýdalanandygy üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da gorkuzyp almak bilen baglanyşykly edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
292-nji madda. Auditoryň, bitarap kazynyň ýa-da
adwokatyň doly ygtyýarly hukuklaryny
hyýanatçylykly peýdalanmagy
Auditoryň, bitarap kazynyň ýa-da adwokatyň özlerine berlen doly ygtyýarly hukuklaryny haýyr görmek maksady bilen we özleri üçin ýa-da başga adamlar üçin artykmaçlyklar gazanmak üçin ýa-da beýleki adamlara zyýan ýetirmek üçin öz işiniň wezipeleriniň tersine peýdalanmagy, eger bu hereket raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň hukuklaryna ýa-da kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
XII BÖLÜM. JEMGYÝETÇILIK HOWPSUZLYGYNA WE
ILATYŇ SAGLYGYNA GARŞY JENAÝATLAR
XXIX BAP. JEMGYÝETÇILIK HOWPSUZLYGYNA WE JEMGYÝETÇILIK TERTIBINE GARŞY JENAÝATLAR
293-nji madda. Terrorçylyk
1. Terrorçylyk, ýagny partladyş, otlamak ýa-da adamlaryň heläk bolmagyna getirip biljek howp döredýän başga hereketleriň amala aşyrylmagy, emläge düýpli zyýan ýetirip biljek ýa-da başga jemgyýetçilik howply wakalaryň peýda bolmagy, eger şu hereketler jemgyýetçilik howpsuzlygyny bozmak, ilaty gorkuzmak ýa-da döwlet edaralary, daşary ýurt döwletleri ýa-da halkara guramalary tarapyndan kararyň kabul edilmegine täsir etmek, urşy öjükdirmek ýa-da halkara gatnaşyklaryny çylşyrymlaşdyrmak maksady bilen amala aşyrylan bolsa, şeýle hem şol maksatlara ýetmek üçin görkezilen hereketler bilen haýbat atmak amala aşyrylan bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan;
b) adamyň jany ýa-da saglygy üçin hakyky howp döredip biljek ýaragy ýa-da ýarag hökmünde partlaýjy maddalary ýa-da partlaýjy enjamlary ulanmak bilen edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, ýedi ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
a) köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny, radioaktiw maddalary ulanmak ýa-da ulanmak howpuny atmak we köpçülikleýin zäherlenmeleri, epidemiýany ýa-da epizootiýany ýaýratmak ýa-da ýaýratmak howpuny atmak, şonuň ýaly-da adamlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna getirmäge ukyply gaýry hereketleri etmek bilen birleşdirilip edilen bolsa,
b) adamyň ölümine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Jemgyýetçilik howpsuzlygyny bozmak, ilaty gorkuzmak ýa-da Türkmenistanyň döwlet edaralary, daşary ýurt döwleti ýa-da halkara guramasy tarapyndan kararyň kabul edilmegine täsir etmek maksady bilen adamyň janyna kast edilendigi, şonuň ýaly-da şol maksatlar bilen, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik işgäriniň döwlet ýa-da gaýry syýasy işini bes etdirmek ýa-da şeýle işi üçin ar almak maksady bilen onuň janyna kast edilendigi ýa-da halkara goragyndan peýdalanýan adamlara, guramalara, binalara ýa-da desgalara çozuş etmek, adamlary, binalary, desgalary, habar beriş we aragatnaşyk serişdelerini girewine almak, ogryn äkitmek, şonuň ýaly-da howa ýa-da suw gämisini ýa-da demir ýol otlusynyň hereket edýän düzümini basyp almak bilen utgaşdyrylyp, adamyň janyna kast edilendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Eger terrorçylyk wakasyny taýýarlamaga gatnaşan adam häkimiýet edaralaryna öz wagtynda duýdurmak arkaly ýa-da başga usullar bilen terrorçylygyň öňüni almaga ýardam eden bolsa we eger şol adamyň hereketlerinde başga jenaýatyň alamatlary ýok bolsa, onda ol jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
294-nji madda. Terrorçylygy maliýeleşdirmek
1. Terrorçylygy maliýeleşdirmek, ýagny terrorçylygyň guralmagyny ýa-da amala aşyrylmagyny maliýeleşdirmäge niýetlenýändigine düşünmek bilen pul, maddy-tehniki we beýleki serişdeleriň ýygnalmagy ýa-da berilmegi ýa-da maliýe we beýleki hyzmatlaryň edilmegi, şonuň ýaly-da terrorçylyk maksatly hereketi bilen bagly ýa-da bagly bolmazdan terrorçynyň, terrorçylykly toparyň, terrorçylykly guramanyň, ýa-da şol maksatlara ýetmek üçin döredilýän guramaçylykly toparyň, bikanun ýaragly birikmäniň, ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň işini üpjün etmek boýunça hereketler edilendigi (hereketsizligi) üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, dört ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan ýa-da uly möçberde;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilse,
emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
a) aýratyn uly möçberde;
b) guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse,
emlägini muzdsuz alyp, on iki ýyldan on sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Şu maddada görkezilen maliýeleşdirmegiň möçberi bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden geçýän bolsa, uly möçberde diýlip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň iki ýüzüsinden geçýän bolsa, aýratyn uly möçberde diýlip hasap edilýär.
2. Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty zorluk ulanmagyň ýa-da ulanmak haýbatyny atmagyň netijesinde eden adam, eger ol bu barada döwlet häkimiýet edaralaryna meýletin öz wagtynda habar beren, jenaýatyň öňüni almaga we üstüni açmaga ýardam eden bolsa, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
295-nji madda. Terrorçylygy wagyz etmek ýa-da terrorçylykly
hereketleri etmäge açyk çagyryşlar
1. Terrorçylygyň wagyz edilendigi we terrorçylykly hereketleri etmäge açyk çagyryşlaryň edilendigi, şonuň ýaly-da şeýle mazmunly materiallaryň ýaýratmak maksady bilen taýýarlanandygy, saklanandygy ýa-da ýaýradylandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, elektron ýa-da maglumat-telekommunikasiýa ýa-da Internet torlaryny peýdalanmak bilen ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam, jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty zorluk ulanmagyň ýa-da ulanmak haýbatyny atmagyň netijesinde eden adam, eger ol bu barada döwlet häkimiýet edaralaryna öz wagtynda meýletin habar beren, jenaýatyň öňüni almaga we üstüni açmaga ýardam eden bolsa, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
296-njy madda. Terrorçylykly topary we terrorçylykly
guramany döretmek, olara ýolbaşçylyk
etmek we olaryň işine gatnaşmak
1. Terrorçylykly toparyň we terrorçylykly guramanyň döredilendigi, şonuň ýaly-da olara ýolbaşçylyk edilendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Terrorçylykly toparyň we terrorçylykly guramanyň işine, şonuň ýaly-da olaryň amala aşyrýan terrorçylykly hereketlerine gatnaşylandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp, on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
297-nji madda. Terrorçylyk we ekstremistik işlere çekmek,
taýýarlamak ýa-da olary ýarag bilen
üpjün etmek
1. Terrorçylyk we ekstremistik işleri etmekde adamyň hyzmatdaşlyk etmäge ýa-da gaýry görnüşde çekilendigi, taýýarlanandygy ýa-da ýarag bilen üpjün edilendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar kämillik ýaşyna ýetmedik adam babatda ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
298-nji madda. Terrorçylyk ýa-da ekstremistik işlere
taýýarlygy geçmek
Görnetin terrorçylyk işini ýa-da ekstremistik hereketleri etmegiň başarnyklaryny we endiklerini öwretmäge gönükdirilen taýýarlygyň geçilendigi, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşynda geçilendigi üçin,
üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty eden adam, eger ol geçen taýýarlygy barada döwlet häkimiýet edaralaryna meýletin öz wagtynda habar beren bolsa, şonuň ýaly-da şeýle taýýarlygy geçenleriň, ony amala aşyrýanlaryň, guraýanlaryň we maliýeleşdirýänleriň ýüze çykarylmagyna ýardam eden bolsa, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
299-njy madda. Terrorçylyk wakasy hakynda görnetin
ýalan habar
Taýýarlyk görülýän partladyş, otlamak ýa-da adamlaryň heläk bolmagyna getirip biljek howp döredýän başga hereketleriň taýýarlanylýandygy, emläge düýpli zyýan ýetirip biljek ýa-da başga jemgyýetçilik howply wakalaryň peýda bolmagy hakynda görnetin ýalan habary ýaýradana,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
300-nji madda. Bikanun ýaragly ýa-da harbylaşdyrylan
düzümleri döretmek ýa-da olaryň
işine gatnaşmak
1. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk ýaragly ýa-da harbylaşdyrylan düzümleriň döredilendigi, şonuň ýaly-da şeýle düzümlere ýolbaşçylyk edilendigi üçin,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Bikanun ýaragly ýa-da harbylaşdyrylan düzümleriň işine gatnaşylandygy üçin,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Bikanun ýaragly ýa-da harbylaşdyrylan düzümleriň işine gatnaşmakdan meýletin ýüz dönderen we ýaragyny we harby enjamyny tabşyran adam, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
301-nji madda. Banditçilik
1. Çozmak maksady bilen durnukly guramaçylykly ýaragly toparyň (bandanyň) döredilmegi, şeýle topara (banda) ýolbaşçylyk edilmegi, şonuň ýaly-da banda tarapyndan edilýän çozuşlara gatnaşylmagy,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen topara (banda) ýa-da ol tarapyndan edilýän çozuşlara gatnaşylandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp, on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp, on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
302-nji madda. Binalary, desgalary, habar beriş we
aragatnaşyk serişdelerini basyp almak
1. Binalaryň, desgalaryň, habar beriş we aragatnaşyk serişdeleriniň, gaýry kommunikasiýalaryň basylyp alnandygy ýa-da olary boşatmagyň şerti hökmünde döwleti, guramalary ýa-da raýatlary haýsydyr bir hereketi etmäge ýa-da haýsydyr bir hereketi etmekden saklanmaga mejbur etmek maksady bilen olary ýok etmek ýa-da zyýan ýetirmek howpy bilen birleşdirilip, saklanylandygy üçin,
üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) harby döwürde;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) gaýtadan;
d) adamyň jany we saglygy üçin howply bolan zorluk ulanmak bilen;
e) ýarag ýa-da ýarag hökmünde peýdalanylýan başga närseleri ulanmak bilen;
ä) betnebislikli meýiller bilen ýa-da hakyna tutma boýunça;
f) döwlet edaralary ýa-da kärhanalary babatda edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, ýedi ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getiren ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
303-nji madda. Köpçülikleýin gyryş ýaragy, beýleki ýaraglar we
harby tehnikalar döredilende peýdalanylýan
çig mallary, materiallary, enjamlary,
tehnologiýalary, ylmy-tehniki maglumatlary
bikanun eksport etmek we işleri ýa-da
hyzmatlary bikanun ýerine ýetirmek
1. Köpçülikleýin gyryş ýaragy, ony eltmegiň serişdeleri, beýleki ýaraglar we harby tehnikalar döredilende peýdalanylyp bilinjek we özleri babatda ýörite eksport gözegçiligi bellenen çig mallaryň, materiallaryň, enjamlaryň, tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki maglumatlaryň bikanun eksport edilendigi we işleriň ýa-da hyzmatlaryň bikanun ýerine ýetirilendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş, eger ol gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
304-nji madda. Guramaçylykly toparyň, jenaýatçylykly
bileleşigiň we beýleki jenaýatçylykly düzümleriň
döredilmegi ýa-da olaryň işine gatnaşylmagy
