Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
2005-nji ýyly Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik
Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes
Ruhnamasynyň ýyly diýip yglan etmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 1, 9-njy madda)
Mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda türkmen halky Ýaşyl tugumyzyň hem-de Beýik Serdarymyzyň doglan gününe uly zähmet üstünlikleri, ösüşler, şanly wakalar bilen barýar Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň merdana zähmetsöýer halkynyň şöhratyna şöhrat, döwletimiziň kuwwatyna kuwwat goşýan ýeňişler ilkinji nobatda mukaddes Ruhnama bilen berk baglanyşyklydyr.
Türkmeniň Altyn asyrynda türkmen jemgyýetiniň döwlet gurluşynda, milli ruhy ösüşinde, şeýle hem onuň öňki we häzirki ýagdaýyny anyk kesgitlemekde görnükli orun milletiň baştutany Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ajaýyp eserine - mukaddes Ruhnama degişlidir.
Bu mukaddes kitap Beýik Serdarymyzyň häzirki we geljekki nesillere öz ýüreginden syzdyryp aýdýan sargytlarydyr, pähim-paýhasydyr. Beýik Serdarymyzyň ýiti zehininiň miwesidir, ynsanyň ömri, onuň ýaşaýyş-durmuşynyň many-mazmuny hakyndaky beýik ruhy taglymatdyr.
Mukaddes Ruhnama milletiň ruhy-ahlak galkynyşynyň egsilmez çeşmesi hökmünde türkmen halkynyň aňyna berk ornaşyp, türkmenistanlylaryň hem biriniň şamçyragyna öwrüldi. Mukaddes Ruhnama diňe bir milletiň baýlygyna däl, eýsem dünýäniň ruhy medeniýetine goşulan, bahasyna ýetip bolmajak goşantdyr. Ol umumyadamzat gymmatlyklarynyň hakyky jarçysyna öwrülip, zeminiň ähli halklary üçin birmeňzeş gymmatlydyr we düşnüklidir.
Beýik Serdarymyzyň baş taglymaty bolan mukaddes Ruhnamanyň beýleki halklaryň dillerine terjime edilmegi ähli adamzadyň türkmeniň taryhy ýoluna düşünmegine, türkmeniň taryhy, medeniýeti, döwlet syýasaty, ýol-ýörelgesi edim-gylymy, milli aýratynlygy we ruhy-ahlak sypaty bilen tanyşmagyna, türkmen halky bilen ýakynlaşmagyna getirdi.
Parasatly Serdarymyzyň bu ajaýyp Kitabynyň milleti galkyndyrýan, ony mähriban topragymyzyň we eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna mundan beýläk-de uly üstünliklere ruhlandyrýan Şamçyragynyň we güýç-gaýratynyň çeşmesine öwrüljegi gümansyzdyr.
Ynsanyň tebigatyna, onuň köňül-göwün meýillerine aňrybaş belet beýik kalp we söz ussady dana Serdarymyzyň bu ajaýyp eseri türkmeniň uç-gyraksyz ruhy dünýäsi, ahlak gymmatlyklary we parasatly däp-dessurlary dogrusyndaky düşünjäni has-da giňeldýär, has-da çuňlaşdyrýar.
Milli ruhuň gaýtadan dikeldilmegine we pugtalandyrylmagyna, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk hem çalt depginler bilen ösmegine ýardam etjek bu mukaddes Kitabyň belli bahasy ýokdur. Mukaddes Ruhnama Altyn asyrda parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň gadymy taryhyny, özboluşly däp-dessurlaryny we baý medeni mirasyny has çuň öwrenmäge, milletiň ruhy taýdan has-da galkynmagyna uly itergi berer, onuň dünýä halklary bilen ylalaşykly hem dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder.
Beýik Serdarymyzyň bu dürdäne eserinde türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk ruhy, ahlak, terbiýe ýörelgeleri jemlenendir. Ol ajaýyp ýörelgeler bolsa umumyadamzat gymmatlyklarydyr, hemmeler üçin ähmiýetlidir.
Mähriban Serdarymyzyň bu Mukaddes kitabynyň Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň, onuň içeri we daşary syýasatynyň, türkmen halkynyň döwletliliginiň we ynsanperwerliginiň, türkmen halkynyň abadanlyk, parahatlyk söýüjiliginiň dünýäde has-da dabaralanmagyna ýardam etjegine şek-şübhe ýokdur.
Taryhda jahana ýan salan beýik döwletleri guran ata-babalarymyza sarpa goýup, olaryň ruhuny şat edip, Beýik Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurlan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň üç gudratynyň biri bolan Türkmeniň mukaddes Ruhnamasy Altyn asyrda dünýä nusga bolup biljek türkmen milletini öňe çykarmakda ýolumyza şugla saçar, ynsanyň ruhy erkinligini belende galdyrmaga itergi berer.
Türkmenistanyň raýatlarynyň Altyn asyrda altyn ruhda, altyn ýaşaýyşda ýaşamaklary, döwletimiziň mizemezligini berkitmek, halkymyzyň has-da agzybir, jebis, abadan bolmaklary üçin mukaddes Ruhnamanyň türkmeniň Altyn asyrynda watansöýüji, il-halkyna wepaly nesli terbiýeläp ýetişdirmekde örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belläp, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň isleg-arzuwlaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
2005-nji ýyly Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynyň ýyly diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2005-nji ýylyň Baýdak aýynyň 1-i
№ 9-III