Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Deňizçileri taýýarlamak we olara diplom bermek hem-de wahtada durmak barada 1978-nji ýylyň halkara konwensiýasyna goşulmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2008 ý., 1-nji bölek, № 4, 62-nji madda)
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Deňizçileri taýýarlamak we olara diplom bermek hem-de wahtada durmak barada 1978-nji ýylyň 7-nji iýulynda London şäherinde kabul edilen halkara konwensiýa goşulmaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri.
2008-nji ýylyň 23-nji oktýabry.
№ 230- III.