Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň

dolandyryş-çäk meseleleri hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 35-madda)

 

         Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Watanymyzyň rowaçlygyny hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty netijesinde halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda ösen durmuş-ykdysady düzümiň kemala gelmegi bilen baglanyşykly giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. 

         Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň durmuş ulgamyna ugrukdyrylandygyny alamatlandyrýan, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelýän döwrebap şäherçeleriň, täze, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň, medeniýet edaralarynyň, sport toplumlarynyň, ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş edaralarynyň, durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurulmagy bilen ýurdumyzyň şäherleri, şäherçeleri we obalary gün-günden abadanlaşyp, düýpgöter täze keşbe girýär.

         Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Baş Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýakyn ýyllarda paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan hem-de ösen şäherleriniň birine öwürmek, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalary we desgalary häzirki zaman şäher binagärliginiň talaplaryna görä ýerleşdirmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasynyň 11-nji bendine laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi  k a r a r  e d ý ä r :

 

         1. Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň çäginiň ýerlerini hem-de Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň çäginiň ýerlerini bölekleýin 1-nji goşunda laýyklykda jemi 37654 ga ýeri Aşgabat şäheriniň ýerleriniň çägine goşmaly hem-de ol ýerleri Ahal welaýatynyň ýerleriniň çäginden aýyrmaly.

 

         2. Aşgabat şäheriniň düzüminde 2-nji goşunda laýyklykda täze iki etrap döretmeli hem-de bu etraplara Abadan we Ruhabat atlaryny dakmaly we mundan beýläk olary degişlilikde Aşgabat şäheriniň Abadan etraby hem-de Aşgabat şäheriniň Ruhabat etraby diýip atlandyrmaly.

 

         3. Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň hem-de Ruhabat etrabynyň halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmaly.

 

         4. Aşgabat şäheriniň Prezident Nyýazow adyndaky etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk adyny, Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Berkararlyk adyny dakmaly we mundan beýläk olary degişlilikde Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etraby hem-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etraby diýip atlandyrmaly.

 

         5. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gorjaw hem-de Babaarap geňeşliklerini Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň düzümine geçirmeli.

 

         6. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Ruhabat, Jülge şäherçe Geňeşlerini ýatyrmaly.

 

         7. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda Owadandepe geňeşligini döredip, onuň düzümine Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk geňeşliginiň G.Orazow adyndaky, Nedir obalaryny, Bagyr geňeşliginiň Toraňňyly obasyny, Garadaşaýak geňeşliginiň Artykhoja, Porsyguýy, Talhanly obalaryny, Gökje geňeşliginiň Oýukly obasyny, Gypjak geňeşliginiň Tozanly obasyny, Herrikgala geňeşliginiň Ganly, Göbekli, Gülzada obalaryny, Köşi geňeşliginiň Gaplaň, Garadamak obalaryny, Ruhabat şäherçesiniň Garagum obasyny, Gökdepe etrabynyň Babaarap geňeşliginiň Şapy, Ýandakly obalaryny girizmeli.

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň G.Orazow adyndaky obasyny Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň hem-de Ruhabat etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň edara ediş merkezi edip bellemeli. 

 

         8. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Sähra geňeşligini Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň düzümine geçirmeli.

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Garadaşaýak geňeşliginiň Syzaly obasyny, Gypjak geňeşliginiň Gäwers obasyny, Herrikgala geňeşliginiň Çörli obasyny, Köşi geňeşliginiň Bozköl obasyny, Ýasmansalyk geňeşliginiň Gulangyrlan obasyny Ak bugdaý etrabynyň Sähra geňeşliginiň düzümine geçirmeli.

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Bagyr geňeşliginiň Goşalar obasyny Ak bugdaý etrabynyň Garadamak geňeşliginiň düzümine geçirmeli.

 

         9. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gypjak geňeşliginiň Kümeli obasyny, Köşi geňeşliginiň Bulanyk obasyny Kaka etrabynyň Mehinli geňeşliginiň düzümine geçirmeli. 

 

         10. Ahal welaýatynyň Abadan şäherini, Ruhabat etrabynyň: Jülge, Ruhabat şäherçelerini, Bagyr geňeşliginiň Bagyr, Tejribe meýdany, Garadaşaýak geňeşliginiň Garadaşaýak, Gökje geňeşliginiň Gökje, Gypjak geňeşliginiň Gypjak, Herrikgala geňeşliginiň Birleşik, Magaryf, Herrikgala, Köşi geňeşliginiň Ýalkym, Gurtly, Harby bölüm, Hellewler, Ylmy-tejribe bazasy, Ýasmansalyk geňeşliginiň Ýasmansalyk obalaryny Aşgabat şäheriniň çägine goşulandygy, Ruhabat şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyndaky Köne Gurtly, Gypjak geňeşliginiň Gulantezekli, Serdar ýoly geňeşliginiň Serdar ýoly obalaryny ilat ýokdugy, Garadaşaýak geňeşliginiň Gaňtar, Gyzyljagala, Inerçäge, Tarhan, Topurly, Ussagulla obalaryny, Gypjak geňeşliginiň Marly obasyny, Gökdepe etrabynyň Babaarap geňeşliginiň Ýaýyn obasyny ilat sanynyň 50-den azdygy sebäpli Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmaly.

 

         11. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Bagyr geňeşliginiň Garaberdi, Myllygyzyltakyr, Oraz obalaryny, Garadaşaýak geňeşliginiň Gowşakgyzyltakyr obasyny, Köşi geňeşliginiň Gargalaňdiňlisi, Çürçüri obalaryny, Herrikgala geňeşliginiň Namart obasyny Ruhabat etrabynyň Bokurdak şäherçesiniň hem-de Ruhabat etrabynyň Bokurdak şäherçesiniň Böri obasyny Ruhabat etrabynyň Derweze şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmeli. 

         12. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Bagyr, Herrikgala, Garadaşaýak, Gökje, Gypjak, Serdar ýoly, Köşi, Ýasmansalyk geňeşliklerini ýapmaly.

 

         13. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Derweze adyny dakmaly we mundan beýläk ony Ahal welaýatynyň Derweze etraby diýip atlandyrmaly.

 

         14. Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etraplarynyň halk maslahatlarynyň we Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň halk maslahatynyň, Derweze etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny 2013-nji ýylyň 18-nji awgustyna, ýekşenbe gününe bellemeli.

 

         15. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugy Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimlikleri bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli. 

 

         16. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli. 

 

 

         Türkmenistanyň 

         Mejlisiniň Başlygy                                           A.Nurberdiýewa

 

 

 

         Aşgabat şäheri.

         2013-nji ýylyň 24-nji maýy.

         № 405-IV.

 

 

 

 

         (Goşundylaryň teksti asyl nusgada)