Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
I-9-a
XXIII-1-г
Gökderede gurulýan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine "Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri" adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 4, 17-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladalary netijesinde ýaş nesliň bedenleriniň berk, ömürleriniň uzak bolmagy, olaryň saglygyny gorap saklamak, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmek barada giň mümkünçilikler döredilýär.
Türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň terbiýesine we hemmetaraplaýyn ösüp kämilleşmegine uly üns berýän Eziz Serdarymyzyň başda durmagy bilen jana şypaly howasy, baý ösümlik dünýäsi bilen uly täsir galdyrýan we ruhubelentlik duýgusyny oýarýan ajaýyp Gökderede gurulýan 150 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalaryň arzyly ýerine öwrüler.
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň çagalary durmuşa talabalaýyk taýýarlamak, ösüp gelýän ýaş nesli Ata Watany ýürekden söýmek ruhunda terbiýelemek, türkmen döwletiniň geljegi bolan ýaşlaryň ruhubelent hem-de sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri barasynda edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleriniň arzuw-isleglerini nazarda tutup hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Gökderede gurulýan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine "Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri" adyny dakmaly we ony ''Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi" diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2006-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 9-y
№ 61-III