Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek
salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda
Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň
arasyndaky Konwensiýany tassyklamak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 8 madda)
“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda 2012-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Bern şäherinde gol çekilen Konwensiýany tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 2-nji marty.
№ 379-IV.