Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
I-9-a
VIII-2-c
Owadandepedäki mermer we granit işlenilýän zawoda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 4, 18-nji madda)
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 15 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň başlangyjy bilen gurlan mermer we granit işlenilýän zawod işe girizilmäge taýýar edildi.
Täze önümçiligi ýola goýjak bu häzirki zaman kärhanasynda mermer, granit hem-de hek daşlary gaýtadan işleniler. Dünýäde öňdebaryjy enjamlar bilen abzallaşdyrylan bu zawodda her ýylda 205 müň inedördül metr taýýar önüm öndüriler. Mermer zawodyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp önümleri ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda ulanylyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da kuwwatlanmagyna uly goşant bolar.
Halkymyzyň Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa bolan çuňňur söýgüsini, sylag-hormatyny aýratyn belläp, şeýle hem gurluşyk işgärleriniň arzuw-isleglerini nazarda tutup hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Owadandepedäki mermer we granit işlenilýän zawoda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony "Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky mermer we granit işlenilýän zawod" diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2006-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 10-y
№ 62-III