Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
I-9-a
XXII-2-б
Balkan welaýatynda gurulýan täze teatra Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 3, 6-njy madda)
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 15 ýyllyk toýuna barýan günlerinde Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy taryhy, özboluşly däp-dessurlary we baý medeni mirasy dikeldilýän, çuňňur öwrenilýän türkmen milleti ruhy taýdan galkynýar, medeniýet işgärleri bolsa halkyň beýik geçmişine buýsanyp, şu gününe guwanyp, geljege ynamly gadam urýar.
Türkmeniň Altyn asyryndaky ruhy galkynyşyň aýdyň nyşany bolan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladalary netijesinde, Balkan welaýatynda ak mermerden gurulýan teatryň gözel binasy welaýatyň halkyna ajaýyp sowgatdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ata-babalarymyzyň we Beýik Garaşsyzlyk Zamanasynyň baý medeni mirasyny Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatyna ýetirmek, Watan neslinde türkmen sungatynyň at-abraýyny bütin dünýä ýaýmaga höwes döretmek we bu sungatyň arkama-arka ebedi dowam etmegini gazanmak baradaky asylly maksadyna eýerip, şeýle hem Balkan welaýatynyň ilatynyň, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň tüýs ýürekden çykýan haýyşlaryny hem-de Balkan welaýatynyň häkimliginiň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Balkan welaýatynda gurulýan täze teatra Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony "Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry" diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2006-njy ýylyň Alp Arslan aýynyň 11-i
№ 50-III