Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz
geňeşliginiň hem-de onuň Ýandaklyagyz obasynyň adyny
üýtgetmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 57-madda)
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Döwlet adam üçindir!" diýen ýörelgesi esasynda halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň keşbi düýpgöter özgerýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz geňeşliginiň Ýandaklyagyz obasynda gysga wagtyň içinde ilat üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan mekdebiň, çagalar bagynyň, agyz suw we beýleki durmuş maksatly desgalaryň, gara ýollaryň gurlup ulanylmaga berilmegi muňa doly şaýatlyk edýär.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz geňeşliginiň Ýandaklyagyz obasynyň ýaşaýjylarynyň obanyň adyny ýurdumyzda yglan edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk atlandyrmak baradaky isleglerini, şeýle hem oba Geňeşiniň, Gökdepe etrabynyň we Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz geňeşliginiň we Ýandaklyagyz obasynyň adyny üýtgetmek hakynda towakganamalaryny nazara alyp hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna, "Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň hem-de döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna we beýleki obýektlere at dakmagyň, adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
1. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz geňeşliginiň hem-de bu geňeşligiň Ýandaklyagyz obasynyň adyny üýtgedip, olara Täze eýýam adyny dakmaly we mundan beýläk olary degişlilikde "Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Täze eýýam geňeşligi" hem-de "Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Täze eýýam geňeşliginiň Täze eýýam obasy" diýip atlandyrmaly.
2. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 19-njy marty.
№ 57-V.