Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýa degişli Fakultatiw teswirnama goşulmak hakynda
«Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny baglaşmagynyň, ýerine ýetirmeginiň we denonsasiýalamagynyň tertibi hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
1999-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 54/4 rezolýusiýasy bilen kabul edilen Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýa degişli Fakultatiw teswirnama goşulmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2009-njy ýylyň 18-nji apreli.
№ 36-IV.