1. Jenaýat etmek üçin guramaçylykly toparyň, jenaýatçylykly bileleşigiň ýa-da beýleki jenaýatçylykly düzümleriň, şol sanda olaryň transmilli düzümleriniň döredilendigi ýa-da olary döretmäge açyk çagyryşlaryň edilendigi, şonuň ýaly-da olara ýa-da olaryň düzüm bölünmelerine ýolbaşçylyk edilendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen jenaýatçylykly düzümleriň işine gatnaşylandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp, bäş ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar kämillik ýaşyna ýetmedik adamy çekmek arkaly ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp, on ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen jenaýatçylykly düzümleriňýolbaşçylarynyň ýa-da olara gatnaşyjylaryň birleşiginiň döredilendigi, şonuň ýaly-da olaryň hereketleriniň utgaşdyrylandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp, on iki ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
5. Şu maddanyň dördünji böleginde görkezilen birleşige ýolbaşçylyk edilendigi ýa-da onuň işine işjeň gatnaşylandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp, on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty eden adam, eger ol jenaýatçylykly hereketlerini meýletin bes eden, taýýarlanylýan, edilýän ýa-da edilen jenaýatlaryň öňüni almaga, üstüni açmaga ýardam eden bolsa, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
305-nji madda. Jenaýatçylykly düzümleriň maliýeleşdirilmegi
1. Şu Kodeksiň 300-nji, 301-nji we 304-nji maddalarynda göz öňünde tutulan bikanun ýaragly we harbylaşdyrylan düzümleriň, durnukly guramaçylykly ýaragly toparyň, guramaçylykly toparyň, jenaýatçylykly bileleşigiň we beýleki jenaýatçylykly düzümleriň, şeýle hem olar tarapyndan edilýän jenaýatlaryň guralmagyny ýa-da amala aşyrylmagyny maliýeleşdirmäge görnetin niýetlenýän pul, maddy-tehniki we beýleki serişdeleriň ýygnalandygy ýa-da berlendigi, şonuň ýaly-da maliýe we beýleki hyzmatlaryň edilendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan jenaýatçylykly düzümlere gatnaşyjylar tarapyndan emläkleriň saklanylandygy, paýlanylandygy, şonuň ýaly hem olary maliýeleşdirmegiň ugurlarynyň işlenilip düzülendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen, täjirçilik ýa-da beýleki guramalarda dolandyryjylyk wezipelerini ýerine ýetirýän adam ýa-da jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy tarapyndan edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp, ýedi ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýaty zorluk ulanmagyň ýa-da ulanmak haýbatyny atmagyň netijesinde eden adam, eger ol bu barada döwlet häkimiýet edaralaryna meýletin öz wagtynda habar beren, jenaýatyň öňüni almaga we üstüni açmaga ýardam eden bolsa, eger onuň hereketlerinde gaýry jenaýatyň düzümi bolmasa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
306-njy madda. Köpçülikleýin bidüzgünçilikler
1. Zorluk ulanmak, talaňçylyk, otlamak, emlägiň ýok edilmegi, ok atýan ýaragy ulanmak, partlaýjy maddalary ýa-da ýaryjy serişdeleri ulanmak bilen baglanyşykly köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň guralmagy, şeýle hem häkimiýet wekiline ýaragly garşylyk görkezilmegi,
bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan köpçülikleýin bidüzgünçiliklere gatnaşylmagy,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
307-nji madda. Howa gämisiniň, suw gämisiniň ýa-da
gatnadylýan demir ýol wagonlar düzüminiň
ogryn äkidilmegi ýa-da birugsat eýelenmegi
1. Howa ýa-da suw gämisiniň ýa-da gatnadylýan demir ýol wagonlar düzüminiň ogryn äkidilmegi, şonuň ýaly-da şeýle gämini ýa-da wagonlar düzümini ogryn äkitmek maksady bilen birugsat eýeläne,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
b) gaýtadan;
ç) adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak arkaly ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen;
d) ok atýan ýaragy ulanmak bilen edilen bolsa,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa ýa-da seresapsyzlykdan adamyň ölümine getiren bolsa ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
308-nji madda. Platformany bikanun eýelemek
1. Ýüzýän ýa-da hereketsiz duran platformanyň oňa gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen bikanun eýelenendigi, şonuň ýaly-da platformada onuň howpsuz ýüzmegine howp döredýän, platformanyň döwülmegine ýa-da dargamagyna getirýän partlaýjy ýa-da beýleki serişdeleriň oturdylandygy, ýa-da ýerleşdirilendigi, şeýle hem şol maksatlara ýetmek üçin hereketleriň edilendigi (hereketsizligi) üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
b) gaýtadan;
ç) adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen etmişler, eger olar guramaçylykly topar tarapyndan edilen ýa-da seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
309-njy madda. Ulag geçirijileriň gabalmagy
1. Päsgelçilikleri gurmak ýa-da başga usullar arkaly demir ýol, suw, howa ýa-da awtomobil ulag geçirijileriň,şeýle hem magistral turba ulag geçirijileriň bilkastlaýyn gabalmagy, munuň özi hereketiň kesilmegine ýa-da ulagyň işiniň başga bozulmalaryna elten bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar adamlaryň jany we saglygy üçin howp döredilmegi bilen edilen bolsa ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar betbagtçylykly halatlara ýa-da başga agyr ýagdaýlara elten bolsa,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
310-njy madda. Huligançylyk
1. Huligançylyk edene, ýagny jemgyýeti göz-görtele äsgermezlikden ybarat bolan raýatlara zorluk ulanmak ýa-da zorluk ulanmak haýbatyny atmak bilen baglanyşykly bolan, şonuň ýaly-da kesekiniň emlägini ýok etmegi ýa-da zaýalamagy bilen baglanyşykly bolan jemgyýetçilik tertibiniň gödek bozulmagy deslapdan dilleşmezden iki ýa-da şondan köp adam tarapyndan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da häkimiýet wekiline, jemgyýetçilik tertibini goramak wezipesini ýerine ýetirýän ýa-da jemgyýetçilik tertibiniň bozulmagynyň öňüni alýan başga adama garşylyk görkezmek bilen baglanyşykly edilmegi,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlygy çäklendirmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar gaýtadan edilse ýa-da ýarag ulanmak bilen ýa-da ýarag hökmünde adamyň saglygyna zyýan ýetirip biljek zatlary ulanmak bilen amala aşyrylan huligançylyk üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
311-nji madda. Dag-magdan, gurluşyk ýa-da başga işler
geçirilýän ýagdaýynda howpsuzlyk
düzgünleriniň bozulmagy
1. Dag-magdan, gurluşyk ýa-da başga işler geçirilýän ýagdaýynda howpsuzlyk düzgünleri bozulyp, eger ol seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetirilmegine getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş, eger ol seresapsyzlykdan adamyň ölümine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
312-nji madda. Ýaramaz hilli gurluşyk
1. Gurluşyk guramalarynyň ýolbaşçylary, işleri ýerine ýetirijiler we gurluşygyň hiline gözegçiligi amala aşyrýan wezipeli adamlar tarapyndan ýaramaz hilli gurlan, tamamlanylmadyk ýa-da şertnamanyň we taslama resminamalarynyň şertlerine laýyk gelmeýän binalaryň we desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň, elektrostansiýalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýa-da gaýry gurluşyk obýektleriniň ulanylmaga tabşyrylandygy ýa-da kabul edilendigi, şonuň ýaly-da olarda pes hilli bejeriş işleriniň geçirilendigi üçin, eger olar seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetirilmegine getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
313-nji madda. Binagärlik, şäher gurluşyk we gurluşyk işi
çygrynda kadalaryň we düzgünleriň bozulmagy
1. Binagärlik, şäher gurluşyk we gurluşyk işi çygrynda kadalaryň we düzgünleriň bozulmagy, eger bu seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
314-nji madda. Bilermenlik işleriniň ýa-da inženerçilik
hyzmatlarynyň göwnejaý ýerine ýetirilmezligi
1. Bilermenlik işleriniň ýa-da inženerçilik hyzmatlarynyň göwnejaý ýerine ýetirilmändigi üçin, eger olar seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
315-nji madda. Kosmos işi amala aşyrylanda howpsuzlyk
düzgünleriniň bozulmagy
1. Kosmos işi amala aşyrylanda howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy, eger bu seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetirilmegine getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
316-njy madda. Partlama howply desgalarda howpsuzlyk
düzgünleriniň bozulmagy
1. Partlama howply desgalarda ýa-da partlama howply sehlerde howpsuzlygy üpjün edýän düzgünleriň bozulandygy üçin, eger bu düzgün bozma adamyň ölmegine ýa-da başga hili agyr netijelere getirip biljek bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş, eger ol seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
317-nji madda. Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň
bozulmagy
Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek wezipesi öz üstüne ýüklenilen adam tarapyndan onuň bozulandygy üçin, eger ol seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren bolsa ýa-da adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
318-nji madda. Radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň
bikanun ulanylmagy
1. Radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň bikanun edinilendigi, saklanylandygy, peýdalanylandygy, berlendigi, bozulandygy, senagat taýdan baýlaşdyrylandygy, görnüşiniň üýtgedilendigi, ýok edilendigi ýa-da tozadylandygy üçin,
iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
319-njy madda. Radioaktiw ýa-da ýadro materiallaryny
ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy
Radioaktiw ýa-da ýadro materiallaryny saklamagyň, bermegiň, peýdalanmagyň, hasaba almagyň, daşamagyň düzgünleriniň we olary ulanmagyň beýleki düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu hereketler radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň fiziki goragynyň bozulmagyna ýa-da beýleki agyr netijelere getiren bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
320-nji madda. Radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň
ogurlanylmagy ýa-da gorkuzylyp alynmagy
1. Radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň ogurlanandygy ýa-da gorkuzylyp alnandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen;
d) adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolmadyk zorlugy ulanmak ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Radioaktiw ýa-da ýadro materiallarynyň adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorlugy ulanmak bilen, ýa-da şeýle zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen, ýa-da guramaçylykly topar, ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan ogurlanandygy, ýa-da gorkuzylyp alnandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp, alty ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada, şeýle hem şu Kodeksiň 326-njy we 329-njy maddalarynda, gaýtadan edilen jenaýat diýlip, şu maddalarda, şeýle hem şu Kodeksiň 247-254-nji we 293-301-nji maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlardan birini ýa-da birnäçesini öň eden adam tarapyndan edilen jenaýat hasap edilýär.
