Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 1001-nji harby bölümine Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

 

 

 

 

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 1001-nji harby bölümine Mälikguly Berdimuhamedowyň  adyny dakmak hakynda

 

 

Halkymyzyň gadymy ýörelgesi bolan ula hormat goýmak, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda olaryň baý tejribesini, asylly ýörelgelerini netijeli peýdalanmak, olaryň ýaş nesli ruhy, watançylyk ruhunda terbiýelemekde durmuşa geçirýän işlerine hormat goýmak däbi täze Galkynyş eýýamynda has-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiz maşgala däbine eýerip, ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyza, olaryň öwüt-ündewlerine uýup, şöhratly pederlerimiziň ýol-ýörelgesini görelde mekdebi hasaplaýar.

Öz halkyny çäksiz söýýän belent adamkärçilikli, açyk göwünli, türkmen halkyna wepaly Ogly terbiýeläp ýetişdiren Ynsan hökmünde Mälikguly Berdimuhamedow täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynyň ýaşlary üçin  halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen adam hökmünde uly abraýa eýedir. Hormatly Prezidentimiziň kakasy, ilhalar ynsan Mälikguly Berdimuhamedowyň merdana keşbi, beýik adamkärçiligi ägirt uly görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. 

Ýokarda agzalanlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler  ministrliginiň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Gahrymany Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işinde çeken köpýyllyk zähmetine hormat goýmak, ýaş nesli terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny nusga edinmek maksady bilen, ministrligiň 1001-nji harby bölümine Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak baradaky ýüztutmasyny nazara alyp hem-de "Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň hem-de döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna we beýleki obýektlere at dakmagyň, adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna esaslanyp, Türkmenistanyň Mejlisi  k a r a r  e d ý ä r :

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 1001-nji harby bölümine Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny dakmaly we ony mundan beýläk Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölümi diýip atlandyrmaly.

 

 

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy                                           A.Nurberdiýewa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 7-nji fewraly.

№ 274-IV.