Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe «Ruhnama» adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

 

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe «Ruhnama» adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., №3, 62-nji madda)

 

Türlmıenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnama kitaby biziň milletimiziň ruhy - ahlak galkynyşynyň egsilmez çeşmesi hökmünde halkyň aňyna ornaşyp, bagtyýar türkmenistanlylaryň her biriniň şamçyragyna öwrüldi.

Türkmeniň Altyn asyry bolan XXI asyrda türkmen halkynyň ruhy we medeni galkynyşyny üpjün eden, milletiň baş ýörelgesine, täze asyryň pelsepesine öwrülen mukaddes Ruhnama kitabynyň arassa ahlakly, bilimli, Watanyna, halkyna wepaly, mert türkmen ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýetini göz öňünde tutup hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe «Ruhnama»  adyny dakmaly we ony «Ruhnama adyndaky orta mekdep» diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy                               A. Nurberdiýewa

 

Aşgabat şäheri

2007-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 15-i

№138-III