Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A RY
Türkmenistanyň hormatly atlary hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 3, 56- njy madda)
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
1. Türkmenistanyň hormatly atlary hakyndaky Düzgünnamany täze redaksiýada tassyklamaly we ony kabul edilen pursadyndan güýje girizmeli (goşulýar).
2. Türkmenistanyň hormatly atlarynyň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny
täze redaksiýada tassyklamaly (goşulýar).
3. Türkmenistanyň Mejlisiniň 1993-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 12-sinde
kabul eden kararyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., №4,
39-njy madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri
2007-nji ýylyň Gorkut aýynyň 13-i
№132-III
«Türkmenistanyň hormatly ady» diýen nyşanyň
ÝAZGYSY
(täze redaksiýasy)
«Türkmenistanyň hormatly ady» diýen nyşany ýerligi ak syrça bilen örtülen, gyralary altyn çaýylyp gyraňlanan sekizburçluk bolup, sekizburçlukda iç-içine üç sany tegelek ýerleşdirilendir. Merkezinde diametri 16,5 mm deň bolan ak syrça örlülen tegelegiň ortasynda Türkmenistanyň Döwlet tugrasy bar. Merkezi tegelegiň daşynda diametri 23 mm, ini 3,5 mm bolan gyzyl syrça örtülen tegelek halkada «TÜRKMENISTANYŇ HORMATLY ADY» diýen ýazgy ýerleşdirilen. Sekizburçlugyň kütek burçlaryna degýän diametri 34 mm bolan ýaşyl syrça örtülen tegelegiň içinde deň daşlykda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyndaky türkmen halysynyň bäş göli, olaryň arasynda altyn çaýylan bäş sany bäş ýyldyz we bäş sany şöhlejikleriň şekili şekillendirilen. Uly tegelek bilen sekizburçlugyň içki ýiti burçlarynyň arasynda altyn çaýylan milli nagyş suratlandyrylan. Daşky kütek burçlarynda uçlary togalak düwmelije üçburçluk görnüşli güberçek şekil oturdylan.
«Türkmenistanyň hormatly ady» diýen nyşanyň diametri 44,5 mm deň.
Nyşan halkajyk arkaly altyn çaýylan, ini 31 mm bolan, beýikligi 20 mm bolan göniburçly kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada «TÜRKMENISTAN» diýen ýazgy, ýarym aý we ýyldyzlaryň bäşisi şekillendirilen.
Nyşan 925-nji mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.