Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Uzen (Gazagystan)–Gyzylgaýa–Bereket– Etrek (Türkmenistan)–Gorgan (Eýran) halkara Demir ýolunyňTürkmenistanyň çäklerindäki böleginde gurlan stansiýalara we myhmanhana at dakmak hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇMEJLISINIŇ KARARY

 

 

 

 

Uzen (Gazagystan)–Gyzylgaýa–Bereket–

Etrek (Türkmenistan)–Gorgan (Eýran) halkara

Demir ýolunyňTürkmenistanyň çäklerindäki böleginde

gurlan stansiýalara we myhmanhana at dakmak hakynda

 

 

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Watanymyz, halkymyz üçin edýän ýadawsyz aladalarynyň netijesinde türkmen jemgyýeti durnukly ösýär, düýpli özgertmeler parasatlylyk bilen durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady pudagy bilen bir hatarda ulag ulgamy hem ösüşi boýunça täze derejelere ýetýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gurlan Tejen–Sarahs–Maşat, Türkmenabat–Atamyrat, Aşgabat–Garagum–Daşoguz demir ýollary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda, goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ösdürmekde, demir ýol stansiýalarynda gurlan myhmanhanalar hem ýolagçylara ýokary derejede hyzmat etmekde uly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen gurulýan halkara demir ýoly milli ykdysadyýetimizi has-da ýokarlandyrmakda, dünýä döwletleri we olaryň halklary bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, ýurdumyzyň gymmatly tebigy baýlyklaryny halkymyzyň eşretli ýaşamagy üçin özleşdirmekde, täze demir ýoluň ugrunda döwrebap şäherleri we şäherçeleri döretmekde, halkymyzy täze iş orunlary bilen üpjün etmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Uzen (Gazagystan)–Gyzylgaýa–Bereket–Etrek (Türkmenistan)–Gorgan (Eýran) halkara demir ýolunyň Türkmenistanyň çäklerindäki böleginde gurlan stansiýalara we myhmanhana at dakmak hakynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Balkan welaýatynyň häkimliginiň towakganamalaryny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, "Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň hem-de döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna we beýleki obýektlere at dakmagyň, adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi  k a r a r  e d ý ä r :

1. Uzen(Gazagystan)–Gyzylgaýa–Bereket–Etrek (Türkmenistan)– Gorgan (Eýran) halkara demir ýolunyň Türkmenistanyň çäklerindäki böleginde gurlan stansiýalara 1-nji we 2-nji goşundylara laýyklykda atlary dakmaly.

2. Serhetýaka stansiýasynda gurlan myhmanhana "Dostluk" adyny dakmaly.

 

 

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy                                           A.Nurberdiýewa

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2012-nji ýylyň 20-nji oktýabry.

№ 347-IV.


 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň

     2012-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda

     kabul eden № 347-IV kararyna

1-nji Goşundy

 

 

BereketSerhetýaka bölegi

 

T/b

Taslama boýunça dakylan atlar

Täze dakylýan atlar

Bereket stansiýasyn-

dan uzaklyk km.

1

Çilmämmet stansiýasy

Ak ýol

22.85

2

Razýezd-17

Arzuw

45.9

3

Ýasga stansiýasy

Ýasga

71.8

4

Burgun stansiýasy

Burgun

106.6

5

Göbekajy stansiýasy

Uzboý

134.8

6

Gökdere stansiýasy

Gökdere

159.75

7

Gyzylgaýa stansiýasy

Gyzylgaýa

185.3

8

Awlamyş stansiýasy

Awlamyş

208.0

9

Tüwer stansiýasy

Ärsarybaba

230.2

10

Maýsu stansiýasy

Berkarar

262.0

11

Razýezd-18

Bitaraplyk

288.8

12

Buzgun stansiýasy

Hazar

313.4

13

Razýezd-19

Kuwwat

338.0

14

Garagyn stansiýasy

Parahat

358.7

15

Razýezd-20

Polatly

    381.8

16

Garnyýaryk stansiýasy

Şanly

    418.9

17

Serhetýaka stansiýasy

Serhetýaka

    440.7

 

 


 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň

     2012-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda

     kabul eden № 347-IV kararyna

                   2-nji Goşundy

 

 

BereketEtrek bölegi

 

T/b

Taslama boýunça dakylan atlar

Täze dakylýan atlar

Bereket stansiýasyndan uzaklyk km.

1

Däneata stansiýasy

Däneata

32.0

2

Tersakan stansiýasy

Döwletýar 

74.0

3

Zirik stansiýasy

Bugdaýly 

103.0

4

Babaguly stansiýasy

Balguýy 

132.0

5

Madaw stansiýasy

Madaw

172.0

6

Akjadepe stansiýasy

Akjadepe

198.0

7

Etrek stansiýasy

Etrek

223.0

8

Akýaýla stansiýasy

Akýaýla

256.5