Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
KARARY
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň taslamasyny
durmuşa geçirmek we Türkmenistandan Hytaý Halk
Respublikasyna tebigy gazy satmak hakyndaky
Baş ylalaşygy tassyklamak hakynda
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek we Türkmenistandan Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy satmak hakynda Türkmenistan tarapyndan Pekin şäherinde (HHR) 2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 3-ünde gol çekilen Baş ylalaşygy tassyklamaly.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy Ö.Ataýew
Aşgabat şäheri.
2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 13-i.
№ 43-III.