Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ
K A R A R Y
Aşgabat şäherinde gurlan teatra Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 23-nji madda)
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletini guran, öz pähim-parasady bilen döwletimizi dünýäniň ösen döwletlerine deňleşdiren, halkymyzy bagtyýar hem bolelin durmuşa ýetiren Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady türkmen halkynyň taryhyna hem aňyna ebedilik girdi. Halkymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan beýik işleriň ählisini mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady bilen baglanyşdyrýar hem-de şol ada mynasyp bolmak ugrunda halal, päk, tutanýerli zähmet çekýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladalary netijesinde, Aşgabat şäherinde gurlan ak mermerden binalary görmäge göz gerek. Eziz Serdarymyzyň paýtagtymyzyň merkezinde gurduran teatrynyň binasy hem şolaryň biridir. Bu sungat binasy üçin medeniýet işgärleriniň Beýik Serdarymyza bolan minnetdarlygy çäksizdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň sahawaty bilen gurlan bu bina halkymyzyň Altyn asyrynda teatr sungatynyň ösüşiniň ajaýyp alamaty bolup, halkymyzyň buýsanç duýgularyna ganat berer. Halk köpçüliginden, şol sanda medeniýet we sungat işgärlerinden gelip gowuşýan köp sanly ýüztutmalary nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Aşgabat şäherinde gurlan täze teatra Türkmenistanyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adyny dakmaly we ony «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ö. Ataýew
Aşgabat şäheri
2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 19-y.
№ 24-III