321-nji madda. Partlaýjy, çalt ýanýan maddalary
ýa-da pirotehniki önümleri ulanmagyň
düzgünleriniň bozulmagy
Partlaýjy, çalt ýanýan maddalary ýa-da pirotehniki önümleri saklamagyň, hasaba almagyň, peýdalanmagyň we daşamagyň düzgünleriniň bozulandygy, şeýle hem bu maddalaryň ýa-da önümleriň poçta ýa-da goş arkaly bikanun iberilendigi, eger bu hereketler seresapsyzlykdan agyr netijelere getiren bolsa,
iki ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
322-nji madda. Ýaragyň, ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň
ýa-da partladyjy enjamlaryň bikanun
edinilmegi, satylmagy, saklanylmagy,
äkidilmegi, iberilmegi ýa-da ýanynda
göterilmegi
1. Ok atýan ýaragyň, ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň ýa-da partladyjy enjamlaryň bikanun edinilendigi, satylandygy, saklanylandygy, äkidilendigi, iberilendigi ýa-da ýanynda göterilendigi üçin (niliniň içi ýylmanak bolan aw tüpeňi we onuň ok-därileri muňa girmeýär),
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişleriň deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da gaýtadan edilendigi üçin,
iki ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleriň guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilendigi üçin,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Gamalaryň, fin pyçaklarynyň ýa-da beýleki sowuk ýaragyň, şol sanda zyňylýan ýaragyň bikanun satylandygy ýa-da ony ýanynda göterendigi, şonuň ýaly-da gaz sapançalarynyň, ballonjyklarynyň ýa-da beýleki gaz ýaragynyň bikanun satylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada görkezilen zatlary meýletin tabşyran adam, eger onuň hereketlerinde jenaýatyň başga alamaty ýok bolsa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
323-nji madda. Ýaragyň bikanun ýasalmagy
1. Ok atýan ýaragyň, onuň düzüm bölekleriniň we komponentleriniň bikanun ýasalandygy ýa-da abatlanylmagy, şonuň ýaly-da ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň ýa-da partladyjy enjamlaryň bikanun ýasalandygy üçin,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilendigi üçin,
iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şonuň ýaly etmişleriň guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilendigi üçin,
bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Gaz ýaragynyň, gamalaryň, fin pyçaklarynyň ýa-da beýleki sowuk ýaragyň, şol sanda zyňylýan ýaragyň bikanun ýasalandygy üçin,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada görkezilen zatlary meýletin tabşyran adam, eger onuň hereketlerinde başga jenaýatyň düzümi ýok bolsa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
324-nji madda. Ok atýan ýaragyň harsal saklanylmagy
Ok atýan ýaragyň harsal saklanylandygy, ony başga biriniň ulanmagyna şertleriň döredilendigi üçin, eger bu ýagdaý agyr netijelere getirse,
bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
325-nji madda. Ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary we
partladyjy enjamlary gorap saklamak boýunça
borçlaryň degişli derejede berjaý edilmezligi
Ok atýan ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary ýa-da partladyjy enjamlary gorap saklamak tabşyrylan adamyň öz borçlaryny degişli derejede berjaý etmändigi üçin, eger bu ýagdaý olaryň ogurlanmagyna ýa-da ýok edilmegine ýa-da başga hili agyr netijelere getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
326-njy madda. Ýaragyň, ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň
ýa-da partladyjy enjamlaryň ogurlanmagy
ýa-da gorkuzyp alynmagy
1. Ok atýan ýaragyň, onuň düzüm bölekleriniň we komponentleriniň, ok-därileriň, partlaýjy maddalaryň ýa-da partladyjy enjamlaryň ogurlanylandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) ýarag, ok-däriler, partlaýjy maddalar ýa-da partladyjy enjamlar onuň gulluk ýagdaýy bilen baglanyşykly ýa-da gorap saklamak ynanylan adam tarapyndan;
b) gaýtadan;
ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
d) jany ýa-da saglygy üçin howply bolmadyk zorlugyň ulanylmagy bilen edilse,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar jan we saglyk üçin howply zorlugyň ulanylmagy bilen guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse,
sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
XXX BAP. ILATYŇ SAGLYGYNYŇ GARŞYSYNA
EDILEN JENAÝATLAR
327-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň
ýa-da olaryň prekursorlarynyň satmak maksady
bilen bikanun taýýarlanylmagy, gaýtadan
işlenilmegi, edinilmegi, saklanylmagy,
daşalmagy, iberilmegi
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň ýa-da olaryň prekursorlarynyň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylandygy, gaýtadan işlenilendigi, edinilendigi, saklanylandygy, daşalandygy ýa-da iberilendigi, şeýle hem bikanun satylandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, bäş ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişleriň gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilendigi üçin ýa-da eger şol hereketleriň maksady uly möçberdäki neşe serişdeleri, psihotrop maddalary ýa-da olaryň prekursorlary bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, sekiz ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Özüniň gulluk ýagdaýy bilen baglanyşykly oňa neşe serişdeleri, psihotrop maddalary ýa-da olaryň prekursorlary ynanylan ýa-da olary gorap saklaýan adam ýa-da guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleriň edilendigi üçin, şonuň ýaly-da, eger şol hereketleriň maksady aýratyn uly möçberdäki neşe serişdeleri, psihotrop maddalary ýa-da olaryň prekursorlary bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny ýa-da olaryň prekursorlaryny meýletin tabşyran we neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň ýa-da olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygy bilen baglanyşykly jenaýatlaryň üstüniň açylmagyna ýa-da öňüniň alynmagyna, şol işleri amala aşyran adamlary paş etmäge, olaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan emlägini ele salmaga işjeň ýardam eden adam şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleri üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
2. Şu Kodeksiň 327-nji, 329-332-nji maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň haýsy-da bolsa birini öň eden adam jenaýaty gaýtadan eden diýlip hasap edilýär.
3. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň ýa-da olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygynda olaryň uly we aýratyn uly möçberlidigi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.
328-nji madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň
ýa-da olaryň prekursorlarynyň satmazlyk
maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy,
gaýtadan işlenilmegi, edinilmegi, saklanylmagy,
daşalmagy, iberilmegi
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň ýa-da olaryň prekursorlarynyň satmazlyk maksady bilen bikanun taýýarlanylandygy, gaýtadan işlenilendigi, edinilendigi, saklanylandygy, daşalandygy ýa-da iberilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişleriň gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilendigi üçin,
üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny ýa-da olaryň prekursorlaryny meýletin tabşyran we neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň ýa-da olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygy bilen baglanyşykly jenaýatlaryň üstüniň açylmagyna ýa-da öňüniň alynmagyna, şol işleri eden adamlary paş etmäge, olaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan emlägini ele salmaga işjeň ýardam eden adam şol jenaýat üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
2. Şu maddadaky jenaýaty eden adam şu Kodeksiň 327-332-nji maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň haýsy-da bolsa birini öň eden bolsa, jenaýaty gaýtadan eden diýlip hasap edilýär.
329-njy madda. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň
ýa-da olaryň prekursorlarynyň ogurlanmagy
ýa-da gorkuzyp alynmagy
1. Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň ýa-da olaryň prekursorlarynyň ogurlanandygy ýa-da gorkuzyp alnandygy üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) neşe serişdeleri, psihotrop maddalary ýa-da olaryň prekursorlary onuň gulluk ýagdaýy bilen baglanyşykly ýa-da gorap saklamak ynanylan adam tarapyndan;
d) adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolmadyk zorlugyň ulanylmagy bilen edilendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, ýedi ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan hereketler guramaçylykly topar tarapyndan, şeýle hem jan ýa-da saglyk üçin howply bolan zorlugyň ulanylmagy bilen edilendigi üçin ýa-da eger şol hereketleriň maksady uly möçberdäki neşe serişdeleri, psihotrop maddalary ýa-da olaryň prekursorlary bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, on ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan ýa-da eger şol hereketleriň maksady aýratyn uly möçberlerdäki neşe serişdeleri, psihotrop maddalary ýa-da olaryň prekursorlary bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, on bäş ýyldan ýigrimi bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
330-njy madda. Düzümi neşe maddaly gadagan edilen
ösümlikleriň bikanun ösdürilip ýetişdirilmegi
1. Göknary, kenebi ýa-da düzümi neşe maddaly ösdürilip ýetişdirilmegi gadagan edilen beýleki ösümlikleri ekendigi ýa-da ösdürip ýetişdirendigi ýa-da şol ösümlikleriň sortuny ýaýradandygy üçin,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) uly möçberde edilse,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler aýratyn uly möçberde edilse,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, on ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
331-nji madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny
ulanmaga yrmak
1. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny ulanmaga yrandygy üçin,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da iki ýa-da şondan köp adam babatda;
ç) fiziki zorlugy ulanmak ýa-da ony ulanmak howpuny salmak bilen edilse,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar seresapsyzlykdan jebir çekeniň ölmegine getirse ýa-da onuň saglygyna agyr zyýan ýetiren bolsa,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, alty ýyldan on iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
332-nji madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny
çekmek üçin mesgenleriň guralmagy ýa-da
saklanylmagy
1. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny çekmek üçin mesgenleri gurandygy ýa-da saklandygy üçin,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişleriň gaýtadan edilendigi üçin,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman hem-de bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny ulanmak üçin jaýlaryň berlendigi üçin,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
333-nji madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny
ýa-da olaryň prekursorlaryny öndürmegiň,
edinmegiň, saklamagyň, hasaba almagyň,
goýbermegiň, daşamagyň ýa-da ibermegiň
düzgünleriniň bozulmagy
Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny ýa-da olaryň prekursorlaryny taýýarlamakda ulanylýan gurallary öndürmegiň, edinmegiň, saklamagyň, hasaba almagyň, goýbermegiň, daşamagyň ýa-da ibermegiň düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu etmiş görkezilen düzgünleri berjaý etmek öz borçlaryna girýän adam tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
334-nji madda. Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny
ýa-da olaryň prekursorlaryny almaga
hukuk berýän reseptleriň ýa-da beýleki
resminamalaryň bikanun berilmegi ýa-da
galplaşdyrylmagy
Neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny ýa-da olaryň prekursorlaryny almaga hukuk berýän resminamalaryň bikanun berlendigi ýa-da galplaşdyrylandygy üçin,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
335-nji madda. Köpçülikleýin çäreler geçirilende neşe
serişdeleriniň ýa-da psihotrop maddalarynyň
ulanylmagynyň guralmagy
Maşgala dabaralary, baýramçylyklar, gezelençler ýa-da beýleki köpçülikleýin çäreler geçirilende neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalaryny ulanmagy gurandygy üçin,
bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükläp ýa-da ýüklemän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
336-njy madda. Güýçli täsir edýän ýa-da awuly maddalaryň
bikanun dolanyşygy
1. Neşe serişdeleri ýa-da psihotrop maddalary bolmadyk güýçli täsir edýän ýa-da awuly maddalaryň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylandygy, gaýtadan işlenilendigi, edinilendigi, saklanylandygy, daşalandygy ýa-da iberilendigi, şonuň ýaly-da bikanun satylandygy üçin,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilse,
iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
337-nji madda. Güýçli täsir edýän ýa-da awuly maddalary
ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy
Neşe serişdeleri ýa-da psihotrop maddalary bolmadyk güýçli täsir edýän ýa-da awuly maddalary öndürmegiň, edinmegiň, saklamagyň, hasaba almagyň, goýbermegiň, daşamagyň ýa-da ibermegiň düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger ol olaryň ogurlanmagyna ýa-da düýpli zyýan ýetirilmegine getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
338-nji madda. Düzüminde tramadol gidrohlorid
(tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da
başga psihoaktiw maddalar bolan
derman serişdeleriniň bikanun dolanyşygy
1. Düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň satmak maksady bilen uly möçberde bikanun taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi, şonuň ýaly-da düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň bikanun dolanyşygy sebäpli bir ýylyň dowamynda administratiw temmisi ulanylan adam tarapyndan düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň satylmagy,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bir ýyldan üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilse,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdeleriniň sanawy we uly möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.
