Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe «Bagtyýar nesiller» adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

 

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe «Bagtyýar nesiller» adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., №3, 63-nji madda)

 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletinde arassa ahlakly, bilimli, Watanyna, halkyna, Hormatly Prezidentine wepaly, mert türkmen ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmek barada uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda çagalaryň, ýaşlaryň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Ösüp gelýän ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermek işinde okuw-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek baradaky edilýän aladalardan ugur alyp hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe «Bagtyýar nesiller» adyny dakmaly we ony «Bagtyýar nesiller orta mekdebi» diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy                               A. Nurberdiýewa

 

Aşgabat şäheri

2007-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 15-i

№139-III