Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda gurlan orta mekdebe Berdimuhamet Annaýewiň adyny dakmak hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

KARARY

 

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda gurlan orta mekdebe  Berdimuhamet Annaýewiň adyny dakmak hakynda

 

Türkmenistanyň Prezidenti                            Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň hem-de etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň çäginde ýurdumyzda häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylýan orta mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň we baý medeni mirasynyň dikeldilýän we çuňňur öwrenilýän, milletiň ruhy taýdan galkynýan döwründe täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynyň ýaşlary şöhratly pederlerimiziň öwüt-ündewlerine uýup, beýik geçmişine buýsanyp, şu gününe guwanyp, geljege ynamly gadam urýarlar. Bu işlerde halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan - Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň merdana keşbi, beýik adamkärçiligi şu günki türkmen ýaşlary üçin ägirt uly görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy Yzgant obasynda gurlan we häzirki zaman talaplaryna laýyk abzallaşdyrylan orta mekdep, ýurdumyzda gurulýan beýleki mekdepler bilen bir hatarda diňe bilim işgärlerini däl, eýsem tutuş halkymyzy-da guwandyrýar.

Ata-babalarymyzyň şöhratly pederlerimize sarpa goýmak, çagalary özbaşdak durmuşa taýýarlamak, ösüp gelýän ýaş nesli Ata Watana söýgi ruhunda terbiýelemek, türkmen döwletiniň geljegi bolan ýaşlaryň ruhubelent hem-de sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri barada eden bimöçber aladalaryny nusga edinip, şeýle-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň bilim edaralarynyň işgärleriniň, Yzgant obasynyň ýaşaýjylarynyň haýyşlaryny hem-de Ahal welaýatynyň häkimliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda gurlan orta mekdebe Berdimuhamet Annaýewiň adyny dakmaly we ony "Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky orta mekdep" diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň 

Mejlisiniň Başlygy                                                    A.Nurberdiýewa

 

Aşgabat şäheri.

2009-njy ýylyň 15-nji awgusty.

№ 60-IV.