2. Düzüminde tramadol gidrohlorid (tramadolyň beýleki önümleri) ýa-da başga psihoaktiw maddalar bolan derman serişdelerini meýletin tabşyran adam şu maddada göz öňünde tutulan etmişler üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
3. Şu maddadaky jenaýaty eden adam, eger ol şu Kodeksiň 327-329-njy, 338-nji maddalarynda göz öňünde tutulan jenaýatlaryň birini ýa-da birnäçesini öň eden bolsa, bu jenaýat gaýtadan edilen diýlip hasap edilýär.
339-njy madda. Öýde öndürilen güýçli alkogolly içgileriň
bikanun taýýarlanylmagy we satylmagy
1. Öýde öndürilýän güýçli alkogolly içgileriň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy ýa-da saklanylmagy ýa-da olary öndürmek üçin enjamlaryň satmak maksady bilen taýýarlanylmagy ýa-da saklanylmagy, şonuň ýaly-da görkezilen alkogolly içgileriň ýa-da enjamlaryň satylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden bir ýüz ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler gaýtadan ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,
emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýetmiş bäşisinden iki ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, üç ýyldan alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
340-njy madda. Ýylan zäheriniň bikanun alynmagy,
edinilmegi, ýerleşdirilmegi
Ýylan zäheriniň bikanun alnandygy, edinilendigi, ýerleşdirilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan segsenisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
341-nji madda. Nasyň satmak maksady bilen taýýarlanylmagy,
edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy, iberilmegi
Nasyň satmak maksady bilen uly möçberde taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi, şonuň ýaly-da nasyň taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy, iberilmegi, satylmagy ýa-da ulanylmagy sebäpli bir ýylyň dowamynda administratiw temmisi iki gezek ulanylan adam tarapyndan nasyň satylmagy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Nasyň şu maddada görkezilen uly möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.
2. Özünde bar bolan nasy meýletin tabşyran adam bu jenaýat üçin jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
342-nji madda. Hususy lukmançylyk ýa-da hususy
farmasewtika işi bilen bikanun
meşgullanylmagy
1. Işiň saýlanyp alnan görnüşine ygtyýarnamasy bolmadyk adam tarapyndan hususy lukmançylyk ýa-da hususy farmasewtika işi bilen meşgullanandygy üçin, eger şeýle işiň netijesinde adamyň saglygyna seresapsyzlykdan agyr zyýan ýetirilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
343-nji madda. Sanitariýa-epidemiologik düzgünleriň
bozulmagy
1. Sanitariýa-epidemiologik düzgünleriň bozulmagy seresapsyzlykdan adamlaryň köpçülikleýin kesellemegine ýa-da zäherlenmegine getirendigi üçin,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getirse,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
344-nji madda. Adamlaryň janyna ýa-da saglygyna
howp döredýän ahwalatlar hakyndaky
maglumatlaryň ýaşyrylmagy
1. Zyýanly ekologik netijeleri bolan heläkçilikler hakyndaky, töwerekdäki tebigy gurşawyň zaýalanylyşynyň derejeleri baradaky, şeýle hem ilaty şeýle maglumatlar bilen habardar etmäge borçly adamlar tarapyndan amala aşyrylan, adamlaryň jany ýa-da saglygy üçin howp döredýän beýleki wakalar, maglumatlar ýa-da hadysalar hakyndaky maglumatlaryň ýaşyrylandygy ýa-da ýoýlandygy üçin,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Adamlaryň saglygyna zyýan ýetiren ýa-da beýleki agyr netijelere getiren şonuň ýaly etmiş edilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
345-nji madda. Howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelmeýän
harytlaryň goýberilmegi ýa-da satylmagy,
hyzmatlaryň edilmegi
1. Alyjylaryň jany ýa-da saglygy üçin howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelmeýän harytlaryň goýberilendigi ýa-da satylandygy, işleriň ýerine ýetirilendigi ýa-da hyzmatlaryň edilendigi, şonuň ýaly-da görkezilen harytlaryň, işleriň ýa-da hyzmatlaryň howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan resmi resminamalaryň bikanun berlendigi ýa-da peýdalanylandygy üçin, eger bu hereketler seresapsyzlykdan adamyň saglygyna zyýan ýetiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getiren ýa-da iki ýa-da şondan köp adamyň saglygyna zeper ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
XXXI BAP. EKOLOGIK JENAÝATLAR
346-njy madda. Işler geçirilende ekologik howpsuzlygyň
düzgünleriniň bozulmagy
Senagat, oba hojalyk, ylmy we beýleki desgalaryň taslamalary düzülende, ýerleşdirilende, gurlanda, ulanmaga berlende töwerekdäki gurşawy goramagyň düzgünleri olary berjaý etmäge jogapkär adamlar tarapyndan bozulandygy üçin, eger şol etmiş adamlaryň saglygyna zyýan ýetiren, haýwanlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna ýa-da beýleki agyr netijelere getiren radioaktiw ýagdaýyň düýpli üýtgemegine sebäp bolan bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
347-nji madda. Ekologik taýdan howply maddalary we
galyndylary daşamagyň, saklamagyň
hem-de gaýtadan peýdalanmagyň
düzgünleriniň bozulmagy
1. Adamyň jany ýa-da saglygy üçin zyýanly maddalaryň we galyndylaryň bellenilen düzgünleriniň bozulyp daşalmagy, saklanylmagy, gömülmegi ýa-da gaýtadan peýdalanylmagy adamlaryň saglygyna ýa-da daşky gurşawa düýpli zyýan ýetmegine howp döretse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Daşky gurşawyň hapalanmagyna, zäherlenmegine ýa-da zaýalanmagyna, haýwanlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna getiren ýa-da adamyň saglygyna zeper ýetiren şonuň ýaly etmişler üçin,
üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, adamlaryň köpçülikleýin kesellemegine ýa-da adamyň ölmegine getirse,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
348-nji madda. Suwlaryň hapalanmagy
1. Ýerüsti we ýerasty suwlaryň, agyz suwy bilen üpjün edýän çeşmeleriň hapalanandygy, zaýalanandygy, peselendigi ýa-da olaryň tebigy özboluşlylygynyň başga hili üýtgändigi üçin, eger şol ýagdaýlar haýwanat ýa-da ösümlik dünýäsine, balyk gorlaryna, tokaý ýa-da oba hojalygyna düýpli zelel ýetmegine sebäp bolan bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Seresapsyzlykdan adamyň saglygyna zyýan ýetiren ýa-da haýwanlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna getiren, şonuň ýaly-da goraghanalaryň ýa-da zakaznikleriň çäklerinde ýa-da ekologik taýdan adatdan daşary ýagdaýly zolagynda edilen şonuň ýaly etmişler üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getirse,
iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
349-njy madda. Suw serişdeleriniň ogurlanylmagy
1. Suwaryş akabalarynyň kenarlaryny gazyp açmak, gatlalary açmak, ýörite enjamlary ulanmak, şonuň ýaly-da suwy ogurlamagyň başga görnüşleri we usullary arkaly suw serişdeleriniň uly möçberde ogurlanmagy,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler suw desgasyny goraýan adama zorluk etmek ýa-da zorlugy ulanmak howpy astynda edilen bolsa ýa-da suwaryş desgalarynyň zaýalanmagyna ýa-da adam pidalaryna, şeýle hem beýleki agyr netijelere getiren bolsa,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada uly möçber diýlip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýetmiş bäşisinden geçýän möçberi hasap edilýär.
350-nji madda. Suw üpjünçilik kadalarynyň bozulmagy
1. Şäher hojalygyny suw bilen üpjün etmekde bökdençlik döredilendigi, şonuň ýaly-da oba hojalygynda ulanylýan ýerleriň içerki akabalarynyň ýaramaz ýagdaýda saklanylandygy üçin, eger bu etmişler suw bilen üpjün etmek kadalarynyň düýpli bozulmagyna ýa-da haýwanat ýa-da ösümlik dünýäsine ýa-da oba hojalygyna düýpli zelel ýetmegine getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler adamyň saglygyna zyýan ýetiren ýa-da haýwanlaryň köpçülikleýin gyrylmagyna, suwaryş desgalarynyň zaýalanmagyna ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şonuň ýaly etmişler suw desgasyny goraýan adama zorluk etmek ýa-da zorlugy ulanmak howpuny salmak bilen edilen ýa-da adam pidalaryna getiren bolsa,
üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
351-nji madda. Atmosferanyň hapalanmagy
1. Desgalary ýa-da beýleki obýektleri ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy netijesinde bellenilen kadalaryň ýokarlanmagy bilen howanyň hapalanandygy ýa-da tebigy özboluşlylygynyň başga hili üýtgändigi üçin, eger şol hereketler töwerekdäki tebigy gurşawa düýpli zyýan ýetiren bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler seresapsyzlykdan adamyň saglygyna zyýan ýetiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getiren bolsa,
iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
352-nji madda. Deňiz gurşawynyň hapalanmagy
1. Türkmenistanyň içerki deňiz ýa-da çäk suwlarynyň, şonuň ýaly-da gury ýerdäki çeşmelerden emele gelýän açyk deňiz suwlarynyň adamyň saglygy we deňizleriň janly baýlyklarynyň saglygy üçin zyýanly maddalary, galyndylary we materiallary gömmegiň ýa-da ulag serişdelerinden ýa-da deňizde bina edilen desgalardan dökmegiň düzgünleriniň bozulmagynyň netijesinde hapalanandygy üçin,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Adamyň saglygyna, haýwanat ýa-da ösümlik dünýäsine, balyk gorlaryna, töwerekdäki gurşawa, dynç alyş zolagyna ýa-da kanun arkaly goralýan beýleki bähbitlere düýpli zyýan ýetiren şonuň ýaly etmiş üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getirse,
iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
353-nji madda. Kontinental şelf hakyndaky kanunçylygyň
bozulmagy
1. Türkmenistanyň kontinental şelflerinde desgalaryň we beýleki gurluşlaryň bikanun gurlandygy, olaryň töwereginde ýa-da Türkmenistanyň aýratyn ykdysady zolagynda howpsuzlyk zolagynyň bikanun döredilendigi üçin, şonuň ýaly-da şeýle desgalary, gurluşlary we deňiz gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün edýän serişdeleri gurmagyň, ulanmagyň, gorap saklamagyň we ýapmagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Türkmenistanyň kontinental şelfleriniň ýa-da Türkmenistanyň aýratyn ykdysady zolagynyň tebigy baýlyklaryna degişli rugsady bolmazdan, barlag, gözleg, işläp taýýarlama işlerini geçirendigi üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
354-nji madda. Ýeriň zaýalanmagy
1. Zäherli himikatlary, dökünleri, ösümlikleriň ösüşini çaltlandyryjylar we beýleki howply himiki ýa-da biologik maddalary ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy netijesinde zyýanly hojalyk önümleri ýa-da başga hili işler arkaly topragyň zäherlenendigi, hapalanandygy ýa-da başga hili zaýalanandygy üçin, olar saklanylanda, peýdalanylanda we daşalanda töwerekdäki tebigy gurşawa ýa-da oba hojalygyna zyýan ýetirilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Seresapsyzlykdan adamyň saglygyna zyýan ýetiren, şonuň ýaly-da ekologik taýdan howply zolakda ýa-da ekologik taýdan adatdan daşary ýagdaýly zolakda şonuň ýaly etmişleriň edilendigi üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getirse,
iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
355-nji madda. Ýerleri özbaşdak eýelemek
Daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklaryň we beýleki ýerden peýdalanyjylaryň peýdalanmagyndaky ýa-da döwletiň eýeçiligindäki ýerleriň hasyl almak maksady bilen özbaşdak eýelenmegi, sürülmegi we ekilmegi üçin, eger şol etmişler raýatlara, guramalara ýa-da döwlete uly zyýan ýetiren bolsa ýa-da uly möçberde girdeji almak ýa-da gadagan edilen ösümlikleriň bikanun ösdürilip ýetişdirilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýda edilendigi üçin,
hasyly muzdsuz almak bilen, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada uly zyýan diýlip, binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden, uly möçberde girdeji diýlip, binýatlyk mukdarynyň ýüz ellisinden geçýän möçberi hasap edilýär.
