Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
I-9-a
XXII-3
Köpetdagyň eteginde gurulýan Asma ýol toplumyna "Türkmenbaşynyň Asma ýoly" adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 4, 16-njy madda)
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň eşretiniň artýandygynyň ilimiziň hal-ýagdaýynyň barha gowulanýandygynyň subutnamasy hökmünde ýurdumyzyň çar künjeginde ajaýyp binalar, täsin desgalar gurulýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 15 ýyllygynyň öň ýanynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň zamanasynyň ýene bir täsin desgasy peýda boldy. Bu ajaýyp täsin desga halkymyz, abadan ýurdumyzyň myhmanlary seýil ederler, deňiz derejesinden 1 müň 300 metre golaý belentlikden ak mermere beslenen Aşgabadyň özboluşly gözelligine syn ederler, şonda olaryň ruhy has hem belende göteriler.
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň halkymyzy ruhubelent, eşretli durmuşda ýaşatmak barasynda edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp hem-de Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň ýüztutmasyny nazarda tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Köpetdagyň eteginde gurulýan Asma ýol toplumyna "Türkmenbaşynyň Asma ýoly" adyny dakmaly we ony "Türkmenbaşynyň Asma ýoly" diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2006-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 9-y
№ 60-III