Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda gurlan dokma fabrigine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 2, 19-njy madda)
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy ägirt uly osüşlere ýetiren Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň başda durmagy bilen Türkmenistanyň dokma senagaty has çalt depginler bilen ösdi. Bu döwürde Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynda öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan dokma toplumlarynyň onlarçasy guruldy we işe girizildi. Müňlerçe täze iş orunlary döredildi. Bu gün ýurdumyzda öndürilýan önümler dünýä ýüzünde islegli haryda öwrüldi.
Beýik Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän beýik işleriň netijesinde jemi içerki önümiň osüşiniň ýokary depginleri, ýurduň tutuş ösüşini hasiýetlendirýän esasy ykdysady görkezijileriň ýokary ösüşi üpjün edildi. Bu bolsa ykdysady ösüş boýunça Türkmenistana dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlary eýelemäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynyň ýyly bolan bereketli 2005-nji ýylyň Altyn asyrymyzyň taryhynyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyljakdygyna ýurdumyzda gazanylýan täze ýeňişler, beýik işler hem güwä geçýär. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda gurlan dokma fabrigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Kuwwatlylygy 63,7 million inedördül metr nah matasyny öndürmäge niýetlenen we ýokary öndürijilikli, häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylan täze dokma fabrigi 400-e golaý adamy iş bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Ata Watana, türkmen halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, külli türkmeniň käbesi Gurbansoltan eje ähli enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň görüm-görelde alýan röwşen nyşanyna, milli buýsançlarymyzyň, mukaddesliklerimiziň gymmaty egsilmejek nusgasyna öwrüldi. Özboluşlylygy, sadalygy hem owadanlygy bilen adygan türkmen zenanynyň iň naýbaşy hasiýetlerini - mähremligini, päkligini, mertebesiniň belentligini, nesline uçursyz söýgüsini özünde jemleýän mährem Enä türkmen halky baky hormat goýýar we oňa tagzym edýär.
Halkymyzyň Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň käbesi Gurbansoltan ejä bolan guňňur söýgüsini, sylag-hormatyny aýratyn belläp, onuň mukaddes ruhuny, röwşen ýadygärligini ebedileşdirmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň dokma pudagynyň işgärleriniň tüýs ýurekden çykýan hayýşlaryny hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Mary welayatynyň Wekilbazar etrabynda gurlan dokma fabrigine Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan ejäniň adyny dakmaly we ony «Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky dokma fabrigi» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2005-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 25-si
№ 20-III