Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
I-9-a
XXII-4
Aşgabat şäherinde gurulýan Milli kitaphananyň, Medeni merkeziň hem-de muzeýiň binalar toplumyna Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 3, 4-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletini guran, halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady türkmen halkynyň taryhyna hem aňyna ebedilik girdi. Halkymyz garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan beýik işleriň ählisini Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady bilen baglanyşdyrýar. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň beýik garaşsyzlyk ýyllarynda buýsançly derejelere galyp, ýokary ösüşlere ýetmegi, milli öwüşgini babatda ep-esli baýlaşmagy, Türkmen medeniýetiniň görlüp-eşidilmedik derejelere ýetmegi mähriban Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň medeniýet babatdaky alyp barýan syýasatynyň we bu ugurda durmuşa geçirýän taýsyz tagallalarynyň netijesidir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladalary netijesinde, Aşgabat şäherinde gurlan ak mermerden binalary görmäge göz gerek. Eziz Serdarymyzyň sahawaty bilen Aşgabat şäheriniň gözel ýerinde gurulýan Milli kitaphananyň we Medeni merkeziň hem-de muzeýiň ajaýyp binalar toplumy diňe medeniýet işgärlerini däl-de, eýsem tutuş halkymyzy guwandyrýar. Dünýäniň binagärlik sungatynda ajaýyp nusgalaryň biri bolan bu sungat binalarynyň toplumy üçin medeniýet işgärleriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa bolan minnetdarlygy çäksizdir.
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti, ruhy atamyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnama kitaplarynyň ýörelgelerine eýermek, sungat we medeni gymmatlyklaryny aýap saklamak we öwrenmek, ata-babalarymyzyň, Beýik Garaşsyzlyk Zamanasynyň baý medeni mirasyny Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatyna ýetirmek, ösüp gelýän ýaş nesli Ata Watany ýürekden söýmek ruhunda terbiýelemek, Watan neslinde türkmen sungatynyň at-abraýyny bütin dünýä ýaýmaga höwes döretmek we bu sungatyň arkama-arka ebedi dowam etmegini gazanmak baradaky asylly maksada eýerip, Beýik Serdarymyzyň Watan üçin, halkymyzyň eşretli durmuşy üçin edýän atalyk aladalaryna milletimiziň sarpasynyň belentligini geljek nesillere ýetirmek üçin, şeýle-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň haýyşnamalaryny hem-de Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Aşgabat şäherinde gurulýan Milli kitaphananyň, Medeni merkeziň hem-de muzeýiň binalar toplumyna Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony "Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Medeniýet merkezi" diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2006-njy ýylyň Gorkut aýynyň 24-i
№ 48-III