Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt
salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 116-madda)
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Seul şäherinde gol çekilen Konwensiýany tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 18-nji awgusty.
№ 282-V.