Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda gurlan pagta egirme fabrigine Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 2, 20-nji madda)
Eziz Diýarymyzda Beýik Garaşsyzlygymyzyň arka atylan şöhratly on üç ýylynyň içinde Beýik Serdarymyzyň öňdengörüjiligi, atalyk aladalary we taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça ýetilen belent derejeler, eýelenen ägirt uly sepgitler, ykdysady osüşde gazanylan ajaýyp üstinlikler, ata Watanymyzyň durmuşynda bolup geçen özgerişlikler buýsançly hem-de haýran galdyryjydyr.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti, külli türkmeniň göz-guwanjy, hak hossary we howandary bolan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň dokma senagaty has çalt depginler bilen ösdi. Bu döwürde nah ýüplükleri öndürýän, jinsi matalaryny, trikotaž öndürýän uly fabrikleriň onlarçasy guruldy we işe girizildi. Müňlerçe täze iş ýerleri döredildi. Bu gün özümizde öndürilýän önümler dünýä ýüzünde islegli haryda öwrüldi. Beýik Serdarymyzyň mukaddes Ruhnamasynda belleýşi ýaly «Biziň Garaşsyzlygymyzy alanymyz bäri geçen döwrüň beýikligi - türkmeniň sarp ediji milletliginden dörediji millete öwrülip başlanlygydyr».
Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynyň ýyly bolan bereketli 2005-nji ýylyň zähmet gadamlarynyň barha we barha batlanýan günlerinde Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda kuwwatlylygy ýylda 9,1 müň tonna nah ýüplügi öndürmäge niýetlenen we ýokary öndürijilikli, häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylan täze pagta egirme fabrigi guruldy. Bu pagta egirme fabriginiň işe girizilmegi bilen 250-ä golaý iş orunlary dörediler.
Altyn asyrymyzyň altyn günleriniň türkmene ýar bolmagy üçin guwançly, beýik hem ajaýyp hyzmatlar bitirip, halkymyzyň kalbynyň töründe, ýüreginiň jümüşinde göterip gelýän Beýik Ynsany, Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy öz halkynyň çuňňur söýgüsine, çäksiz hormatyna mynasyp boldy.
Halkymyzyň Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa bolan çuňňur söýgüsini, sylag-hormatyny aýratyn belläp, şeýle hem ýurdumyzyň dokma pudagynyň işgärleriniň tüýs ýürekden çykýan haýyşlaryny hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýüztutmasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda gurlan pagta egirme fabrigine Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky pagta egirme fabrigi» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2005-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 25-i
№ 21-III