Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Medeniýet merkezini Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkezi diýip atlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y 

 

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Medeniýet merkezini 

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkezi diýip atlandyrmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý.,  № 1, 1-nji madda)

 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletini guran, halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady türkmen halkynyň taryhyna hem aňyna ebedilik girdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladalary netijesinde Aşgabat şäherinde gurlan ak mermerli binalary görmäge göz gerek. Eziz Serdarymyzyň sahawaty bilen Aşgabat şäheriniň gözel ýerinde gurlan Milli kitaphananyň we medeni merkeziň hem-de muzeýiň ajaýyp binalar toplumy diňe bir medeniýet işgärlerini däl-de, eýsem tutuş halkymyzy guwandyrýar. Dünýäniň binagärlik sungatynda ajaýyp nusgalaryň biri bolan bu sungat binalarynyň toplumy üçin medeniýet işgärleriniň Beýik Serdarymyza bolan minnetdarlygy çäksizdir. Bu binalar toplumy türkmen halkynyň Altyn asyrynda milli medeniýetimiziň ösüşiniň ajaýyp alamaty bolup, halkymyzyň buýsanç duýgularyna ganat berer.

Beýik Serdarymyzyň Watan üçin, halkymyzyň eşretli durmuşy, milli medeniýetimizi ösdürmek üçin eden atalyk aladalaryna milletimiziň sarpasynyň belentdigini göz öňünde tutup, ata-babalarymyzyň, Beýik Garaşsyzlyk Zamanasynyň  baý medeni mirasyny geljek nesillere ýetirmek maksady bilen, şeýle-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň haýyşnamalaryny hem-de Türkmenistanyň Medeniýet hem-de teleradioýaýlymlar ministrliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Aşgabat şäherinde gurlan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Medeniýet merkezini «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli medeniýet merkezi» diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň   

Başlygynyň orunbasary                                                   A. Nurberdiýewa

 

Aşgabat şäheri

2007-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 15-i                

№ 74 – III