356-njy madda. Suwdaky haýwanlaryň we ösümlikleriň
bikanun alynmagy
1. Balyklaryň, deňiz wagşy haýwanlarynyň we beýleki suw haýwanlarynyň ýa-da senetçilik deňiz ösümlikleriniň bellenilen düzgünleri bozmak arkaly alnandygy üçin, eger bu etmişler deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da gulluk ýagdaýyndan peýdalanmak arkaly amala aşyrylan, şonuň ýaly-da uly möçberlerde zyýan ýetirilmegine getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň on bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Işbil (tohum) taşlanylýan ýerlerde ýa-da şoňa tarap köpçülikleýin göçülýän ýollarda ýa-da özi ýöreýän ulag ýüzüş serişdelerini, partlaýjy, himiki maddalary, elektrik toguny ýa-da köpçülikleýin gyrşyň beýleki usullaryny ulanmak bilen edilen şonuň ýaly etmiş üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da gulluk ýagdaýyndan peýdalanmak arkaly şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleriň amala aşyrylandygy, şonuň ýaly-da uly möçberlerde zyýan ýetirilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
357-nji madda. Ýerasty baýlyklary gorap saklamagyň we
peýdalanmagyň düzgünleriniň bozulmagy
Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar bilen baglanyşygy bolmadyk magdan çykaryjy kärhanalar ýa-da ýerasty desgalaryň taslamalary düzülende, ýerleşdirilende, gurlanda, ulanyşa girizilende we ulanylanda ýerasty baýlyklary gorap saklamagyň we peýdalanmagyň düzgünleriniň bozulandygy, şonuň ýaly-da gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatýan meýdanlarynda özbaşdak jaý gurandygy üçin, eger bu etmişler ep-esli zyýan ýetiren bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
358-nji madda. Balyk gorlaryny goramagyň düzgünleriniň
bozulmagy
Balyk gorlaryny goramagyň düzgünlerini bozmak bilen, köprüleriň, bentleriň gurlandygy, partladyş we beýleki işleriň amala aşyrylandygy üçin, şonuň ýaly-da gatlalaryň we sorduryjy enjamlaryň ulanylandygy üçin, eger bu hereketler balyklaryň ýa-da beýleki suw haýwanlarynyň köpçülikleýin gyrylmagyna, ot-iým gorlarynyň ep-esli mukdarda ýok edilmegine ýa-da başga hili agyr netijelere getiren bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
359-njy madda. Bikanun aw awlamak
Aw awlamagyň bellenilen düzgünleriniň bozulyp, uly zyýan ýetirmek bilen ýa-da ýabany haýwanlary we guşlary mehaniki ulag serişdelerini, partlaýjy maddalary, gazlary we köpçülikleýin gyrmagyň beýleki usullaryny ulanmak bilen ýa-da aýratyn goralýan tebigy ýerleriň çäklerinde ýa-da awlanylmagy bütinleý gadagan edilen ýabany haýwanlar we guşlar babatda ýa-da gulluk ýagdaýyndan peýdalanmak bilen ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan haýwanlaryň ýa-da guşlaryň awlanylmagy,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada görkezilen bikanun aw awlamagyň netijesinde ýetirilen uly zyýan diýlip, haýwanlaryň we guşlaryň bellenilen nyrh boýunça hasaplanyp çykarylan bahasynyň bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden geçýän möçberi hasap edilýär.
360-njy madda. Agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň
bikanun çapylmagy
1. Birinji topara degişli tokaýlarda ýa-da ähli toparlara degişli tokaýlaryň aýratyn goralýan ýerlerinde, şeýle hem döwlet tokaý gaznasyna ýa-da çapylmagy gadagan edilen gazna girmeýän agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň bikanun çapylandygy, şonuň ýaly-da agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň ösüşini bes etmegine çenli zaýalanandygy üçin, eger bu etmişler ep-esli möçberde zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Ähli toparlara degişli, şeýle hem döwlet tokaý gaznasyna girmeýän agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň bikanun çapylandygy, şonuň ýaly-da olaryň ösüşini bes etmegine çenli zaýalanandygy üçin, eger şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) öz gulluk ýagdaýyny peýdalanan adam tarapyndan;
ç) uly möçberde amala aşyrylan bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddada ýetirilen zyýanyň ep-esli möçberi diýlip, binýatlyk mukdarynyň on bäşisinden, uly möçberi diýlip, binýatlyk mukdarynyň ýetmiş bäşisinden geçýän möçberi hasap edilýär.
361-nji madda. Tokaý toplumlarynyň ýok edilmegi ýa-da
zaýalanmagy
1. Tokaý toplumlaryny ýa-da tebigatyň beýleki desgalaryny otlamak arkaly ýa-da umumy howpy bolan başga bir usul bilen bilkastlaýyn ýok edendigi ýa-da zaýalandygy üçin,
iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Oda ýa-da ýokary derejede howply bolan beýleki çeşmelere seresapsyz çemeleşilmegi netijesinde tokaý toplumlarynyň ýok edilendigi ýa-da zaýalandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
362-nji madda. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň we tebigat
desgalarynyň düzgünleriniň bozulmagy
Goraghanalaryň, zakaznikleriň, milli seýilgähleriň, tebigat ýadygärlikleriniň we döwlet tarapyndan aýratyn goralyp saklanylýan beýleki tebigy ýerleriň düzgüniniň ep-esli zyýan çekilmegine getiren bozulmasy üçin,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
XXXII BAP. ULAG HEREKETINIŇ WE ONY
ULANMAGYŇ HOWPSUZLYGYNYŇ GARŞYSYNA
EDILEN JENAÝATLAR
363-nji madda. Demir ýol, suw ýa-da howa gatnaw ulaglarynyň
hereketiniň we olary ulanmagyň
howpsuzlygynyň düzgünleriniň bozulmagy
1. Ýerine ýetirýän işi ýa-da eýeleýän wezipesi boýunça demir ýol, howa, deňiz ýa-da derýa gatnaw ulaglarynyň hereketiniň we olary ulanmagyň howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün etmeli adam tarapyndan seresapsyzlykdan uly möçberde zyýan ýetirilmegi bilen şol düzgünleriň bozulandygy üçin,
bäş ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş seresapsyzlykdan jebir çekeniň saglygyna agyr zyýan ýetiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, alty ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Ýetirilen zyýan bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden geçýän bolsa, ol şu maddada zyýanyň uly möçberi diýlip hasap edilýär.
364-nji madda. Ýol hereketiniň we ulag serişdelerini
ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy
1. Awtomobili, motosikli ýa-da beýleki mehaniki ulag serişdelerini dolandyrýan adam tarapyndan ýol hereketiniň ýa-da ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin, seresapsyzlykdan uly möçberde zyýan ýetirilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan seresapsyzlykdan uly möçberde zyýan ýetiren etmiş:
a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan edilen bolsa;
b) wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren etmiş üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren etmiş:
a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan edilen bolsa;
b) jebir çekeni howp astynda galdyryp, wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
5. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getiren etmiş üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
6. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getiren etmiş:
a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan edilen bolsa;
b) jebir çekeni howp astynda galdyryp, wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, dört ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
7. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren etmiş üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
8. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren etmiş:
a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan edilen bolsa;
b) jebir çekeni howp astynda galdyryp, wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Ýetirilen zyýan bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýetmiş bäşisinden artyk möçberde bolsa, ol şu maddada zyýanyň uly möçberi diýlip ykrar edilýär.
2. Ýetirilen zyýanyň doly möçberde öwezini meýletin dolan adam şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
3. Şu maddanyň üçünji, bäşinji ýa-da ýedinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişi eden adam, eger ol jebir çekene kömek etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri gören bolsa, jeza şu maddanyň degişli böleginiň sanksiýasynda göz öňünde tutulan aňrybaş möçberiniň ýarysyndan ýokary bolup bilmez.
4. Şu maddanyň ikinji, dördünji, altynjy ýa-da sekizinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketi amala aşyran adam, eger jebir çekene kömek etmek üçin wakanyň bolan ýerini taşlap giden bolsa, ol wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinmez.
5. Şu Kodeksiň bu maddasy we 365-nji maddasynyň maksatlary üçin serhoş ýagdaýda bolan adam diýlip, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň serhoşlygy anyklanan ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen esaslarda we tertipde ygtyýarly şahslaryň kanuny talaby boýunça serhoşlyk ýagdaýy babatda lukmançylyk barlagyndan geçmekden ýüz dönderen adam hasaplanylýar.
365-nji madda. Ýol hereketiniň ýa-da ulag serişdelerini
ulanmagyň düzgünleriniň serhoş ýagdaýda
bozulmagy
1. Awtomobili, motosikli ýa-da beýleki mehaniki ulag serişdelerini dolandyrýan adam tarapyndan ýol hereketiniň ýa-da ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň serhoş ýagdaýda bozulandygy üçin, eger ol seresapsyzlykdan adamyň saglygyna orta agyrlykda zyýan ýetiren ýa-da uly bolmadyk möçberde maddy zyýan ýetirilmegine getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, alty aý möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Ýol hereketiniň ýa-da ulag serişdelerini ulanmagyň düzgünleriniň ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk adamlar tarapyndan serhoş ýagdaýda bozulandygy üçin, eger ol şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan netijelere getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddada göz öňünde tutulan jenaýatlar üçin öň iş kesilen adam tarapyndan bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilen bolsa,
iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Ýetirilen maddy zyýan bellenilen binýatlyk mukdarynyň onusyndan ýetmiş bäşisine çenli möçber şu maddada zyýanyň uly bolmadyk möçberi diýlip hasap edilýär.
