Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda gurlan tikin we aýakgap fabrikleriniň toplumyna Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

 K A R A R Y

 

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda gurlan tikin we aýakgap fabrikleriniň toplumyna Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 1, 2, 3-nji madda)

 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Watanymyz, halkymyz üçin edýän atalyk aladalarynyň netijesinde Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynda öňde baryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan onlarça dokma toplumlary açyldy hem-de müňlerçe täze iş ýerleri döredildi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň dokma pudagyny ösdürmek baradaky tagallalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýakyn wagtlarda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda işe giriziljek tikin we aýakgap fabrikleriniň toplumy munuň adynyň subutnamasydyr.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda gurlan tikin we aýakgap fabrikleri toplumynda Germaniýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we beýleki dünýä belli ýokary öndürijilikli häzirki zaman täze tilsimat we kömekçi enjamlar oturdyldy. Kuwwatlylygy 500 müň jübüt aýakgaba we 3,7 million sany taýýar tikin önümlerine niýetlenen täze tikin we aýakgap fabrikleri toplumynyň işe girizilmegi bilen 500-e golaý iş orunlary dörediler.

Bu gün Garaşsyzlyk döwrüniň zenanlary milli baştutanymyz, Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda öz Altyn asyrynda ynamly gadam urýar.

Aýal-gyzlar bu gün jemgyýetiň doly hukukly, sazlaşykly ösen we durmuş taýdan işeňňir agzalary bolmak bilen Beýik Serdarymyzyň ägirt uly maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde tutanýerli iş alyp barýarlar.

Bu işlerde olar halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, eziz Serdarymyzyň mähriban käbesi Gurbansoltan ejäniň merdana keşbinden, beýik adamkärçiliginden, asyllylygyndan, çeperliginden görüm-görelde alýarlar.

Halkymyzyň Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi Gurbansoltan ejä çuňňur söýgüsini, sylag-hormatyny belläp, onuň mukaddes ruhuny, röwşen ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň dokma pudagynyň ähli işgärleriniň tüýs ýürekden çykýan isleglerini hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýüz tutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda gurlan tikin we aýakgap fabrikleriniň toplumyna Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmaly we ony «Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap fabrikleriniň toplumy» diýip atlandyrmaly. 

 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy                                      Ö. Ataýew

 

Aşgabat şäheri

2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 27-si

№ 47-III