Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan «Ak bugdaý» muzeýine Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ

K A R A R Y

 

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan «Ak bugdaý» muzeýine Türkmenistanyň Prezidenti  Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 3, 21-nji madda)

 

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň däne öndürmekde türkmen halkynyň gadymdan gelýän däplerini dikeltmek baradaky syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumuzda ak bugdaýyň öndürilişi görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Türkmen gallaçylary her ýyl täze-täze belent sepgitlere ýetip, ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, türkmen saçagynyň berekedini artdyrýarlar.

Ak bugdaýynyň döremegi we onuň ýer ýüzüne ýaýramagy türkmen halkynyň şöhratly taryhy bilen aýyrylmaz baglanyşyklydyr. Biziň gadymy ata-babalarymyz adamzat taryhynda ilkinji gezek Änew topragyna ak bugdaýyň tohumyny sepipdirler. Şol döwürden bäri hem ol biziň milli baýlygymyza, mukaddes gymmatlygymyza öwrülipdir.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň başlyngyjy we pähim-paýhasy bilen ýurdumyzda gallaçylygyň täzeden dikeldip, azyk garaşsyzlydynyň üpjün edilmegi, ak bugdaýyň ilkinji Watany hökmünde türkmen topragynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi Beýik Serdarymyzyň ady we ägirt uly tagallary bilen aýyrylmaz baglanyşyklydyr. Beýik Serdarymyzyň ýadawsyz aladasy bilen türkmeniň ak bugdaýynyň bäş müň ýyl ozal Änew topragynda döredilendigi ylmy taýdan subut edildi. Türkmen taryhyny,  şol sanda ekerançylygyň taryhyny täzeden, dogruçyl beýan etmekde we dikeltmekde bitiren şeýle uly hyzmatlary üçin halkymyzyň öz Prezidentine minnetdarlygynyň çägi ýokdur.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda «Ak bugdaý» muzeýi guruldy. Ýurdumyzda köklerini müňýyllyklaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan gallaçylygyň däpleri dikeltmekde hem-de iň wajyp meseläni - halkymyzy öz gallamyz bilen bolelin üpjün etmek meselesini çözmekde Beýik Serdaryň bitiren ajaýyp hyzmatlaryny belläp, «Ak bugdaý» muzeýiniň ýaş nesilde gallaçynyň zähmetine, türkmen saçagynyň berekedine, halkymyzyň mukaddes gymmatlyklaryna söýgini we hormat goýmak duýgusyny terbiýelemekde möhüm ähmiýetini, şeýle hem Ahal welaýatynyň ilatynyň ýüztutmalaryny we welaýatyň Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň towakganamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze gurlan «Ak bugday» muzeýine Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Ak bugdaý» milli muzeýi diýip atlandyrmaly.

 

Türkmenistanyň  Mejlisiniň Başlygy                                 Ö. Ataýew

 

Aşgabat şäheri

2005-nji ýylyň Gorkut aýynyň 12-i 

№ 22-III