Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanda Milli senenama we hepdenama hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

 

Türkmenistanda Milli senenama we hepdenama hakynda

 

 (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 2, 31-nji madda)

 

Türkmenistany mundan beýläk-de galkyndyrmak we döwrebaplaşdyrmak baradaky alnyp barylýan syýasatyn netijesinde ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bolup geçýän özgertmeleriň möçberliligi, Watanymyzyň milli kuwwatynyň artmagy halkara ylym-bilim, medeni, syýasy we ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine oňyn goşant goşmaga ukyplydygyny görkezýär.

Milli bähbitleri özara ykrar etmek ýörelgelerine esaslanýan global hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze modeliniň kemala gelýän günlerinde halkara gatnaşyklarynyň geriminiň giňelýändigini, halkara şertnamalarynda, hatlarda, ýazuwda milady senenamasynyň giňden ulanylýandygyny, asyrlaryň dowamynda türkmen edebiýatynda, taryhy, resmi we arhiw ýazgylarynda, tejribede ymykly orun alandygyny nazara alyp, şeýle hem ilatyň arzuw isleglerini, olardan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Türkmenistanda Milli senenamany we hepdenamany aşakdaky görnüşde tassyklamaly.

Milady sene hasabynyň:

birinji aýyny - Ýanwar,

ikinji aýyny - Fewral,

üçünji aýyny - Mart,

dördünji aýyny - Aprel,

bäşinji aýyny - Maý,

altynjy aýyny - Iýun,

ýedinji aýyny - Iýul,

sekizinji aýyny - Awgust,

dokuzynjy aýyny - Sentýabr,

onunjy aýyny - Oktýabr,

on birinji aýyny - Noýabr,

on ikinji  aýyny- Dekabr aýlary diýip bellemeli.

 

Halkymyzyň milli hepdenamasynyň:

birinji gününi - Duşenbe,

ikinji gününi - Sişenbe,

üçünji gününi - Çarşenbe,

dördünji gününi - Penşenbe,

bäşinji gününi - Anna,

altynjy gününi - Şenbe,

ýedinji gününi - Ýekşenbe diýip bellemeli.

2. Şu Karar 2008-nji ýylyň Gorkut aýynyň 1-inden başlap güýje girýär.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy                         A. Nurberdiýewa

 

Aşgabat şäheri

2008-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 23-i.

№ 199-III.