Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Aşgabat şäherinde gurulýan çagalar bagyna "Beýik Serdar nesilleri çagalar bagy" diýen ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

 K A R A R Y

I-9-a

XX-2

Aşgabat şäherinde gurulýan çagalar bagyna "Beýik Serdar nesilleri çagalar bagy" diýen ady dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 3, 10-njy madda)

 

Beýik Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 15 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan hem çagalar sagaldyş merkezleri, çagalar baglary gurulýar.

Halkymyzyň Beýik Serdarymyza bolan guwanjynyň, hormat-sylagynyň, çuňňur söýgüsiniň alamaty hökmünde, şeýle-de Türkmenbaşy eýýamyny barha dabaralandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Aşgabat şäherinde gurulýan çagalar bagyny "Beýik Serdar nesilleri çagalar bagy" diýip atlandyrmaly.

 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy                                      Ö. Ataýew

 

Aşgabat şäheri

2006-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 22-si

№ 55-III