2. Uly bolmadyk möçberde ýetirilen maddy zyýanyň öwezini doly möçberde meýletin dolan adam şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
366-njy madda. Ulag serişdeleriniň ýaramaz hilli bejerilmegi
we olaryň tehniki taýdan näsaz ýagdaýda
ulanylmaga goýberilmegi
1. Ulag serişdeleriniň, gatnaw ýollarynyň, duýduryjy ýa-da aragatnaşyk serişdeleriniň ýa-da ulag enjamynyň ýaramaz hilli bejeriş işleri geçirilende edilendigi üçin, şonuň ýaly-da tehniki serişdeleriň tehniki ýagdaýy boýunça jogapkär adam tarapyndan tehniki taýdan näsaz ulag serişdeleriň ulanylmaga goýberilendigi üçin, eger bu etmişler seresapsyzlykdan uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getirse,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getirse,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Ýetirilen zyýan bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýetmiş bäşisinden artyk möçber şu maddada zyýanyň uly möçberi diýlip hasap edilýär.
367-nji madda. Ulag serişdeleriniň ýa-da gatnaw ýollarynyň
ýaramsyz hala getirilmegi
1. Ulag serişdeleriniň, gatnaw ýollarynyň duýduryjy serişdeleriniň ýa-da beýleki ulag enjamynyň bozulandygy, zaýalanandygy ýa-da başga usul arkaly ýaramsyz hala getirilendigi üçin, eger bu etmişler uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, dört ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getirse,
iki ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getirse,
dört ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Ýetirilen zyýan bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýetmiş bäşisinden artyk möçber şu maddada zyýanyň uly möçberi diýlip hasap edilýär.
368-nji madda. Ulagyň howpsuz işlemegini üpjün edýän
düzgünleriň bozulmagy
1. Ulag serişdeleriniň hereketiniň ýa-da ulanylmagynyň howpsuzlyk düzgünleriniň ýolagçylar, pyýadalar ýa-da herekete beýleki gatnaşyjylar (şu Kodeksiň 363-nji we 364-nji maddalarynda görkezilenlerden başga adamlar) tarapyndan bozulandygy üçin, eger bu etmişler seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,
üç ýyldan alty ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
369-njy madda. Magistral turbageçirijiler gurlanda,
ulanylanda ýa-da bejeriş işleri geçirilende
howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy
1. Magistral turbageçirijiler gurlanda, ulanylanda ýa-da bejeriş işleri geçirilende howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu etmiş uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, dört ýüz segsen sagada çenli hökmany işlerde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getirse,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmiş seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getirse,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Ýetirilen zyýan bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden geçýän bolsa, ol şu maddada zyýanyň uly möçberi diýlip hasap edilýär.
370-nji madda. Heläkçilige uçrana gäminiň kapitany
tarapyndan kömegiň berilmezligi
Deňizde ýa-da beýleki suw ýolunda heläkçilige uçran adamlara, eger gäminiň kapitany tarapyndan şeýle kömek berilmändigi üçin, öz gämisine, onuň ekipažyna we ýolagçylaryna uly howp döremeýän ýagdaýda kömek berip bolýan bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
371-nji madda. Halkara uçuşlarynyň düzgünleriniň bozulmagy
1. Berlen rugsatda görkezilen ugurlary, gonmaly ýerleri, howa derwezelerini, uçuş belentligini berjaý etmändigi ýa-da halkara uçuşlarynyň düzgünleriniň başga hili bozulandygy üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş agyr netijelere getirse,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
372-nji madda. Howa gämisi dolandyrylýan wagty
lazer şöhlesi bilen päsgelçilik döretmek
1. Howa gämisi dolandyrylýan wagty howa gämisine lazer şöhlesini gönükdirmek arkaly päsgelçiligiň döredilmegi seresapsyzlykdan heläkçilik ýagdaýyna ýa-da adamyň saglygyna agyr zyýanyň ýetirilmegine getirse,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş agyr netijelere ýa-da adamyň ölmegine getirse,
iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
XIII BÖLÜM.
MAGLUMATLAŞDYRMAK WE ARAGATNAŞYK ÇYGRYNDAKY JENAÝATLAR
XXXIII BAP. MAGLUMATLAŞDYRMAK WE ARAGATNAŞYK ÇYGRYNDAKY JENAÝATLAR
373-nji madda. Maglumatlara, maglumat ulgamyna ýa-da
tehnologiýalaryna bikanun aralaşylmagy
1. Elektron göterijilerde saklanýan we kanun arkaly goralýan maglumata ýa-da maglumat ulgamyna ýa-da tehnologiýalaryna bikanun aralaşylandygy üçin, eger bu fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar milli elektron maglumat çeşmeleri we milli maglumat ulgamy, möhüm maglumat infrastrukturalarynyň obýektleri babatynda edilen bolsa,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
374-nji madda Maglumatlaryň berilmegine mejbur etmek
1. Elektron göterijisinde, maglumatlar ulgamynda saklanýan ýa-da telekommunikasiýalar ulgamlary boýunça iberilýän, kanun arkaly goralýan maglumaty zorluk ulanmak bilen ýa-da emlägi ýok etmek ýa-da zyýan ýetirmek, şonuň ýaly-da jebir çekeni ýa-da onuň ýakyn adamlaryny masgaralaýan maglumatlary ýa-da aýan edilmegi jebir çekeniň ýa-da onuň ýakyn adamlarynyň bähbitlerine düýpli zyýan ýetirip biljek maglumatlaryň ýaýratmak howpy astynda berilmegine mejbur edene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmiş:
a) gaýtadan;
b) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
ç) möhüm maglumat infrastrukturalarynyň obýektlerinden maglumatlary almak maksady bilen edilse,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler:
а) guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse;
b) agyr netijelere getirse,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
375-nji madda. Maglumaty bikanun ýok etmek ýa-da
onuň şekilini üýtgetmek
1. Maglumat ulgamyndaky ýa-da maglumat-telekommunikasiýa torundan geçýän, elektron göterijide saklanýan, kanun arkaly goralýan maglumatyň bilkastlaýyn bikanun ýok edilendigi ýa-da şekiliniň üýtgedilendigi, şonuň ýaly-da görnetin ýalan maglumatyň maglumat ulgamyna girizilendigi üçin, eger bu etmişler fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň ýa-da döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar milli elektron maglumat çeşmeleri we milli maglumat ulgamy babatynda edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
376-njy madda. Maglumat ulgamynyň we
maglumat-telekommunikasiýa
torunyň kadaly işini bozmak (sabotaž)
1. Maglumat ulgamynyň we maglumat-telekommunikasiýa torunyň kadaly işiniň bozulmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleriň (sabotažyň) edilendigi üçin,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar milli elektron maglumat çeşmeleri, milli maglumat ulgamy ýa-da möhüm maglumat infrastrukturalarynyň obýektleri babatynda ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýüzüsinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
377-nji madda. Maglumaty bikanun eýelemek
1. Maglumat ulgamyndaky ýa-da maglumat-telekommunikasiýa torundan geçýän, elektron göterijide saklanýan, kanun arkaly goralýan maglumatyň bilkastlaýyn bikanun nusgasynyň alnandygy ýa-da başga usul bilen eýelenilendigi üçin, eger bu etmişler fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň ýa-da döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen maglumatyň zorluk ulanmak, emlägi ýok etmek ýa-da zaýalamak, şonuň ýaly-da jebir çekeni ýa-da onuň ýakyn garyndaşlaryny masgaralaýan ýa-da olaryň bähbitlerine düýpli zyýan ýetirip biljek beýleki maglumatlary ýaýratmak haýbatyny atmak bilen eýelenilendigi üçin,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar milli elektron maglumat çeşmeleri, milli maglumat ulgamy we möhüm maglumat infrastrukturalarynyň obýektleri babatynda edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
378-nji madda. Görnetin galp maglumatlary ýaýratmak
1. Görnetin galp maglumatlaryň ýaýradylandygy üçin, eger bu fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, jemgyýetiň we döwletiň kanun arkaly goralýan bähbitleriniň düýpli bozulmagyna getiren ýa-da jemgyýetçilik tertibiniň bozulmagyna hakyky howp döredip biljek bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ýa-da maglumat-telekommunikasiýa toruny peýdalanmak bilen edilen bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar uly möçberde zyýan ýetirilmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýetmişisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar köpçülikleýin çäreler geçirilende ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan ýa-da adatdan daşary ýa-da harby ýagdaý düzgüni şertlerinde edilen bolsa,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
379-njy madda. Zyýanly programmalaryň döredilmegi,
peýdalanylmagy we ýaýradylmagy
1. Maglumat ulgamyndaky ýa-da maglumat-telekommunikasiýa torundan geçýän, elektron göterijide saklanýan, kanun arkaly goralýan maglumaty bikanun ýok etmek, kompýuteriň, abonentiň gurluşyny, kompýuter programmalaryny, maglumat ulgamyny ýa-da maglumat-telekommunikasiýa torunyň kadaly işini bozmak maksady bilen kompýuter programmalarynyň döredilendigi ýa-da programma önümleriniň öndürilendigi ýa-da bar bolan programmalara ýa-da programma önümlerine üýtgetmeleriň girizilendigi, olaryň gabalandygy, şekiliniň üýtgedilendigi, nusgalarynyň alnandygy, şonuň ýaly-da şeýle programmalaryň ýa-da programma önümleriniň bilkastlaýyn ulanylandygy ýa-da ýaýradylandygy üçin,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar milli elektron maglumat çeşmeleri, milli maglumat ulgamy ýa-da möhüm maglumat infrastrukturalarynyň obýektleri babatynda ýa-da gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
380-nji madda. Rugsady çäklendirilen elektron maglumat
çeşmeleriniň bikanun ýaýradylmagy
1. Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly, eýesi ýa-da eýelik edýän adam tarapyndan rugsady çäklendirilen maglumatlary, şol sanda raýatlaryň şahsy maglumatlaryny saklaýan maglumat çeşmeleriniň bikanun ýaýradylandygy üçin,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar gulluk ýagdaýyny peýdalanmak bilen edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar agyr netijelere getiren ýa-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
381-nji madda. Bikanun maksatlary yzarlaýan
internet-serişdeleri ýerleşdirmek
üçin hyzmatyň edilmegi
1. Bikanun maksatlary yzarlaýan internet-serişdeleriň ýerleşdirilendigi, şonuň ýaly-da maglumat-telekommunikasiýa torunda açyk hereket edýän enjamlaýyn-programma toplumlaryny bermek boýunça görnetin bikanun hyzmatyň edilendigi üçin,
iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da iki ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler, eger olar deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary ýa-da guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip, üç ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
382-nji madda. Öýjükli aragatnaşygyň müşderi enjamynyň
barabarlyk kodunyň, müşderini barabarlamak
enjamynyň kodunyň bikanun üýtgedilmegi,
şeýle hem müşderi enjamynyň barabarlyk
koduny üýtgetmek üçin programmanyň bikanun
döredilmegi, peýdalanylmagy, ýaýradylmagy
1. Öndürijiniň ýa-da kanuny eýesiniň rugsady bolmazdan öýjükli aragatnaşygyň müşderi enjamynyň barabarlyk kodunyň bikanun üýtgedilendigi ýa-da öýjükli aragatnaşygyň müşderisini barabarlamagyň kartynyň öwezliginiň, şeýle hem radioelektron düzüjisi bolan ýokary ýygylykda işleýän tehniki aragatnaşyk enjamlarynyň (Internet şlýuzlarynyň) döredilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýetmişisine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.
