Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda döredilen
täze ilatly ýeri oba derejesine degişli etmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 157-madda)
Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermek barada uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär, ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça okuw merkezleri döredilýär. Ilatymyzyň, şol sanda atşynaslaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda taryhynda atçylyk sungatyny ösdürmekde, arassa ganly ahal-teke atlarynyň tohumlaryny nesilden-nesle geçirmekde aýratyn hyzmatlar bitiren atşynaslarymyzyň, seýislerimiziň sarpasy belentde tutulýar. Olaryň atlary ebedileşdirilýär, geçen ýollary ýaşlarymyza atçylyk sungatyny öwretmekde uly okuw mekdebi bolýar.
Berdimuhamet Annaýewiň agasy Aba Annaýew hem ahal-teke atçylyk sungatynyň taryhynda yz goýan şahslaryň biridir. Aba Annaýew öz ýaşan döwründe atçylyk bilen giňden meşgullanyp, ahal-teke atlaryny idetmekde, ýelden ýüwrük bedewleriň şan-şöhratyny nesillere ýetirmekde, aýratyn hem ahal-teke atlarynyň tohumlarynyň gadymy ugurlaryny saklap galmakda uly hyzmatlary bitiripdir. Hünärine ökde seýisleri ýetişdirmekde hem örän köp işleri alyp barypdyr.
Atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermek hem-de oňa halypa atşynas, seýis Aba Annaýewiň adyny dakmak hakynda Ahal welaýat häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň hem-de döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna we beýleki obýektlere at dakmagyň, adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
1. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa «Aba Annaýew» adyny dakmaly.
2. Aba Annaýew obasyny Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşliginiň düzümine goşmaly.
3. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugy Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde bellenen tertipde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşliginiň Aba Annaýew obasynyň dolandyryş çäklerini bellemek işlerini geçirmeli.
4. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 8-nji noýabry.
№ 156-V.