Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Aşgabat şäherinde gurlan çagalar bagyna «Bagtyýar nesiller» adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 70-madda)
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň ýadawsyz aladasy bilen ösüp gelýän ýaş nesli medeni we ruhy taýdan ata Watana wepalylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemek barada öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen Aşgabat şäherinde ak mermere beslenen çagalar baglary we mekdepler gurulýar.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 16 ýyllyk toýunyň öň ýanynda ulanylmaga beriljek çagalar bagyna at dakmak barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgärleriniň ýüztutmasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Aşgabat şäherinde gurlan çagalar bagyna «Bagtyýar nesiller» adyny dakmaly we ony «Aşgabat şäheriniň Bagtyýar nesiller çagalar bagy» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa
Aşgabat şäheri
2007-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 10-y
№146-III