Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Aşgabat şäherinde gurlan Şekillendiriş sungaty muzeýine Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 1, 12-nji madda)
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň medeniýet babatdaky alyp barýan syýasatynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli medeniýetimiz we sungatymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda buýsanç bilen örboýuna galyp, ýokary ösüşlere ýetdi we milli öwüşgüni boýunça ep-esli baýlaşdy. Medeniýetimiz täze derejä göterildi.
Eziz halkymyz tarapyndan baş kitap hökmünde ykrar edilen Beýik Serdarymyzyň mukaddes Ruhnamasy, şygyr dessanlary halkymyzy beýik işlere galkyndyrdy, täze ösüşlere badalga boldy, halkymyzyň ruhuna ruh, güýjüne güýç goşdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Ak şäherimiz Aşgabatda gurlan, dünýäniň binagärlik sungatynda ajaýyp nusgalaryň biri bolan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhyýet Köşgüni, Türkmenistanyň milli muzeýiniň, Garaşsyzlyk muzeýiniň, Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň binalaryny görmäge göz gerek, häzirki wagtda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň, Türkmenistanyň Sergi merkeziniň, Çeperçilik Akademiýasynyň uly binagärlik toplumynyň, başga-da birnäçe medeni desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Bu medeni binalaryň gurulmagy, halkymyzyň kalbynyň, ýüreginiň, ruhunyň öňküden-de gözelleşmegine ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnamasynyň ýörelgelerine eýermek, sungat we medeni gymmatlyklary aýap saklamak we öwrenmek, ata-babalarymyzyň we garaşsyzlyk zamanasynyň baý medeni mirasyny Bitarap Türkmenistanyň her bir raýatyna ýetirmek, ösüp gelýän nesli Ata Watany ýürekden söýmek ruhunda terbiýelemek, ýaşlarda taýsyz türkmen sungatynyň at-abraýyny bütin dünýä ýaýmaga höwes döretmek we bu sungatyň arkama-arka ebedi dowam etmegi baradaky asylly maksada eýerip, Türkmenistany, türkmen halkyny dünýä giňden tanatmak üçin biz, ozaly bilen, özümizi, öz taryhymyzy, öz medeniýetimizi we sungatymyzy iňňän içgin bilmelidiris. Halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklary aýratyn hem ýaş neslimiziň aňyna we kalbyna pugta siňmelidir diýen, Beýik Serdarymyzyň sargydyndan ugur alyp, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Aşgabat şäherinde gurlan Şekillendiriş sungaty muzeýine Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi diýip atlandynnaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2005-nji ýylyň Baýdak aýynyň 2-i
№ 13-III