Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Mary şäheriniň howa menziline Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

 K A R A R Y

I-9-a

IX-5-a

Mary şäheriniň howa menziline Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 3, 8-nji madda)

 

Garaşsyzlyk ýyllarynda raýat howa ulaglary depginli ösdi we uly pudaga öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň howa ulaglary ulgamynda döwrebap we amatly uçarlar, kämil uçuş-gonuş zolaklary, howa gämileriniň ähli kysymlaryny kabul etmäge ukyply, häzirki zaman uçarlary ugrukdyrmagyň ulgamy bilen enjamlaşdyrylan howa hereketini dolandyryş merkezi bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mary şäheriniň howa menziliniň ýerüsti üpjünçilik ulgamlaryny has-da ösdürmek, ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini gowulandyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak baradaky kararyna laýyklykda gurulýan howa menziliniň ýolagçylara hyzmat edilýän binasy welaýatyň halkynyň guwanjy hem buýsanjy hasap edilýär.

Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini gowulandyrmak baradaky atalyk aladasyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň Mary welaýat guramasyna girýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýüztutmasyny, şeýle hem Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arzuw-isleglerini nazarda tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Mary şäheriniň howa menziline Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony "Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Mary howa menzili" diýip atlandyrmaly.

 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy                                      Ö. Ataýew

 

Aşgabat şäheri

2006-njy ýylyň Alp Arslan aýynyň 11-i

№ 52-III