2. Öýjükli aragatnaşygyň müşderi enjamynyň barabarlyk koduny üýtgetmäge ýa-da öýjükli aragatnaşygyň müşderisini barabarlamagyň kartynyň öwezligini döretmäge mümkinçilik berýän programmanyň bikanun döredilendigi, peýdalanylandygy ýa-da ýaýradylandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýetmişisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salmak ýa-da bir ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan etmişler, eger olar guramaçylykly topar tarapyndan edilen bolsa,
üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
383-nji madda. Uçarmansyz uçýan enjamlaryň tehniki
ölçegleriniň talaplarynyň bilkastlaýyn
bozulmagy
Uçarmansyz uçýan enjamlaryň tehniki mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tehniki ölçegleriniň talaplaryny bilkastlaýyn bozana, eger ol bu hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda iki gezek edilse,
uçarmansyz uçýan enjamlary muzdsuz alyp, iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
XIV BÖLÜM. HARBY JENAÝATLAR
XXXIV BAP. HARBY JENAÝATLAR
384-nji madda. Buýrugyň ýerine ýetirilmezligi
1. Bellenilen tertipde ýolbaşçynyň beren buýrugyny onuň tabynlygyndaky tarapyndan ýerine ýetirilmezligi gullugyň bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan amala aşyrylan, şonuň ýaly-da agyr netijelere getiren şeýle etmiş üçin,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan söweş ýagdaýynda edilen etmiş üçin,
bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Gulluga sowuk-sala ýa-da ynsapsyzlyk bilen garamagy netijesinde buýrugy ýerine ýetirmändigi agyr netijelere getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimi bäşisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
5. Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan söweş ýagdaýynda edilen etmiş üçin,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Harby jenaýatlar diýlip harby gullugy geçmegiň bellenilen tertibiniň garşysyna Ýaragly Güýçlerde, serhet goşunlarynda, Içeri işler ministrliginiň içerki goşunlarynda, milli howpsuzlyk goşunlarynda we edaralarynda, kanun tarapyndan harby gulluk göz öňünde tutulan beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goşunlarynda harby gullugy geçýän harby gullukçylar, şeýle hem harby ýygnanyşyklar geçýän wagtynda ätiýaçlykdaky raýatlar tarapyndan amala aşyrylan şu bapda göz öňünde tutulan jenaýatlar hasap edilýär.
2. Harby ýagdaý döwründe harby gulluga garşy edilen jenaýat üçin jenaýat jogapkärçiligi Türkmenistanyň harby döwürdäki kanunçylygy arkaly kesgitlenilýär.
385-nji madda. Harby kasama dönüklik etmek
1. Harby gullukçynyň resmi taýdan kabul eden harby kasamyna dönüklik etmegi, eger bu etmişler betnebislik meýilleri ýa-da başga şahsy bähbit bilen amala aşyrylan bolsa we gullugyň bähbidine, harby gullukçylaryň we beýleki raýatlaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Agyr netijelere getiren şeýle etmiş üçin,
bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin,
sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
386-njy madda. Ýolbaşça garşylyk görkezilmegi ýa-da
harby gulluk borçlaryny bozmaga
onuň mejbur edilmegi
1. Ýolbaşça, şonuň ýaly-da öz üstüne ýüklenilen harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän başga bir adama garşylyk görkezilendigi ýa-da zorluk ulanmak bilen ýa-da ony ulanmak howpy bilen onuň şol borçlaryny bozmaga mejbur edilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
b) ýarag ulanmak arkaly edilse;
ç) adamyň saglygyna agyr ýa-da orta agyrlykda zyýan ýetiren ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin,
bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
387-nji madda. Ýolbaşçy babatda zorlukly hereketler
1. Harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda ýa-da şol borçlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklylykda ýolbaşçyny urandygy ýa-da ol babatda başga zorlugy ulanandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan;
b) ýarag ulanmak bilen edilse;
ç) adamyň saglygyna agyr ýa-da orta agyrlykda zyýan ýetiren ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin,
bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
388-nji madda. Harby gullukçylaryň arasynda tabynlyk
gatnaşyklarynyň ýok ýagdaýynda olaryň
arasyndaky özara gatnaşyklaryň
tertipnamalaýyn düzgünleriniň bozulmagy
1. Harby gullukçylaryň arasynda tabynlyk gatnaşyklarynyň ýok ýagdaýynda olaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň tertipnamalaýyndüzgünleriniň jebir çekeniň masgaralanmagy ýa-da ejir çekdirilmegi ýa-da horlanmagy ýa-da saglyga orta agyrlykda zyýanyň ýetirilmegi bilen baglanyşykly bozulandygy üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şonuň ýaly etmişler:
a) gaýtadan;
b) iki ýa-da şondan köp adam babatda;
ç) deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan edilse,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, ýarag ulanmak bilen ýa-da agyr netijelere getirmek bilen edilse,
üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
389-njy madda. Harby gullukçynyň kemsidilmegi
1. Harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän wagtynda ýa-da ýerine ýetirmegi bilen baglanyşyklylykda bir harby gullukçy tarapyndan beýleki bir harby gullukçynyň kemsidilendigi üçin düzgün-nyzam temmisi berlenden soň, bu hukuk bozulmanyň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden otuz bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da bir ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak jezasy berilýär.
2. Harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän wagtynda ýa-da ýerine ýetirmegi bilen baglanyşyklylykda tabynlygyndaky tarapyndan ýolbaşçyny, şeýle hem ýolbaşçy tarapyndan tabynlygyndakyny kemsidendigi üçin düzgün-nyzam temmisi berlenden soň, bu hukuk bozulmanyň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuz bäşisinden kyrkysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak jezasy berilýär.
390-njy madda. Bölümiň ýa-da gulluk edilýän ýeriň
birugsat taşlanyp gaýdylmagy
1. Gulluk edýän bölümini ýa-da ýerini birugsat taşlap gidendigi, şonuň ýaly-da bölümden rugsatly goýberilende, bir ýere bellenilende, başga bir ýere geçirilende, gulluk saparyndan, rugsatdan gullugyna esasly sebäbi bolmazdan gaýdyp gelmändigi ýa-da bejeriş edarasyndan çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän harby gullukçylaryň üç günden köp, ýöne on günden köp bolmadyk dowamlylykda gelmändigi üçin,
iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak jezasy berilýär.
2. Harby-düzediş bölüminde bolýan harby gullukçylar tarapyndan edilen şonuň ýaly etmişler üçin,
iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Çagyryş boýunça ýa-da borçnama boýunça harby gullugyny geçýän harby gullukçylar tarapyndan harby bölümiň ýa-da gulluk edýän ýeriniň birugsat taşlanyp gidilendigi, şonuň ýaly-da gullugyna esasly sebäbi bolmazdan, öz wagtynda, on günden köp, ýöne bir aýdan köp bolmadyk dowamlylykda gaýdyp gelmändigi üçin,
iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan etmişler üçin, eger birugsat galan günleriniň dowamlylygy bir aýdan geçýän bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
5. Şu maddada göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin, eger birugsat galan wagtyň dowamlylygy bir gije-gündizden geçýän bolsa,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişi ilkinji gezek eden harby gullukçy, eger onuň bölümi ýa-da gulluk edýän ýerini birugsat taşlap gitmegi agyr ýagdaýlaryň bolup geçmeginiň netijesinde bolan bolsa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.
391-nji madda. Gaçgaklyk
1. Harby gullukdan boýun gaçyrmak maksady bilen gaçgaklyk edendigi, ýagny bölümi birugsat taşlap gidendigi, şonuň ýaly-da şol maksat bilen gulluk etmäge gelmändigi üçin,
iki ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Gulluk boýunça ynanylan ýarag bilen gaçandygy, şonuň ýaly-da deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň topary tarapyndan gaçgaklyk edendigi üçin,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Söweş ýagdaýynda amala aşyrylan gaçgaklyk üçin,
sekiz ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan gaçgaklygy ilkinji gezek eden harby gullukçy, eger gaçgaklyk agyr ýagdaýlaryň bolup geçmegi netijesinde ýüze çykan bolsa, jenaýat jogapkärçiliginden boşadylyp bilner.
392-nji madda. Harby gulluk borjuny ýerine ýetirmekden
jögüsiräp kesellemek ýa-da beýleki usullar
bilen boýun gaçyrylmagy
1. Harby gullukçynyň harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden jögülik edip kesellän bolmak ýoly bilen ýa-da özüne nähilidir bir ýara salmak (beden agzasyna bilkastlaýyn zyýan ýetirmek) ýa-da resminamalaryny galplaşdyrmak ýa-da başga hili aldaw bilen boýun gaçyrandygy, şonuň ýaly-da harby gulluk borjuny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrandygy üçin,
iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak jezasy berilýär.
2. Harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden doly boşamak maksady bilen edilen şonuň ýaly etmişler üçin,
ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddada göz öňünde tutulan söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin,
bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
393-nji madda. Söweş nobatçylygynda durmagyň
düzgünleriniň bozulmagy
1. Türkmenistana duýdansyz çozulmagyny öz wagtynda duýmak we ony yzyna serpikdirmek boýunça ýa-da onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça söweş nobatçylygynda (söweş gullugynda) durmagyň düzgünlerini bozandygy üçin, eger bu etmiş döwlet howpsuzlygynyň bähbitlerine zyýan getiren ýa-da getirip biljek bolsa,
iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Agyr netijelere getiren şonuň ýaly etmişler üçin,
üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin,
bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Söweş nobatçylygynda (söweş gullugynda) durmaga sowuk-sala ýa-da ynsapsyzlyk bilen garalandygy sebäpli onuň düzgünleriniň bozulmagy agyr netijelere getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
5. Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan etmişler söweş ýagdaýynda edilse,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
394-nji madda. Serhet gullugynda durmagyň
düzgünleriniň bozulmagy
1. Serhet tabşyrygynyň düzümine girýän ýa-da serhet gullugynyň beýleki borçlaryny ýerine ýetirýän adam tarapyndan serhet gullugynda durmagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu etmiş döwlet howpsuzlygynyň bähbitlerine zyýan getiren ýa-da getirip biljek bolsa,
iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Agyr netijelere getiren şeýle etmişler üçin,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Serhet gullugynda durmaga sowuk-sala ýa-da ynsapsyzlyk bilen garalandygy sebäpli onuň düzgünleriniň bozulmagy agyr netijelere getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
395-nji madda. Garawulçylyk gullugynyň tertipnamalaýyn
düzgünleriniň bozulmagy
1. Garawul (wahta) düzümine girýän adam tarapyndan garawulçylyk (wahta) gullugynyň tertipnamalaýyn düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu etmiş garawul (wahta) tarapyndan goralýan obýektlere zyýan ýetiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Agyr netijelere getiren şeýle etmiş üçin,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin,
bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Garawulçylyk (wahta) gullugyna sowuk-sala ýa-da ynsapsyzlyk bilen garalandygy sebäpli onuň tertipnamalaýyn düzgünleriniň bozulmagy agyr netijelere getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
5. Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
396-njy madda. Jemgyýetçilik tertibini goramak we
jemgyýetçilik howpsuzlygyny
üpjün etmek boýunça gullugy ýerine
ýetirmegiň düzgünleriniň bozulmagy
1. Jemgyýetçilik tertibini goramak we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gullugy ýerine ýetirmegiň düzgünleriniň goşun tabşyrygynyň düzümine girýän adam tarapyndan bozulandygy üçin, eger bu etmiş raýatlaryň hukuklaryna ýa-da kanuny bähbitlerine zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýetmiş bäşisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Agyr netijelere getiren şonuň ýaly etmişler üçin,
iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
397-nji madda. Içerki gullugy ýerine ýetirmegiň we
garnizonda patrullyk etmegiň
tertipnama düzgünleriniň bozulmagy
1. Içerki gullugyň tertipnama düzgünleriniň bölümiň (garawuldan we wahtadan başga) gije-gündizlik tabşyrygyna girýän adam tarapyndan bozulandygy, şonuň ýaly-da, garnizonda patrullyk etmegiň tertipnamadüzgünleriniň patrul tabşyrygyna girýän adam tarapyndan bozulandygy üçin, eger bu etmişler agyr netijelere getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Söweş ýagdaýynda edilen şeýle etmişler üçin,
bir ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
398-nji madda. Heläk bolýan harby gäminiň taşlanylmagy
1. Öz gulluk borjuny iň soňuna çenli ýerine ýetirmedik serkerde tarapyndan, şonuň ýaly-da gäminiň düzüminden serkerde tarapyndan buýruk berilmedik adam tarapyndan heläk bolýan harby gäminiň taşlanylandygy üçin,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Söweş ýagdaýynda amala aşyrylan şonuň ýaly etmiş üçin,
bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
399-njy madda. Harby emlägiň bilkastlaýyn
ýok edilmegi ýa-da zaýalanylmagy
1. Ýaragyň, ok-därileriň ýa-da harby tehnikanyň zatlarynyň bilkastlaýyn ýok edilendigi ýa-da zaýalanylandygy üçin,
iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Agyr netijelere getiren şeýle etmişler üçin,
üç ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin,
bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
400-nji madda. Seresapsyzlykdan harby emlägiň
ýok edilmegi ýa-da zaýalanylmagy
1. Seresapsyzlykdan ýaragyň, ok-därileriň ýa-da harby tehnikanyň zatlarynyň ýok edilendigi ýa-da zaýalanandygy üçin, ol agyr netijelere getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Söweş ýagdaýynda edilen şeýle etmişler üçin,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
401-nji madda. Harby emläge aýawsyz garalmagy
1. Gullukda peýdalanmak üçin ynanylan ýaragy, ok-därileri ýa-da harby tehnikanyň zatlaryny aýawly saklamagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger bu ýagdaý şolaryň ýitirilmegine getiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Söweş ýagdaýynda edilen şonuň ýaly etmiş üçin,
iki ýyldan ýedi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçynyň özüniň peýdalanmagy üçin oňa berlen zatlary, resmi geýimini ýa-da enjamy satandygy, girewine ýa-da peýdalanmaga (harçlamaga) berendigi üçin,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň otuzysyndan ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da bir ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
402-nji madda. Töwerekdäkiler üçin ýokary howply
bolan ýaragy we närseleri ulanmagyň
düzgünleriniň bozulmagy
1. Töwerekdäkiler üçin ýokary howply bolup durýan ýaragy, ok-därileri, partlaýjy ýa-da gaýry maddalary we närseleri ulanmagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin, eger ol seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren bolsa, harby tehnikany ýok eden bolsa ýa-da gaýry agyr netijelere getiren bolsa,
iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getiren bolsa,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişler, seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,
üç ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
403-nji madda. Söweş, ýörite ýa-da beýleki ulag serişdelerini
sürmegiň ýa-da ulanmagyň düzgünleriniň
bozulmagy
1. Söweş, ýörite ýa-da beýleki ulag serişdelerini sürmegiň ýa-da ulanmagyň düzgünleriniň bozulandygy üçin, seresapsyzlykdan uly möçberde zyýan ýetiren bolsa,
bir ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da alty aý möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan seresapsyzlykdan uly möçberde zyýan ýetiren etmiş:
a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan edilen bolsa;
b) wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,
iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da bir ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Söweş, ýörite ýa-da beýleki ulag serişdelerini sürmegiň ýa-da ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy, eger olar seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlykdan adamyň saglygyna agyr zyýan ýetiren etmiş:
a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan edilen bolsa;
b) jebir çekeni howp astynda galdyryp, wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,
iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
5. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan etmiş, seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getiren bolsa,
iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
6. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlykdan adamyň ölmegine getiren etmiş:
a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan edilen bolsa;
b) jebir çekeni howp astynda galdyryp, wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,
bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
7. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan etmiş, seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren bolsa,
bäş ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
8. Şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan, seresapsyzlykdan iki ýa-da şondan köp adamyň ölmegine getiren etmiş:
a) serhoş ýagdaýda bolan adam tarapyndan edilen bolsa;
b) jebir çekeni howp astynda galdyryp, wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly bolsa,
sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik
1. Ýetirilen zyýan binýatlyk mukdarynyň ýetmiş bäşisinden artyk möçber şu maddada zyýanyň uly möçberi diýlip ykrar edilýär.
2. Ýetirilen zyýanyň doly möçberde öwezini meýletin dolan adam şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýar.
3. Şu maddanyň üçünji, bäşinji ýa-da ýedinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketi amala aşyran adam, eger jebir çekene kömek etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri gören bolsa, jeza şu maddanyň degişli böleginiň sanksiýasynda göz öňünde tutulan aňrybaş möçberiniň ýarysyndan ýokary bolup bilmez.
4. Şu maddanyň ikinji, dördünji, altynjy ýa-da sekizinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketi amala aşyran adam, eger jebir çekene kömek etmek üçin wakanyň bolan ýerini taşlap giden bolsa, ol wakanyň bolan ýeriniň taşlanylyp gidilmegi bilen baglanyşykly jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinmez.
5. Şu maddanyň maksatlary üçin serhoş ýagdaýda bolan adam diýlip Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda serhoşlygy anyklanan ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen esaslarda we tertipde ygtyýarly şahslaryň kanuny talaby boýunça serhoşlyk ýagdaýy babatda lukmançylyk barlagyndan geçmekden ýüz dönderen adam hasaplanylýar.
404-nji madda. Uçuşlaryň ýa-da olara görülýän
taýýarlygyň düzgünleriniň bozulmagy
Uçuşlaryň ýa-da olara görülýän taýýarlygyň düzgünleriniň ýa-da harby uçuş apparatlaryny ulanmagyň beýleki düzgünleriniň bozulmagy seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
405-nji madda. Gämi sürmegiň düzgünleriniň bozulmagy
Gämi sürmegiň ýa-da harby gämileri ulanmagyň düzgünleriniň bozulmagy seresapsyzlykdan adamyň ölmegine ýa-da beýleki agyr netijelere getiren bolsa,
üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
406-njy madda. Berlen wezipe ygtyýarlygyndan ýa-da gulluk
ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanylmagy
1. Ýolbaşçynyň ýa-da beýleki wezipeli adamyň berlen ygtyýarlygyndan ýa-da gulluk ygtyýarlaryndan hyýanatçylykly peýdalanandygy, wezipe ygtyýaryny ýa-da gulluk ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrandygy, ygtyýarlygyň hereketsizligi üçin, eger bu etmişler betnebislik meýilleri ýa-da başga şahsy bähbit bilen amala aşyrylan bolsa we gullugyň bähbidine, harby gullukçylaryň we beýleki raýatlaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, bellenilen binýatlyk mukdarynyň ellisinden ýüz ellisine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2. Adamyň jany ýa-da saglygy üçin howply bolan zorluk bilen baglanyşykly şeýle etmişler üçin,
bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleginde göz öňünde tutulan, adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren etmişler üçin,
üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
4. Şu maddanyň birinji, ikinji ýa-da üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin,
bäş ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
407-nji madda. Gulluga biperwaý garalmagy
1. Ýolbaşçy ýa-da beýleki wezipeli adamlar tarapyndan öz gulluk borçlaryny, gulluga sowuk-sala ýa-da ynsapsyz garamagyň netijesinde ýerine ýetirmändigi ýa-da degişli derejede berjaý etmändigi üçin, ol gullugyň bähbidine, harby gullukçylaryň we beýleki raýatlaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň kyrkysyndan ýüzüsine çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby gulluk boýunça çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli möhlete harby-düzediş bölüminde saklamak jezasy berilýär.
2. Adamyň ölmegine ýa-da başga agyr netijelere getiren şonuň ýaly etmişler üçin,
iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
3. Şu maddada göz öňünde tutulan söweş ýagdaýynda edilen etmişler üçin,
üç ýyldan on ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine
GOŞUNDY
Kazyýetiň hökümi boýunça muzdsuz alynmaga
degişli bolmadyk emlägiň sanawy
Iş kesilen adama şahsy eýeçilik hukugy esasynda degişli bolup durýan ýa-da onuň umumy eýeçilikdäki paýy bolup durýan hem-de iş kesilen üçin we onuň ekläp-saklamagynda durýan adamlar üçin zerur bolan emlägiň we zatlaryň şu aşakdaky görnüşleri muzdsuz alynmaga degişli däldir:
1. Ýaşaýyş jaýy, öýi ýa-da onuň aýry-aýry bölekleri, eger iş kesilen adam we onuň maşgalasy şolarda hemişelik ýaşaýan hem-de şolar iş kesilen adamyň we onuň maşgalasynyň ýeke-täk ýaşaýyş jaýy bolsa.
2. Esasy käri oba hojalygy bolup durýan adamlar üçin hojalyk maksatly gurluşyklar we maşgalasynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerur bolan mukdardaky öý mallary, şeýle hem mallary üçin ot-iýmler.
3. Oba hojalyk ekinleriniň nobatdaky ekişi üçin zerur bolan tohumlar.
4. Öý goş-golamlary, gap-çanaklar, geýimler:
a) geýim, aýakgap, içki geýimler, ýorgan-düşekler, ulanyşykdaky aşhana we naharhana enjamlary. Gymmat bahaly materiallardan ýasalan, şeýle hem çeperçilik gymmaty bolan zatlar muzdsuz alnyp bilner;
b) iş kesilen adama we onuň maşgala agzalaryna juda zerur bolan mebel;
ç) keçeler, iki haly, iki palas;
d) çagalara degişli ähli zatlar.
5. Eger iş kesilen adamyň esasy käri oba hojalygy bolup durýan bolsa, iş kesilen adam we onuň maşgalasy üçin täze hasyla çenli zerur bolan mukdardaky azyk önümleri, başga halatlarda - bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisine çenli möçberde azyk önümleri we pul serişdeleri.
6. Nahar taýýarlamak we ýaşaýyş jaýyny ýylatmak üçin niýetlenen ýangyç–odun.
7. Iş kesileniň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň professional kärlerini dowam etdirmek üçin zerur bolan zatlar (şol sanda, gollanmalar we kitaplar).
8. Maýyplygy bolan adamlaryň hereket etmegi üçin ýörite niýetlenen ulag serişdeleri.