Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
I-9-a
XX-1
Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe Nyýazmyrat Nyýazowyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 4, 20-nji madda)
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen ýaşlaryny arassa ahlakly, bilimli, Watanyna, halkyna, Beýik Prezidentine wepaly, mertlik ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek barada uly alada edýär. Ýurdumyzda çagalaryň, ýaşlaryň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň dogany Nyýazmyrat Nyýazowyň adyny ebedileşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe Nyýazmyrat Nyýazowyň adyny dakmaly we ony "Aşgabat şäheriniň Nyýazmyrat Nyýazow adyndaky orta mekdebi" diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2006-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 23-i
№ 64-III