Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynyň çäginde ýerleşýän demir ýol bekediniň adyny üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ 

K A R A R Y

 

Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynyň çäginde ýerleşýän demir 

ýol bekediniň adyny üýtgetmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 14-nji madda)

 

Beýik Galkynyş we täze özgertmeler zamanasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Watanymyz, halkymyz üçin edýän ýadawsyz aladalarynyň netijesinde türkmen jemgyýeti durnukly ösýär, düýpli özgertmeler parasatlylyk bilen durmuşa geçirilýär.

Магу welaýatynyň Jojukly düzlüginde özleşdirilen hem-de özleşdirilýän ýerleri netijeli we rejeli peýdalanmak, şol ýerlerde oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, täze özleşdirilýän ýerleri abadanlaşdyrmak we zerur durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmek arkaly ilatyň zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Altyn sähra etraby döredildi.

Altyn sähra etrabynyň çäginde ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky demir ýol bekediniň adyny etrabyň ady bilen utgaşdyrmak üçin bu demir ýol bekediniň adyny üýtgetmek hakynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Mary welaýatynyň häkimliginiň towakganama-laryny nazara alyp, "Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň hem-de döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna we beýleki obýektlere at dakmagyň, adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Mary welaýatynyň Altyn sähra etrabynyň çäginde ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky demir ýol bekediniň adyny üýtgetmeli we mundan beýläk bu demir ýol bekedini "Altyn sähra" diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň

Mejlisiniň Başlygy                                                          A.Nurberdiýewa

 

Aşgabat şäheri.

2010-njy ýylyň 12-nji fewraly.

№ 90-IV.