Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
I-9-a
XX-3
Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe Annanyýaz Artygyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 3, 5-nji madda)
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda Türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň we baý medeni mirasynyň dikeldilýän we çuňňur öwrenilýän, milletiň ruhy taýdan galkynýan günlerinde milli bilim-terbiýe alýan Garaşsyzlyk Zamanasynyň ýaşlary şöhratly pederlerimiziň öwüt-ündewlerine uýup, beýik geçmişine buýsanyp, şu gününe guwanyp, geljege ynamly gadam urýar. Bu işlerde olar halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, eziz Serdarymyzyň atasy Annanyýaz Artygyň merdana keşbinden, beýik adamkärçiliginden görüm-görelde alýarlar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladalary netijesinde, Aşgabat şäherinde gurlan we gurulýan ak mermerden binalary görmäge göz gerek. Eziz Serdarymyzyň sahawaty bilen Aşgabat şäheriniň gözel künjünde gurulýan häzirki zamanyň talaplaryna laýyk abzallaşdyrylan 800 orunlyk orta mekdep diňe bilim işgärlerini däl-de, eýsem tutuş halkymyzy guwandyrýar.
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnama kitaplarynyň ýörelgelerine eýermek, şöhratly pederlerimize sarpa goýmak, çagalary durmuşa talabalaýyk taýýarlamak, ösüp gelýän ýaş nesli Ata Watany ýürekden söýmek ruhunda terbiýelemek, türkmen döwletiniň geljegi bolan ýaşlaryň ruhubelent hem-de sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri barasynda edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp, şeýle-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň haýyşnamalary esasynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe Annanyýaz Artygyň adyny dakmaly we ony "Aşgabat şäheriniň Annanyýaz Artyk adyndaky orta mekdebi" diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2006-njy ýylyň Gorkut aýynyň 27-si
№ 49-III