Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň
dolandyryş-çäk meseleleri hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 89-madda)
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde durmuşa geçirilýän şähergurluşyk işlerini häzirki zaman şäher binagärliginiň talaplaryna görä guramakda, şäheri dolandyrmakda amatly şertleri döretmek, geçirilýän dolandyryş-çäk özgertmelerinden gelip çykýan wezipeleri çözmek maksady bilen, şeýle hem Lebap welaýatynyň häkimliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Türkmenabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow we Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje etraplaryny ýapmak baradaky teklipnamalaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
1. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow we Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje etraplaryny ýatyrmaly.
2. Türkmenabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow we Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje etraplarynyň ýatyrylandygy sebäpli, bu etraplaryň halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmaly.
3. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 21-nji iýuly.
№ 255-V.