Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe "Beýik Serdar nesilleri" adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

 K A R A R Y

I-9-a

XX-3

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe "Beýik Serdar nesilleri" adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 3, 9-njy madda)

 

Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Garaşsyz, baky Bitarap döwlet, adalatly, abadan jemgyýet gurmagyň, Altyn asyrymyzy berkarar etmegiň iň kämil we döwrebap nusgasyny hakyky iş ýüzünde görkezýär. Ol täze türkmen jemgyýetini gurmakda geljegimiz bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Altyn asyrymyza mynasyp arassa ahlakly, bilimli, Watanyna, halkyna, beýik Prezidentine wepaly, mert türkmen ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmek, ýaşlar baradaky alada Beýik Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň iň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzda çagalaryň, ýaşlaryň sagdyn ösmegi, eşretli durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Täze-täze mekdeplerdir mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň döwrebap binalary gurulýar. Olar häzirki zaman okuw-tehniki serişdeleri, kompýuterlerdir beýleki enjamlar bilen üpjün edilýär. Eziz Serdarymyzyň sahawaty bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherinde gurýan orta mekdebi hem şu döwrebap binalaryň biridir.

Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnama taglymatyna eýermek, Altyn asyrymyza mynasyp arassa ahlakly, bilimli, Watanyna, halkyna, Beýik Prezidentine wepaly ýaş nesli terbiýelemek, türkmen döwletiniň geljegi bolan ýaşlaryň ruhubelent bolup ýetişmekleri barasynda Beýik Serdarymyzyň edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Aşgabat şäherinde gurulýan orta mekdebe "Beýik Serdar nesilleri" adyny dakmaly we ony "Aşgabat şäheriniň Beýik Serdar nesilleri orta mekdebi'' diýip atlandyrmaly.

 

     Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy                                      Ö. Ataýew

 

Aşgabat şäheri

2006-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 22-si

№ 54-III