Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda döredilen
täze ilatly ýeri oba derejesine degişli etmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 3, 99-madda)
"Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" we "Türkmenistanyň Prezidentiniň Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda täze ilatly ýeriň döredilendigini göz öňünde tutup hem-de Ahal welaýat häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, "Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň hem-de döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna we beýleki obýektlere at dakmagyň, adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
1. Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa "Täze zaman" adyny dakmaly.
2. Täze zaman obasyny Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň düzümine goşmaly.
3. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
4. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugy Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde bellenen tertipde Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň dolandyryş-çäk serhetleriniň ýazgysyny geçirmeli.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 22-nji iýuly.
№ 99-V.