Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
I-9-a
XXII-3
Aşgabat şäherinde gurlan "Türkmeniň ertekiler dünýäsi" çagalar seýilgähine "Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi" adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 4, 23-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýurdumyzyň geljegi bolan çagalar hakynda yzygiderli atalyk aladasyny edýär.
Türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň terbiýesine we hemme taraplaýyn ösüp kämilleşmegine uly üns berýän gadyrly Serdarymyzyň başda durmagy bilen gurlan "Türkmeniň ertekiler dünýäsi" çagalar seýilgähi täsinlikleriň we arzuwlaryň gözellikler dünýäsine gyzykly syýahat etmek islän çagalaryň arzyly mekanyna öwrüler.
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň çagalary durmuşa talabalaýyk taýýarlamak, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watany ýürekden söýmek ruhunda terbiýelemek barasynda edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp, halkymyzyň Beýik Serdarymyza bolan guwanjyny, hormat-sylagyny, çuňňur söýgüsini aýratyn belläp, hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň haýyşnamalaryny, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Aşgabat şäherinde gurlan "Türkmeniň ertekiler dünýäsi" çagalar seýilgähine "Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi" adyny dakmaly we ony "Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi" diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2006-njy ýylyň Sanjar aýynyň 21-i
№ 67-III