Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň
Babadurmaz obasynyň adyny üýtgetmek hakynda
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Döwlet adam üçindir!" diýen ýörelgesi esasynda halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taryhy maksatnamalar we ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň keşbi düýpgöter özgerýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Babadurmaz obasynda gysga wagtyň içinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan mekdebiň, çagalar bagynyň, medeniýet öýüniň, Geňeşiň edara binasynyň, Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpriniň, lagym geçirijisiniň, gara ýollaryň, agyz suw we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi muňa doly şaýatlyk edýär.
Babadurmaz obasynyň ýaşaýjylarynyň obanyň adyny ýurdumyzda yglan edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk atlandyrmak baradaky arzuw-isleglerini, şeýle hem oba Geňeşiniň, Ak bugdaý etrabynyň we Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Babadurmaz obasynyň adyny üýtgetmek hakynda towakganamalaryny nazara alyp hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna, "Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň hem-de döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna we beýleki obýektlere at dakmagyň, adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :
1. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Babadurmaz geňeşligini ýatyrmaly we onuň düzümindäki Babadurmaz obasyna şäherçe derejesini bermeli.
2. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Babadurmaz şäherçesiniň adyny üýtgedip, oňa Berkarar adyny dakmaly we mundan beýläk ony "Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçesi" diýip atlandyrmaly.
3. Babadurmaz geňeşliginiň Geňeşiniň ygtyýarlyklaryny Berkarar şäherçesiniň Geňeşiniň ygtyýarlygynda saklap galdyrmaly.
4. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 20-nji oktýabry.
№ 346-IV.